23:26 Daýhan we garasar / erteki | |
DAÝHAN WE GARASAR
Ertekiler
Gadym zamanlarda bir daýhan ýaşapdyr. Ol bugdaý ekip güzeranyny dolar eken. Bu işde oňa kempiri hem gurbunyň ýetdiginden ýardam edipdir. Daýhan her ýyl bugdaý ekende, bir bölegini gyşa, bir bölegini bolsa özüne niýetlär eken. Hemişe-de azabyna görä gallanyň bol hasylyny ýygnar eken. Onuň bir bölegini satyp az-owlak girdeji gazanar eken. Şeýdip gazanan girdejileri är-aýala ol ýyldan bu ýyla zordan ýeter eken. Günlerde bir gün niredendir bir ýerden bugdaý ekilen meýdanda garasar peýda bolupdyr. Ol daýhanyň eken dänelerini dörjeläp iýenini iýipdir, iýmedigini daşyna çykaryp goýupdyr. Asla bugdaýy gögermäge goýmandyr. Daýhanyň muňa gaty gahary gelipdir. Ýöne ol garasara hiç bir zat edip bilmändir. Garasar kesek atym golaýyna gelende uçup, peliň bir ol çetine, bir beýleki gyrasyna gonupdyr. Daýhany we onuň kempiri halys bizar edipdir. Onsoň är-aýal oýlanyp-ölçerip, awçydan duzak almaly diýen pikire gelipdir. Awçynyň öwredişi ýaly duzagy garasaryň gonaýjak ýerinde gurupdyrlar. Garasar bolsa şol adaty endigine görä, bir gezek peliň ol tarapyna, bir gezek hem keşe gonup, daýhanyň gaharyny getiripdir. Ýöne şeýdip heşelle kakyp ýörşüne birdenkä duzaga düşenini hem bilmän galypdyr. Duzaga düşen garasary daýhan şol bada bogup öldürmekçi bolupdyr. Sebäbi garasar daýhana köp ezýet beripdi ahyryn. Birdenkä garasar ynsan dilinde gepläp başlapdyr. Daýhan ony dykgat bilen diňläpdir. Garasar zarynlap şeýle diýipdir: Sen bir beýik ynsansyň, Takat bergin kalbyňa, Ýaman ada galmagyn, Goýber meni adamzat. Daýhan garasaryň ynsan dilinde gürleýşine geň galsa-da, ony halas ederli däl eken. Şonuň üçin hem ol garasara bakyp şeýle diýipdir: Men ol pele baramda, Sen ol keşe baransyň. Nijeme dänämi iýip, Jiger-bagrym ýakansyň. Eden işiň bilmersiň, Etmişli sen, garasar. Garaz daýhan bilen garasaryň arasynda köp söhbet bolupdyr. Her-niçik bolsa-da garasaryň göz ýaşlaryna daýhanyň ýüregindäki doňy çözülipdir. Ol garasara mundan bu ýana ynsana zyýan-zeper bermezligi berk tabşyryp uçuryp goýberipdir. Azat bolan garasar şondan soňra beren sözünde tapylypdyr. Ol şondan bäri ekin meýdanlarynyň gyralaryndaky çekirtgedir beýleki zyýan beriji mör-möjekleri iýmek bilen daýhana kömek berip gelýärmiş. Daýhan bilen garasaryň arasyndaky dostluk uzak ýyllar geçse-de, biziň günlerimizde hem dowam edip gelýär. | |
|
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |