23:59 Pyraga | |
PYRAGA
Goşgular
Beýik pirim, eý, Pyragym, Seniň otly pyganyň bar! Öçmezdir şöhrat çyragyň – Arşa degen dessanyň bar. Adyň siňdi bakylyga, Sözüň döndi nakyllara; Jünbüş berip akyllara, Kalba salýan lerzanyň bar. Aýra düşdüň sen ataňdan, Çowdur handan, Aldyllaňdan; Nala kylypsyň hijrandan ‒ Şygyrlarda girýanyň bar. Aýryldyň gunça gülüňden, Meňli gyzyň gül ýüzünden; Gahba pelegiň jebrinden Köýen kalpda armanyň bar. Emma laýa batman göwnüň, Il-halka bagş etdiň ömrüň. Saňa nazar salmyş Taňrym – Arşdan medet bereniň bar. Ser salyp Arşyň kemerne, Diň salyp Ýeriň damarna, Aň salyp dünýäň çygryna, Sapar kylan seýranyň bar. Ferdöwsi, Attar, Jamy dek, Jelaleddin Rumy dek, Nowaýy dek, Nyzamy dek Ägirtlerden ýaranyň bar. Ýüz öwürmän azap-rençden, Döredipsiň diňe gençden; Guşgursak, dokmaňyz çäçden Sap tyllaýy harmanyň bar. Her sözüňi bir köşekli Düýä deňlär türkmen kökli; Üsti lagly-merjen ýükli Jöwahyrly kerweniň bar. Çyn göwher galar güýjünde, Könelmez müň ýyl geçende; Bu dünýäniň çar künjünde Seniň müňläp haýranyň bar, Her kelamyň nusga deýin, Zyban goýduň asal deýin; Minnetdardyr nesilleriň ‒ Kalplar içre mekanyň bar! | |
|
√ Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ «Elip» harpy / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Eý, aşyklar, eý, aşyklar mezheb-u din yşkdyr maňa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Шоколадка / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||