18:27 Çaga oýny / hekaýa | |
ÇAGA OÝNY
Hekaýalar
Awtobusyň aýnasyndan daşaryny synlap barşyma, basymrak oba ýetmek, mähriban käbämiň gujagyna dolmak, jigim Güljan bilen çagalygymyzyň bagtly pursatlaryny ýatlaşyp, gijäniň bir wagtyna çenli söhbet etmek baradaky süýji oýlara gümradym. Ejem janyň bişiren tamdyr çöregini iýmek bolsa meniň iň uly arzuwymdy. Bu gezekki zähmet rugsadyna deňräk çykyp, oba bileje barmak Güljanyň pikiridi. «Ýogsa-da Güljan geldimikä, hemişe bolşy ýaly, ýene-de menden öňürtdimikä?» diýen sorag welin meni öz erkime goýanokdy. «Aý, ýok-la, entek geläýen däldir-le. Ol mendenem uzakdan gelmeli ahyryn» diýip, öz-özümi köşeşdirýärdim. «Jaň edip göreýin» diýip, ýantorbamdaky el telefonyma elimi ýetirenimem şoldy welin, ulagyň radiosynyň: «Gadyrly diňleýjiler! Indi bolsa günortanky konsertimize başlaýarys» diýen sözleri meni niýetimden el çekmäge mejbur etdi. Men ýene-de aýnadan töweregi synlamagymy dowam etdirdim. Radioda oba hakynda aýdym ýaňlanyp başlady. Ulagyň açyk aýnasyndan kürsäp urýan mylaýym güýz şemaly aýdymyň şirin owazy bilen sepleşip, ýüzüňi däl-de, edil ýüregiňi sypalaýan ýalydy. Rejelenip ekilen, şahalary timarlanyp, düýpleri otalan tut agaçlary ýoluň iki gyrasyna aýratyn bezeg berip otyrdy. Ýoluň iki tarapynda bolsa giden pagta meýdanlary ýazylyp ýatyrdy. Ak patrak bolup oturan pagta meýdanlaryna edil asman ýyldyzlary dökülen ýalydy. Pagta ýygyp ýören başy ak ýaglykly gyzlaryň çalasyn hereketlerine göz ilenokdy. Bu görnüşi synlap oturyşyma, şahyryň: Maşyn kimin hereketde elleri, Saplap barýar «ak altynly» pelleri diýen setirleriniň juda ýerine düşendigi üçin, içimden şahyra müň keren sagbolsun aýdýardym. Ulagyň radiosyndan gelýän «Oba gyzlary» diýen aýdym bolsa, hut şu gyzlar üçin aýdylýan ýaly, bu ajaýyp görnüşiň üstüni ýetirýärdi. Bu görnüş meni çagalyk ýyllarymyň süýji ýatlamalarynyň içine oklady... ...Men halys goýmamsoň, bir gün ejem meni öz ýany bilen pagta ýygymyna alyp gitdi. Men ýaňy 6 ýaşymdadym. Pagta meýdanyna baran gelin-gyzlar ak ýaglyklaryny başlaryna mäkäm orap, öz ýanlary bilen getiren fartuklaryny billerine daňyp, her kim iki sany keşden pagta ýygmaga durdular. Men hem ejemiň agşam özüm üçin biz matadan ýörite tikip beren täzeje fartuklarynyň birini bilime daňdym-da, ejemiň edişi ýaly, arkama aýladym we pagta ýygyp başladym. Men bir elim bilen gowaçany bir tarapa gyşardyp, beýleki elimiň bolsa başam we süýem barmaklary bilen çümmükläp, hanalary bölek-bölek edip sogurmaga başladym. Muny synlap duran ejem maňa ýüzlenip: — Gyzym, pagtany beýle ýygmaly däl. Seret, ynha, gowaçany gujaklamaly, eger ony gujaklasaň, ol saňa ähli hanasyny görkezýär. Onsoňam hanalary iki barmagyň bilen däl-de, ähli barmaklaryňy bir ýere üýşüripjik ýolsaň, hem-ä aňsatjak ýygarsyň, hemem yzyňda hiç zat galmaz. Beýdip ýygsaň, yzyňda ýekeçigit galar, galan pagtalar bolsa şemala ýere gaçar-da zaýa bolar. Hanasyny zaýalasaň bolsa, gowaçalar senden öýkelär. Şonuň üçin zaýalaman ýygjak bolgun, bolýamy? — diýdi-de, meniň üçin üç-dört ädim ýer goýup, ýygyma girişdi. Men hem ejemiň öwredişi ýaly ýygmaga başladym. Dogrudanam, gowaçany gujaklasaň, onuň ähli hanalary mesaňa görnüp durdy. Menem olary öýkeletmejek bolup, hanalary zaýalaman ýygmaga çalyşýardym. Çekim wagty ejem meniň ýygan pagtamy aýratynja çekdirmek üçin gapana goýdy. Gapançy ejeme ýüzlenip şeýle diýdi: — Oguljan, tüweleme, gyzyň-a öz ýaşyndanam kän ýygypdyr. Ulalaýsa, bu sendenem ökde ýygymçy bolsa gerek — diýip, meniň tarypymy ýetirdi. Men şol gün 7 kg pagta ýygyp, öýe guş bolup uçup gaýtdym. — Eje, hana höküdikmaýa — diýen çaga sesi meni süýji ýatlamalaryň gujagyndan sogrup aldy. Men öň ýanymdaky oturgyçda ejesiniň gapdalynda oturan gyzjagazyň elini uzadan tarapyna seredenimde, meýdan düşelgesiniň golaýyndaky bassyrmanyň aşagynda aýaklary duşalgy duran guba düýäni görüp, biygtyýar ýylgyranymy duýman galdym. Gyzjagazyň höküdikmaýa diýen sözi meni ýene çagalyk ýyllaryma alyp gitdi. ... Tomus günleridi. Biz peşehana gurup, daşardaky tagta sekiniň üstünde ýatýardyk. Men ejemiň: — Aýjan, tur, gyzym, jigiň häli turdy — diýen sesine gözümi ýalpa açdym. Peşehanadan kellämi çykaryp seredenimde, gapymyzdaky ullakan erik agajynyň aşagyndaky günüň bütin dowamynda üstüne Gün düşmeýän çaklaňja tagta sekiniň üstünde gurjaklary bilen başagaý bolup oýnap oturan jigim Güljana gözüm düşdi. «Wah, ýene-de menden öňürti turup, gaýmagyň köpüsini ol iýendir» diýip içimi gepletdimde, ýatan ýorgan-düşegimi epleşdirip, öýe girdim. Soňra daşardaky çaklaňja agaja berkidilen el ýuwulýandan elimi-ýüzümi çalak-çulak ýuwdum-da, sekiniň gyrasynda aýagymy sallap otyrdym. Ejem ýüzi saryja gaýmakly süýtlüje şakäsäni meniň öňümde goýdy-da: — Gyzym, derrewjik ertirlik edin-de, jigiň bilen Sarygyzy sürä goşup gel — diýdi. Sarygyz sygrymyzyň adydy. Men: — Bor, eje — diýip, aýaklarymy ýygnap, süýtli käsäni öňüme çekdim-de, saçakdaky çörege elimi ýetirdim. Çörekden bir bölek döwüp alyp, süýdüň içine dograp başladym. Soňra dogran çöreklerimi içine kebelegiň şekili çekilen agaç çemçejigim bilen basyşdyryp, süýde garylan çörek böleklerinden birini çemçäme alyp, agzyma salanymam şoldy welin, gurjak oýnap oturan jigim gapdalyma gondy. Ol maňa golaýjak geldi-de: — Aýjan, bir zat diýsem etjekmi? — diýip, garaşylmadyk soragy berdi. Men aňk-taňk boldum. — Kyn zatmy? — diýip, soragyna sorag bilen jogap berdim. — Ýok, aňsatjak, hä etjekmi? — diýip, ol ýene gaýtalady. — Aý, aňsatjak bolsa edäýerin — diýdim-de, käsedäki çörek bölekleriniň ýenede birini agzyma saldym. — Höküdikmaýa münjekmi? Men gözlerimi tegeläp: — Nirede? — diýdim. — Aý, ýaňyja etjek diýdiň-ä, indi howwa diýd-ä — diýip, jigim jedirdedi. Men «Howwa» diýip, göwünli-göwünsiz jogap berdim. — Çopana çörek äkitjekmi? — Näme üçin? — Sen howwa diýmeli — diýip, jigim meni aljyradyp başlady. Menem: — Howwa — diýdim. — Öňüňden alaja-mulaja güjük çyksa gorkjakmy? — diýip, ol hasam ekezlendi. Men bolsa: — Näme gorkup, gorkjak däl — diýip, süýtli käsä çemçämi sokaryma mähetdel, jigim: — Wäh — diýip, iki eli bilen döşümden itekläp goýberdi welin, tagta sekiniň üstünden düňderilip gitdim. Men nämäniň nämedigine düşünmän, sekiniň aşagynda guma bulaşyp ýatan ýerimden: — Eje..! — diýip, gygyryp aglamaga başladym. Jigim bolsa: — Hä, gorkýan ekeniň-ä — diýip, ýokarda duran ýerinden elini çarpyp, heşelle kakýardy. Biziň aramyzda bolýan sorag-jogaby häliden bäri eşidip duran ejem meniň gykylygyma ylgap geldi-de: — Häk, höküdikmaýa diýsäni. Näme meniň gyzymy ýykyp goýberdiň? Baryna şol höküdikmaýa günäkär. Öňünde ýatan daşy görmän büdräp, meniň çagamy üstünden agdaryp goýberdi. Güljan, indikile senem Aýjany höküdikmaýa däl-de, akmaýa mündürgin. Akmaýalar hijem büdremeýär. Bolýamy? — diýip, meniň üsti-başymy kakyşdyryp, elimi-ýüzümi ýuwdy-da: — Sarygyz: «Gyzlar haçan meni sürä äkiderlerkä?» diýip, häliden bäri size garaşyp dur. Baryň, bileje äkidip geliň ony — diýip, ejem ýataga elini uzatdy. Biz Sarygyzy öňümize salyp, howludan çykdyk. Güljan ýolboýy birsyhly «akmaýa, akmaýa» diýip, gaýtalap barýardy. Men bolsa Güljanyň däl-de, hakykatdanam höküdikmaýanyň büdräp, meni üstünden agdarandygyna ýüregim bilen ynanypdym... Ulag saklandy. Ýolagçylar ulagdan düşüp başladylar. Ulagdan düşen badyma, duralganyň golaýjagyndaky howlymyzyň daş ýüzünde maňa garaşyp duran ejem bilen Güljana gözüm düşende, gözlerime ýaş aýlanyp gitdi. Ýuwaşjadan bolsa: «Wah, ýene menden öňürdipdir-dä» diýip, bagtyýar pyşyrdadym-da, çaga ýaly ylgap, mähribanlarymyň gujagyna özümi okladym. Aknabat MUHAMMEDOWA. | |
|
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||