16:26 Mertligiň suraty / hekaýa | |
...8-nji maý günüdi. Sapaklar tamamlanyp, jaň kakylandan soň, Aman başlyklaýyn ekabyrrak okuwçylar beýleki synpdaşlaryna-da hemişekileri ýaly ala-wagyrdy bolup dagaşyp gidibermäge ýol bermän, gapynyň öňünde keserip durdylar-da, hemmeleri okuw otagynda sakladylar. Amanyň ýanynda duran Tirkeş bilen Kerim: “Ertir Ýeňiş güni. Geliň, bizem obamyzyň iň ýaşuly weterany Meret agany gutlamaga gideliň” diýişdiler. Aman bolsa: “Mende bir pikir bar. Ertir hemmämiz Meret agany Beýik ýeňşiň baýramçylygy bilen gutlamak üçin öýmüzde ekilen güllerden çemen bogup getireliň. Şeýle etsek Meret aganyň köp-köp desse güli bolar” diýip teklip etdi. Soňam synpdaşlarynyň arasynda surat çekmäge ezber Jumamyrada ýüzlenip: “Juma, sen bolsa şu gün öýňüze baryp haýda-da, ertire çenli Ýeňiş baýramy bilen baglanyşykly bir surat çekip getir. Ony-da Meret aga sowgat bersek, ol juda begener. Özi-de biz ýöne baryp, Meret agany gutlap gaýdybermäliň-de, onuň hojalygynda näme işi bolsa kömekleşeliň” diýdi. Amanyň pikiri 5-nji “B” synpyň hemme okuwçylarynyň göwnünden turdy. Çagalaryň maslahatyny ýylgyryp diňleýän mugallymalarynyň hem Amanyň aýdýanlaryny makullaýandygy ýüzünden bildirip durdy.
Hekaýalar
Şondan soň maslahaty jemlän çagalar öýli-öýüne gaýtdylar. Ertesi gün synpdaşlaryň oglan-gyz diýmän hemmesi, gepleşişleri ýaly laýyk sagat dokuzda Meret aganyň derwezesiniň öňüne üýşdüler. Hemişe deň-duşlarynyň öňüne düşüp ýören Aman baryp derwezäniň kiçi gapysyny kakdy. Meret aga işikden çykanda çagalaryň ellerindäki akly-gyzylly gül desselerinden ýaňa onuň gözi gamaşdy. Çagalar Aman başlyklaýyn: “Meret aga, Ýeňiş baýramyňyz gutly bolsun! Ata, baýramyňyz gutly bolsun!” diýşip ala-wagyrdy bolşup, weteran ýaşulyny gutlap başladylar. Çagalaryň biri-birine gezek bermän özüne gowşurýan gül desselerini hem-de Jumamyradyň çekip getiren reňkli suratyny alyp durşuna Meret aganyň begenjinden ýaňa gözleri çygjardy. Bularyň wagyrdysyna öý işlerine gümra bolup ýören Mamagül eje hem daşaryk çykdy. Garry ene ýanýoldaşy ýaly, erkek kişilere mahsuslykda begenjini gizlejegem bolmady. Özlerine edilýän sylag-hormata: “Wah, balajyklarym, azara galyp näme etjekdiňiz?! Ataňyzy begendireniňiz üçin taňryýalkasyn, size! Hudaýdan gaýtsyn, köşejiklerim!” diýip hamsygyp başlaberdi. Bozulan ýaşuly biraz wagtdan soň özüni dürsedi-de, Mamagül ejä ýüzlenip: -Mamagül, hany myhmanlarymyzy öýe çagyr-da, jadyly sandygyňy hem aç. Bularyň her birine gowy sowgat-serpaý edeli-diýdi. Meret aganyň degişmesine çagalar jykyr-jykyr gülüşdiler. Aman bolsa ýene-de gepläp galdy: -Ata, bu gün siz bize däl-de, biz size sowgat bermeli. Özem entek biziň size sowgadymyz gutaranok. Biz bu gün size hojalygyňyzda näme işiňiz bolsa kömekleşerisem! Meret aga Amanyň bu gürrüňlerine hasam monça boldy. Elindäki gülleri Mamagül ejä uzatdy-da, Amanyň başyny emaý bilen sypap: -Tüweleme oglum, tüweleme! Ýüz-keşbiň, dogumyň, gepleýşiň bilen özüň-ä Oraz seýislere meňzeýärsiň welin, sen köşegim şolardan-a dälsiň?!-diýip Amanyň ýüzüne çiňerildi. Aman gyzardy. Ýöne aljyrap durman derrew jogap gaýtardy: -Hawa, ata, Oraz aga meniň garry atam. Men Oraz aganyň çowlugy. -Hä, şeýlemikä-de diýdim-le-diýip Meret aga biraz wagtlap nämedir bir zat barada oýlanyp durdy-da, soňam Amany mundan artyk utandyryp durman, çagalara: -Hany, ýörüň onda, balajyklar, köçede durmaň, howla gireliň-diýdi. Çagalar howla girdiler-de, Meret aga bilen Mamagül eje: “ilki bir çaý-çörek edinäýiň” diýip her näçe hödür-kerem etseler-de, “öýde iýip-içip geldik” bahanasy bilen, saçagyň başyna geçmekden boýun gaçyryp, ýerli-ýerden işe başladylar. Oglanlar ýer depdiler, gyzlar bolsa Meret aganyň öýüniň içini, howlusyny syryp-süpürip, gül pürkülen ýaly etdiler, olaryň käbiri bolsa aşhanada Mamagül ejä kömekleşdiler. Garabaşynagaý bolşup işläp ýörüşlerine synpdaşlar gün günorta bolanyny-da bilmän galdylar. Kelleleriniň gyzgynyna olar henizem işlejekdiler welin, Meret aga bilen Mamagül eje olary işlemäge goýman, käýinişip, äpet bolup ösüp oturan seleň bagyň astyndaky giň sekiniň üstüne ýazylan saçagyň başyna çagyrdylar. Diňe şonda özleriniň gowy ajygandyklaryny duýan çagalar, edip duran işlerini goýdular-da, gidip ýuwnup geldiler. Mamagül ejäniň synpdaş gyzlary bilen bilelikde üstüni dürli-dümenden dolduran saçagynyň başyna geçdiler. Üýşüp, işdämenlik bilen nahar iýdiler. Soňra öňlerine çaý aldylaram welin, Meret aga özüne üns bilen seredýän çagalaryň özünden näme hantama bolýandyklaryna düşünip oturandygy sebäpli, olary kän bir garaşdyryp durman, uruş hakynda gürrüň berip ugrady. -1944-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrlarydy…-diýip gözüni bir nokada dikip oturan ýaşuly weteran söze başlady:-…Biz öz goşun bölümimiz bilen uly şäherleriň birini duşmanlardan azat etmäge gatnaşýardyk. Şonda-da duşmanlar biziň zarbamyzyň zoruna çydaman gaçyp ugradylar. Görogly begiň atasy Jygaly beg: “gaçany kowujy bolma” diýip ýöne ýerden aýtmaýan ekeni, balalarym! Şol gezek munuň şeýledigine men anyk göz ýetirdim. Biz duşmanlaryň yzyndan kowmaga gyzygyp, şäheriň gyrak-çetine çykanymyzda ýigrimi-otuz sany esger bolup, serkerdämiz bilen bilelikde duşmanyň gabawyna düşdük. Biz hasyr-husur gabat gelen ýerde gizlendik-de, mümkin boldugyndan garym gazynyp, indi biziň üstümize çar tarapdan hüjüm edip ugran duşmanlardan goranyp başladyk. Ýanymyzda simsiz aragatnaşyk serişdesi ýokdugy zerarly, serkerdämiz başga usul bilen bölümiň karargähine düşen ýagdaýymyz barada nädip habar berjekdigini bilmän, çapar ugratmagy makul bildi. Ilki esgerleriň birini ugratdy. Ol geçip bilmedi. Soň ýene-de birini ugratdy. Emma duşmanlaryň biziň daşymyzy alan halkasy gaty mäkämdi. Ol habarçy hem geçip bilmedi. Serkerdämiz düşen çykgynsyz ýagdaýymyzdan aýagaldygyna çykalga gözleýärdi. Emma, kömek çagyrmakdan başga çykalga ýokdy. Duşmanyň hüjümlerini yzly-yzyna serpikdirýändigimiz sebäpli biziň okumyz hem gutaryp gelýärdi. Şonda serkerdämiz biziň barymyzy duşmanyň nyşanasyna ilmejek bir ýerräge jemledi-de: -Ýigitler, meniň size buýruk bermäge ynsabym çatmaýar, özüňiz görýärsiňiz, eýýäm ikinji çaparymyz hem duşman gabawyndan sypyp bilmedi. Ýöne karargähe düşen ýagdaýymyz barada habar etmesegem boljak däl. Biziňkileriň özleri bu ýere ýetýänçäler giç bolar. Şonuň üçinem men diňe meýletin isleg bildirýäniň özüni ugratmakçy bolýaryn. Galanynam özüňiz çözüň!-diýdi. Esgerler biri-biriniň ýüzüne seredişdiler. Bukudan kelläňi uzatdygyň duşmanyň gülleleri ýagyş ýaly ýagyp ugraýardy. Şol gülleriň öňüne özüňi tutmak üçinem garadangaýtmaz mertlik gerekdi. Emma esgerleriň biri – garajürjenje, pessejik boýly ýaş ýigit ýeke pursadam sagynmady: -Men gideýin, ýoldaş uly leýtenant!-diýdi. Onuň şeýle diýeni hem şoldy welin, beýleki hemmämizem ýerli-ýerden: “men gideýin-de, men gideýin” bolşup başladyk. Ýöne, serkerdämiz diňe şol garajürjen, çepiksije esgere kömek çagyrmak üçin gitmäge rugsat berdi. Ol hem şonda duşmanyň gabawyndan eýdip-beýdip geçip, biziň duzaga düşendigimizi bölümimiziň karargähine habar bermegiň hötdesinden geldi… Meret aga sözüniň arasyny böldi-de dymdy. Birsalym nämedir bir zatlary ýadyna saljak bolýan ýaly geplemän, pikirlenip oturdy. Soňra birdenkä, ukudan açylan ýaly bolup tisgindi-de käsesini eline alyp, çaý owurtlady. Soňam gapdalynda oturan Amanyň başyny mähir bilen sypap goýberdi: -Şol çepiksije esgerem oglum, seniň garry ataň Oraz seýisdi, pahyr! Ol şonda duşmanyň halkasyndan geçjek bolup bukdaklap barýarka iki ýerinden ýaralanypdyr, emma barybir yza tesmän, biziň ählimizi halas etdi. Şol edermenligi üçinem özüniň ilkinji ordenini alypdy…-diýip Meret aga ýene-de dymdy. Sähel wagtdan soňam öz-özüne gürrüň berýän ýaly edip, ýene-de hümürdemäge başlady: -Ol pahyr bilen ikimiz Berliniň çür depesinde baýdak dikilende-de bardyk. Soňra Moskwada geçirilen ilkinji ýeňiş dabarasyna-da gatnaşypdyk...Pahyr, oba dolanyp gelenimizden soňam tas kyrk ýyldan gowrak Akdaşaýagyň athanasynda seýisçilik etdi...Ýöne, pahyr, uruşda alan ýaralary sebäpli ir gitdi...Uruş gutaranda ýaňybir ýigrimi bäş ýaşyndady...Ýalňyşmaýan bolsam, ýetmişe-de ýetmedi öýdýän özi... Meret aganyň garry atasy Oraz seýis barada beren gürrüňleri Amany tolgundyrdy. Ol Meret agalardan dolanyp öýlerine gelenden soň eşidenlerini kakasyna aýtdy. Kakasy birsalym pikirlenip oturdy-da, soňam gidip içki otaglaryndan köneliginden ýaňy reňki ýitip giden bir albomy eline alyp geldi. Onuň saralan sahypalarynyň arasyndan bir esgeriň solak şekili bildirýän suraty aldy-da: -Ine, oglum, şu seniň garry ataň ýeke-täk esger suraty. Galanlaryny garry ataň beýleki çagalary hem agtyklary paýlaşypdyrlar. Muny bolsa maňa seniň ataň – meniň kakam beripdi-diýdi. Aman suratdaky solgun şekili tanajak bolýan ýaly, oňa üns bilen seredip ugrady. Dogrudanam, suratdaky esger edil bir almany iki bölen ýaly onuň kakasyna meňzeýärdi. Birsalym suraty synlap oturan Aman özüniň ony elinden goýasynyň gelmeýändigini duýdy. Birdenem onuň kellesine täze bir pikir geldi: -Kaka, gel, şu suraty ertir surat ussahanasyna äkideli-de, ony kompýuterde gowy bejerdip, reňkletdirip, ullakan etdireli. Soňam içki otagymyzyň diwaryndan, atamyň, enemiň suratlarynyň ýanyndan asyp goýaly-diýdi. Kakasy Amanyň teklibini goldamaga howlukdy: -Dogry aýdýarsyň, oglum! Beh, öň kelläme gelmeýşini diýsene! Ertir gideris! Ertesi gün Aman bilen kakasy surat ussahanasyna gidip, garry atasynyň suratyny oňat bejerdip, ulaldyp getirdiler-de, öýleriniň diwaryndan asdylar. Indem nägehan ýagyny ýeňmäge gatnaşyp, häzirki döwrüň adamlarynyň parahat, abadan durmuşda ýaşamagyna mümkinçilik döreden gahrymanlaryň biri bolan Amanyň garry atasynyň suraty, öz nesilleriniň öýüniň diwaryndan mertligiň suraty bolup olara tarap garap dur. | |
|
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |