15:20 Ogşaşmagyñ taryhy Mesopotamiýadan başlanýar | |
OGŞAŞMAGYÑ TARYHY MESOPOTAMIÝADAN BAŞLANÝAR
Taryhy makalalar
Hindistanyñkylardan müñ ýyl öñ ýazylan ýazgylaryñ üstünden baryldy. Geçirilen barlaglar Mesopotamiýadaky romantiki ogşaşmalaryñ partnýoryñ bilen sulh alyşyp-alyşmaýandygyñy bilmekde, jübütleriñ ysnyşygynda we jynsy meýilleri oýarmakda rol oýnandygyny görkezdi (Kopengagen uniwersiteti). Hasaba geçen birinji ogşaşygyñ güman edilýäninden müñ ýyl öñ bolup geçendigi anyklandy. Daniýanyñ Kopengagen uniwersiteginden hünärmenler Ýakyn Gündogarda 4 müñ 500 ýyla golaý wagt öñ dodaklaryñ birinji gezek tapyşandygyny orta goýdy. Bu boýunça geçirilen ilkibaşky barlaglarda ogşaşmagyñ birinji gezek 3 müñ 500 ýyl öñ häzirki Hindistanyñ çäklerinde hasaba alynandygy öñe sürlüpdi. Alym är-aýal Troels Pank Arboll we Sofiýa Lund Rasmussen gerpes simpleks wirusynyñ geçmişi boýunça geçen ýyl jedelleşende ilkinji ogşaşyk bilen gyzyklanandygyny aýtdy. Munuñ yzyndan taryhy tekstleri barlamaga başlan är-aýal b.e.öñki 2500-nji ýyldan galan maglumatlatda Mesopotamiýadaky ilkinji jemgyýetleriñ käbirlerinde ogşaşmagyñ duş gelendigini anyklady. Ogşaşma barada şumer we akkad dilinde ýazylan ýazgylaram tapyldy. Bu maglumatlar ogşaşmagyñ diñe är-aýal jübütler bilen çäklenmändigini-de görkezdi. Daniýaly hünärmenler "Science" atly ylmy žurnalda düýn çap edilen makalada esasanam ogşaşmagyñ uçuk ýaly agyz arkaly ýokuşýan keselleriñ ýaýramagyna getirip biljekdigini aýtdy. Gadymy medisina ýazgylarynda agzalýan "buşanu" atly keseliñ gerpes simpleks wirusynyñ birinji belgili görnüşi bolup biljekdigi çaklanýar. Mesopotamiýa taryhy boýunça hünärmen Arbollyñ pikiriçe, sebitden şu güne çenli gelip ýeten ýazgyly toýun plitalar ogşaşmagyñ maşgala gatnaşygynda-da, pynhan gatnaşyklarda hem gabat gelendugini görkezýär: Şeýle hem ogşaşmagy diñe haýsydyr bir sebitde ýüze çykan we şol ýerden ýaýran endik hasaplamak ýalñyş. Ogşaşmak mundan birnäçe müñ ýyl öñki birnäçe gadymy medeniýetde bar bolana meñzeýär. "Ogşaşmagyñ ylmy" ("The Science of Kissing") atly kitabyñ awtory Şeril Kirşenbaum bolsa şeýle diýýär: "Bonobo ýaly iñ ýakyn babadaşlarymyz bilen bir hatarda haýwanat dünýäsinde örän meñzeş hereketleri görýäris. Jynsymyzyñ biz dünýäde peýda bolanymyzdan bäri ogşaşyp gelinenliginden şübhelenýärin". Taýýarlan: Ugurjan ÝYLDYZ. Anna, 19.05.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |