21:26 Hakyň ýoluny yzlagyl! / goşgular toplumy | |
HAKYÑ ÝOLUNY YZLAGYL!
Goşgular
• AÝDYMDAN Pany dünýä ýoly düşen adamzat! Şu ýalançy dünýä göwün berdiňmi? Almadyňmy munça kelamdan öwüt, Ýa-da jahyllara gulak gerdiňmi? Çykmak ýokdur ýazylandan, täleýden: Ynsan ogly günde geçer synagdan; Öz erkiňe gider ýaly dünýäden Ozal dünýä öz erkiňe geldiňmi? Ömür ýoluň iman bilen ýöregil, Günä kylsaň puşman bolup köregil; Biri – ynsan, biri – ýylan, biri – gül, Gül bolanyň gadyryny bildiňmi? Bir gün bakyýete guş dek uçarsyň: Soragdan-sowaldan nirä gaçarsyň? Ötegçi sen: iki günden göçersiň – Dünýä seniň watanyňmy, ýurduňmy? • ATTARYŇ «JÖWAHYRNAMASYNDAN» Kalbyň Haka mesgen bolmaz Imanyň nur bolmasa, Yhlasyňdan, yşgyňdan Kalp püre-pür bolmasa. Hak wysalyn göreý diýseň, Beze kalbyň törini – Patyşa köşge girermi Içi timar bolmasa? • HAKYŇ ÝOLUNY YZLAGYL! Al pendimi, adam ogly: Hakyň ýoluny yzlagyl! Aldanmagyl – dünýä pany, Hakyň ýoluny yzlagyl! Batylyň haýryndan geçip, Batylyň şerinden gaçyp, Hak ýoly batyldan seçip, Hakyň ýoluny yzlagyl! Eşret bermeýänem bolsa, Muşakgaty känem bolsa, Näçe agyr, kynam bolsa, Hakyň ýoluny yzlagyl! Batyl ýoldan ýörän ýiter, Soňy puşeýmana elter; Diňe hak ýol halas eder – Hakyň ýoluny yzlagyl! Ömür pellä gelene çen, Tä başyndan soňuna çen: Iň ahyrky demiňe çen Hakyň ýoluny yzlagyl! • KÖŇÜL, HAKDAN WYSAL ISLE... (Ylmyhal kitabyndan) Köňül, Hakdan wysal isle, Dünýä üçin gowgadan geç! Hakdan roýy-jemal isle, Aldawçy haý-howadan geç! Köňül mülkün täp-tämiz et, Heňi-posy aýyr, ýok et, Halys jandan ybadat et – Ujub bilen ryýadan geç! Salgymdyr dünýäniň mülki: Ol hiç kime däldir baky; Bekaýy la-ýezal isle, Bu mülki-biwepadan geç! Dünýä awçydyr, awlanma: Pula-baýlyga baglanma; Görküne bakyp aldanma – Düýbi çüýrük binadan geç! • RUBAGYLAR Duýgyň – yşka, aňyň ýugrulsun pähme: Olar kalba nurdur, didäňe – şöhle; Akyl aldygyňça akla baý borsuň, Mähir paýladykça baý borsuň mähre. Çyn derwüş bolmasa, juldan ne peýda? Allasyn bilmeýän guldan ne peýda? Bu dünýäde her kim tutar bir ýoly – Haka äkitmeýän ýoldan ne peýda? Dünýä indiň bir tünegi ýagtyldyp, Özüň aglap geldiň, ili şat edip, Emma ýaşanyňda şeýle ýaşa sen: Özüň ýylgyryp git, ili agladyp! • ÝOLY BOLANSOŇ Kämil musulmanyň ygrary – baky, Ýoly hak Resulyň ýoly bolansoň; Daşy ýardy Göroglynyň gaýraty, Destinde şir-Huda Aly bolansoň. Kämiller aldanmaz dünýäýi-gahba – Olar gol uzadar gopmajak şaha; Kämiller eýedir synmaz ruha, Ýapyşany Hakyň daly bolansoň. Kämillige gol ber, paýhasa daýan – Özi jahyl bolar jahyla uýan; Jahylyň bar ömri – özüne zyýan, Ynanany dünýäň aaly bolansoň. | |
|
√ Darkaşnama / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Hamd ede / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Ol ne ýüzdür aşyk olmyş jümle şeýhi-şap oňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Ak atly şazadam haçan gelersiñ / Goşgular - 11.09.2024 |
√ Halal-haram kim baka / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Okanyma öýkünme / Goşgular - 28.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||