08:29 Dikeldilen asudalyk / hikmetli hekaýat | |
DIKELDILEN ASUDALYK
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Adam ata behiştden çykyp, Ýeriň ýüzünde How ene bilen ýaşap ýören eken. Adam ata mal bakmak bilen meşgul bolupdyr. How ene bolsa öý-içeriniň işlerini edip, öýde galar eken. Şeýdip birnäçe wagt ýaşaýarlar. Aýlar-günler geçip, ep-esli wagt bile ýaşansoňlar, How ene Adama nahar-şoram etmejek bolupdyr. Bu ýagdaýy Jebraýyl perişde duýýar-da, bir gün Adam meýdana mal bakmaga gidende owadan gelniň keşbine girip, olaryň öýüne gelýär. How ene myhmany düşek üstüne geçirip, onuň habaryny alýar. Gelin How enä şeýle diýýär: – Biz-ä bir, başy boş maşgala. Onsoň Adam bizi alaýs-a, diýip geläýdik. Olam öýde ýok eken ýaly... – Hawa, Adam mal bakmaga gitdi, agşamara geler... – Aý, onda näme, garaşaýaryn-da! Gelniň Adamy görmän gitmejegine gözi ýeten How enäniň ýüreginde gabanjaňlyk döräp, ynjalygy gaçyp ugraýar. Gelniň öňünde çaý-çörek goýup: «Siz oturyberiň» diýýär-de, özi derrew gutap bişirýär. Agşamara – Adamyň geler uçurlary gyzgynjak gutapmy, ýene ojuk-bujuk iýer ýaly zatlar alyp, onuň öňünden çykýar. Ho-ol, garagörnüm ýerde Adamy saklap, oňa hajyk-hujuk edip başlaýar. – Sag-aman geldiňmi?! Armaweri! Ynha, gyzgynjak gutap bişirdim-de, sowamanka iýsin, diýip, öýe geleriňe-de garaşman gaýdyberdim. Al, sowujak gatygam owurtla... Adam: «Öýe bir baraly ahyry!» diýse-de, etmän, How ene ony golaýjygynda oturdyp, gysmyljyrap, oňa diýseň, şelaýynlyk edýär. Adam bu bolşa haýran galýar. Öňler sähel bahana tapsa iňirdäp, siltenjiräp azar ýamanyny berýän aýalyndaky bu özgerişligiň sebäbini bilesi gelýär: – Ýeri-how! Saňa näme boldy, gaty mylakatly bolupsyň-la?! Eýgilikdir-dä, hernä?! Mundan öň-ä, öýe baramsoňam birsalym galmagal turuzman, owkat bereňokdyň?! – Näme-le... Men seni mydama-da gowy görýän-le weli... Aý, şu öýüň maýda işinden ýadap, birneme hüňürdäýendirin-dä! Indikile beýtmen. Ýöne senem bir zada söz ber! Menden başga aýal almajakdygyňa äht et! Adam, How eneden başga aýal almajakdygyna söz berýär. Alaýyn diýeninde-de, Ýer ýüzünde ikisinden başga ynsan ýokdugyny ýadyna salyp, ikirjiňlenmän wada berýär. Şundan soň turup öýe gaýdýarlar. Öýe gelensoňlar görse, ýagdaý düýbünden başgaça, diýýä. Ynha, gözüňe söweýin, ýaş owadan gelin: «Meni alaýsaňyz diýip geldim» diýip otyr, diýýä. Şonda Adam, bir, hyrçyny dişläpdir diýýä. How enäň hajyk-hujugyna melul bolup, başga aýal almazlyga wada edendigine ökünip, başyny ýaýkap, dodagyny dişläp galypdyr... Ýöne, şondan soň How ene, Adama azar bermesini goýup, onuň bilen örän mylakatly bolupdyr. Özüniň Ýer ýüzünde ýeke-täk aýal däldigi, gaty gidiberse, Adamyň başga aýal alaýmagynyň mümkindigi hakdaky pikir onuň ýadyna düşüp durupdyr. Ine, şeýdip, Jebraýyl perişde maşgaladaky asudalygy dikeldipdir. © Halk döredijiligi | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |