DOSTLUGYÑ GÜÝJI
Bir bar eken bir ýok eken. Paşyrdap ösýän otlardan hem güllerden ýaňa al-ýaşyl dona bürenen ýaly görünýän, owadan deräniň aňňat-aňňat depeleriniň arasyndan suwy bal-şeker tagamly, bir çeşme akyp geçýär eken. Akar suwly çeşmäniň raýyşynda bolsa beýik çynar ösüp otyr eken. Ol agajyň şahalarynda-da bir saýrak guşjagazyň höwürgesi bar eken. Saýrak guşjagaz her gün daň saz beren dessine şirin owaz bilen saýramaga başlaýar eken. Onuň şatlykdan hem mähirden doly owazyna şol deräniň ähli jandarlary bendiwan eken. Hasam, şol çynardan gaty uzakda bolmadyk hininde ýaşaýan, mekirje, çypar tilkijik, hiç kimden saýasyny gysganmaýan jomart çynaryň jana şypaly, salkyn kölegesinde meýmiräp, saýrak bilbiljigiň şirinden-şirin heňlerini diňlemegi halaýar eken. Uzagyndan çynar, bilbiljik hem-de tilkijik üçüsi şeýlebir berk dostlaşypdyrlar welin, olar günde biri-birini görmeseler, edil ýöne ýürekleri üzülip barýana dönäýýän ekenler. Şeýdibem olar biri-biriniň şadyýan gününe guwanyp, agzybirje ýaşap ýören ekenler.
Emma, günlerde bir gün saýrak bilbiljik ir bilen hemmelerden öňürti oýanyp, höwürtgesinden böküp çykypdyr-da, ýene-de irdenki aýdymyna başlamakçy bolupdyr welin, çynar agajynyň keýpsiz halda, hemişe ýap-ýaşyl öwüsýän ýapraklaryny saraldyp-solduryp, ýüzüni sallap durandygyna gözi düşüpdir. Dostunyň perişan halyna ýüregi jigläp giden bilbiljik:
-Eý, çynar gardaş, saňa näme bolýar? Ýa ýaramaýarsyňmy? Eger kesellän bolsaň aýt, men nirede-de bolsa, uçup gideýin-de, saňa derdiň dermanyny tapyp getirip bereýin!-diýipdir.
Emma, çynar göýä, onuň soragyna jogap bermäge-de mejaly ýok ýaly, hiç zat geplemän diňe uludan demini alyp oňaýypdyr. Onsoň howsala düşen guşjagaz aljyrap, dagy näme etjegini bilmän, bat bilen uçup gidipdir-de, henizem uklap ýatan tilkijik dostlarynyň hininiň agzynda gonup, ala-başagaý bolup jürküldäp ugrapdyr. Onuň turzan gohuna oýanan tilkijik, gözlerini açalak-ýumalak edip, hininden saryja, inçejik tumşugyny daşyna uzadypdyr-da, pallap, äwmezlik bilen, oýaly-ukuly halda:
-Ýeri-how, bilbilgöýä dost, bi näme gara daň bilen ala-goh edip, ukuda ýatanlary bimaza edip ýörsüň?!-diýip hüňürdäpdir.
-A-haw, tilki jora, sen piliň gulagynda uklap ýörsüň-le-haw! Sen-ä bu taýda üstüňe gün düşürip, pöküläp ýatyrsyň, o taýda bolsa çynar gardaşymyz saralyp-süllerip, gurap gidip barýar. “Näme bolýar” diýsem-de, dil ýarmaga ýagdaýy ýok, onuň!-diýip bilbiljik jibir-jibir jibirdäp, oda-köze düşüberipdir.
Dostlarynyň halynyň teňdigi barada sözler gulagyna ilen dessine çypar tilkijik, bada-bat ukudan açylypdyr-da, hininden böküp çykypdyr. Iki dostuň ikisi-de etek alty ýeň ýedi bolşup, bilbiljig-ä asmanyň, tilkijigem topragyň ýüzünden gaýyp diýen ýaly, çynar dostlarynyň ýanyna ýetmäge howlugypdyrlar. Olar ala-hasyrdy bolup bärden baranlarynda çynaryň hasam süllerip, eýýäm saralan ýapraklaryny ýere döküp başlandygyna gözleri düşüpdir.
Tilkijik gele-gelmäşe:
-Eý, çynar dostum, saňa näme bolýar?-diýip soramaga gyssanypdyr.
Hal-ýagdaýy pursatsaýyn peselip barýanam bolsa gaýratlyja çynar, şonda-da özüne zor salyp, zordanjyk başyny galdyrypdyr-da:
-Suw!-diýip pyşyrdamagyň hötdesinden gelipdir.
Diňe şol pursat tilkijik bilen bilbiljik ikisi, dostlary çynaryň edil düýbünden geçýän çeşmejigiň suwunyň çekilip, hanasynyň haňlap, gurap ýatandygyny görüpdirler. Olaryň ikisi-de öz dostlarynyň teşnelikden horlanyp, şu hala düşendigine bada-bat akyl ýetiripdirler. Dostlar köp oýlanyp durman, maslahaty bişiripdirler-de, çeşmejigiň suwunyň çekilmeginiň sebäbini anyklamak hem-de ony öňküsi ýaly çynar dostlarynyň düýbünden akdyrmagyň alajyny tapmak üçin, çeşmäniň gözbaşyna tarap gitmegi ýüreklerine düwüpdirler. Onsoň iki dost ýola rowana bolupdyr.
Çeşmäniň hanasynyň ugruny syryp, az ýöräp, köp ýöräp, olar ahyry çeşmäniň gözbaşyna ýakynlapdyrlar. Ine birdenkä-de, bir görseler, çeşmäniň belent depäniň böwründen geçip, aşaklygyna, çynaryň ösüp oturan al-ýaşyl bürenen deresine inýän ýerinde, her biri pişigiň çagasy ýaly göwreli, çal alakalaryň maşgalasynyň mesgen tutandygyny görüpdirler. Şol alakalar hem çeşmäniň raýyşynda özlerine hin baryny gazynyp, tebigy böwedi gazym-gazym edip, irigöz elege dönderip, akar çeşmäniň bir kenarynyň ýykylmagyna hem-de suwuň ýoluny üýtgetmegine sebäp bolupdyrlar eken.
Edermenje bilbiljigiň, bu garynlary tommy, çal tumşujaklarynyň ujunda murtlary syh-syh bolup taýzaryp duran, çal alakalara, olaryň diňe özlerini bilip çynar dostlaryny agyr güne goýan hereketlerine öte gahary gelipdir. Ol petekesindäki ýelejiklerini hüžžerdipdir-de, öz işleri bilen garabaşagaý bolşup, ýanlaryna gelen iki dosta “barmysyňam” diýmeýän alakalaryň üstünde jöwlan urup ugrapdyr. Özi-de ýetişibildiginden:
-Siz-eý, gemrijiler, diňe özüňizi bilip, biziň çynar dostumyzy guradyp barýanyňyzy bir bilýärsiňizmi? Hany, boluň derrew, çeşmäniň raýyşyny öňküsi ýaly ediň-de düzediň!-diýip gahar-gazap bilen jürküldäp ugrapdyr.
Öň aýaklary bilen gum peşäp, owurtlary bilen çäge daşaýan alakalar iki ýaňa ibirt-de-zibirt gatnaşyp ýörüşlerine guşjagazyň gaharly jürküldisine iň bärkisi kinniwanja gulajyklaryny-da üşertmänmişler. Şol pille, hälden bäri sesini çykarman duran tilkijik bu ýerde gahar-gazap bilen gazanjak goşuň bolmajakdygyna akyl ýetiripdir-de, mekirlik bilen gyýyk gözjagazlaryny süzäge-de, gyzyl diljagazyny çykaryp, tumşujagyny ýalapdyr-da, şelaýyn ses bilen söze başlapdyr:
-Essalawmaleýkim, alaka begler!
Özlerine “beg” diýlen dessine alakalar edip duran işlerini goýup, üşerilip durupdyrlar. Hilegär tilkijik bolsa mylaýym äheňde sözüni dowam etdiripdir:
-Eý, alakalaryň içinde iň işeňňirleri, siz bu ýerde näme işleýärsiňiz?!
-Hin gazynýarys, saňa näme?-diýip tilkijigiň her bir sözüni üns bilen diňläp duran çal alakalaryň has ekabyrragy jogap gaýtarypdyr.
-Hä-ä, “hin” diýseňizläň! Örän oňat edýärsiňiz. Ýöne bu ýerde beýdip, boş gumy peşäp, hin gazanyňyzdan gidip, sähel gazan ýeriňden ýyglyp goýlup, taýýarja edilip üýşürilen arpa däneleriniň çykjak ýerinde hin gazynsaňyz özüňiz üçin has gowy bolarmyka diýýärin!-diýip tilkijik ýene-de ýalmanypdyr.
“Arpa”, “däne” diýen sözler agzalan dessine açgöz alakalaryň huşy başyndan uçupdyr. Olar: “hany, nirede şol diýýän ýeriň” diýşip, göýä hiç zat bolmadyk ýaly, äwmezlik bilen sypanyp-sermenip oturan tilkijigiň daşyna üýşüpdirler. Alakalaryň öz guran toruna ymykly düşendiklerine göz ýetiren tilkijik:
-Äý, ol ýeri örän daşda, onsoňam siz ol ýere ýetmek üçin birneme zähmet çekmeli bolarsyňyz. Siz bolsa ony başararmykaňyz?!-diýipdir.
-Başararys, başararys…-diýşip alakalar, edil däneli kürümler penjelerinden alnyp barýan ýaly hasam elewreşipdirler.
-Onda siz derrew çeşmäniň raýyşyny deşen hinleriňizi gömüň-de, suwy öňki hanasyndan akar ýaly ediň, menem sizi şol däneli ýere alyp gideýin-diýip tilkijik şelaýynsyrapdyr.
Alakalaryň aglaba köpüsi haýdan-haý öz gazan hinlerini gömmek üçin owurtlary bilen gum daşap, aýaklary bilen gum peşäp başlapdyrlar. Diňe alakalaryň, has köp ýaşandygy bildirýän körmüşräk biri, özleriniň aldanýandygyna şübhelenip, tilkijige müňkürlik bilen garapdyr-da:
-Eý, tilkijik, ol seniň aýdýan däneli ýeriňe barmak üçin bi çeşmäni öňki hanasyndan akdyrmak nämä gerek?-diýip sorapdyr.
Tilkijik aljyramandyr. Şol bir bolşuny üýtgetmän:
-Ol ýeriň topragy gaty. Siz suw eltip ýumşatman, ol ýerini gazjak bolsaňyz gaty toprak siziň dişleriňizi döwer, penjeleriňizi agyrdar. Suw baryp ýumşatsa welin, ol ýerini size gazmak aňsat bolar. Onsoňam men-ä siziň aladaňyzy edýärin. Islemeseňiz özüňiz biliň, ýaltansaňyz, çeşmäni öňki hanasyndan akdyrmanam bilersiňiz. Ýöne, soň däneli ýere baryp kösenseňiz özüňizden görüň!-diýip äwmän-alňasaman jogap beripdir.
Bu jogaby eşiden körmüş alakada aýagaldygyna gum daşap ugrapdyr. Şeýdibem sähel wagt geçip-geçmänkä alakalar öz gazan hinlerini gömüp, çeşmejigi öňki hanasyndan akar ýaly edipdirler. Onsoň tilkijik hem olaryň öňlerine düşüp, özlerinden hol allaowarra ozup geçen çeşmejigiň suwunyň yzyny yzarlap, çynar dostlarynyň ösüp oturan deresine tarap haýdapdyr. Olar barýança çeşmejigiň suwy çynaryň düýbüne ýetipdir. Suwdan ganan çynar ýene-de öňküsi ýaly ýapraklaryny ýaşyl öwüsdirip, pajarlap ösüp ugrapdyr. Bilbiljik hem muňa begenip bärden barşyna şirinden-şirin owazlar bilen saýrap başlapdyr.
Diňe şondan soň tilkijigiň yzyna düşüp gelýän alakalar özleriniň aldanandyklaryna düşünip, ýüzlerini sortduryşyp durupdyrlar. Şonda öz çynar dostlarynyň ýaşyl don geýnip ösüp oturyşyna, bilbiljik dostunyň hoş owazyna owaz goşup akýan akar suwly çeşmäniň şildirdisine göwni göterilen tilkijik, alakalaryň ýüzlerini sallap duruşlaryna dözmän, olary al-ýaşyl bürenen deräniň çetindäki bagly-bakjaly ir-iýmişli ýere alyp gidipdir. Alakalaram bol miweli mekana ýetendiklerine monça bolup, çypar tilkijige sag bolsun aýdypdyrlar we galan ömürlerine diňe özlerini bilip, özgelere zelel ýetirmejekdiklerine söz beripdirler. Wessalam, erteki tamam.
"Güneş" žurnalynda çap edildi.
Ertekiler