23:35 Daýhan we husyt / erteki | |
DAÝHAN WE HUSYT
Ertekiler
Gadym zamanlarda bir daýhan kempiri we agtygy bilen ýaşapdyr. Ol sada, hoş göwün, jepakeş adam eken. Ýer bejerip, ekin ekip gün-güzeranyny dolaýarmyş. Keýwanysy öýüň keşigini çekse, agtygy atasyna ýardamçy bolupdyr. Daýhanyň bary-ýogy bir ýabysy bolup, olam gapyrgasy sanaýmaly hor eken. Ekin-meýdan işleri şol janawaryň boýnunamyş. Güýz günleriniň birinde daýhan ekin meýdanyny sürüp ýörkä,sürüm azalynyň ujy bir zada ilteşipdir. Daýhan gazyp görse,ol daşy syrçaly owadan hum eken. Ony gazyp çykarmak daýhanyň bir özüne başartmandyr. Onsoň ol keýwanyny we agtygyny ýaradam üçin çagyrypdyr. Üçler iteläp-çekeläp humy ýerden çykarypdyrlar. Onuň gapagyny açyp görseler humuň içi altyn-kümüş tyllalardan püre-pür bolup duranmyş. Daýhan, onuň keýwanysy we agtygy humy ýaba ýüklänlerinde janawar zordan ýola düşüpdir. Daýhanyň ulumsy wehusyt goňşysy bolupdyr. Ol kesekiniň mal-mülküne göz dikýän adamlaryň hilinden eken. Goňşy-golamlary ondan haýsydyr bir zady haýyş edip ýüzlenseler, olaryň möhümini asla bitirmez eken. Has beteri-de, ol maşgalasyndan gazanjyny gizläp, iýmän-içmän diňe baýlyk toplamagyň aladasyndamyş. Daýhan goňşusynyň hazynanyň eýesi bolandygy eşidende onuň bahyllyk damarlary tirsildäp urup başlapdyr. - Iň bärikisi toprak näme, şolambaýlygynygoňşyma eçilýär. Näme üçin şeýle hazyna maňa nesip edenok? –diýip pikir kölüne gark bolup, gijelerine şöwür çekip ýatyp bilenokmyş. Günleriň birinde olam ekin meýdanyndan kiçiräk bir hum tapypdyr. Şonda ol ganat baglap tasdanam asmana uçan eken. Petiklenen humuň gapagyny hemmelerden, hatda maşgalasyndan hem gizlin açmagy niýet edinipdir. Ol humy döwüp açan badyna onuň içinden bir ala ýylan çykypdyr-dahusydyň daşyna saralypdyr.Ýylan husydy gysyp başlanda: - Waý doganlareý, dadu-bidat, tiz ýetişmeseňizbagtym ýatdy-la!- diýip, çirkin gygyrypdyr. Ekin meýdanynda şol wagt keseki adamyň ýokdy. Şonuň üçin husydyň sesini eşiden bolmandyr. Şonda ýylan: - Seniň ýüregiň gara, päliň pis bolany üçinşunuň ýaly betbagtlyga uçradyň-diýip, ýylan dilkaw dilini uzadyp hemle urup başlapdyr. Şonda husytboýur-boýur göz ýaşlaryny döküp başlapdyr --Dagy-duwara, jepakeş adamlara görüplik etseň heziliňi alaryn!—diýip husydy azat edip goýberipdir. Şol wakadan soň husyt toba gelipdir we arassa zähmeti bilen gazanç edipdir.Goňşusy bolsa toprakdan tapylan hazynanyň hasabyna jaý salnyp, toý toýlapdyr. At çapdyryp, göreş tutdurypdyr. Häzirki wagtda husyt degresindäkiler bilen goñşokaraly gatnaşykdamyş. | |
|
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |