16:09 "Derýa", "çaý", çäýnek... | |
"DERÝA", "ÇAÝ", ÇÄÝNEK...
Magtymgulyny öwreniş
Yjazaňyz bilen gürrüňi “derýadan” başlap, akymyň tersine “çaýa” we soň “çäýnege” geçeliň. “Görogly” şadessanynyň iň asyl şahasynda (“Göroglynyň döreýşi”) “derýa” diýlip deňze aýdylýar. Onda “derýaýy-Şor” diýip Hazar deňzinemi ýa-da Aral deňzinemi diýilýänini bilemzok, ýöne gürrüň deňiz hakda gidýär, çünki derýa şor bolup bilmez. “Göroglynyň” soňky şahalarynda islendik derýa, şol sanda Araza hem “derýa” diýilýär, emma muny soňky aýdyjylaryň diýen bolmagy mümkin, çünki başky şahasynda Araza diňe “Araz çaýy” diýilýär. Magtymguly eýýäm deňiz hakynda hut “deňiz” sözüni ulanýar (“Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň”), emma onuň deňze entek “bahr”, “umman”, emma has ýygy-ýygydan “derýa” diýýän ýerleri hem bar (umuman, Magtymguly “deňiz” we “umman” düşünjelerine tapawut goýmaýar). Magtymgulynyň deňze “derýa” diýýän ýerlerine şu aşakdakylar mysal bolup biler: “Üç essesi däli derýa, bir esse ýerde mün gowga,”, “Zemine-derýaýa hökmün ýetiren Süleýman sypatly Isgender geçdi”, “Gaçdy derýa, adam aldy boýnuna, dört ýüz ýyllap sorap geçmiş bu derdi”, “Gulzum derýasynda, düýpsüz ummanda”, “Abady-haraby, derýasy-düzi, ýüz kyrk alty müň agaç ýoldur bu dünýä”, “El-aýagyn baglaýyp, Ýunusy derýa atdylar, niçe wagt tagat çekip, «Huw!» diýdi bir balyk bile”. Bilşimiz ýaly, akar suw üç hili bolýar: 1) derýanyň dagdan gaýdýan gözbaşy “çeşme”. Ol oazise-de siňip bilýär; 2) çeşmeden uly, derýadan kiçi, köplenç derýalaryň goşandy bolan “çaý”; 3) çaýdan uly, köplenç deňze guýýan akarsuw bolan “derýa”. Sumbar, Çendir, hatda Etrek hem derýa däl-de, çaý bolmaly. Eýrandaky Türkmençaý derýajygy hakda eşitmedik ýokdur, çünki ol adybir rus-eýran şertnamasy bilen baglanyşykly jedellerde köp agzalýar. Häzir kiçijik derýalarymyz barada “çaý” däl-de, “derýa” diýmegimizi men bir zat bilen düşündirýän – häzir bizde iňňän ýörgünli içgi bilen birmeňzeş eşidilmegi we ýazylmagy. Şu omonimler bilen baglanyşykly döräýjek oňaýsyzlyklary aradan aýyrmak üçin “derýa” diýilýän bolmaly. Magtymguly, meniň şahsy pikirimçe, “çaý” sözüni iki manyda ulanýar, üç manyda däl. Birinjisi, çeşmeden uly, derýadan kiçi akarsuw manysynda. Munuň birnäçe mysallary bar (“Çeşmeden suw isläp, çaýa sataşdym”, “Aglamakdan göz ýasym josgunly çaýa döndi”). Dogry, Magtymgulynyň “çeşme” we “çaý” düşünjelerini şol bir manyda ýa-da tirkeşikli ulanan ýerleri hem bar (“Maral inen gözel çaýy ýolbarsa güzer eýledi”, “Çesmeli çaýlar görüner”). Magtymgulynyň “çaý” diýip, derýanyň boş hanasyny göz öňüne tutan ýeri hem bar (“Bulut oýnap, baran dolsa çaýlara”), häzir hem käbirleri muny şeýle hasap edýärler. Ikinjisi, “zyndan, bendi saklanýan çukur-guýy” manyda (“Meger Ýusup düşdi çaýa”, “Harut, Marut atly iki perişde, Babyl guýusynda çaýa düşdüler”, “Ýa kündeläp meni çaýa salar sen”...). Käte muny derýa-çaýdan tapawutlandyrmak üçin, goşgynyň sazlaşygyna zyýan etmese, “çah” diýip ýazýarlar. Halk arasynda “çah” suw guýusy manysynda hem ulanylypdyr: “çah Gadam” (Şagadam) – “Gadam guýusy”. Emma Magtymguly “çaý” sözüni ýene üçünji manyda, ýagny şemmili içgi manysynda hem ulanypdyr diýip pikir edýän bolsalar, meniň özüm muňa örän şübhelenýärin. Sebäbi? Sebäbi, biz häzir Magtymgulynyň dogluşynyň 300 ýyllygyna taýýarlanýan bolsak, diýmek, akyldar şahyrymyz on sekizinji asyrda ýaşap geçen şahsyýet bolup durýar. Goşgularyndanam görnüşi ýaly, ol Fataly hanyň, Nedir şanyň döwürdeşi bolan. Onuň on dokuzynjy asyrda ýaşamak mümkinçiligi gaty az, ýogsam bolmanda käbir alymlar onuň ömrüni 1810-njy ýyla çenli uzaldýarýar. Bar şeýle diýenimizde-de, çaýyň Orta Aziýa giňden ýaýramagy on dokizynjy asyryň ortasyndan ozal bolmagy mümkin däl. Türkmenistanda gök çaý on dokuzynjy asyryň ikinji ýarymynda ýaýrap başlaýar. Düýmek, Magtymgulynyň döwründe türkmenlerde çaý içmek adaty bolmandyr diýip ynam bilen aýtmak bolar. Mahlasy, Magtymguly öz şygyrlarynda “çaý” sözüni diňe iki manyda: “kiçi ýa-da çaklaň derýa” (käte “çeşme”) we “bendi saklanýan guýy, zyndan” manysynda ulanýar. Emma, biziň pikirimizçe, ol (onuň döwürdeşleri hem) bu sözi içilýän “çaý” hökmünde ulanmandyrlar, çünki ol döwürde bu ýerlerde çaý içilmändir. Mongol çozuşlaryndan soň Beýik Ýüpek ýolunyň weýran bolmagy netijesinde Orta Aziýada ençeme asyrlap çaý içmek däbi undulypdyr we soň-soňlar Gündogar Türküstanyň üsti bilen täzeden gelipdir. Onda Magtymgulynyň “Kazylaryn käri çaý bilen nasdyr” we “Eliňden bir käse çaýyň içmez men” diýen setirleri näme? Birinji mysaldaky setir öň “Kazylaryn käri çilimdir, nasdyr” diýip aýdylýardy we bu has göwnemakul. Çilim, nas – kaza gelişmejek pişeler, emma çaýyň näme aýby bar? Ikinji mysal bolsa “Eliňden bir käse şerap içmez men” diýilibem aýdylýar. Umuman, bu setirlerde “çaýyň” ýerine islendik başga sözleriň bolmagy mümkin, göçürijiler soňky wagtylardaky duşmuş şertlerine has gowy sazlaşýandygy üçin “çaý” diýip ýazan bolmaklary ähtimal. Mümkin, şu hususda gürrüň edilende okyjynyň ýadyna Magtymgulynyň uýasy Zübeýda sowgat edip, Hindistandan getiren, häzirem şahyryň muzeýinde duran çaý çäýnegi düşendir. Emma bu sowgat şol wagt Hindistanda çaý içilenini aňladany bilen bärde içilenini aňladanok. Bolmanda-da, ol ulanmak üçin däl-de, sowgat üçin getirilen. Şonuň üçinem ol çäýnekde çaý içilen däldir diýip pikir edýärin. Ulanylan bolda şu wagta çenli bütin gelip ýetmezdi. Elbetde, bular meniň öz şahsy pikirlerim. Bu hususlarda has giň maglumatlary bolan hünärmenler bu wersiýalarymyň esassyzdygyny birkemsiz subut edýän delilleri getirip, hatalarymy düzederler. Şeýdlse, diňe minnetdar bolardym. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |