23:54 Aziýadaky ýaraglanşyk nämüçin çygyrdan çykma howpuny abandyrýar? | |
AZIÝADAKY ÝARAGLANŞYK UGRUNDAKY ÝARYŞ NÄMÜÇIN ÇYGYRDAN ÇYKMA HOWPUNY ABANDYRÝAR?
Publisistika
“Bir tarapda ABŞ we onuň ýaranlary Ýaponiýa bilen Günorta Koreýa bar. Beýleki tarapda Hytaý we onuň ýarany Russiýa. Üçünji tarapda bolsa Demirgazyk Koreýa” Stokgolmdaky Parahatçylyk boýunça halkara ylmy-barlag institutynyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýyldan bäri Russiýanyň 5 müň 428, ABŞ-nyň 5 müň 428, Hytaýyň 350, Demirgazyk Koreýanyň 20 sany ýadro raketasy bar. (Reuters / Arhiw) Aziýada ýaraglanşyk ugrunda haý-haýly ýaryş dowam edýär. ABŞ yklymda ýaranlary Ýaponiýadyr Günorta Koreýa bilen bilelikde hereket etse, Russiýa we Hytaý özara hyzmatdaşlyklaryny dowam etdirýär. Bir ýandan Demirgazyk Koreýa hem olardan kem galmajak bolup, aldygyna ýaraglanýar. “CNN International” bu boýunça “Aziýadaky ýaraglanşyk ugrundaky ýaryş nämüçin çygyrdan çykma howpuny abandyrýar?” ady bilen analitiki makala çap etdi. Habar beriş serişdesiniň harby gatnaşyklar boýunça žurnalisti Bred Lendonyň taýýarlan makalasynda ýaraglanşygyň Aziýada häzire çenli gabat gelinen iň uly meselelerden biridigi öňe sürüldi: “Bir tarapda ABŞ we onuň ýaranlary Ýaponiýa bilen Günorta Koreýa bar. Beýleki tarapda Hytaý we onuň ýarany Russiýa. Üçünji tarapda bolsa Demirgazyk Koreýa. Biri beýlekisinden bir ädim öňde boljak bolup hars urýar, ýagdaýlar bolsa çygyrdan çykyp nämälimlige tarap barýar.” • Kişida Hytaýa duýduryş berdi Lendonyň pikiriçe Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumuýo Kişidanyň ABŞ-nyň preizdenti Jo Baýden bilen geçiren duşuşygy şol nämälimlige yşarat edýär. Kişida duşuşygyň yzyndan beren interwýusynda Pekiniň Gündogar Hytaý deňzindäki harby operasiýalaryna we awgust aýynda geçiren harby-türgenleşigi netijesinde Ýaponiýanyň golaýyna düşen ballistik raketalaryna nägileligini bildiripdi. Hytaýy “halkara deňagramlylygy üýtgetmäge” synanyşmazlygy duýduran Kişida Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň we Ýewropanyň Pekine garşy birleşmeginiň gutulgysyz boljakdygyny öňe sürüpdi. Demirgazyk Koreýa we Hytaý bolsa Ýaponiýanyň özüniň agressiw hereket edýändigini öňe sürýär. Sebäp diýseň Ýaponiýa harby goranyş ugruna çykarýan çykdajylaryny bäş ýylda iki essä çenli köpeltmegi meýilleşdirýär. Waşington we Tokio aýratynam Ýaponiýanyň günortasyndaky adalarda ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçlerini ýerleşdirmegi meýilleşdirýändigini 12-nji ýanwarda mälim etdi. Analizde Hytaýyň ünjüleriniň taryhy sebäplere esaslanýandygy pikirine-de ýer berildi. Pekin Ýaponiýanyň Ikinji jahan urşundaky giňelme syýasatyna gaýdyp gelmeginden howatyrlanýar. Hytaýly ygtyýarlylar Ýaponiýanyň Hytaýdaky harby bazalary urup biljek “Tomahawk” raketasy ýaly uzak aralyga atýan ýaraglary satyn almagyny göz öňüne tutýan meýilnamalarynyň Gündogar Aziýada parahatçylyga uly howp abandyrýandygyny öňe sürýär. Makalada Pekiniň Ýaponiýanyň golaýynda harby-deňiz we howa güýçlerini ulaldýandygy aýdyldy: “Hytaý Russiýa bilen hyzmatdaşlygy güýçlendiribem suwy barha gyzdyrýar”. Seljermede Russiýanyň Ýuwaş okeanynda geçen dekabr aýynda Hytaý bilen bile harby-türgenleşik geçirendigi öňe sürüldi. Lendon “Pekiniň agressiwligi Taýwan ara düşende hasam ýüze çykýar” diýdi. Hytaýyň döwlet ýolbaşçysy Si Szinpin oktýabr aýynda eden çykyşynda Taýwan bilen parahatçylykly ýagdaýda birikmek üçin tagallalaryny dowam etdirjekdiklerini, ýöne güýç ulanma ähtimallygyndanam doly el çekmeýändiklerini-de nygtapdy. ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň öňki başlygy Nensi Pelosiniň awgust aýynda Taýwan eden resmi saparynda-da Hytaý adanyň töwereginde harby işjeňligini ýokarlandyrypdy. • Koreý ýarymadasynda dartgynlylyk güýjeýär Demirgazyk Koreýanyň döwlet ýolbaşçysy Kim Jong-un täze ýylda ýurdunyň ýadro arsenalynyň hasam artdyrylmagy we täze kontinentara ballistik raketany öndürmegiň gerekdigini aýdypdy. Şeýle-de, makalada Phenýanyň Günorta Koreýadaky islendik nokady urmaga ukyply raketalardan ybarat harby bölüm döredilendigi ýazyldy. Seulyň Koreý Goranyş analizleri boýunça institutynyň penşenbe güni beren beýannamasynda Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaragynyň sanyny 300-e ýetirmegi meýilleşdirýändigi aýdylýar. Şeýle üýtgeşmeleriň yzysüre döwlet ýolbaşçysy Ýun Suk Ýeol owalky çykyşynda ilkinji gezek ýadro ýaragyny edinip biljekdiklerini aýtdy: “Demirgazyk Koreýanyň ýadro howpunyň artan ýagdaýynda öz ýadro ýaraglarymyzy taýýarlamaly bolarys. Beýle ýagdaý gaty uzaga çekmez.” Ýun şol sanda bolup biläýjek hüjüme garşy harby toparlanşygyň boljakdygyny-da wada berdi. # The Independent, CNN International, UPI, AA. Taýýarlan: Ugurjan ÝYLDYZ. Ýekşenbe, 15.01.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |