17:34 Danalaryň muşdagy / hekaýa | |
DANALARYŇ MUŞDAGY
Satiriki hekaýalar
Bu waka on bäş ýyl dagy mundan öň bolupdy. Bir iş bilen paýtagta baryp, talyplyk dostum Halnazaryň öýünde myhmançylykda bolýardym. Şol gün öýlän myhman ýerime gelsem, Halnazar ýaňy telefonda gürleşip, trubkany ýerinde goýupdy. − Bilýärmiň men häzir kim bilen gürleşdim? Ýenjik bilen. Ol seniň bu ýerdedigiňi bilende, ikimizi agşam sagat 10-da öýüne oturyşyga çagyrdy. Obadaş oglanym Ýenjik edil goňşymyz bolmasa-da, öýleri biziňkiden uzakda däldi. Kiçijik obamyzyň ýekeje mekdebinde bile okamyzsoň, iki ýaş uludygyna garamazdan gowy tanaýardym. Ýenjik mal yzynda ululypdy. Arly ýyl öz dowarlaryna serederdi, okuwdan sypyndygy ot ýygmaga ýa-da sürini bakmaga giderdi. Men hem käte ýyl gurak gelende, öýe getirilen mallarymyzy onuň sürüsine goşup bakan wagtlarym bolupdy. Daşkyrak garyndaşlygymyz hem bolansoň meni hoşgylaw garşylaýan dogumly we alçak Ýenjik bilen ýazaly düzde kän çiş oýnapdyk. Göwresi arrykdan çepiksi we ýenjilen ýaly burugrakdygyna garamazdan, suwulgan ýaly çakgan hem-de agajet Ýenjige oýunda-da, ýakalaşmakda-da hötde geläýmek kyndy. Bu ýatlamalary hyýalymdan geçirenimden soň, Ýenjigiň çakylygy mende diňe begenç döretdi. Ýüz öwürmek hyýalymda-da ýokdy. Aradan iki sagat dagy geçirip, öý eýesine ýüzlendim: − Eýýäm sagat ondan işleýär, assa-ýuwaş ugrabersek nädýär? Orta mekdebi gutaryp, politehniki instituta giren Ýenjigi talyplyk ýyllarymdan bäri geçen ýigrimi ýylyň içinde bir gezegem görmändim. Onuň paýtagtdaky bir gurluşyk edarasynda ýolbaşçyrak wezipede işleýändigini bilýärdim. Ony tizräk göresim geldi. Goňşy etrapdan bolan dostum, talyplyk ýyllarymyzda Ýenjik bilen tanşan we häzirem aragatnaşygyny dowam etdirýän Halnazar bolsa ýerinden gobsunmaga howlukmady: − Aý, men barmaýyn-la. Seniň bir özüň gidiber. Meniň geň galanymy görüp, “Dile geldi, bile geldi” etdi: − Maslahatymy alsaň-a, senem gitme, dost. Geç-de, dynjyňy al. Ikimiziň ol ýerde işimiz ýok. Soňra öý eýesi meseläniň özenini orta atdy: − Şu gün hepdäniň haýsy güni? Ýekşende güni. Bu gün Ýenjik özüniň “hormatly myhmanlary” hasaplaýan ketde tanyşlaryny öýüne ýygnap, günortandan bäri şolara zyýapat berip oturandyr. Sylaýan bolsa ol näme üçin bizi irräk çagyrman, giçlik 10-da gelmeli edýär? Sebäbi ilki “belent mertebelileri” ugratmaly. Olaryň orny bir başga, biziňki başga. Biz öz “nobatymyza” garaşmaly. Onsoň deň tutulmaýan ýerde biziň nä körimiz bar? Barsaň şolardan galan-gaçan arakdyr hörekleri “hödür” eder. Men Ýenjige gaty belet. Käte iş salşanym bilenem, beýle adam bilen duz-emek bolamok. Öz mertebesini mydama belent tutýan, gönümel dostumyň bu sözleri meni ep-esli oýlandyrdy. Soňundan belli karara geldim: − Aý, bolsa-da men bir gideýin. Gadymy Ýenjik ýörite çagyran bolsa, barman gitsem gelşiksiz bolar. Men beýle buýsanjaň adam däl. Arak-hörek barada aýdylanda bolsa, men aş diýip baramok. Güler ýüz berip, çaý goýsa-da, bolany şol. − Bolýar-da, özüň bil – diýip, öý eýesi öýkeliräk ýerinden turdy – “Gadyrdan obadaşym bilen daňdana çenli oturyp, içimi döküşjek” diý-de gutar-da. Men bolsa irräkden ýataýyn. Ertir gürrüňini berersiň-dä... Ondan Ýenjigiň el telefonynyň belgisini alyp, jaýdan çykdym. * * * Ýagdaý Halnazaryň aýdyşy ýaly, has dogrusy, ondanam beter ekeni. Ýenjik bilen jaňlaşyp, salgysyny alyp, öýüne barsam, gapyda kiçi oguljygy maňa garaşyp duran eken. − Kakam “Entek ullukan myhmanlar otyr” diýýär, “Biraz garaşaýsyn” diýýär – diýip, jidirdeýän oglanjyk meni uly otagda oturan “möhüm” myhmanlara görkezmejek bolýan ýaly bukubrak, aşhananyň golaýyndaky kiçijik bir otagça getirdi. Ol ýerde meniň ýanymda Ýenjigiň on bäş ýaşlaryndaky uly ogly, şondan birki ýaş kiçi gyzy we ýaňky Suhan atly körpesi çalşygyny tamamlap barýan ýadaw gullukçylar ýaly dymyp otyrdylar. Uly otagyň giň açyk gapysyndan temmäkiniň goýy tüssesiniň içinde arkan-ýüzün gaýşyp ýatan togalak-togalak pyýadalaryň sudury çala saýgardýardy. Gatym-garym sözler we gülküler dik göge galýardy. Öý eýesiniň adyna ýagýan alkyşlardan çen tutsaň, “aýratyn sarpalylar” iň soňky bulgurlaryny göterýärdiler. Ýöne soňky bulgurdan soňam olar turýançalar ýarym sagat dagy geçdi. Şonda meni ýakymly geň galdyran zat – oturan otagçamyzyň diwarlaryny hatar-hatar bezäp, kioska meňzedip duran ýalpyldawyk daşly galyň kitaplar, žurnallar we kitapçalar boldy. Göz aýlap otursam, olar nysak bolan hojalygy ýöretmegi öwredýän gollanmalar däl. Ýa-da ýetginjek gyzlardyr ýaş gelinlere niýetlenen, owadan sahaply myltyk romantik kyssalaram däl. Ýok, olaryň barysy filisofiýa degişli ýygyndylar, sözlükler we makalalardy. Haşamlanyp çykarylan dürli dillerdäki ol del neşirleri diňe bu ylym bilen çynlakaý gyzyklanýan, onuň üçin wagtyny we serişdesini gaýgyrmaýan, onsoňam bu ugurdan her ýerde hemşerileri bolan örän epeý ylymdar öz öýüne jemläp biljekdi. Çekene bakýan döwrümizde Ýenjigiň elinde käte çaga kitapçalaryny görsem-de, soň-soňlar onuň beýdip ylma çuňlaşanyndan habarym ýokdy. “Insitutda okaýarka çörňeşen bolarly. Wah, okuw jaýymyz başga bolansoň, ol wagt Ýenjik bilen kän gatnaşyk etmeýärdim. Ýogsam şol ýaşlyk döwrümizde filosofik söhbetler bilen özara kämilleşerdik. Zyýany ýok, bu gün özümi kän inkise goýýan metafiziki sowallary Ýenjik dostum bilen paýlaşyp, biraz aýdyňlaşdyraryn” diýip, pikir öwürdim-de: − Suhan jan, seniň kakaň tüýs barypýatan filosof eken-ä – diýip, täsin açyşymy körpe oglanjyga buşladym. − Filosof? Filosof diýýäniňiz kim bolýar? – diýip, gözlerini gyrp-gyrp eden körpeje öz çaklamasyny aýtdy – Hä, “keramatly üçlükler”, “keramatly ýedilikler..., on ikilikler...” barada ýazýanlarmy? Çaganyň bu gürrüňine gülkim tutdy. − Hä, onda “Ýaman gözli myhman gidende, yzyndan pyçak zyňmaly”, “Dünýäden öten adamlary ýatlaýarkaň asgyrsaň, öz gulagyňdan çekmeli” diýen ýaly düzgünleri öwredýänlermi? Çagajygyň ýöntemligine pynkyranymy duýman galypdyryn. − Onda näme? – diýip, Suhanjygam ýeň bermedi – Hä, “Pylan ýyldyzyň astynda doglanlar pylan ýyldyzyň astynda doglanlara durmuşa çykmaly” diýip geňeş berýänler bolaýmasyn? Gülüp-gülüp hezil edinenimden soň körpejäniň egnine elimi goýdum: − Ýok, Suhan jan. Filosoflaryň olar ýalylara dahyly ýok. Filosoflar – Aristoteliň, Eflatunyň söhbetdeşleri, Kantyň, Şopengaueriň muşdaklary, Ibn-Sinanyň, Farabynyň haýranlary. Garaz, seniň kakaň ýalylar-da. − Meniň kakamyň-a Aristotel, Eflatun diýip tanyşlary ýok – diýip, hojaýynyň uly ogly birden gahar bilen söze goşuldy – Ol mydama şo-ol oturan pyýadalaryň söhbetdeşi. Şolaryň muşdagy, şolaryň haýrany. Onýança gapynyň öňünde öý bikesi Mähri peýda boldy. Obadaşym Mähri! Şetdat ýalyjak naşyja, eýjejik Mähri! “Ýüregimi berip söýüpdim” diýsem-ä ýalançy, ýöne jahyl çykan wagtlarym bizden biraz kiçi Mährijigiň balkyldap duran gözleriniň ençe ýyllap mende hem lezzetli, hem ezýetli duýgulary oýandyrandygy hem, soňra “Ýenjik ýalylara “gowuja zatlaryň” nesip edýänligi” hakynda esli wagtlap hyrçymy dişläp gezendigim hem hakykat. Ýaşlykda adam özüne gerekmejek zady hem ilden gysganýar-da. Mähri welin häzir meni tanamadam. Asla adam tanajak bolmaga-da ýagdaýy ýokdy. Bu wagt ýadawlykdan gerşi ýykylyp, birmahalky dutar ýalyjak eginleri salparyp duran zenanyň tüssä kakadylan şöhlat kimin ýygryk hamly, gyzyl-ala elleri gaýyş öňlüginiň üstünde ysgyn-mydarsyz sallanyşyp ýatyr. Ol maňa seredip, naýynjar ýylgyrdy-da, ýumuş buýurmak üçin Suhanjygy aşhana alyp gitdi. “Aýratyn sarpalylardan” başga bu öýe saý-sebäp bilen gelen “ikinji, üçünji... derejeli” myhmanlara barmysyňam diýmezlik düzgüni maňa kän ýaramadygam bolsa, indi meniň Ýenjige, şunça gelim-gidime garamazdan ylmy, özem hut filosofiýa ylmyny gözden salmadyk Ýenjige bolan hormatymy peseldip biljek zat ýokdy. Gijelerine meşgullanýarmyka? Gaty hemmetaraplaýyn, ederini bilýän, zor adam şu Ýenjik. − Wah, bolýar-bolýar, hemmesinden beterem şu ejem jana bolýar – diýip, gyzy öý bikesiniň yzyndan haýpygelijilik bilen seredip galdy. – Hepdede bir ýola, käte bahana bolsa iki ýola guralýan şu oturyşyklar üçin her gezek kellebaşak ütüp, gaýnatjak bolsaň, palaw bişirjek, börek bükjek, kebap gowurjak bolsaň... − Hany, kän ýaňramaňy bes et! – diýip, diňşirgenip oturan agasy birden oňa heňkirdi – Myhmanlar turuşdy. Derrew yzlaryny ýygnap başlaly-da, tizden birýüzli edeli. Sapaklarymyza-da taýýarlanmak gerek. Men bolsa olaryň aýakgaplaryny äbereýin. Ýogsam şatyr-şallak serhoş bolan “filosoflaryň” bir-biriniň aýakgabyny bitaý geýip gidip, iş bolaýmasam bardyr... * * * Döşi içine çöküp ýatan, öýkeni gowşak Ýenjige aldygyna tüsse zogladýan pyýadalaryň arasynda, petiş otagda oturmak dowzah azabyny görkezen bolarly, ol myhmanlary ugradyp gelen badyna ylgap penjireleri açdy. Umuman, dogrusyny aýtsam, Ýenjigiň daşky sypaty meni lapykeç etdi. Şunça ýyllaryň içinde men ol etli-ganly, dolmuş pyýada öwrülendir öýdýärdim. Emma diňe gulaklarynyň eteginden başlap, alkymyna et örüpdir diýäýmeseň, şol öňki hortaňja Ýenjigi gördüm. Iýýän kellebaşaklarynyň eti-ýagy diňe alkymynda toplanýan bolarly. Çöpe dyrmaşyp, alkymyny haýbat bilen çişirip oturan inçejik hažžyk ýaly bolup dur. Üstüne garga sürüsi çozup, çokalanan ýaly läý-läş desterhanlar ýygnalyp, iki adamlyk saçak ýazylýança hal-ahwal soraşdyk. Gije sagat 11-e golaýlapdy. Ynsabym biynjalykdy. Onsoň keseki öýüň işine gatyşmak gelşiksizem bolsa, maňa artykmaç hezzet gerek däldigini, “öz-özüňe hyzmat ediş düzgüniniň” maňa doly ýeterlikdigini öwran-öwran tekrarladym. Onsoň Ýenjik günortandan bäri haýdaşyp ýören aýalyna we çagalaryna dynç almaga rugsat berende derim giňäp gitdi. Özgeleri azara goýmak – iň halamaýan zadym. Meni ýene geň galdyran zat: myhman otagynyňam bir diwary tutuşlygyna diýen ýaly filosofik kitaplardan doludy. Üsti hyryn-dykyn kitaply tekjelerde öň daşlygy bäriligine bakdyrylyp goýlan kitaplaryň ýalpyldawyk sahabyndan sakgallak danalaryň agras keşpleri bize dikanlap seredýärdi. Gunt ýaly agyrdan ykjam, bezemen bir almanahy elime alyp, gözden geçirdim. Onda doglan gününiň iki ýüz ýyllygy bellenýän beýik bir filosofyň durmuşy hakda mundan bary-ýogy on ýyl öň tapylan täze maglumatlar beýan edilýärdi. Ýewropa dilleriniň ikisinde mazmuny berlen ol kitaby Ýenjik ol dilleriň haýsysynda okanynda-da, bu onuň juda giň gözýetime, dünýä pikirinden habardarlygyna şaýatlyk edýärli. * * * Emma birki sagatlap her dürli gepiň başyny agyrtsak-da, men Ýenjigiň gürrüňinde onuň şeýlekin baý ruhundaky filosofik pikirlerden enteg-ä nam-nyşan göremokdym. Gaýtam onuň häzirki joşup berýän gürrüňleri obadaşymyň başga bir ukybyndan – paýtagtda hysyrdyly işde işläp ýören ýerinde obadaky dowardyr düýeleriniň statistik ýagdaýlaryny gözegçilikde saklamak ukybyndan habar berýärdi. Zora zor diýmeli! Ýöne gulagym Ýenjikde hem bolsa Siseronyň we Senekanyň keşplerine gözüm düşeli bäri stoikleriň pelsepesi baradaky pikire gümradym. “Gör, nähili beýik taglymat! Hem ap-aýdyň, hemem çuň! Stoikleriň pelsepesi adama hakykaty, dost-doganlygy, jogapkärçiligi ündeýär”. Günbatar halklarynyň nädip beýle pelsepeden ýüz dönderip bilişlerine men talyp döwrümde haýran galýardym. Ara maý salyp, bu pikirimi Ýenjige aýdanymda, ol muny oňlamaýan ýaly biperwaýlyk bilen elini salgady-da, öz gürrüňine dolanyp geldi. Obadaky bir köşekli düýesini biynsap doganynyň aldygyna sagandygy sebäpli köşeginiň igläp ölendigini aýdyp, aglaýjak bolup zeýrendi. “Görýän welin, gadym döwrüň pelsepesini Ýenjik düýbünden halamaýan eken-ow.” diýen pikir bilen men öňki aýdanlarymy ýuwmarlap, bärräki döwürlerden tutdurdym: − Elbetde, stoikleriň pelsepesi boýunça ýaşamak gaty kyn. Ol adamlary diňe borja tabyn edip goýaýýar. Emma her ynsan özbaşyna bir dünýä ahyryn. Şonuň üçinem Leýbnisiň monadologiýasy meniň göwnüme has oňat ýaraýar. − Monadologiýa? Saňa-da sataşdymy ol kesel? – diýip, Ýenjik ýüzüni kürşertdi – Goýaweri, inim, erbet beladyr ol. Män-ä kän horlanyp, zordan saplandym. “Monadologiýany kesel hasaplaýan eken-ä... Asla günbatar pelsepesine Ýenjigiň tutuşlygyna pisindi oturmaýan bolaýmasyn? Onda Gündogardan tutaýyn. Her niçigem bolsa gündogar adamlary ahyryn biz”. − Ibn Sinanyň dünýäniň gadymylygynyň Hudaýyň gadymylygyndan pes däldigi baradaky batyrgaý pikirini ymam al-Gazalynyň gazaply... − Dünýäniň gadymylygy diýdiňmi? – diýip, Ýenjik nägilelik bilen sözümi böldi – Hmm... Dünýäniň gadymylygy... Hudaýyň gadymylygy... Dogrusyny aýtsam meniň-ä ýek ýigrenenim şu “Towuk öň döräpmi ýa ýumurtga?” diýen ýaly peýdasyz gürrüňler. Oňa wagtymam ýok. Işden-ä ölü-ü-üp gelýän. Üstümem, özüň görýäň, mydam myhmanly. Myhmansyz günümem serial ýa futbol görýän-de ýatýan. Towugy hem şol, ýumurtgasam. “Howa-da, Ýenjik ýaly şahsyýetlere sadalyk mahsuz. Öz çuňlugyny mazamlanok-da, gaýtam örtmäge, beýlekilerden tapawutlanmazlyga çalyşýar. Köp filosoflar şeýle hem bolan. Ýöne meniňem eýdip-beýdip bu janly paýhas hazynasynyň açaryny tapjanym hakdyr...” − Dogrudyr, dogrudyr – diýip, baş atdym – Pyragy atamyz aýtmaşlaýyn, “Subhan syryna ýetme ýok”. Ýa-da, Omar Haýýamyň diýşi ýaly, bular “sakgallaryny tirsildedip, takal okap, ýetmiş iki ýaşasalaram” barlygyň manysyny açyp bilmän gidipdirler. Emma, bolsa-da, dünýäde akyl-düşünjäniň ösüşini, onuň şu güne deňiç başdan geçiren ýagdaýlaryny yzarlamak edil seriala sereden ýaly dälmi? Ýa-da filosoflaryň biri-biriniň eýini ýetirişini synlamak futbol bäsleşigine gaýra durýar diýmeýärmi? − Hä, sen bular barada aýdyp otyrmyň? – diýip, Ýenjik birden loh-loh güldi – Şu kitaplar baradamy? Bulary men okaýandyr öýtdüňmi? Wah-eý, inim, men bularyň gatyny açyp görmesem näme? Soňra ol kitaplaryň bu ýere düşüşini gürrüň berdi: − Iki-üç ýyl öň bir uly filosof alym ýogaldy. Gyzy bilen körekeni onuň goşlaryny satyp, jaýyny düýpli abatlamakçy boldular. Bildiriş boýunça baryp, käbir goşlaryny satyn aldym. Şolar ýalylary alyp-satmamam bar-da, garaz, dek gezemok. Şonda olar: “Şu bir ulaglyk kitaplar hem işimizi bökdäp dur. Gerek bolsa zat tölemän alyp git, şulardan dyndarsaň bolýar” diýip ýalbardylar. Maňa bolsa gaýgymy, ulag özümden önýärkä. Barysyny ýükledip getirip, howla dökdürdim. Täzejelerini saýladyp, öýde goýdurdym, galanlaryny deger-degmezine somsa bişirýänlere satdym. Ine, görşüň ýaly, bulara men kör köpük çykaramok, gaýtam, biraz peýda-da gördüm. Bar zat düşnükli boldy. Kitaplaryň barynyň ýalpyldap durmasy, okalyp leji çykanynyň ýoklugy indi meni geň galdyranokdy. − Bulary okamaýan bolsaň, peýdasyz durany bilen, barybir saklamak iş bolýandyr ahyryn – diýip, birhaýukdan soň dil ýardym. − Aý, öýdäkä tabşyrylandyr, her hepdede öl esgi bilen süpürip, tertipli saklaýandyr. Başga näme işi barmyş onuň... Aşhanada gerşini hökgerdip duran Mähri görgüli göz öňümde janlandy. “Tertipli bolaýşyny şonuň...” Kitaplaryň rejeli we gelşikli goýluşyna söz ýogam bolsa, olaryň ýerleşişinde hiç hili many-mazmun ulgamynyň ýokdugynyň sebäbi hem indi maňa düşnükli boldy. Taglymat taýdan ganybir dogan ýaly filosoflaryň bu ýerde hersi bir çünkde otyrdy, bütin ömründe özara darkaş guran taglymatçylar bolsa Ýenjigiň öýünde biri-birine gysmyljyraýardy. Üç çaga seredýän, howlyny we öýi gül pürkülen ýaly saklaýan, myhmanlaryň öňünde dik durýan Mähri gelniň, elbetde, dünýä filosofiýasyny synplaşdyrmaga eli ýetip durýan däldir-dä. Howa, bar zat ýerine geldi. Aý dogan ýaly... Ýenjigiň: − Hälki myhmanlaryň soňky çykyp barýanyny görüp galdyň öýdýän? – diýen sowaly meni özüne getirdi. – Öňi kel, gowkuja ýaş oglany? Tanadyňmy kimdigini? Öz obadaşymyz-da. Gümrükhananyň başlygy. Bu ýere gelse, Ýenjiklere gelmän gidýän däldir. Gitmänkä, birki günden ýene aýlanjak ol... Öý eýesiniň “güýç-gudratly” tanyşlarynyň tarypyna gulak tutmaly boldum. Barybir indi Ýenjigiň filosofiýadan “dür saçaryna” tama etmegiň manysy ýokdy. * * * − ...Diýseňem, şu kitaplaryňam käwagt peýdasy degýär-how!– diýip, öý eýesi gep arasynda diwara göz aýlady – Ketde ülpetlerimiň käwagt keýpleri çag bolanda, şu kitaplara ümläp, biri-birine: “Aý, şu Ýegenjik Karaýyç gaty sowathon oglan. Üýşüp, muny entekler kän-kän ýokary çekeli” diýýärler. Olar näbilsinler... Hoh-hoh-ho... Dogrudyr. Ýöne şonda kimiň kimi aldap oýnaýandygy belli däl-dä. − Bu kitaplary özüň okamasaňam, belki, çagalaryň-a gyzyklanýandyr? – diýip, soradym. − Ýog-eý, goýaweri – diýip, Ýenjik ör-gökden geldi – Olara elledemogam. “Birden içindäkiler bilen gyzygyp gidiberseler näme?” diýip gorkýan. Daş etsin! Bular akylly bolany bilenem, köpüsiniň ser-sepil ötendigini bilýäris-ä. Şol wagt arslanlaryň muşdagy bolan biri hakda tymsal hakydama geldi. Ol adamyň öýündäki diwarlar hem, düşelen we asylan halylar hem, tutular hem, hatda gap-gaçlar hem arslanlaryň suratyndan dolumyş. Onuň bu yşk-höwesi barada tokaýda ýaşaýan arslan hem eşidipdir. “Men özümi şeýle ezizleýän adamy görmesem bolmaz” diýip, ol janawer ýaňkynyň öýüne gelipdir. Penjireden içerä kellesini sokaga-da, ýuwaşja arlap, “salam” beripdir welin, ol bende gorkusyna çaşyp ýatyberipdir. Asyl ol adam diňe suratdaky arslanlary, öli arslary söýýär eken. Howa, şoňky ýaly, Ýenjigem diňe okalman duran, jansyz filosoflara muşdak eken. Okalýan, söz açýan filosoflardan, olaryň janly pikirlerinden ol gaty gorkýan eken. Birden bir garagol pikir kelläme geldi. Ýenjigiň oglanka-da jyn ýaly dogumly bolandygyny ýaňy aýdypdym. Sarç eşege dagy baş öwretmeli bolsa Ýenjigi çagyraýmalydyr. Eşek hyzzyn atyp, on gezek ýere zyňsa-da, ýene üstünde joňkaryp oturandyr. Edil kowboýlar ýaly-da. Özümiz-ä bir gezek şeýdip gaýtsak, gerňeläp äkitmeli boljak. Ýenjik welin... Aý, ol duran otdy-la. Ýöne Ahillesiň dabany ýaly onuňam bir gowşak ýeri bardy. “Jyn”, “al-arwah”, “albassy”, “ak balak, ak köýnek”, “gara gyrnak”, ““eýe”, “gör dören” ýaly zatlary agzasaň zygyrdabererdi. Şol ahmal ýerinden tutup, hezil edip oýnardyk. Käbir ynsapsyzlaryň şeýle oýunlar bilen ony sürüsini taşlap gitmäge mejbur edip, birki çebşini iýen wagtlaram bolupdyr. Menem turmazdan öň könäni ýatlamagy ýüregime düwdim. − Agam, bilýärmiň, şu filosoflaryň ruhlary nirede ýaşaýar? − Ruhlary? – Ýenjigiň gözleri tegelendi – Howa, nirede ýaşaýar? − Kitaplarynda ýaşaýar. Seniň öýüň şolaryň ruhundan doludyr. − Be-e... Arada myhman köp bolanda özüm şol kitapdan doly otagçada ýatjak boldum welin, uzyn gije gara basyp çykdym diýýän-le. − Hä, ine, gördüňmi!? Saglygyňam öňküligi ýokdur. − Olaryň bereket-baýlyga-da zyýany kändir onda? – diýip, Ýenjik howpurgady. Men baş atdym. Seri sämäp duran öý eýesi kitaplary edil şu wagt aýyrmak üçin ýerinden müňzedi. Obadaşymyň al-arwahlardan birmahalky jan gorkusy indi mal gorkusyna öwrülipdir. Çagalygymyzyň alysda galanlygynyň alamaty. Her näme-de bolsa gijäniň ýarynda güpür-tapyr edip ýörmegiň gelşiksizdigini aýdyp, ony zordan ýerinde oturtdym. Soň hoşlaşyp, çykyp gaýtdym. “At basman diýen ýerine müň basar” diýipdirler. Ýöne şol öýe indi geläýsem, bir filosofik kitaba-da gözümiň düşmejegini bilýän – diýip, ýolboýy öz ýanymdan pikir öwürýärdim – Dogry-da walla! Ol danalaryň kitaplarynyň Ýenjigiň öýünde näme derkary bar? Itiň boýnuna göwher daksaň, item aglarmyş, göwherem...” * * * Howa, görüp otursam ondan bäri on bäş ýyl dagy geçipdir. Şondan soň Ýenjik bilen habarlaşmadym. Sag-aman işläp ýörendir-dä. Umuman, häzirkizaman dünýäsinde durmuşyň köp meseleleri ýaly kitap okamak hem has ýönekeý, elýeter we oňaýly şertlere eýe boldy. Ýenjigiň öýündäki şol tutuş kitaphananyň elektron nusgasyny häzir bir eliň aýasynda ýerleşýän enjama sygdyryp, jübiňe salmak mümkin. Dünýäniň alys kitaphanalardaky eserleriň elektron nusgasyny internet ulgamy boýunça sähel pursatda alyp, kompýuteriňdäki kitap gaznaňa geçirmek mümkin. Bir öýi dolduryp duran bir tonnalyk kagyz kitabyň many-mazmunyny elektron ýada aňsat we tiz göçürip almak ýa-da göçürip bermek mümkin. Onsoň kitaplaryň ähli bezegleri, şekilleri bilen, has doly maglumatlarynyň salgysy bilen üpjün edilen her dürli amatly elektron görnüşleri barka, ses ýazgysy bilen enjamlaşdyrylan gollanmalar barka, adamlara kagyz kitaplary öňküsi ýaly ýük edinip daşap ýa-da öýlerinde saklap ýörmek geregem bolmaz. Elbetde, bu meniň pikirim. Ýöne Ýemşik dostumyň edişi ýaly okamajak kitaplaryňy öýüňde göz üçin sergi edip goýmagyň, iň bärkisi, ýöntemlikdigi bilen her kesem ylalaşsa gerek. Gowy kitaplar her görnüşde-de bolsa, garaz, okalsyn! Esasysy şol. | |
|
Teswirleriň ählisi: 14 | |||||||||||||||
| |||||||||||||||