10:17 Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa | |
DOSTUŇ DOSTDAN GÖWNI GALMASYN
Hekaýalar
Pederlerimiz aýdypdyr: «Adamy tanajak bolsaň, wezipe berip gör. Özüne berilýän wezipäni, goýulýan hormaty göterinip bilýän, ulumsylyk etmeýän bolsa, şol kişi hakyky kişidir. Beýle kişiler iň gowy kişilerdir. Üýtgeýän bolsa, onda onuň ýaly kişilerden gaçarak duran ýagşy». Hudaýa şükür, gowy adamlar kän, her hili wezipe eýeleseler-de, bir durkuny saklaýarlar. Bu durmuşyň lezzeti, mähribanlygy gowy adamlaryň köplüginde ahyryn! Bu geçegçi dünýäde, goý, hiç kimiň dostundan göwni galmasyn! Dost dostuň aýnasy bolsun! Dost dostuň buýsanjy bolsun! * * * Meniňem bir dostum bardy. Biz onuň bilen aramyzdan gyl geçmeýän jana-jan dostduk. Näme üçin «dostduk» diýýänimi bilesiňiz gelýärmi? Hawa, biz dostduk onuň bilen, ýöne häzir şol dostlukdan, ikimizi biri-birimize çeken öňki gadyrdanlykdan, bizi birek-birege baglan zatlardan nam-nyşan galmady. Galan zalar diňe ýatlamalar, olar-da sop-sowuk, kalbyňy ýylatmaýar. Aslynda biziň dostlugymyza näme boldy? Aramyzdaky dostluk sapagyny hut onuň özi ýolupdy, şonda-da ol özüni şol sapagy ýolunmadyk, ony berk saklaýan ýaly edip görkezmäge çalyşýardy. 01 muny başarýardy hem. Men sada, ynanjaň adam bolamsoň, onuň bolşuna ynanyp, sapagyň ýolnandygyny duýmandyryn. Golaýda duýdum. Duýdum-da, dostlugyň gür ýaprakly daragtyny kalbymdan goparyp taşladym. Ine, şondan soň, indi meniň kalbymda ilki göräýmäge mizemez, uzaga gitjek ýaly görünýän, özi welin, pide töňňe ýaly, göz üçin dostluga bolan ýigrenç döredi. Şeýle bolmazça däl. Çünki bu dostluga men ýüregimi beripdim, ony hakyky, ähli adamlardan üýtgeşik dost hasaplapdym. Ýöne wezipäniň adamlary üýtgedýändigini, üýtgedip-de goýman, kör edýändigini, kalbynda mukaddes saýyp ýören ähli zatlaryna awy gatýandygyny men nireden bileýin? Ah, şu wezipeler adamlary ne günlere salmaýar! Gadymy akyldarlar adamy synap görmek isleseň, oňa wezipe berip gördiýip ýöne ýere aýtmaýan ekenler. Dostluk hakdaky duýgularyma şu ýerde böwet basyp, bu hakdaky gürrüňi başdan başlaýyn. 01 bir uly edaranyň başlygydy. Men bolsa şol wagtlar ýurt möçberinde çykýan iň meşhur gazetleriň birinde habarçy bolup işleýärdim. Şol sebäpli şol edara bir däl, iki däl, köp gezekler baryp, onuň gazanýan zähmet netijeleri, ýetýän sepgitleri, il-gün üçin, ýurt üçin edýän işleri barada ýazýardym. Ýok, ýene biraz öňe gitdim. Şol wagt meniň öňki dostum gije-gündiz işleýän şol edarada bir bölümiň ýolbaşçysydy. 01 kimdir biriniň göwnünden turmadyk bolarly: onuň üstünden ýolbaşçylara arza ýazypdyrlar, eýeleýän wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanýandygyny ýöňkäp, töhmet atypdyrlar. Bu iş ula gidipdir, onuň üstünden jenaýat işini gozgapdyrlar, derňewiň gidişi-de onuň peýdasyna däldi. Şol wagtlar gazetler jemgyýetçilik we şahsy bähbitleriň goragynda durýardylar. Bu waka meniň ünsümi çekipdi. Ähli maglumatlar bilen tanşanyňda aýyplamalaryň hakykatyň ýele ýanyndanam geçmeýändigi özüni görkezip durdy. Menem muny aldym-da, bölüm ýolbaşçysynyň hiç bir günäsiniň ýokdugy hakynda oçerk ýazdym. 01 gazetde çap boldy. Gazet materialynyň täsiri uly boldy: bu jenaýat işini ýapdylar, meniň öňki dostumyň abraýy bolsa dikeldildi. Ýaşlykda bolşy ýaly, ýyllar howlukman geçýärdi. Her kim öz işi bilen başagaý. Bölüm ýolbaşçysy hakyndaky waka-da ýatdan çykyşyp barýardy. Aradan on ýyl geçenden soň ykbal bizi ýene duşurdy. Ol-da, men-de abraýly bir jemgyýetçilik guramasynda halkyň saýlan wekilleri hökmünde ýygnaklara, maslahatlara bile gatnaşýardyk, çylşyrymly, käte bolsa ýüplük ýaly çyrmaşdyrylan meselelerde-de ikimiz bir hörpden gopýardyk, pikirlerimiz köp halatlarda deň gelýärdi. Maslahatdan soň çaý başynda ikiçäk galanymyzda ol maňa: «Dogan jan, amatly pursat tap-da, bir aý zähmet rugsadyna çyk, maşgalaňy, çagalaryňy alyp, biziň illere bar. O taýda, Hudaýa şükür, dynç alar ýaly gowy ýerler bar. Bol suwly Seýhunyň kenary diýseň gözel, arassa howa, mylaýym öwüsýän ýel janyňa şypa berýär. Iki-üç hepde biziňkide galarsyň, gowy dynç alarsyň. Soňra işiňe täze adam bolup, täze güýç bilen gelersiň» diýip, bir däl, iki däl, ençeme gezek aýtdy. Teý-ahyr onuň özelenip durmagyna dözmän, ylalaşdym, teklibini kabul etdim. Paýtagtda depäňi deşip gelýän yssy howa höküm sürýärkä, asfaltlar aýakastynda ýaýkyldaýarka, işimden bir aý rugsat aldym-da, aýalymy-da, çagalarymy-da gozgaman, bir özüm dostumyňka gitdim. Erteki gün, birden, ýagdaýlar başga hili bolup çykaýsa, gürrüň bolmaz ýaly... Dostum meni güler ýüz bilen garşy aldy. 01 bir özümiň, maşgalamy alman gelendigime käýedi, getiren bolsam, gowy boljakdygyny aýtdy. Men-de ýagdaýlaryň oňa mümkinçilik bermändigini, indiki gezek olary-da alyp geljekdigimi aýdyp, ony birneme köşeşdirdim. Dogrudanam, derýajygyň kenarynda dynç almagym üçin gowy ýer taýynlanypdyr. Dynç alşa beren günlerimiň hiç birinde hem dostum meniň ýanymdan bir minudam aýrylmady. Myhmansöýerligiň iň ýokary derejesini görkezdi, dogrymy aýdaýyn, bu mende birneme çekinjeňlik duýgusyny döretmänem durmady. Meniň islegim entek aýtmankam berjaý bolýardy, eşidýänimem «doganym», «halypam» diýen ýaly sözler boldy. Garaz, içiň gysmaga el degmedi. Çekinjeňlik duýgusy menden aýrylyp gidibermedi. Dogry-da walla, heý, ýönekeý habarçy özüne şeýle üns berilmegi, şeýle hyzmat edilmegi bilen öwrenişip bilermi diýsene?! «Dogan jan, men özümi birhili duýýan, sizi uly alada goýdum diýen ýaly sözleri aýdyp, durşy bilen men hakdaky alada öwrülen dostumy saklajak bolýan. 01 bolsa, ýylgyrýardy-da, maňa: «Heý, munuňam bir aladasy bormy! Myhman — Hudaýyň iberen sowgady ahyry, oňa hyzmat etseň, Alla ýalkar» diýip jogap berýärdi. Garaz, gepiň kelte ýeri, şol gezekki dynç alşym, maňa berlen üns, edilen hyzmat biziň dostlugymyzy has berkitdi. Bizem öz aramyzda soň-soňlar-da nirede bolsagam, näme iş bilen meşgullansagam, dostlugymyzy öňküdenem beter berkitmegi we ösdürmegi dilleşdik. Elbetde, bu aýdanlarym, birhili, gazet makalasyny ýatladýanam bolsa, şol günlerdäki bizi gurşap alan dostluk duýgusyny nädip başga hili edip aňlatjak? Aradan köp ýylyň geçenligine garamazdan, dostumyň hoşlaşjak bolanymyzda aýdan sözleri henizem gulagymda ýaňlanyp dur: «Halypam, wezipe diýen zat bu gün bar, ertir ýok, ýöne biz hemişe adam bolmaly. Adamyň bahasy-da şondadyr, ine, şu ýönekeýje hakykaty ýatdan çykarmaly däl». Görýäňizmi, nähili gowy aýdylan sözler. Ylalaşýaňyzmy meniň bilen? Şonda onuň sözlerine men şeýle jogap beripdim: «Gel, onda ömrümiziň soňuna çenli şu şertimizi tutaly, has takygy, biziň aramyzda dörän doganlygyň ýörelgelerini mydama berjaý edeli». Ýene bir onýyllyk kerwen ýaly tirkeşip, assa-ýuwaş geçip gitdi. Ykbal şemaly bizi nirelerden çykarmady?! Ösüşlerem boldy, gaýdyşlaram. Şowlulyklary gördük, şowsuzlyklary-da ýeňip geçdik. Ýöne, Hudaýa şükür, üstünlikden başymyz aýlanmady, päsgelçiligiň öňünde müzzerilmedik. Umyt şemaly bizi mydama kenara alyp çykdy. Meniň köne dostum bolsa, ösüp-ösüp, paýtagtda bir uly wezipä geçdi. Bulary size gürrüň berip oturany-da Hudaý gözden salmady, giň iş otagy, ýumşak kürsi berdi. Biziň ikimiziň basgançagymyz bir gyradeňräkdi. Ýöne meniň dostumyňky has şowuna boldy-da, maňa garanyňda diýseň ýokary wezipelere geçdi gidiberdi. Men onuň her ädimine begenýärdim, çyn ýüregimden gutlaýardym, begenjime telpegimi göge zyňýardym. Ýok, siz pikir etmäň, meniňde ösmegime onuň kömegi deger diýen pikirim ýa-da ondan nähilidir bir peýda görmek niýetim ýokdy. Çypbakaý çynymy aýdýan. Aslynda-da men özüme ynanylan wezipämiň abraý bilen hötdesinden gelip bilsem bolany, ondan ýokary ösmeklige ymtylmaýardym. Dogrusy, ýadymada düşmeýärdi. Kimdir biriniň goldawyna-ha hiç hem garaşmaýardym. Nätjek, tebigat maňa şeýle häsiýet beripdir. Öz gara zähmetim, tutanýerliligim, işimi kemsiz-köstsüz ýerine ýetirişim bilen gazanan, ýeten derejäm bes maňa. Abraýym bar, hormatym bar. Şolara şükür edýän, şolara kanagat edýän. (Elbetde, kanagat etmek meniň pikirim, köpleriň munuň bilen ylalaşmazlygy-da mümkin. Ýöne men öz kanagatlylygymy başga biriniň boýnuna dakmak hem islämok). Metbugatda meniň dostumyň ýokary wezipä bellenendigi hakyndaky habar çap bolansoň, biziň dostlugymyz hakda bilýänleriň köpüsi: «lndi seniňki çüwdi. Senem bir uly wezipä geçersiň, onsoň kabinetiňe ýöne şeýle baryp bolmaz. Ýa gapyňda oturana ýalbarmaly bolar, ýa-da kabul etmegiň üçin öňünden ýazylmaly bolar» diýip, maňa aýdýardylar. Özüme şunuň ýaly sözleri diýýänlere ýagşydan-ýamandan jogap bermeýärdim. Çünki nähili jogap beremde-de, oňa her hili düşünjek bar. Şonuň üçin dymdym. «Dymmak — altyn» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Işdeş kärdeşlerim köne dostumy täze jogapkärli wezipä bellenendigi bilen haçan gutlamaga gitjekdigim bilen gyzyklanýardylar. Meniň howlukmaýandygymy görüp bolsa, haýran galýardylar, muny etmeýşimi hiç akyllaryna sygdyryp bilenokdylar. «Hä, halypa — diýip, olar maňa aýdýardylar. — Eýýäm köp adamlar onuň elini gysmaga içeri goýberildi, sen bolsa onuň iň ýakyn dosty, nämä ýöwselleýäň? Seni boýnuýogynlyk saklaýarmy ýa-da merhemetli dostuňdan aýratyn çakylyga garaşýarmyň?..» Ine, olaryň soňky soragyna welin, jogap berdim: «Hijisem däl» — diýdim. — Dostlugyň-da özüniň kada-kanunlary bar ahyry. Öň biz wezipe babatda biri-birimizden beýle tapawutlanyp barmaýardyk: bu ýerde dostluga gyýa göz bilen garajak ýok. Indi ýagdaýlar üýtgedi, biziň wezipämiz deň däl, şu halda köne dostumyň iş otagyna barsam, gümür-ýamyr edip, hal-ýagdaý soraşyp gaýtsam, mundan her kim bir many ogurlar. Dostumy haçanam bolsa gutlaryn. Dostumyňam, gutlag sözümiňem gaçyp gidýän ýeri ýok. Bir ortalyk ýerde gabat geleris, ana, şonda çyn ýürekden hal-ahwal soraşarys». «Demri gyzgynka ýençmeli» — diýip, şübheçil adamlar-a meniň pikirime garşy çykýardylar. — Gowy wezipeler juda beýle kän däldir, barmak büküp sanaýmalydyr. Sen entek özüňiň dostluk kada-kanunlaryňy berjaý edip otyrkaň, ýylyja ýerleriň barysy eýelener. Köne legeniň bilen galyberersiň. Bu ýerde saňa gedemligiňi boýnuňdan aýryp taşlamak gerek. Çünki dostuň wezipesindäki adamlar bilen oýun edilýän däldir. Giç bolmanka, Symrug guşuň guýrugyndan ýapyşyp galmaly...» Ýöne men olara gulak asmadym. Olaryň aýdyşy ýaly, bagt guşuny yzarlajak bolup ýörmedim, şonsuzam, işimde etmeli zatlarym gaty kän. Şeýdip, men şol işler bilen, jogapkärçiligimi duýupjyk, meşgul boldum. Durmuş bolsa dowam edýärdi, aý-günlerem geçip durdy. Maňa maslahat berýänlerem öz pişelerinden el çekdiler, meni begendirýän zadam şol. Hemme zadyň öz wagty bardyr. Gudraty Güýçli ähli zady ýerinde goýup gidip oturandyr. Köne dostum ýadyma-da düşmeýär diýen ýalydy. Günler aýlary düzüp, geçip gidip otyrdy, ýöne «köne dostum» bilen biz ýüzbe-ýüz bolup sataşmaýardyk. Onsoňam, ol pyýada ýeke ädimem ätmeýän bolsa, biz nädip sataşaly? Gulluk maşyny ony öýüniň işiginden alyp gaýdyp, edarasynyň gapysyna getirip düşürýärdi. Işden öýüne gaýdanda-da şeýledi. Şeýle-de bolsa, günleriň birinde, bu gün bolmasa ertir, ertir bolmasa birigün ýa-da bir aýdan, belki, ýarym ýyldan, haçanda bolsa bir gün ikimiziň tötänden gabatlaşjakdygymyzy bilýärdim, oňa ähmiýetem berip durmaýardym, ýöne şonda, gijem bolsa, onuň durmuşynda bolan uly waka bilen bagly öz gutlagymy aýdaryn diýýärdim. Käte bolsa, «köne dostum» şu edarada meniň-de işleýänligimi bilýärmikä ýa-da bilmeýärmikä diýen pikir gelip gidýärdi. Men oňa-da üns bermedim. «Bilýän bolsa, bilsin, bilmeýän bolsa, bilmesin» diýip gezdim ýördüm. Şeýdip, onuň bilen bir uly edarada işläp ýörenimize iki ýyl geçdi. Iki bahar, iki güýz geçdi. Ýene ýaz geldi, sowuk ýagyşlary, gök gümmürdileri, ýyldyrym çakmalary, älemgoşarlary bilen müň dürli öwşün atyp nowruzam ýetip gelýärdi. Nowruzdan üç gün öň meniň iş otagyma işgärler bölüminiň müdiri — ulumsy, mydama nämedir bir zatdan nägile bolup ýören zenan maşgala girdi-de, iş stolumyň üstüne, meniň öňüme bir tagta kagyzy oklap goýberdi. Yzyndanam: «Siz nobatçy bellenýärsiňiz, baýramçylygyň ilkinji gününde, ir sagat sekizden gündiz üçe çenli. Özem uly başlygyň kabulhanasynda nobatçylyk etmeli. Ine, bu-da nobatçylyk etmek hakynda buýruk. Okap, tanyş boluň-da, gol çekiň. Soňra ertirki gün «bilmedim, eşitmedim, aýtmadylar» diýip bahana aramazyňyz ýaly» diýdi.Ýylgyrdym-da: «Haçan bahana arapdyryn? Aýdyldymy, hökman ederin. Onsoňam, uly başlygyň kabulhanasynda baýramçylyk güni nobatçylyk etmeg-ä, dogrusy, meniň üçin-ä uly hormat, uly mertebe» diýdim-de, gol çekdim. Ol meniň sözlerimi diňledimi-diňlemedimi — onçasyny-ha bilemok, ol ýüzüniň hiç bir alamatyny üýtgetmän çykyp gitdi, ýöne nobatçy goýlanyma çuňňur kalbymdan begendim. Ol nobatçylyk meniň garaşyp ýören pursadym bolsa bildiňmi?! Belki, şol gün «köne dostum» bilen duşuşaýmagymyz mümkin. Häzirki günler ol şäherde bolmaly, iş sapary bilen hiç ýerik giden däl bolmaly. Ýolbaşçylaryň köpüsinde baýramçylyk günlerinde hem hökman iş ýerlerine gelmek endigi bar. Ine, şonda-da men «köne dostum» bilen didarlaşaryn. Gerek bolmadyk çagy günler ahalteke atlary ýaly ýyndam geçýär, gerek bolup gyssansaň welin, her minudyň tükeniksizlige öwrülýär. Näme-de bolsa, ine, Bahar baýramy hem ýetip geldi. Entek sagat sekiz bolmanka men uly başlygyň kabulhanasynda gögerdim. Onuň iş dolandyryjysy Mohirahon eýýäm ýerine gelip oturan eken (biz onuň bilen köpden bäri tanyş). Salamlaşdyk, men ony Nowruz baýramy bilen gutladym hem-de: «Nobatçy geldi we öz borjuny ýerine ýetirmäge taýýar» diýip, degişmä salyp aýtdym. Mohirahon maňa çüňkde duran ýumşak oturgyjy görkezdi, soňra bir käse kofe hödür etdi. Men bu içginiň aşygy bolmasam-da, hödür-kerem hödür-kerem bolýar, ondan ýüz öwürmek, özgäniň göwnüne degmek bolýar, şonuň üçin oňa minnetdarlyk bildirip, çalaja ajymtyl içgini ýuwaşjadan owurtlap içmäge durdum.Kabulhanada ikimizden başga adam ýokdy, gelýän-gidýänem ýok. Mohirahon bilen ondan-mundan mesawy gürrüň edip oturdyk. Soňrak hem: — Başlyk gelermi? — diýip soradym. — Hawa, gelmeli. — Gowy-da şol — diýip, men eşidiler-eşidilmez aýtdym. Ýöne Mohirahon meniň diýenimi eşidipdir. — Näme üçin gowy? Näme, onluk işiňiz barmydy? — Ýok-la. Aý, ýöne diýip goýberdim. — Ony görjekligiňe begenýäň özüň-ä. — Hawa-da, köneki dostum bilen ahyr soňunda görüşmäge mümkinçilik boljak. — Şeýlemi! Siz başlyk bilen tanyşmy? — Tanyş bolmagam gepmi? Bir wagtlar iýen-içenimiz aýra gitmeýärdi. — Şeýlemi?! Gör, nähili gowy. Diýmek, onda bu gün iň gowy dostlaryň uzak aýralykdan soň gyzgyn duşuşygynyň şaýady bolýas-da. Özem Nowruz gününde. Bu gowy zadyň alamaty, halypa. — Hudaýyň işi — diýip, men arkan gaýşaryp oturdym-da, gapa nazar aýladym. Soňra ikimizdenem ses çykmady. Biraz dymşyp oturanymyzdan soň, Mohirahona onuň başlygy bilen tanyşlygymyzyň taryhyny gysgaça gürrüň berdim. Ol hezil edip, gürrüňimi diňledi. Gürrüň berýänem bolsam, wagtal-wagtal gapa seredýän, her sekuntda onuň açylaryna we uly başlygyň içeri girerine garaşýan. «lndä-hä aýak sesi eşidilmeli — diýip oýlanýan. — llki içeri onuň goragçylary girer, kabulhananyň içini ünsli gözden geçirerler. Olaryň işi şonuň ýaly. Ondan soň başlyk geler...» Şu edip oturan pikirim soňlanmanka dälizde aýak sesleri eşidildi, dessine-de kabulhana iki sany daýaw ýaş ýigit gelip girdi. Olar biziň bilen salamlaşdylar-da, içerä göz aýladylar, soňra uly başlygyň otagyna geçip gitdiler. Köp eglenmänem ondan çykdylar-da, dälize çykylýan gapynyň iç ýüzünde hersi bir tarapda durdy. Hawa... diýşim ýaly... ahyry meniň «köne dostum» kabulhana gelip girdi, onuň yzyndan syryk ýaly uzyn boýly, ýüzi gaharly ýaş ýigit hem içeri girdi. Uly başlyk giň kabulhanada ýazylan haly düşekçäniň üstünden ýaňy birki ädim ädenden maňa gözi düşdi. Men ejesi işden gelen çaga ýaly, ýylgyryp seretdim-de, oňa tarap ýöneldim. Ýöne edil şol wagt syryk ýaly uzyn boýly ýigit göz açyp-ýumasy salymda öňümde peýda boldy: «Gadagan» diýdi. Men duýdansyzlykdan gorkujyma yza tesdim. Uly başlyk bolsa bir pursat ýüzünde hiç bir alamat görkezmän, maňa seretdi, eli gysmakdan-a geçen, söz bilenem, göz bilenem, ýüz bilenem salamlaşmady. Gaýta, onuň ýüzünde ýakymsyz bir alamat peýda boldy. Ol gaşlaryny maňlaýyna çekip, gysgajyk: «Hm-m!» diýdi. Diňe «Hm-m!» diýdi, bar bolany şol. Ýöne şol wagt onuň ýüzünde «Bu ýerde nämeler bolup ýör?» diýen sorag alamaty-da peýda boldy. Beýlekiler ony «okap» ýetişmänkä, ol gopbamsyrap, öz iş otagyna girip gitdi. Syryk ýaly uzyn boýly ýigit hem onuň yzyna düşdi. Meni bolsa bu garaşylmadyk ýagdaý üşetme tutdurdy. Soňra bolsa utanjyň ýakyp barýan tolkuny tutuş endamyma ýaýrady. Haýran galmak bolsa meniň ähli hereketlerimi doňduryp taşlapdy. Köneler aýtmyşlaýyn, indi meni bu kabulhanadan alyp çykmak üçin araba gerek. Ýöne şu aljyraňňy halymda Mohirahona seretmegi başardym. Görsem, ol mendenem beter haýran galan eken. Men oňa şu ýagdaýda özümi aklamak üçin näme aýdyp bilerin? Onuň başlygy bilen aramyzdaky gadymy hem mizemez dostlugymyz hakynda ýap-ýaňyja beren gürrüňimiň çynlygyny haýsy söz aňladyp biler? Ýüzümden sowuk der syrygyp başlady. Mohirahonyň ýaňky görkezen ýumşak oturgyjyna ýaňadan özümi goýberdim. Kellämi ellerim bilen tutup, iki ýana yranyp, dymyp oturdym. Uly başlygyň iş otagynyň gapysy açyldy, ondan syryk ýaly uzyn boýly ýigit çykdy. Ol meni görenden ýene janykdy: «Siz entegem bärdemi? Del adamlara bu ýerde durmak bolmaýar. Ýörüň, daşary çykyň. Garaşjagam bolsaňyz, dälizde garaşyň». Onuň sesinden gahar, äsgermezlik etmek üstüme dökülip durdy. Bu bolsa ot ýaly bişirip barýan utanç tolkunlaryny endamyma ýaýratdy. «Köne dostumyň» maňa bagyş eden öýkesi şeýle bir uludy welin, onuň golastyndakylaryň ulumsylygy maňa kär edip bilmedi. Men stoluň üstünde goýan ýazuw depderimi, ruçkamy, äýnegimi aldym-da, dälize çykdym. Beýleräkde üstünde telefon apparaty goýlan stol bardy, onuň ýanynda bolsa ullakan, giň ýumşak oturgyç goýlupdy. Ine, şu ýerde oturyp, nobatçylyk çekmek gaty amatlydy: jaň ediljek bolsa telefon-da bar, jaň gelse-de, oturan ýeriňde jogap berip boljakdy. Başlygyň saýasy ýaly bolup ýörmekden birsellem boşan goragçylaryň hälki ilki girip, gapyda duran ikisi daş çykdy. Olaryň ikisi-de meni tanaýardy. Olaryň ulusy maňa söz gatman durup bilmedi: «Hä, halypa, otyrmysyňyz? Başlygyň kabul ederine garaşýaňyzmy?» Men saklanyp bilmedim: «Öz islegime gelemok. Maňa şu gün gulluk wezipesini tabşyrdylar». Soňky aýdan sözümi gelşiksiz gördüm-de: «Men şu gün nobatçy» diýip, düşnükli edip aýtdym. Sorag bereniň ýüzi ajady, dessine-de kabulhana girip gitdi, birhaýukdan çykdy-da: «Halypa, giriň. Kabulhanada oturyň» diýdi. Degnama deglipdi, gaharym sähel bolsa daşyna döküljek bolup dur. Şonuň üçin çogmakdan zordan saklanyp: «Aý, ýok, sag bol. Men eýýäm ol ýerde bolup gördüm. Indi meni köçä kowarlar welin, siziň kabulhanaňyza salyp bilmezler» diýip, gygyryp aýtdym. Goragçylaryň ulusy meniň ýagdaýyma düşündi öýdýän. Ol ötünç soraýan terzde: «Halypa, bagyşlaň, oglanlar ilki düşünmändirler. Geliň, geçiň, ol ýeri amatly ahyry...» diýip, meni köşeşdirmäge howlukdy. Ýöne şol wagt kellämde: «Bolýa, goragçylar düşünmändir diýeli, emma ol... onuň...» diýen pikiriň uçguny ýalpyldap gitdi. Uludan demimi aldym, özümi birneme köşeşdirmäge çalyşdym. Jogap beremde-de sesimi hem ýumşatdym, hem ýuwaşatdym. — Sen, inim, biderek ýere ötünç soraýaň. Biz — başlygyň tabynlygyndaky adamlar. Buýurýarlar — gelýäris. Buýurýarlar — gidýäris. Bize başga näme galýar? — Ýöne, halypa, siz bagyşlaň-how. Ol syryk ýaly uzyn boýly goragçy sizi tanamandyr... — Tanamandyr? Onuň özi şeý diýdimi? Ýady ýok eken bendäniň... Şundan birnäçe gün öň meniň ýanyma gelip, haýsydyr bir garyndaşyny abraýly mekdepleriň birine geçirip bermegimi haýyş edipdi. —Näme edeli, onuňam wezipesi-dä... Oňa çenli men özümi doly ele aldym. — Inim, men size hormat goýýan — diýip, ýuwaşja söze başladym. — Gahar ýüzüne size bir zat diýip göwnüňize degmekden gorkýan. Men muny hiç islämok. Şonuň üçin gel, şeýle gepleşeli. Eger mümkin bolsa, men şu ýerde, dälizde nobatçylygymy berjaý edeýin. Eger-de siziň düzgüniňiz boýunça, bu bolmaýan bolsa, onda men, gowusy, gaýdaýyn... Ol öz tabynlygyndaky goragçyny aklajak bolup, ýene bir zatlar diýişdirdi. Ýöne indi men ony diňlemeýärdim. Ruçkamy, ýazgy depderçämi, äýnegimi elime ýygnap durşuma dillendim: — Bagyşlaň, men gidýän. Öz iş otagymda bolaryn. Gerek bolsam, jaň edäýiň. Ikinji gatdan birinji gata düşdüm. Sag ganatdaky iş otagyma geldim. Ýöne, dogrusy, iş bilen meşgul bolasym gelmedi. Özüme zor salyp gördüm. Ýok, hiç bir işe elim baranok. Penjireden daşary seredip uzak durdum. Ýokuş görmekden bokurdagyma bir zat tegek bolýardy, ýüregim durup-durup işleýärdi. Köşeşdiriji derman içip gördüm, haýry degmedi. Hiç kim maňa jaň etmedi, hiç kim meni gözlemedi. «Näme bolsa, şol bolsun — diýip, men elimi salgap goýberdim. — Nobatçylygymy taşlap gideýin. Zor etseler, işden çykararlar. Goý, alsynlar şol işi, janymy alanoklar ahyry. Iş taparyn...» Şu pikir bilen otagymdan çykyp, gapysyny kiltledim-de, köçä çykdym. Ýagyş ýagýardy, ýuwaşjadan ýagýan şeýle ýaz ýagşyndan soň dal-daragtlar ýaşyl öwsüp başlaýar. Göwnüme bolmasa, tebigatyň özi meni köşeşdirmek üçin çygly elleri bilen ýüzümi sypaýan ýalydy, kalbymdaky öýkeleri ýuwup aýyrjak bolýan ýalydy. Tämiz howadan dem alyp, çisňäp ýagýan ýagşyň astynda şäher köçelerinde eden gezelenjim, dogrusy, kalbyma giňlik, ruhuma ýeňillik beripdi. Şol günki wakalar ýatdan çykyşyp ýördi. Birden şäheriň merkezinde şol syryk ýaly uzyn boýly ýigide, meni bihaýalyk bilen kabulhanadan çykaryp, dälizde ýer görkezen goragça gabat geldim. Biziň nazarlarymyzam çaknyşdy. Onsoň ol sowlup gidibermäniň ebeteýini tapman, meniň bilen salamlaşmaly boldy. — Agam, şonda ýalňyşdyk, bagyşlaweri... — Wah, meniň size hiç bir nägileligim ýok-la. Sizden gaty görmek — erkeklikden däl. Janyň sag bolsun, inim. Ol ýylgyrdy-da, sagbollaşyp gitdi. Birsellem onuň yzyndan seredip durşuma içimi gepletdim: «Näme üçin men sizden gaty göreýin? «Köne dostumdan» öýkelänimi-de birçaklar unutdym». Edil şeý diýip, pikir eden günümiň ertesi, meniň «köne dostumyň» wezipesinden boşadylandygy hakyndaky habary eşitdim. Birnäçe günden soň hem onuň öz obasyna gidenligi hakynda, meni-de ondan-mundan soraşdyrandygy hakynda habar gelip ýetdi. * * * Pederlerimiz aýdypdyr: «Adamy tanajak bolsaň, wezipe berip gör. Özüne berilýän wezipäni, goýulýan hormaty göterinip bilýän, ulumsylyk etmeýän bolsa, şol kişi hakyky kişidir. Beýle kişiler iň gowy kişilerdir. Üýtgeýän bolsa, onda onuň ýaly kişilerden gaçarak duran ýagşy». Hudaýa şükür, gowy adamlar kän, her hili wezipe eýeleseler-de, bir durkuny saklaýarlar. Bu durmuşyň lezzeti, mähribanlygy gowy adamlaryň köplüginde ahyryn! Bu geçegçi dünýäde, goý, hiç kimiň dostundan göwni galmasyn! Dost dostuň aýnasy bolsun! Dost dostuň buýsanjy bolsun! Ata HAMDAM. Terjime eden: Akmuhammet HEMIDOW. | |
|
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |