00:12 Döwürdeşleriñ gürrüñi | |
GPU-nyñ GARA IŞI ýa-da HAJY IŞANYÑ HELÄK BOLMAGY / taryhy-publisistik oçerkler
Taryhy makalalar
■ DÖWÜRDEŞLERIŇ GÜRRÜŇI Şu ýazgylary ýazyp ýörkäm, baýry kommunist, partiýa, Sowet organlarynda uzak ýyllap işlän, Leningradyň gabawyna gatnaşan Kalinin posýologynda ýaşaýan Baba Ýomutbaýew bilen duşuşdym. Baba aga diýseň gürrüňçi adam. Ol 1939-njy ýyldan bäri partiýa çleni. Edil öz deň-duşlary ýaly, iliň gowy günlerine guwanyp, başyna düşen kynçylyklaryny bile çekişip gelen adam. Ol öz durmuşyndan razy. –Men Gurban Oňgalbaýewi tanaýaryn. Ol biziň MTS-mizde 1933-1934-nji ýyllarda bolsa gerek syýasy bölümiň naçalnigi bolup işledi. Ol döwürde şeýle wezipe bardy. Menem MTS-de mehanikdim, hemem ilkinji komsomol guramasynyň sekretarlygyny alyp barýardym. Şeýle bolansoň, biz günde-günaşa duşuşýardyk. Ol döwürdekomsomol guramasynyň täsiri-de, roly-da bijaý uludy. MTS-iň hyzmat edýän kolhozlarynda işleýän traktorçylaryň köpüsi komsomol çleni bolup, olar biziň guramamyzyň hasabynda durýardylar. Komsomollar bilen geçirilmeli işleri MTS-iň syýasy bölümi ugrukdyryp durýardy. Gurban mylaýym, sowatly, salyhatly we giň gözetimli syýasy ýolbaşçydy. Ol meniň ýadymda hut şeýle adam hökmünde galypdyr. Gurban partiýanyň Kalinin raýkomynyň birinji sekretary bolup işledi. Soňra 1936-njy ýylyň başlarynda partiýanyň okrug komitetiniň birinji sekretarlygyna çekdiler. Oky milletçilikde, býurokratlykda aýplapdyrlar. Töhmet. Başga zat däl. Elbetde, ol döwür diýseň agyr kyn döwürdi. Gurban hakyky kommunistdi, emma administratiw-hökmürowan sistemanyň güýçli bolmagy şol döwürde ýerli guramalaryň arkaýyn işlemegine ýol bermeýärdi. Baba aga bu sözleri aýdanda onuň özüniň hem döwrüň kynçylyklaryny başyndan geçirendigine göz ýetirýärsiň.Baba aganyň ýadynda şeýle bir epizod hemişelik galypdyr. Ol 1939-njy ýylda okrug ispolkomynyň başlygy bolup işleýär. Ispolkomyň prezidiumynyň nobatdaky mejlisine, onuň çleni, NKWD-nyň naçalnigi Fotçenko «işim köp» diýip gelmändir. Mejlisi soňa goýupdyrlar. Baba aga bolsa partiýanyň okrug komitetiniň sekretary Zuýewiň ýanyna baryp ýagdaýy aýdypdyr. Ol anyk zat aýtmandyr. Baba aga bolsa, şeýle ýagdaýda işläp bilmejekdigini aýdypdyr. Aşgabada, partiýanyň Merkezi Komitetine gitjekdigini duýdurypdyr. Sebäbi, NKWD partiýa, sowetorganlary bilen maslahatlaşmaýardy. Hamana ol şol guramalaryň üstünden goýulan ýalydy. «Şol günüň özünde Aşgabada gitdim. Ol wagtlar partiýanyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary Şubindi. Ýagdaýy aýtdym. Işlemegiň agyrdygyny, NKWD-nyň naçalniginiň päsgel berýändigini düşündirdim. Fotçenkony şol günüň özünde Aşgabada çagyrdylar. Daşhowza baransoň onuň partiýa meselesine seretmegi tabşyrdylar. Soň Fotçenko birneme düzelen ýaly boldy». Şondan soň Baba aga sözüne dyngy berdi. Partiýanyň, zähmetiň, urşuň weterany, 1930-njy ýyldan partiýa çleni Berdihan Jaýlyýewiň ýaşy 90-a golaýlady. Özem oblastymyzyň durmuşyny bäş barmagy ýaly bilýär diýseň öte geçdigim bolmaz. –Men doganlar Oňgalbaýewleri tanaýaryn. Olaryň ikiside partiýanyň Daşhowuz okrug komitetiniň sekretarlary bolup işlediler. Olar diýseň sypaýy adamlardy. Sowatlydy. Gurbandan kiçisi meniň bilen Aşgabatda 1937-1938-nji ýyllarda KomWUZ-da bileokapdy. Gowy ýigitdi. Adyny ýatdan çykarypdyryn. Ony NKDW-nyň işgärleri bir gije alyp gitdiler. Şondansoň gaýdyp gelmedi. Soň meni-de bir edara çagyryp «Sen Oňgalbaýewiň garyndaşymyň»– diýip sorag etdi. Men Oňgalbaýewi diňe iş babatynda tanaýandygymy aýtdym. Barlandyrlar-da, iki gezekden soň meni çagyrmadylar. Ýöne, Gurban ýaly kadrlar ol döwürde azdy, Arman, ýokladylar-da. Sapa Mätgurbanow köp horluk çekip, azar görenleriň biri. Ýaşuly häzir Daşhowuz şäherinde ýaşaýar. Sapa aga 1938-nji ýylda Daşhowuz raýonynyň Oržanikidze adyndaky kolhozynda brigadir bolup işleýän eken. Şol ýylyň baharynda Daşhowuz raýispolkomynyň başlygy Rozmet Gutlymyradowy, başga-da üç adamy-partiýanyň raýkomynyň birinji sekretary G.Babaýewi, raýon sudýasy Ötemis Sengirbaýewi, okrug ýol bölüminiň müdiri Adambaýewi halk duşmany diýip atypdyrlar. Ertesi Rozmetiň garyndaşlary onuň jesedini getirip obalaryndaky gonamçylykda jaýlapdyrlar. Şu obadaky Sary mollany bolsa Rozmetiň jynazasyny okadyň diýip atypdyrlar. Sapa Mätgurbanowy bolsa Rozmetiň jesedini gazyp almaga we ony jaýlamaga gatnaşdyň diýip tussag edipdirler. Sapa aga şol günler özüniň başyndan geçen horluklary barada şeýle gürrüň berýär: –Edil häzirki ýaly ýadymda. 1938-nji ýylyň 9-njy martydy. Şol gün brigadamyza suw nobaty berlipdi. Atyzlara suw açmalydy. Brigadir bolup işlämsoň, ol zatlar häzirki ýaly ýadymda. Ir sagat onlara golaý bir milisioner, iki sany nätanyş adam geldi. Ilki olar biziň öýümizde oturyp çaý-çörek iýdiler. Olaryň özara gürrüňinden meni tussag etmäge gelendiklerini agam aňan ekeni. Agam tokaý hojalygynda işlänsoň şähere häli-şindi gelip giderdi. Rus diline birneme düşünýärdi. Soňra ýaňky gelen adamlar meni Daşhowuz şäherine alyp gaýtdylar. Polkuň ýerleşýän ýerine getirip derwezeden girizdiler. Bir jaýa eltdiler. Ol ýerde ermenä meňzeş bir adam otyrdy. Ol maňa ýüzlenip: –Gutlymyradowy getirip jaýlanlaryň ýolbaşçysy kim? Başga-da kimler bardy?–diýdi. –Hiç kimi bilemok. Ol ýere barmadym–diýdim. Şeýle sorag etmeler ençeme gezek gaýtalandy. Ahyr bolmajagyny bilensoň, ýaňky ermenä meňzeş adam meniň dulugyma şeýle bir urdy. Gözlerimden ot uçganaklap gitdi. –Näme urýarsyň? Urmaga siziň hakyňyz ýok!– diýip gygyrdym. Ol ýene topuldy. Men gapdala çekildim. Şol wagt gapydan iki sany soldat giren eken. Men ony bilmändirin. Olar meni ýere ýykyp, otyrýerime soldat kemeri bilen urup başladylar. Men süýnüp ýatyrdym. Özümden gitdim. Jogap alyp bilmejegini aňandyrlar-da, soňra meni bir kiçijik jaýa eltipdirler. Ertesi şol ýere obamyzdan Jumabaý Öwezmyradowy, doganlar Abdrim we Nurulla Ýusupowlary, Atahan Babajanowy, Sary Seýidowy getirdiler. Gynamalar, sorag etmeler köp wagt dowam etdi. Kiçijik jaýyň içinde 17-18 adamdyk. Jaýyň içiniň howasy ýaramazdy. Poluň üstünde tagta bitler gezişip ýördi. Ýatyp bolanokdy. Dik oturýardyk. Ahyry bir gije hemmämizi daşaryk– howla çykardylar. Howa garaňkydy. Iki sany maşyn durdy. Olaryň töwereginde bir topar soldatlar bardy. Tussaglaryň elini, aýagyny sim bilen baglap, agzyna esgi dykyp, kellesine halta geýdirýärdiler. Soňra olary maşynyň üstüne ýükläp ugradylar. Şonda bir ýigit çowdur şiwesinde «Agzymy dykmaň, gygyrmaýyn» diýip ýalbardy. Oňa kim gulak asýar. Göterip maslyk zyňan ýaly maşynyň üstüne okladylar. Meniň obadaşlarymy hem edil şeýle maşynyň üstüne ýüklediler. Meni bolsa şu ýerde duran adamlaryň biri «Hany, içeri gir» diýip abaýlap kamera eltip saldy. Obadaşlarymy şondan soň görmedim. Soňra ýary gijeden esli wagt geçenden soň, meniň üstüme alty adam getirdiler. Olar hem Kalinin raýonyndan ekeni. Ertesi agşam olary-da äkitdiler. Hawa, Sapa agany ýedi aý saklap, ony 10 ýyl sürgün edipdirler. Ol Wladiwostokda, Komsomolskde, Astrahanda, Demirgazyk Kawkazda dürli agyr işlerde işläpdir. 1948-nji ýylda obalaryna dolanyp gelipdir. Ony soň ýene sürgün edipdirler. Ýöne, bu gezek hemişelik iberilipdir. Stalin ölenden soň, ol obasyna dolanyp gelipdir. Emma şonça ýyllap maşgalasyndan jyda düşer ýaly nähili agyr günä edendigini Sapa aga henize çenli hakydasyna getirip bileňok. Repressiýanyň pidasy bolan, bir keramatyň güýji bilen ajaldan gutulan Mäti Garlyýew häzir Kalinin raýonynyň merkezinde ýaşaýar. Ol SSSR-iň at gazanan mugallymy. Häzir pensiýada. «Halklaryň serdarynyň» guran duzagyna düşüp, 18 ýyldan gowrak wagt onuň bendisi bolan Mäti aga özüniň näme günä edendigini, horluk görmegine nämäniň sebäp bolandygyny henizem bilmeýär. Mäti aga şol günleri ýatlap şeýle diýýär: – Meni 1938-nji ýylyň ýanwar, fewral, mart aýlarynda sud edipdirler. Men weli hiç hili sudy, şaýady görmedim. Gije bizi maşyna ýükläp alyp gitdiler. Ilki agzymyzy, gözümizi mäkäm daňdylar. Kellämize-de halta geýdirdiler. Ýük maşynyň üstünde ýatyp ep-esli ýöredik. Maşyny duruzdylar. Bizi süýräp maşyndan düşürdiler. Öňünden gazylan çukuryň gyrasyna eltip duruzdylar. Soňra getirilen adamlaryň familiýasyny, adyny, raýonyny, wezipesini, ýüklenilýän günäni okaýardylar. Şol wagt biri Mäti Garlyýew, Köneürgenç raýonyndan, brigadir diýip, gygyrdy, meniň kärim-mugallym bolansoň ýerimden gozganman durdum. Emma, şol ýerde duran NKWD-nyň işgärleriniň biri «Sen näme üçin dymýarsyň, çyk öňe!» diýip azmly gygyrdy. Men bolsam «Men mugallym, brigadir däl, özümem Ýylanlydan» diýdim. Bizi saklap duran eli ýaraglylaryňbiri «Dogrudan hem bu adam mugallym» diýdi. Men 1930-njyýylda Daşhowuzdaky peduçilişede türkmen dili we edebiýaty sapagyny okatdym, şonda. NKWD-niň işgärlerine hem türkmen dilini okadypdym. Şol işgärleriň biri meni tanan eken. Men şeýdip, atuwdan galdym. NKWD-nyň işgärleriniň arasynda hem gowulary bardy. Görnüşi ýaly, köneürgençli Mäti Garlyýew diýen adam hem bar eken. Ýöne ol brigadir ekeni. Bile baran ýoldaşlarymyň hemmesini atdylar. Atylanlaryň jesedini öňünden gazylyp goýulan garyma taşladylar. Üstüni gömdüler. Yzymyza dolandyk. Indi meniň gözümi mäkäm daňdylar. Onda-da töweregi görmäge, nirededigimizi doly saýgarmaga mümkinçilik bolupdy. Şol adamlaryň atylan ýeri Daşhowuz şäherinden Aeroporta gidilýän ýol bardyr, guma girensoň ýol günorta–Tagta tarap sowular. Şol ýol bilen gitseň ýoluň gyrasynda «Şu territoriýa zil-zibil dökmek gadagan, dökseň 50 manat jerime tölemeli» diýlen bellik bardy. Edil şol bellik goýulan ýeri adamlaryň atylan ýeri bolmaly. Soňra meni kamera getirip gabadylar. Gören eşidenlerimi hiç kime aýtmak bolmaýar diýip tabşyrdylar. 1938-1947-nji ýyllarda sürgünde boldum. Gaýdyp gelenimden soň ýene-de sürgün etdiler. Eger-de «halklaryň beýik serdary» Stalin ölmedik bolsa, onda biziň dogduk mekana haçan geljegimiz belli däldi. –Siziň bilen NKWD-niň işgärleriniň gyzyklanmagyna näme sebäp bolduka?– diýip beren soragymyza Mäti aga: –Men okrug halk magaryf bölüminiň müdiri bolup işle ýörkäm, meniň dokladymy okrug ispolkomynda diňlemeli boldular. Men doklada türkmençe taýýarlanyp barypdym. Okrug ispolkomynyň çlenleriniň arasynda üç sany rus adamsy bardy. Maňa rusça doklad et diýdiler. Menem üç adam üçin rusça geplemegiň geregi barmy diýdim. Onsoň, rusçany hem oňat bilemok diýdim. Okrug ispolkomynyň çlenleriniň arasynda NKWD-nyň naçalnigi Fotçenko otyrdy. Ol rus dilinde «Posmotrim» diýdi. Belkäm, şol waka NKWD-niň işgärleriniň göwnüne başgaça görnen bolmagy mümkin. Mäti aga Daşhowuzda NKWD-niň türmesinde oturan wagtynda adamlardan ýalan görkezme almak üçin olara sülçüler tarapyndan fiziki taýdan azar berilýändigini, soňam sudsuz zatsyz atylyp goýberilýändigini gözi bilen görüpdi. Ol wakalary hiç kim bilmeli däldi. Hut şol sebäbe görä Mäti aganyň şonça ýyllap hunaba ýuwdan bolmagy mümkin. Günäsiz ak ýürekli adamlara garşy edilen agyr işleri gören Mäti aga şeýle diýýär: –1947-nji ýylda men oňat işledi diýlen harakteristika bilen obamyza dolanyp geldim. Raý ONO meniň dokumentlerime seredip, «Sizi mugallymçylyga alyp bolmaz» –diýdi. Soň raýkom partiýa bardym. Nury Rejebow raýkomyň birinjisi ekeni. Ýagdaýy aýtdym. Ol raýon suduň ýanyna çagyrdy-da, «Şu ýoldaşyň mugallymçylyk etmäge haky bar»–diýip, ýazyp ber diýdi. Sudýa bolsa ýaýdandy. «Aýdylany et»–diýdi. Şeýdip, Nury Rejebowyň töwekgelçiligi bilen mugallymçylyga ýerleşdim. Bir gün meni milisioner gelip alyp gitdi. Daşhowuzda 4 aý oturdym. Şondan soň sürgün edildim. Adamlara şeýle bir rehim- sizlik bilen garalýandygyny Daşkentden ugrandan soň gözüm bilen gördüm. Biziň münen wagonlarymyzyň içi demir gözeneklere bölünipdir. Onuň her hanasyna 17 adam gabaýardylar. Aýak ýoluna çykmak üçin bir bedre goýulardy. Gözeneklere sygmadyklaryň elini aýagyny zynjyrlap saklaýardylar. Wagonyň agzynda itli garawul. dury. Şeýdip bizi Nowosibirsk oblastynyň uzakdaky bir obasyna eltip taşladylar. Men Mäti agadan «Siz Gurban Oňgalbaýewy tanaýarmysyňyz, ony görüpmidiňiz? diýip soradym. Şonda Mäti aga özüniň okružkomyň birinji sekretary Gurban bilen iş babatynda ençeme gezek duşuşandygyny aýtdy. –Men Gurban bilen iş babatynda köp duşuşdym. Partiýanyň okrug komitetiniň, okrug ispolkomynyň mejlislerinde sowatsyzlyga garşy göreş barada, halk magaryfyny ösdürmek, mekdep gurluşygyna degişli meseleler ýygy-ýygydan ara alnyp maslahatlaşylýardy. Şonda okružkomyň birinji sekretary Gurban işe berilen adamdygyny görkezipdi. Gowy adamdy, sowatly ýolbaşçydy... Ýagşy adamy ýatlamak, onda-da merhum bolandan soň ýatlamak sogap işdir–diýip, köpi gören ýaşulular gürrüň berýärler. Ýaşuly ýazyjy Hangeldi Garabaýew Gurban Oňgalbaýewi tanaýan eken. –Men onuň bilen ençeme gezek duşuşdym. Men ol döwürde Daşhowuz şäherindäki medtehnikumda okaýardym. Şonda okružkomyň birinji sekretary Gurban Oňgalbaýew gelni bilen uçilişä gelerdi. Onuň gelni menden bir kurs ýokarda okaýardy. Birinji sekretar mugallymlar, studentler bilen duşuşyp gürrüňleşerdi, hal-ahwal soraşardy. Özüniň maslahatlaryny bererdi. Ol orta boýly, ýyldyzy yssy mylakatly sözleýän adamdy. Ýönewelin, özüni görmesem-de NKWD-nyň Fotçenko diýen ketdesi pylan-pysmydan edýärmişin diýen söz hemmäniň howalasyny basýardy. Onuň gazabyny gözümiz bilen görmek tiz wagtdan bize-de «nesip» etdi. Bizden bir kurs aşakda tagtaly Gurban diýen bir oglan okaýardy. Ol häzir pensiýada. Otuz ýedinji ýyl bolsa gerek. SSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Molotow okuwa pul berip okamaklyk barada karar çykardy. Hälki Gurban diýen oglan bolsa köpüň içinde «Molotowyň ogly pul töläp okaýarmy-ka?» diýipdir. Ony bolsa Fotçenko biri şapladyp aýdaýsa nätjek! Ýeri, bu ýerde näme syýasy ýalňyşlyk bolup biler? Hiç hili. Ýöne ýetginjek oglany ýarym agşamlar çemesi «watan goragçysy» Fotçenko ýygnatdy. Soňrada agzynyň sarysy gitmedik bendä 10 ýyly ýelmediler–diýip, Han aga gürrüň berýär. ...Hawa, özüniň gysga ömründe öz döwürdeşleri ýaly köp iş bitiren, uly arzuwlar bilen ýaşan Gurban Oňgalbaýewiň terjimehalyndan şu faktlary getirmek ýerlikli bolsa gerek. Ol 1904-nji ýylda Krasnowdsk şäherindedoglupdyr. Rus-ýerli mekdebinde okapdyr. Duz çykýan ýerde, demir ýolda işçi bolup işläpdir. 1924-njiýylda partiýa hataryna giripdir. 1927-nji ýylda Gurban Oňgalbaýew TK(b)P MK-nyň karary bile Moskwa KomWUZ-a okuwa iberilýär. Okuwy gutaryp gelenden soň, Gurban Aşgabatdaky Sowet partiýa mekdebine işe iberilýär. Ol soň baş syýasy magaryf bölüminde müdir bolup hem işleýär. 1931-nji ýylyň iýunynda ony TK(b)P MK-nyň karary bilen Moskwa Gyzyl professorlar institutyna okuwa iberilýär. Okuwy gutaryp gelenden soň, 1933-nji ýylda ol Porsy MTS-niň syýasy bölüminiň naçalnigi wezipesine bellenilýär. 1935-nji ýylyň mart aýynda ol partiýanyň Porsy raýkomynyň birinji sekretarlygyna saýlanylýar. 1936-njy ýylyň 5-nji fewralyndan 1937-nji ýylyň 23-nji iýunyna çenlitussag edilýänçä, partiýanyň Daşhowuz okrug komitetiniň birinji sekretary bolup işläpdir. Soňra bolsa tragiki wakalar başlandy. TK(b)P MK-nyň býurosynyň 1937-nji ýylyň 21-nji iýulyndaky karary bilen Gurban Daulbaýewiç Oňgalbaýew rewolýusiýa garşy elementler bilen aragatnaşyk saklandygy üçin partiýa hataryndan çykaryldy. Soňra ol Türkmenistan Merkezi Ispolnitel komitetiniň sostawyndan hem çykarylýar. Gurban Oňgalbaýewi tussag etmek baradaky orderiň № 678-dir. Soňra sorag etmeler, şol bir äheňdäki soraglar, şaýatlar bilen ýüzbe-ýüz duşuşyklar. Ahyry derňew tamamlanýar. 1938-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Gurban Oňgalbaýewiň garşysyna gozgalan jenaýat işe seretmek üçin SSSR Ýokary Sudunyň harby kollegiýasyna iberýärler. Onda «Türkmen azatlygy» diýen rewolýusiýa garşy guramanyň Daşhowuzdaky filialyna «ýolbaşçylyk edendigi»,. Türkmenistany SSSR-den bölüp aýyrmak üçin iş geçirendigi barada oňa günä ýüklenilýärdi. Şol ýylyň 28-nji oktýabrynda SSSR Ýokary sudunyň harby kollegiýasynyň ýapyk mejlisi sagat 21-den 55 minut geçende başlanýar. Oňa A.Alekseýew ýolbaşçylyk edýär. Şaýatlar, aklawjylar çagyrylmaýar, diňe Oňgalbaýewiň özi bar. Ol özüne ýüklenilen günäni boýun almaýar. Adalatly höküm çykarylmagyny talap edýär. Sud şaýatlaryň beren görkezmelerinden bölekler okap berýär. Gurban Oňgalbaýew bolsa haýsydyr bir erbet adamlar tarapyndan edilýän bu zatlary ýokary sud seljerer, dogry çözgüt kabul eder, ýalňyşlyk goýberilen bolmagy mümkin–diýip oýlaýardy. Ol şol tamasyndan suduň hökümi yglan edilýänçä el çekmedi. Emma... 22 sagat 15 minut. Höküm yglan edilýär. Onda partiýanyň Daşhowuz okrug komitetiniň öňki birinji sekretary Gurban Daulbaýewiç Oňgalbaýewiň ýokary jeza–atuwa höküm edilýär–diýlip görkezilýär. Höküm şol günüň özünde ýerine ýetirilýär. Halkyň, partiýanyň ak ýürekli, merdana oglundan näme üçindir gorkupdyrlar. Şeýdip ýene bir gujuly ýürek urmasyny müdimilik goýdy. Wagtyň geçmegi bilen hakykat dikeldildi. Ýöne, oňa köp garaşmaly boldy. SSSR Ýokary Sudunyň harby kollegiýasy 1958-nji ýylyň 6-njy fewralynda Gurban Odgalbaýew babatynda Ýokary suduň harby kollegiýasynyň 1938-nji ýylyň 28-nji oktýabryndaky çykaran hökümini emele gelen täze ýagdaýa görä ýatyrdy we ol baradakyişi jenaýatyň alamatynyň ýok bolandygy üçin önümçilikden aýyrdy, Gurban aklandy. Türkmenistan KP MK-nyň býurosy bolsa 1988-nji ýylyň 18-nji iýunynda Gurban Oňgalbaýewiň partiýalylygyny dikeltdi. Gurban Oňgalbaýewiň aýaly Izbaýda 1937-nji ýylyňahyrynda on ýyl iş kesilip türmä salyndy. Soňra ol gaýdyp gelenden soň, 1950-nji ýylyň noýabrynda ikinji gezek Nowbsibirsk oblastyna sürgün edilipdir. Ondan soň habar-hatyr ýok–diýip, arhiw dokumentlerinde bellik edilipdir. ...Meniň münen Aşgabat-Daşhowuz samolýotym emaý bilen, asmana galdy-da,Demirgazyga tarap süýnüp başlady. Aşakda Aşgabat şäheri ýaýlyp ýatyr. Şäheriň ilersinde Köpetdag garalyp görünýär. Şu pursat Agaýdar eje özüniň gören düýşüniň hakykata öwrülendigini, özüniň goşa dereginiň – iki jigerbendiniň bir günde ýok edilendigini, asmandaky goşa ýyldyzynyň bir wagtda sönendigini bildimikä? Şol haý-haýly ýyllarda atylyp ýok edilen iki merdana adamyň jesedi nirede galdyka diýlen aýylganç pikirler meniň kellämde at salýardy... Daşhowuz-Aşgabat-Daşhowuz aprel, 1991 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |