08:35 "Üç aýal" / hikmetli hekaýat | |
"ÜÇ AÝAL"
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bir adamyň üç aýaly bar eken. Ol adam bir aýalyny bijaý gowy görer eken. Haçan wagt tapsa, diňe şol aýalynyň ýanyna barar eken. Ikinji aýalyna bolsa, gaty o diýen ähmiýet bermez eken. Ýüzugra gabat düşse görüp geçäýmese oňa hem kän ýürek bermez eken. Üçünji aýalyny bolsa hiç äsgermez eken. Onuň hal ýagdaýyndan hiç habar almaz eken. Günlerde bir gün, kazy bu adamyny bir iş bilen günäkärläp tussag etmekçi bolýar. Bu adam howlugyp ilki bilen iň gowy görýän aýalynyň ýanyna barýar-da: "meni halas et" diýip ýüz tutýar. Bu aýaly başyma kynçylyk düşdi diýen habary eşiden badyna adamsyndan ýüz öwürýär we başga kişä barýar. Soň ol gyssanyp baryp, ikinji aýalyna ýüz tutýar. Ol hem adamsyny kazyň gapysyna çenli getirýär-de, birdenkä çendenaşa ýöwselläpmi nämemi: "ýok men muny başarmaryn" diýip, hyrra yzyna öwrüläge-de, ärini taşlap gaýdyberýär. Onsoň ol adam, agyr oý-pikire batyp durka üçünji aýaly şum habary, kyn işe duçar bolanyny eşidip adamsynyň ýanyna gelýär. Ol kazynyň ýanyna barýar-da öz adamsyny bu heläkçilikden halas edýär. Bu hekaýatyň hikmeti şeýle: üç aýalyň birinjisi - dünýe maly. Sebäbi adam elmydama dünýe malyny kowalaýar we oňa göwün berýär. Ikinji aýaly bolsa dogan-garyndaşlary. Kämahal barýar we gatnaşýar, kämahalam olara barmaýar. Üçünji aýal bolsa edýän ybadatlary. Namaz-orazasy zekaty we ş.m. Adam ölende jany çykan badyna maly-puly ondan ýüz öwürýär we kesekä geçýär. Dogan-garyndaşlary bolsa ony ýuwýarlar, jaýlaýarlar, şol ýerdenem öýlerine gaýdýarlar. Ony halas edip biljek diňe tagat-ybadatlary we ýagşy gylyklary. Adamzat bolsa oňa hiç ähmiýet bermeýär. © Halk döredijiligi | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |