09:43

Dileg

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 428 | Добавил: yaran_yagmur_9 | Теги: Ýaran Ýagmyr | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Goşhaltada galan goşgy / Goşgular - 21.08.2024
Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024
Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024
Bazar oýlanmalary / Goşgular - 07.09.2024
Magtymguly Pyragy / Goşgular - 27.08.2024
«Ta» harpy / Goşgular - 27.08.2024
Kemaly-husn beripdir şeraby-nap saňa... / Goşgular - 11.12.2024
Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024

Teswirleriň ählisi: 16
0
1 Yusup  
50
Azajyk kapýalaryny düzetsek, bir-iki bent goşsaň. Kompaniýada aýdyp otyrmaly goşgy boljak.

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Ýok-la, meniň pikirimçe türkmenlerde düýbünden ateist ýok.

Mende bolsa dogabitdi güýçli dini duýgy barmyka diýýän. Ýöne ýokardaky ýaly tesbi dakynyp, doga okamok. Bu ýöne goşgy.

Kompaniýalarda bolsa diniň gürrüňini etmezlige çalyşýaryn. Häzir bu örän delikat tema, ylaýta-da molla oturan ýerde dinden gürrüň etmeseň gowy. Molla barka beýtseň dindarlar muny halamaýarlar.

Aslynda meniň pikirimçe häzirki siwilizasiýanyň binýadynda din ýatyr. Gizlin görnüşde bolsa-da, edebiýatyň hem diregi din. Awtor özüni ateist hasap edip biler, emma hakyky ateist bolsa ol goşgy döredip bilmezdi.

0
3 Shapak_A9602  
1502
Ateistler türkmenlerde sowet döwründe köpdi...

0
4 yaran_yagmur_9  
1578
Menden 20-30 ýaş uly (häzir köpüsi dünýäden öten) nesliň käbir wekilleri özara gürrüňde "Biz ata-baba ýörelgeden dönüp, kommunist bolduk", "Biz öz milletimizi unudyp, rus bolduk", "Biz öz dinimizi unudyp, ateist bolduk" diýýärdiler. Bu hakykatda öwünmegiň bir görnüşidi. Gürrüň dostlukly, ýeňil atmosferada bolsa (olar bolsa gürrüňe ýeňillik, dost-doganlyk, şatlyk goşýan serişdäni hökman ulanýardylar, bilýäňiz näme baradadygyny), men olara şol "bolduk" diýen zady bolmandyklaryny, gaýtam şol "unutdyk" diýen zatlaryny hem unutman, iki jahan owarrasy bolup galandyklaryny subut edýärdim ("доказал" däl, "доказывал" manyda).

Siz, näme, şol ýokarky zatlardan ýüz döndereniň bilen (ol aňsat), şol ýokardaky beýleki zatlary kabul etmek, olary ganyňa siňdirmek aňsat zatlardyr öýdýäňizmi? Siziňçe, feodal bolmak kyn, kommunist bolmak aňsatjak, türkmen bolmak kyn, rus bolmak witjik, musulman bolmak kyn, ateist bolmak ýönekeýje zat, şeýlemi?

Yslam dininden däneniň bilen ateist boldugyň däl. Ateistlik gowy zat däl, emma her kim ol bolup bilmeýär. Melek bolmagy başarmadyk bolsaňyz, "men arwah boldum" diýip öwünmäň. Iki arada bir boşluk-bolgusyzlyk ýagdaýy bardyr, siz şondasyňyz.

Ine, hakyky kommunistler, hakyky ruslar, hakyky ateistler mende hormat duýgusyny döredip bilerler, emma ol "iki jahan owarralary" beýle däl.

"Ateist" hiç hili ylahy ykrar etmeýän adam. Biziň ol "ateist" diýýänlerimiz ýa-da özlerine "ateist" diýýänler Allatagala ynanmanlary bilenem, olar ylymdan başga her yrymlara ynanýardylar, ýagny, aňlary her hili çirklere eýlenendi.

Garaz, olary "musulman" diýip gowulykda beýgeltmeseňizem, "ateist" diýip erbetlikde hem beýgeltmäň. Ateistlige-de ýetmek gerek. Olar hijisem däl, agam däl, gara-da, çal-bulanak maddalar.

0
5 yaran_yagmur_9  
1578
Bu bir dünýägaraýyş meselesi. Öz dünýägaraýşyňy beýlekileriň boýnuna dakyp bolmaz.

Elbetde, adamlardan "Sen bulanyp ýatan köpçülik bolma, ýa sagçy bol ýa çepçi, ýa konserwator bol ýa liberal, ýa kommunist bol ýa antikommunist, ýa dindar bol ýa ateist, ýa milletçi bol ýa internasionalist..., iki gyradan birini saýla!" diýip talap edip bolmaz. Adamlaryň hiç bir ynanja uýman, öz günleri bilen ýaşamaga haky bar. Umuman, adamlara şeýle talap zyýanly we howply. Beýle talaplar (ýa biziň bilensiň, ýa bize garşysyň) jemgyýetiň durnuksyzlygy wagtynda ýüze çykýar we ýagdaýyň hasam radikallaşmagyna getirýär.

Rus ýazyjysy Merežkowskiniň "Грядущий хам" kitabynda şular ýaly "çal köpçülige" ýigrenç bildirilýärdi. Bu şol döwrüň alamatydyr. Beýle ýigrenjiň soň nämä getirendigini (rewolýusiýalara) özüňiz bilýänsiňiz.

Şonuň üçinem adamdan "Sen ýa dindar, ýa ateist bol, bir ýanly et" diýmek gowulyga getirmeýär. Gaýtam adamlaryň muny beýlekileriň öňünde bir ýanly etjek bolman, nämä ynansa-da özünde saklany gowy (edebiýatda beýan edip bilerler, emma bu hökman onuň öz şahsy garaýşy bolmaly däl. Awtoryň goşguda Hudaýa ýüzlenmegi onuň dindardygyny aňladmaýar. Lermontowyň Merýem enä ýüzlenýän şygrynda biz onuň hristiandyny göremzok, ol öz söýýän gyzy barada aýdýar, "Palestina şahasynda" bolsa hakyky dini duýgy görünýär. Şonuň üçin goşgyny okap "Sen dindar ekeniň-ow" diýseň bolar, emma ol bir halatda dogry bolsa-da, başga awtor barada dogry bolman biler.

Men teswirde diňe öz dünýägaraýşymy aýtdym, adamyň dünýägaraýşy bolsa onuň öz naturasyna bagly bolýar. Naturam boýunça jogapkärçilikli we gönümel bolamsoň men özüne "men ateist", "men kommunist", "men rus medeniýetine degişli" diýip goýberýän adamlary çynlakaý kabul edemok. Bu zatlar "bolnup goýberiläýýän" zatlar däl. Sen (Siz barada däl) şolaryň hiçisem dälsiň, hiç birini hem gönendiren dälsiň diýýärin. Öňüňden gara pişik geçse gaýgy edip ölýäň, pişigiň "gara keramatyndan" gorkýaň, sen nähili ateist? "Kommunistik partiýanyň manifestini" düşünip okadyňmy, o nähili kommunist sen? Ýa wodka içeniň bilen rus medeniýetine geçdigiň bolýarmy? Ine, men bir zatlaryň ismini kabul edip, jismine dahylsyz şeýle adamlaryň özleri baradaky şözlerine kör köpük bermeýänimi aýdýaryn.

A так, din we gaýry meseleler barada aram garaýyşdaky adamlara "Sen çal bolma, ýa eýle, ýa beýle bol, birini saýla" diýmek ýalňyş, asla gadagan. Ýöne olaram "men ateist", "kommunist..." diýip, ýokardan tutmaly däl, sebäbi bular hem, aýdyşym ýaly, ýöne bolunaýýan zatlar däl, olar üçin aň-düşünje ýoluny geçmeli.

0
6 Azat_Nurgeldi  
283
"Melek bolmagy başarmadyk bolsaňyz, "men arwah boldum" diýip öwünmäň. Iki arada bir boşluk-bolgusyzlyk ýagdaýy bardyr, siz şondasyňyz."
Ajaýyp fraza, men "dünýä paýhaslary "diýen , paýhaslar ýygyndysy jemlenen kitaba şu jümläni ýerleşdirmäge mümkinçiligim bar bolsady...

0
7 Azat_Nurgeldi  
283
Ýokarky jümle Ýaran Ýagmyra degişlidigini ýazmandyryn.

0
8 Azat_Nurgeldi  
283
Iki jahan awarasy barada bolsa, men käbir aýdylan zatlary özümiň salgyma kabul etdim. Ýöne men onuň üçin hiç hili öýke kinäm ýok. Sebäbi men şol ýagdaýda häzirem gezip ýörün, ýagny Alla ynanýaryn, molla ynanamok.

0
9 Azat_Nurgeldi  
283
Bu jahanda sergezdanam,
Meniňki däl şirin janam,
Ol jahana rowanam,
Iki jahan awarasy.

Gezip ýörsemde men bärde,
Ulaşdym men niçik derde,
Bilmerin,köňülim nirde,
Iki jahan awarasy.

Akla sygmaz,gelmez huşa,
Geçen,geljek girýär düýşe,
Bu ne kärdir,bu ne pişe,
Iki jahan awarasy.

Uklap düýşden doýa bilmen,
Syrym ile ýaýa bilmen,
Nä görenmi diýe bilmen,
Iki jahan awarasy...

...Ähli zat bolupdy aýan,
Serde huş ýok,boldum peýan.
Entirekläp o ýan bu ýan,
Iki jahan awarasy.

Biri baky,biri pany,
Janym şolaryň gurbany.
Haýsynda sürdüň döwrany,
Iki jahan awarasy.?

Gündiz bärde,gije onda,
Birahatlyk bar bu janda,
Telwas urýar iki ýanda,
Iki jahan awarasy.

Azat,niçikdir takdyryň,
Iliňde ýokdyr gadyryň.
Saýla jahanlaryň birin,
Iki jahan awarasy.

Azat Nurgeldiýew.

0
10 yaran_yagmur_9  
1578
Azat, goşgyňyzy haladym, ol ýazylyş uslyby, pafosy we labzy babatda meniňkileriň käbiri bilen äheňdeş. Öz goşgymy okan ýaly boldum. Men-ä beýle uslyby (stil) Ýunus Emräniň täsirinden alypdym, Sizem belki şeýdensiňiz.

Hudaýa ynanyp, molla ynanmazlyk (eger munda diniň jar eden hakykatlary inkär edilmeýän bolsa) adamy ateist etmez, ýöne antiklerikal eder. Katolik buthana garşy uruş yglan eden Wolter (“Раздавите гадину!”) şonda-da barybir dindar adamdy, Hudaýy inkär edýänleri gazaply tankyt edýärdi (“Hudaý ýok bolsa ony oýlap tapmaly bolardy” diýen).

Daşa gidip oturman, özümizden alaly: şygyrlaryndan görnüşi ýaly, Magtymguly bütin ömründe mollalar, sopular bilen oňuşman geçipdir (“Çyn sözüme diýer mollalar galat”), molla Kemine hem mollalary kötekläpdir (“Milleti aldaýar işan-mollalar”), talyp mahaly halypasy Äraly işany mydama kinaýa alypdyr, soň ýaraşan ýaly. Mollalar barada tankyt Ahmet Ýazawynyň “Hikmetlerinde-de” bar. Emma bular ateist däl, gaýtam diniň diregi, emma antiklerikal garaýyşlary bolupdyr.

Antiklerikalizm barada aýtmanyňda, adamyň özi elli iki dindar bolanda-da ol belli bir derejede “iki jahan awarasy” bolmagyny dowam eder. Çünki ýaradylyşy boýunça ynsan iki äleme – bir tarapdan, topraga, materiýa, maddy dünýä bagly (nebsi arkaly), beýleki tarapdan, arşa, bakylyga, ýokary hakykata bagly (Allanyň Atamyza salan demi – nur-iman arkaly). Adam suwda ýatan bölek agaç mysaly – ol agaç suwdan aýrylybam bilmeýär, suwa çümübem bilmeýär, iki jahan awarasy. Adam hem edil haýwan ýaly wagşylaşyp, dünýäniň mahluklaryna garyşyp bilmese-de, maddy dünýäden örküni üzüp, melege dönüp bilmez. Melekleriň maddy göwresi bolmansoň, şeýle päk bolmak olara aňsat, emma gep diňe göwrede däl. Ruhuň özünde-de arassa imandan daşary nebis ody ýeterlik. Hut şonuň üçin Harut-Marut diýen iki melek hem azyp, zemine düşüpdir.

0
14 Azat_Nurgeldi  
283
Sen düýn ateistdiň bu gün mollamy?
Sakal goýberipsiň syryp kelläňi.
Durmuş eger, täze bir öwrüm etse,
Şonda nämä çalyşarsyň selläňi?

Bu bolýan işlere haýran men walla,
Näme geýse gelişip dur bu kellä.
Sen ili aldasaň aldarsyň welin,
Sen tetellä ynanarmyka Alla?

Hawa,adam toba gelip, özüniň günälerini ýuwup biler, ony geňlemeli däl, tersine goldamaly. Erbet pygyllardan saplanýan adam sylag hormata mynasyp ynsan . Ýöne meniň tanaýan "mollalarymyň" köpüsi toba gelen adamlar dälde ,dini öz bähbidine ulanjak bolýan adamlar. Men hemme mollalary göz öňümde tutamok, döwre görä üýtgeýän "mollalry" göz öňünde tutýäryn.

0
11 yaran_yagmur_9  
1578
Adam näme üçin hiç haçan doly päklenip bilmeýär, ruhuny nebisden saplap, ony diňe iman nuruna öwrüp bilmeýär? Çünki adam ýaradylyşy boýunça muňa ukyply däl. Onuň üçin “nebsini öldürdi” diýen gürrüň sopy-derwüşleriň tapan gürrüňi, beýle düşünjäniň buddizmden gelen bolmagy mümkin. Magtymguly hem “nebsimizi öldüreli” diýmeýär, “Nebsimiziň atyn münüp çapaly” diýýär. Kämilliliň mazmuny hem şunda: nebsi öldürmekde däl-de, ony terbiýelemekde, erk-ygtyýardan mahrum edip, imana boýun etmekde.

Emma nebsiň öldügi – ynsanyň özüniň öldügi bolýar. Nebis aslyýetinde ynsana berlen zerurlyk, nygmat, bu ylmyhallarda ýazylandyr. Nebis – adamyň jany. Şoňa görä-de, ynsan tä soňky demine çenli nebsi bilen göreşip, ony tabyn edip gezmeli, şeýden adama meleklerden ýokary dereje berilýär.

Diýilýändir: “Hudaýa tarap barýan adam Hudaýa ýeten adamdan beýikdir”. Näme diýildigi? Çünki Hudaýa tarap barýan adam köp, emma dirilikde oňa ýeten ýok. “Ýetenler” Oňa tarap ýöreýänlerden pesdir, sebäbi ýetenligi ýalandyr, diýmek, olar ýalançydyr. “Özüniň ýagşyzadadygyny bilen adam öz ýagşyzadalaygyny bes edýär” diýen sözem bar. Çünki çyn ýagşyzada özüniň ýagşyzadadygyny hiç haçan bilmeýär, özüni günäli bende hasap edýär, özüni ýagşyzada hasaplan pursaty beýlekilerdenem pese düşýär. Ol mydam özüni ýagşyzadalyga tarap ýolda hasap etmeli, soňky menzile ýetdim diýdigi, öňküje başlan ýerine düşer. Kämillikde adam üçin soňky nokat ýok, ol nokat ölümden aňyrda.

Bir çaganyň “Biz çaga ahyryn, şony unutmaň, çaga geçirimlilik edilmeli” diýenini eşideniňizde Siz nähii düşünýärsiňiz? Şeý diýse, ol indi çaga däl, ol ululardan beter aýbygadymlyga ýetişen. Hakyky çaga özüni çaga hasap etmeýär, uly hasap edýär, “sen çagajyk” diýleni onuň üçin ýokuş söz. Eger çaga berilýän ýeňilliklere akyl ýetirip, öz peýdasy üçin ulanmaga akly çatan bolsa, ol eýýäm çagalykdan çykan. Şonuň ýaly “perişde kimin” diýilýän adamlar hem muny çyn kabul edip, şol rola girip ýören bolsalar, olaryň melguna öwrüldigi. Hakyky kämil bolsalar, olar özlerini entegem günäkär saýyp, Magtymguly ýaly, daň säherler “Günähim güzeşt eýle” diýip, ýaş döküp Hudaýa ýalbarmaly.

0
13 yaran_yagmur_9  
1578
Belki ýazaryn. Ýöne, umuman, ýazylan zatlara agzalaryň teswirlerinde gozgalan islendik mesele boýunça diýen ýaly makala ýazmak mümkin.

Emma makala beýlede dursun, köplenç öz belligimi hem aýtmaga pursat tapman goýýaryn.

0
12 yaran_yagmur_9  
1578
Şonuň üçinem diňe Siz däl, kämillik barada pikir edýän ähli ynsanyýet “iki jahan awarasy”. “Beýleki jahanda gezip ýörün” diýen bolsa näme? Onda ol ýoluny urduran, iflas eden diýip düşünmeli. Beýleki jahandan habar alan bolsaň, oňa ymylýan bolsaň, iň bolmanda beýleki jahanyň bardygyny bilen bolsaň, eýýäm kämillik ýolundasyň. Şu manyda “iki jahan awarasy” bolmak her bir ynsan şekilli ynsanyň tä ölünçä Ýer ýüzündäki ykbaly. Şu “awaralykda” näçe urunýan, jepa çekýän, “çekelenýän” bolsa, ynsan şonça-da päklenýär, Hudaýa ýakyn bolýar.

Meniň “iki jahan awaralygy”, has dogrusy “owarramlygy” diýýänim bolsa, umuman, bu temanyň biraz daşynda. Ýadyňyzda bolsa, ol “men türkmen dilini kän bilemok, bizi rus etdiler ahyry” diýýänler (özleri rusça arza ýazyp bilmeýänler), “biz marksizmi okadyk, kommunist bolduk” diýýänler (emma marksizmiň taglymaty barada ýarym sahypalyk düşündiriş ýazyp bilmeýänler), “biz ateist bolup terbiýelendik, bize dine gelmek kyn” diýýänler (emma ateizmiň, otparazlygyň, şamanlygyň tapawudyny bilmeýänler, Ž.Bruno, G.Galileý ýaly ýeretizmde aýyplananlara ateist göreşijiler diýip düşünýänler) baradady. Bu bolsa biraz başgarak tema.

0
15 Garayolly25  
1449
Sag bol, Yaran Ÿagmyr. Gaty täsirli ÿazypsyñ. Juda gyzygyp okadym.

0
16 yaran_yagmur_9  
1578
Sizem sag boluň sarpaňyz üçin. Umuman, bu ýerde birnäçe meseläniň çeti gozgaldy, belki pursat bolsa yzyny alyp götereris

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]