21:51 Dipfeýk kezzaplygy | |
DIPFEÝK KEZZAPLYGY
Ylym we tehnologiýa
Tehnologiýa barha ösýär. Hünärmenler emeli añyñ saýlawlaryñ manipulýasynda-da ulanmagyndan howatyrlanýar. (Reuters) Hytaýdaky kezzaplyk emeli añyñ we dipfeýkiñ (deepfake) howpuny ýene bir gezek açyp görkezdi. Polisiýanyñ şenbe güni beren beýanatynda Içerki Mongoliýa Awtonom raýonyna degişli Baotouda dipfeýk tehnologiýasyndan peýdalanan ogry diñe familiýasy mälim edilen Guonyñ bir tanşynyñ keşbini we sesini ýasady. Aldawçy soñra Guo bilen wideojañ arkaly habarlaşdy. Tehnologiýanyñ kömegi bilen tanşynyñ bir işe depozit goýmagyñ gerekdigine ynanan jebir ceken aldawça 4,3 million ýuan ugratdy. Ady mälim edilmedik raýat tanşy bilen hakykatdanam gürleşip gördi welin, onuñ beýle pikiriniñ ýokdugyny bildi we şeýdibem ol aldanylandygyny duýup, polisiýa habar etdi. Baotou şäher okrugynyñ polisiýasy tabşyrygyñ 3,3 million ýuanlyk böleginiñ doñdurylandygyny, puluñ galan böleginiñ we kezzabyñ tapylmagy üçin işleriñ dowam edýändigini mälim etdi. Bu kezzapçylykly waka sosial mediýa platformasy "Weibo"-daky agzalaryñ ünsüni çekdi. Ulgamda wirtual dünýädäki ýaşyrynlyga we howpsuzlyga garşy gönükdirilen howplaryñ gürrüñi edilmäge başlandy. "Emeli añ aldawçylygy ýurt boýunça çygyrdan çykdy" manysyny beren ýarlyk 120 million gezek görüldi. "Weibo"-nyñ bir agzasy "Bu ýagdaý kezzaplaryñ islendik fotosuratdan, sesden we wideodan peýdalanyp biljekdigini görkezýär. Maglumat howpsuzlygynyñ kadalary bular ýalylaryñ tilsimlerine eýgerip bilermikä?" diýdi. Şeýle tehnologiýa soñky ýyllarda adamlaryñ keşbine girmekde barha ökdeleşýär. Şeýle-de, internetde tölegsiz emeli añ serişdelerini edinmek we ulanmak añsat. Emel añ aldawçylygy dünýä boýunça soñky döwürde giñden ýaýrady. Kezzaplar bu tehnologiýa arkaly seslere öýkünip, adamlary talamaga synanyşýar. Mysal üçin, geçen aý ABŞ-nyñ Arizona ştatynda Žennifer DeStefano nämälim belgiden gelen jañy alanda, 15 ýaşly gyzydygyna ynanan kişiniñ "möññüre-möññüre aglandygyny" eşidipdi. Añyrdan gelen ses "Eje, hemme zat gutardy!" diýip, yzyndanam bir erkek sesi näme islýändigini aýdypdy. Çagany ogurlan kişi gyzy boşatmak üçin ilki 1 million dollar talap edipdi, soñra ol hyrajyny 50 müñ dollara düşüripdi. DeStefano "Ol adam telefonda "Diñle meni, gyzyñ meñ elimde" diýen ýaly zatlary aýtdy, diýdi. DeStefano gyzynyñ ogurlanmandygyny diñe tanşy adamsyna jañ edip howpsuz ýerdedigini anyklqndqn soñ bildi we polisiýany habarly etdi. # The Independent, Reuters, Gizmodo, Asia Financial Times. Taýýarlan: Ugurjan ÝYLDYZ. Sişenbe, 23.05.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |