DEÑIZDEN GELEN OGLANJYK
Gadym-gadym zamanlarda gojaman Hazar deňziniň kenaryndaky türkmen obalarynyň birinde är-aýal agzybirlikde ýaşapdyr. Ýöne olaryň ogul-gyzlary bolmandyr. Şonuň üçin maşgalanyň günleri gam-gussada geçipdir. Çagalaryň bagtyýar seslerine är-aýalyň ýürekleri gyýym-gyýym bolar ekeni. Zürýatsyzlykdan kemsinip, olaryň gözlerine ýaş aýlaýan günleri az bolmandyr. Emma är-aýal şonda-da ruhdan düşmändir.
Ýylyň dört paslynda her gün gijara mawy deňziň kenarynda şapak ýaşýança beýik Taňrydan zürýat dileg etmek olarda gündelik adata öwrilipdir.
Ynha, günleriň birinde olaryň kalbyndaky şol şüýji arzuwlary wysal bolupdyr. Şol gün deňziň asudalygyny tolkundan başga bir ses-çagajygyň ünjüli aglaýan sesi bozupdyr. Dogrusy, birbada är-aýal muňa känbir pitiwa edip hem durmandyr. Sebäbi gijäniň bir wagty adam-garanyň ýok ýerinde mawy deňziň kenarynda çaga näme işlesin diýsene ?!
Ýöne çaganyň sesiniň gaýtadan eşidilmegi är-aýalyň ýüregini sarsdyrypdyr. Olar sedanyň çykýan tarapyna tizden-tiz ýönelipdirler. Ynha, onsoň är-aýal dolan aýyň şuglasyna deňziň kenaryndaky goşa ýumruk çemesi balykgulaklaryň biriniň içinde debşenekläp ýatan çagany görüp, oňa haýran galypdyrlar. Daş-töweregine garasalar, janly-jemende ýok. Megerem, bäbejik deňziň üstünden öwüsýän şemala üşän bolarly, titir-titir edýärmiş. Är-aýal bolsa “Gökdäki dilegimiz ýerde gowuşdy” diýip, begenipdir hem-de Beýik Taňra çäksiz alkyşlar okapdyrlar.
Ertesi bu hadysa hemmelere aýan bolypdyr. Oba adamlary är-aýaly şatlykly waka mynasybetli mähirli gutlapdyrlar. Olar bolsa goňşy-golamlara, çagalara süýjilik paýlapdyrlar. Myhmanlara dürli tagamlary hödür-kerem edipdirler. Hut şol gün är-aýal obanyň ýaşululary, goňşylary we il-gün bilen maslahatlaşyp körpä Deňizhan adyny dakmagy makul bilipdirler.
Aýdyşlaryna görä Deňizhan aýyny däl-de, eýsem, gününi sanap ösüpdir, ulalypdyr. Ol gysga wagtyň içinde ene-atasynyň, obanyň puhara adamlaryň iň ýakyn kömekçisi bolypdyr. Olara degerli kömek-ýardamlary edipdir. Toý-tomaşada odun-suw daşap, alkyşa mynasyp bolypdyr. Ynsanperwerligi we düşbiligi üçin oba adamlary Deňizhany gowy görüpdirler, oňa guwanypdyrlar.
Günler, hepdeler, aýlar, ýyllar kerwen gurap geçipdir. Deňizhan ese-boýa galypdyr. Özü-de berdaşly, edermen, gujurly ýigit bolup ýetişipdir. Golaý-goltumlardaky obalarda toý tutulyp, at çapylsa, baş baýrak şonuňky bolupdur. Ol dürli ýaraglardan nyşana atmakdan hem ussat bolupdyr.
Günleriň birinde “Oba ýagy dökülipdir” diýen ýakymsyz habar ýyldyrym çaltlygynda ýaýrapdyr. Ilat aýak üstüne galypdyr. Garry-çaga, aýal-ebtat, garaz, eli ýarag tutan obany duşmandan gorapdyr. Ýagynyň sany agdyk, özü-de dişine çenli ýaraglymyş. Ýöne türkmen ýigitleriniň batyrlygy, edermenligi, gaýduwsyzlygy duşmany tiz ruhdan düşüripdir. Zarba çydamadyk duşman tizden ejizläpdir we obany taşlap, gaçmak bilen bolupdyr.
Şol aýgytly söweşde Deňizhanyň görkezen batyrgaýlygy, edermenligi, ruhubelentligi baradaky habary oba kethudasy eşidipdir we ony öz huzuryna çagyrypdyr. Özara söhbetdeş bolup, Deňizhany dürli ugurlar boýunça synlap görüpdir. Deňizhanyň dürs we pähimli jogaplaryndan obanyň kethudasy diýseň hoşal bolupdyr.
Bu wakadan köp wagt geçirmän, kethuda Deňizhanyň hossarlary, ýaşulular bilen geňeşip goňşy obada ýaşaýan Gülaýyma sawçylyga gidipdir. Ol gyz özüniň akyllylygy we eli işliligi bilen tanalýan ekeni. Özüde Deňizhana durmuşa çykmaga göwünli eken.
Tizara Gülaýym bilen Deňizhanyň durmuş toýy uludan tutulupdyr. Oňa çar tarapdan myhman-mediwanlar gelipdir. Toýda at çapylypdyr, göreş tutulypdyr. Ýaglyga towsulypdyr, düzzüm, ýüzük oýnalypdyr. Ýaşlara-garrylara harçlyk pul hem paýlanypdyr.
Garaz, bu toýda öýkeli-kineli adam bolmandyr. Soň-soňlar Gülaýym bilen Deňizhanyň durmuş toýynyň dabarasy dag aşyp, ýakyn-alyslardaky oba-kentlere ýaýrapdyr. Olar bagtyýarlykda ýaşap, süýji döwran sürüpdirler. Garrylara bolsa perzentlerine, agtyk-çowluklaryna, nesillerine guwanyp, uzak ýaşamak nesip edipdir.
Häli-häzire çenli Gülaýym bilen Deňizhanyň nesilleri Hazar deňziniň kenaryndaky etrap-şäherlerde agzybirlikde we bagtyýarlykda ýaşaýarlar.
Ertekiler