15:33 Ýelpeselendi köňülleri birleşdirýän aýdym | |
"ÝELPESELENDI" KÖÑÜLLERI BIRLEŞDIRÝÄN AÝDYM
Halk döredijiligi we rowaýatlar
(“Owazlar dünýäsi” atly makalalar toplumyndan) “Aýdym aýtmak gezegi maňa ýetdi. Münüp barýan kiçi awtobusymyzyň içi gezekli-gezegine dürli dillerde ýaňlanýan aýdymlardan, ýoldaşlarymyň “ho-ow diýdim, bagşy, saňa!” hörpdäki aýdymçyny goldaýan seslerinden ýaňa “hyň” berýär. Sürüjiden başlap hemmämiz şadyýan, ýüzümiz-gözümiz gülüp dur. Eýse näme, Saud Arabystanynda daşary ýurtly, esasan-da, türki dilli döwletlerden gelen žurnalistler bolup, haj parzymyzy ýerine ýetirip ýörkäk, bizi şol döwletiň Milli güni — Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmaga çagyrdylar. Olarda hem Garaşsyzlyk baýramy, bizdäki ýaly, diýseň şowhunly, diýseň dabaraly geçirilýän eken. Şol dabaradan soň yzymyza gaýdyp gelýärkäk, “ýol kesmek” üçin her kim öz ene dilinde bir aýdym aýtmaşak edildi. Ine, Şri-Lankadan gelen ýoldaşymyz öz dilinde aýdym aýdýar. Onuň aýdymy labyzlydy, sesi owazlydy. Şondan soň gezek meňkidi. Illerden kem galmaýyn diýip, häliden bäri içimi gepledip oturyşyma, birküç sany aýdymy taýýarlap hem goýupdym. Esasan-da, ”Bibijany” aýdaýsam gerek diýip otyrdym. Ynha-da, meniň gezegim. Özbek, gazak, täjik, türk, tatar, azerbaýjan žurnalistleri “Näme aýdym aýdarka?” diýip, ýüzüme seredip durlar. Men iki gözümi-de jüp ýumup, aýdyma gygyrdym: Galanyň düýbünde bir gawun iýdim, Etini iýdim-de, paçagyny goýdum ... Men näme üçin ala-böle “Ýelpeselendini” saýlap aldym, ony şu wagtam düşündirip biljek däl. Dilime gelendir-dä şol wagt. Ýöne aýdymyň: “Ýelpese, ýelpese, ýelpeselendi” diýýän gaýtalamasyna ýetenimde, ulagyň içindäkileriň hemmesi bu sözleri meniň bilen deň aýtdy. Geň galyp, gözlerimi açsam, olar hem-ä şowhunly el çarpýarlar, hem-de maňa goşulyşyp, aýdymyň gaýtalamasyna gygyrýarlar. Hatda, Şri-lankaly ýoldaşymyz hem manysyna düşünmese-de, “ýelpeselendi” diýip, il ugruna gygyryp dur. Tolgunjymdan ýaňa, aýdymy soňlap hem bilmedim. Ýoldaşlarym, ylla, ökde aýdymçyny mübärekleýän ýaly, şowhunly el çarpdylar. Bu şowhunly el çarpyşygy, elbetde, maňa däl-de, türkmeniň “Ýelpeselendisine” çalnan el çarpyşyk boldy” diýip, kärdeşim, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwletgeldi Annamyradow bir gezek gürrüň berdi. “Asyl, şonda ýoldaşlarymyň aýtmaklaryna görä, bu aýdym türki dilli halklaryň hemmesinde-de aýdylýan eken. Iň gyzykly ýeri-de, olar hem bu aýdymy özleriniň halk aýdymy hasaplaýarlar” diýip, Döwletgeldi sözüniň yzyny ýetirýär. “Sungata serhet ýok” diýýärler welin, şu gaty dogry aýdylan borly. Türkmeniň “Ýelpeselendisi” nire, ony başga-başga halklaryň öz aýdymy saýyp ýörmeleri nire?! Oglan wagtymyz Sumbaryň boýunda, dag içindäki obamyzyň gaýrasynda owlak-guzy bakyp, agşamara — gün batar-batmaz uçurlary öýe dolananymyzda, üç-dört oglan bolup, sesimiziň ýetdiginden şu aýdyma gygyrardyk. Aýdymyň “ýelpeselendi” diýen ýerine ýetenimizde sesimiz hasam çasly çykardy. Şony has belent, has azmly ses bilen aýtmaga çalşardyk, göýä, bäşdir-üçdür owlak-guzy bakyp, hi-il iş bitiren ýaly, ýeňiş bilen oba girip gelýändigimizi hemmelere bildirmek isleýän ýalydyk. Şonda, örüden gelýän gara mallaryň ýol ugrundaky mellekleriň agaçlaryna agyz urup, çeýnemezligi üçin süriniň öňünden çykyp, malyny öňüne salyp alyp gaýdýan iki-ýeke uly ýaşlylaryň kinaýaly ýylgyrmasyna-da, aýdymyň sözlerini käýarym ýoýan wagtymyz dogrulap bermesine-de onçakly üns bermezdik. Sebabi bu aýdym — biziň aýdymymyzdy. Ony bizden başga hiç kimiň aýtmaga haky ýokdy. Hatda obamyzdan 3-4 kilometr uzaklykdaky goňşy obanyň oglanlaryna-da bu aýdymy bermekçi däldik, ony diňe öz obamyzyň aýdymy hasaplaýardyk. Şeýde-şeýde “Ýelpeselendini” gabanyp hem gysganyp, sözlerini bolsa kä dogry, kä ýalňyş aýdyp, biz ulaldyk, mekdebe gitdik. Ulaldygymyzça-da, “gözümiz açyldy”. Gözümiz bilen gulagymyz hem “açyldy”: bu aýdymy radioda çendan-da bolsa aýtdyrardylar. Bizem hezil edip diňlärdik. Diňledigimizçe-de, aýdymyň başga-başga bentleriniň hem, setirleriniň hem bardygyna göz ýetirdik. Asyl, bu aýdym, bir obanyň, bir ýurduň çäginden çykyp, daglardyr deňizleri aşyp, dünýä ýaýraýan oguşýa! Indi, özümiz ata-baba bolamyzsoň, birwagtky bolşumyza gülkimiz tutýar. Asyrlarboýy halkyň dilinde ýaşap, dünýä çykan aýdymy, gel-gel, bir kiçijik oba sygdyrjak bolmak, dogrudan hem, gülkünç ekeni. Meşhur bagşymyz Ödeniýaz Nobatow basym bu aýdym müň ýaşaýar diýipdir. Elbetde, bagşy aga şeýle diýen bolsa, ol dogrudyr. Türkmeniň aýdymlary-da özi bilen ýaşytdaş bolup, müňlerçe ýyllyk taryhyň içinden geçip gelendir. Onsoň, olary goňşy halklaryň — aslynda, köki bir halklaryň şol aýdymlary häzirki döwürde ürç edip, söýgi bilen aýdyp gelmekleriniň özi gowulykdan nyşan. Gowy zat, şol sanda gowy aýdymlaram hemme kişä gerek. Olara hemmeleriň eýe çykasy, şärik bolasy gelýär. Bu düşnükli zat, aýdym-saz, sungat, medeniýet adamy, halky beýgeldýär, onuň mertebesini galdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň: ”Medeniýet halkyň kalbydyr” diýen sözleriniň umman ýaly many-mazmuny gün geldigiçe açylyp barýar. Halk milli medeniýeti bilen tanalýar. Çeper sözde “Görogly” eposymyzyň, “Zöhre — Tahyr”, “Şasenem — Garyp”, “Hüýrlukga — Hemra” ýaly dessanlarymyzyň, aýdym-sazda “Ýelpeselendi” ýaly aýdymlarymyzyň abraýy artyp, örüsi giňäp barýar. Şu ýerde men “Şykga-şykga bilezik” diýen aýdymy Tatarystanda-da, Türkiýede-de gowy görüp, aýdýandyklaryny ýatladyp bilerin. Arada özümem bir wakanyň şaýady boldum. Bir üýşmeleňde 20-25 ýaşly ýigitleriň biri smartfonunda Anžela diýen bir daşary ýurtly zenanyň “Ýanaram-ýanaram” diýen gaýtalamasy bolan aýdymy köp adamly zalyň uly sahnasynda türkmen dilinde aýdyp durandygyny görkezdi. Aýdymçy zenanyň ýaşlaryň arasynda öz döwründe meşhur bolan aýdymyň “Amangül öýden çykanynda, men ýanaram-ýanaram” diýen setirini, az-kem çalgyrt aýdyşyny — “Amangül öýden çikaninda” diýşini hasap etmeseň, bu aýdymy ussatlyk bilen ýerine ýetirendigine haýran galdyk. Iň täsirli ýeri-de, bu aýdymy tomaşaçylar gyzgyn garşyladylar. Şowhunly el çarpyşmalar aýdymçynyň sylagy boldy. Diýmek, türkmeniň aýdym-sazynyň örüsi gaty giň. Garaşsyzlyk ýyllarynda-ha aýdym-sazymyzyň ýaýrawy has giňedi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen soňky ýyllarda daşary ýurtlarda ýygy-ýygydan geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günlerinde aýdym-saz sungatymyz ähli öwüşgini bilen lowurdaýar. Indi türkmeniň aýdymy ähli ýerlerde, ähli guşaklyklarda ýaňlanýar. “Ýelpeselendide” halkyň ruhy bar. Bu aýdym ençeme ýüzýyllyklar mundan öň bolşy ýaly, häzir hem dünýäni aýlanyp ýör, özi-de baran ýerinde köňülleri birleşdirip, halklary dostlaşdyryp ýör. “Ýelpeselendiniň” sözleri az-da bolsa, özi uz aýdym. Onda taryh bar, topragyň berekedi, halkyň başarjaňlygy, zähmetsöýerligi hem merdi-merdanalygy bar. Bu aýdym halkyň ahlak sypatlaryny şöhlelendirýär. Aýal-gyzlara hormat hem-de erkek kişileri bezeýän salyhatlylyk bu aýdymda jemlenipdir. Aýdym türkmene mahsus röwüşde gysga, emma kesgitli, juda düşnükli dilde aýdylýar. Şunuň özi-de aýdymyň, hakykatdan-da, halkydygyny görkezýän bir aýratynlykdyr. Şu setire üns bereliň: “Galanyň düýbünde bir gawun iýdim”. Ondaky “gala” bilen “gawun” sözleri, oýlanyberseň, köp zatlary gürrüň berýär. “Gala” sözi diňe bir harby berkitme, gumdan-kesekden galdyrylan seňňer bolman, eýsem, çuňňur bilimi, hasaplamalary talap edýän çylşyrymly inženerçilik desgasydyr, onda ýaşaýyş zeruryýetlikleriniň hemmesi göz öňünde tutulýar. Şol bir wagtyň özünde-de gala kaşaň binalary, gurluşygynyň garaşylmadyk çözgütleri bilen göreni haýrana goýýan binagärlik önümidir. Hojagala, Tutlygala, Garrygala, Türkmengala ýaly möçber taýdan kiçilerini hasap etmäniňde-de, Mary welaýatyndaky gadymy ýadygärliklerden Gyzlar galasyny ýadymyza salalyň. Onuň daşky diwarynyň gapyrga görnüşli özboluşly usulda bina edilmegi, soňlugy bilen, dünýä ýaýrapdyr. Başga ýurtlarda, mysal üçin, Hindistanda, şu usulda ymaratlaryň gurulmagy türkmeniň gadym döwürlerde-de ussat binagär halk bolandygyna güwä geçýär. Içgin oýlanyberseň, “Ýelpeselendi” ine, şu hakda-da gürrüň berýär diýip, tassyklap bolýar. Gawun türkmeniň süýji nygmatlarynyň biri. Onuň bilen bagly däp-dessurlar, taýýarlanylýan azyk-owkatlar barada aýdyp, sözi uzaldyp oturman, dünýäde gawunyň 1600 sortunyň bardygyny, şonuň hem 400-e golaýynyň, ýagny dörtden biri töwereginiň türkmen gawunlarydygyny aýdanymyzda, özi-de bu maglumatyň kitaplarda ylmy taýdan delillendirilýändigini aýdanymyzda, türkmen daýhanynyň başarjaňdygy, zähmetsöýerdigi, toprakdan bal öndürmäge ukyplydygy barasyndaky pikirler seriňe dolýar. “Ýelpeselendiniň” “Galanyň düýbünde ekerler nary” diýýän setiri meşhur aýdymçy hem kompozitor, Türkmenistanyň halk bagşysy Döwletgeldi Ökdürowyň “Gözel Sumbaryň nary” diýen aýdymyny ýada salýar. Şol wagtam göz öňüňde şahalaryndan sallanyşyp duran narlaryň keşbi janlanýar-da, hyýalyňda sen olaryň birini ýolup almaga häzirlenersiň. Entek baldagyndan üzmänkäň, kesip-ýaryp görmänkäň, içindäki däneleriniň iri-iridigi, suwludygy-şirelidigi daşyndan bildirip duran nar agzyňy suwjardýar. Birini alyp, usullyk bilen ikä bölseň, aralaryna ýukajyk perde çekilen nar dänejikleriniň her topbagy ýagta şeýle bir bulduraýar welin, ol görnüşi juda gepe çeper bolaýmasaň, ýazyp, beýan eder ýaly hem däl. Zergärler altyn ýüzügiň gaşyny naryň dänejiklerine seredip ýasapdyrlar-ow diýdirýär. Dogrudanam, tebigat tarapyndan birenaýy gyranlanan dänejikler lowurdysy hem dury reňki bilen bada-bat ünsüňi özüne çekýär. Ýöne ýere il arasynda naryň bir dänesi behiştden alnandyr, şony iýen adamyň orny jennetden bolar diýlenok. Naryň gözelligi diňe bir onuň içinde jemlenmän, eýsem, onuň daşynda hem jemlenendir: uzagrakdan synlasaň, nar agaçlary, göýä, toýa barýan ýaşyl kürteli, al-elwan öýmeli, şaý-sepini Gün şöhlesine lowurdadyp barýan gelinleriň bir toparyny ýatladýar. Adaja şemala başyny çalaja yrap duran narlar, hatarlaryny bozman, assaja ýöräp barýan gelinlere meňzeýär. Hawa, “Ýelpeselendi” aýdymy türkmen tebigatynyň gözelligini açyp berýär. Munda tebigata söýgi bar. Dowamy bar... | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |