14:33 ABŞ boýun aldy: "Ukrainada biologik barlaglary geçirýän desgalarymyz bar" | |
ABŞ BOÝUN ALDY: "UKRAINADA BIOLOGIK BARLAGLARY GEÇIRÝÄN DESGALARYMYZ BAR"
Publisistika
Russiýa we Hytaý ABŞ-nyñ Ukrainada biologik ýaraglary öndürýändigini öñe sürüpdi Russiýa BMG-nyñ Biologiki ýaraglar boýunça şertnamanyñ ABŞ we Ukraina tarapyndan bozulandygyny öñe sürýär. ABŞ Ukrainada biologiki desgalarynyñ bardygyny boýun aldy. ABŞ-nyñ Daşary işler ministrinjñ orunbasary Wiktoriýa Nuland düýnki eden çykyşynda "Ukrainada biologiki barlaglary geçirýän desgalarymyz bar" diýdi. 24-nji fewralda Ukraina harby operasiýa geçiren Russiýa ABŞ-nyñ bu ýurtda biologiki ýarag maksatnamalaryny maliýeleşdirýändigini öñe sürüpdi. Russiýa şeýle-de Ukrainada otuz sany biologiki laboratoriýanyñ bardygyny aýdypdy. Russiýanyñ Ýaragly Güýçleriniñ garamagyndaky Radiasiýa, himiki we biologiki gorag güýçleriniñ serkerdebaşysy Igor Kirillow laboratoriýalaryñ Lýwow, Harkow, Poltawa şäherlerinde gurlandygyny we bularyñ ýok edilendigini aýtdy. I.Kirillow laboratoriýalarda "garahassa (çuma), şarbon, brýusseloz, difteriýa, salmonelloz, dizanteriýa patogenleriñ galyndysyna duş gelnendigini" öñe sürdi. Nulanda düýnki ýygnanşygynda "Ukrainada biologiki ýarag barmy?" sowaly berildi. Sowala "Ukrainada biologiki barlaglary geçirýän desgalarymyz bar" diýip jogap beren Nuland şeýle diýdi: Russiýanyñ bu laboratoriýalarda gözegçiligi ele geçirmeginden howatyrlanýarys. Şol sanda ukrainalylar bilen bularyñ rus güýçleriniñ eline geçmezliginiñ gamyny iýýäris. Russiýanyñ daşary işler ministriniñ metbugat wekili Mariýa Zaharowa hem şol gün barada çykyş etdi. Zaharowa laboratorýalarda biologiki ýaraglaryñ komponentlerini kämilleşdirmek üçin işleriñ geçirilendigini tassyklaýan subutnamalary tapandyklaryny öñe sürdi. Zaharowa hüjümiñ başlan 24-nji fewral gününde laboratoriýanyñ işgärlerine patogenleriñ haýal etmän ýok edilmegi üçin görkezme berilendigini aýtdy. • Hytaý: "ABŞ haýsy barlaglaryñ geçirilendigini mälim etmeli Munuñ bilen birlikde Hytaý hem ABŞ-na nägilelik bildirdi. Daşary işler ministrliginiñ metbugat wekili Cao Licien düýnki eden çykyşynda ABŞ-nyñ öz beren maglumatlaryna esaslanyp, Ukrainada 26 sany biologiki laboratoriýanyñ gurlandygyny we bularyñ hemmesiniñ ABŞ-nyñ Goranmak ministrligine degişlidigini öñe süren Cao şeýle diýdi: "Ukrainadaky ähli howply wiruslar bu laboratoriýada saklanýan bolmaly. Ähli geçirilen barlaglara ABŞ ýolbaşçylyk edýär we olaryñ rugsady bolmazdan hiç bir maglumat aýan edilmeýär. Häzirki ýagdaýfa ähli taraplara Ukrainanyñ we oña goñşy ýurtlaryñ, galyberse-de bütin dünýäniñ ilatynyñ jan saglygy we howpsuzlygy göz öñüne tutulyp, bu laboratoriýalaryñ howpsuzlandyrmaga çagyrýarys." Cao ABŞ-nyñ laboratoriýalarda haýsy wiruslaryñ saklanýandygy we haýsy barlaglaryñ geçirilýändigi ýaly maglumatlaryñ iñ ýakyn wagtda aýan etmeginiñ gerekdigini hem sözüniñ üstüne goşdy. Independent, Sputnik International, OpIndia, TASS, AA Taýýarlan: Ugurjan ÝYLDYZ. 09.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||