GPU-nyñ GARA IŞI ýa-da HAJY IŞANYÑ HELÄK BOLMAGY / taryhy-publisistik makalalar
■ GPU-nyñ GARA IŞI ýa-da HAJY IŞANYŇ HELÄK BOLMAGY
...Onuň bu gezek myhmançylyga baran ýerinde ýaş-ýeleňler hem köp eken. Olaryň haýyşy boýunça yslam dini, musulmançylyk barada gürrüň edildi. Hajy işan özüniň ýuwaş sesi bilen oturanlary bendi edipdi. Döwrüň diýseň howsalaly bolmagy adamlarda sorag baryny döredipdi. Olaryň pikiriçe şol soraglara diňe Hajy işan jogap berip biläýjek ýalydy.
– Allatagalladan gelen hak dine yslam dini diýilýär. Yslam hakykat we ynsaplylyk dinidir. Yslamyň bäş sany sütüni bar. Olar iman, namaz, oraza, zekat, Haja gitmek.
Hajy işan şulary diýdi-de, dymdy. Käsesine çaý guýup içdi. Soňra ýuwaşlyk bilen töweregine äňetdi. «Başladym» diýen terezde gobsundy.
– Iman barada aýtsak, her bir adam ýedi zada şek-şübhesiz ynanmak bilen yslam dinine girýär. Bizi ýaradan ozaly we ebedi. Allatagalla ynanmak, älemi gezip ýören göze görünmeýän mawjut perişdeleriň barlygyna ynanmak, Pygamberlere ynanmak, Allatagalanyň öz perişdeleri arkaly, öz pygamberlerine iberen kitabyna-Kurany Kerime ynanmak, oňa Allatagalanyň mukaddes kitaby diýip ynanmak, ölen adamyň kyýamatda direlmegine ynanmak, kyýamat gününiň boljagyna ynanmak, takdyra ynanmak, ol ölçeg manysydyr. Päklik diýmek näme? Pygamberimiz Muhammet «din päklik» diýipdi. Eger synaň arassa bolmasa, onda kesel başga ýerden gelendir diýip bolarmy? «Gusul»–ýuwunmak. Eýsem kimlere gusul lazym bolýar? Är-aýalyň jyns gatnaşygyndan soňra, ukuda düýşürgäp ahmal galan ynsanlara, zenanlarda haýyz bolandan soňra, aýallaryň çagasy bolandan soň, ýuwunmazdan namaz okamak, oraza tutmak, kuran okamak mümkin däldir. Gusul lazym bolan ynsan iki sagadyň içinde ýuwunmalydyr
Sidik, gan, çakyr, arak degen geýim bilennamaz okamak gadagandyr. Dyrnagyňy, saçyňy aýryp durmak gerek. Namaz okamak üçin täret alynýar.
Kurany Kerimde namaz hemme kişini ýamanlyklardan gorap saklaýar– diýip, ýöne bir aýdylan zat däldir. Allatagla ynsana namazy bir günde bäş gezek okamagy buýrupdyr. Kişi namaz okanda, Allatagalanyň buýrugy ýadyna düşüp, haram işlerden, jenaýatdan daşda durýar. Muhammet pygamberiň belleýşi ýaly, «kişi günde bäş gezek ýuwunsa onda kir galarmy. Bu ýerde diňe bir kir göz öňünde tutulman, eýsem onuň kalbynyň, ýüreginiň arassalygy hem göz öňünde tutulýar. Allatagala oglanlara 12 ýaşda, gyzlara 9 ýaşda namaz okamagy buýrupdyr. Namaz bir günde bäş gezek okalýar: ertir namazy daň atyp, gün dogup başlaýança okalýar, öýle namazy gün dik ýokaryk gelip, ýaşýan ýerine tarap agyp başlan wagty okalýar. Ikindi namazy gün ýaşmasyndan öň okalyp, gün ýaşyp başlaýança okalýar. Agşam namazy gün batandan soň, gyzyl şapak ýaşýança okalýar, ýassy namazy bolsa (huftan) gyzyl şapak ýaşandan soň okalýar...
...Gürrüň tamamlandy, at aýagynyň dükürdisi eşidildi, köp wagt geçmänkä gapydan gara geýimli, ýaragly adam girdi. Öý eýesinden beýlekiler edil gyrgy gören guş ýaly duw-dagyn boldular. Gelen köp garaşdyrmady:
– Men raýon NKWD-sinden. Babanyýazow, Siz biziň bilen raýona gitmeli – diýdi...
...Köpi gören ýaşulylar her kimiň ajaly bir zatdan diýip gürrüň berýärler. Edil şonuň ýaly Hajy işanyň we onuň ýoldaşlarynyň ajaly GPU-nyň oýlap tapan gara işinden ýetdi. Iň gowusy başdan gürrüň bereli.
Megerem, ýaşlaryň «Yslam dini» diýen gurama barada bilmezlikleri mümkin. Emma bu gurama baradaky habar uruşdan öňki ýyllarda köp adamyň zähresini ýarypdy. NKWD-niň Daşhowuz uprawleniýesine Garagalpagystandan gelen materialda bir topar ruhanylaryň döwlete garşy iş alyp barandyklary üçin tussag edilendigini, olaryň aýtmaklaryna görä, häzir Daşhowuz etrapynda gaçyp ýören Hajy işan we onuň ýoldaşlary hem bu guramanyň işine gatnaşýarmyş. Guramanyň öňünde Garagalpagystan hem-de Daşhowuz etrapynda sowet hökümetine garşy ýaragly çykyş etmek üçin iş geçirmek wezipesi goýlupdyr. Bu gurama Owganystandaky merkez bilen aragatnaşyk saklaýarmyşyn. Garagalpagystanyň NKWD-siniň habarynda Saparbaý Pälwanow, Irnyýazow, Imamutdinow, Ismatullaýew, jemi on bir adamyň jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi habar berilýärdi. Olar 1935-nji ýylda daşary ýurtdan gelen Abdul apat Jurabaýew arkaly ýurt bilen aragatnaşyk saklapdyrlar. Bu işe Hajy işan başlyklaýynbir topar dindarlar gatnaşýar eken.
1940-njy ýylyň 22-nji iýunynda Hajy işanyň garşysyna iş gozgalýar. Onuň işjeň kömekçileri hökmünde Molla Babajan Bekjanow, molla Sadulla Orazmetow, Sadyk Magsym Kenjäýew, Molla Halylla Sadykow, Molla Ysmaýyl Kurambaýew, Berdi Murat ahun müfti Seýidow, molla Pirmet Öwezmetow, usta Haýyt Waýysow, Ýusup işan Mätjanow, Inoýat magsym Abelezow, Mätgapur magsym Abdyrahmanow, molla Ärnepes Döwlet Myradow, molla Abyt Buzruhow, Rejep sopy Seýdalyýew dagylar 1940-njy ýylyň ikinji ýarymynda, 1941-nji ýylyň başynda tussag edildiler.
TSSR Döwlet howpsuzlygy komitetiniň arhiwinde saklanylýan «17-nji iş» diýlen iş bilen tanyşsaň, tussaglaryň nähili ýagdaýda saklanylandygyna, sorag edilendigine kem-käsleýin hem bolsa göz ýetirmek bolýar. Bu işiň materiallary 12 tomdan ybarat. Olaryň başyndan aýagyna çenli NKWD-niň sülçüleri derňewiň bähbidi üçin zerur görkezmeleri almak maksady bilen ähli çäreleri görüpdirler diýseň öte geçdigimiz bolmaz. «Yslam dini» diýen gurama baradaky işi 30-njy ýyllarda GPU-nyň organlary diniň görnükli wekillerini ýok etmek maksady bilen toslap tapypdyrlar. Sebäbi häzire çenli Türkmenistanyň, Özbegistanyň döwlet howpsuzlygy organlarynda we döwlet arhiwlerinde şeýle guramanyň bolandygyny tassyklaýanýekeje-de dokument ýok.
Hajy işan ilki Daşhowuzda NKWD-niň türmesinde saklanylýar. Soňra ony Aşgabada geçirýärler. Ol 1941-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda gije sagat 1-den 40 minut geçende sorag etmäge çagyrylýar. Biz bu ýerde şeýle faktlary bolşy ýaly okyjylara teklip etmegi makul bildik. Çünki NKWD-niň sülçüleri özleriniň ellerine düşen pidalary gynamak üçin dürli usullary seçip alypdyrlar. 65 ýaşyndaky goja adamy gije süýji ukudan turzup sorag etmekdäki maksadyň nämeden ybaratdygynydüşündirip oturmagyň hajaty ýok. Şonda Hajy işana sowet hökümetini ýykmak üçin nähili işler etdiň? diýen soraglar berilýär. Biz ruhanylar bilen duşuşan wagtymyz din barada özara pikir alyşdyk–diýip, işan jogap berýär. «Sen Owganystandan gelen Jorabaýew bilen duşuşan wagtyň sowet döwletine garşy ýaragly göreşmek barada maslahat edipsiň, ol yzyna Owganystana gitjek wagty «Yslam dini» gurama ýolbaşçylygy molla Sadulla Orazmetow ikiňiziň üstüňize ýükläpdir» diýýär. Ol «Jorabaýew bilen duşuşanymyz dogry, emma hökümete garşy iş alyp barmak barada hiç hili gürrüň bolmady» diýip, Hajy işan öňki görkezmesini tassyklaýar. Işany sorag etmek sagat 4-den 20 minut geçende bes edilýär. (Jorabaýew ýa-da Abdulla patta Jurabaýew 1898-nji ýylda Özbegistanyň Şaharhan şäherinde doglan, 18 ýyllap Mekgede ýaşan. Ol hywaly Ýusup işan diýen bilen Hywa dolanyp gelen. Ýusup işanyň gyzyna öýlenen. Jorabaýewi TSSR NKWD-siniň üçlügi 1939-njy ýylyň 26-njy noýabrynda daşary ýurt bilen aragatnaşyk saklaýandygy üçin atuwa höküm etdi. 1989-njy ýylyň 31-nji maýynda ol aklandy).
Hajy işany sorag etmek şol gün–28-nji ýanwarda sagat 12-den 50 minut geçende täzeden başlanýar. Sagat 17-den 15 minut geçende bes edilýär. Hajy işan 1941-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda 0 sagat 50 minutda ýene sorag edilip başlanýar-da, sagat 5-den 29 minut geçende bes edilip, şol gün 13 sagat 30 minutda ýene başlanýar. 17 sagat 10 minutda sorag etmek bes edilýär. Soňra sagat 23-de başlanyp, 30-njy ýanwarda daňdan sagat 5-den 30 minut geçende bes edilýär. Sülçi Hajy işany 31-nji ýanwarda 0 sagat 31 minutda kabinetine çagyryp, sagat 3-den 35 minut geçýänçä sorag edýär. Soňra Hajy işany 1-nji fewralda sagat 23-de sorag etmäge başlaýarlar-da ony sagat 5-den 15 minut geçende bes edýärler. Şol sorag etmeleriň hemmesinde sülçi tarapyndan işana berilýän soraglaryň mazmuny birmeňzeş: ýygnanyşyklara, jynazalara, sadakalara kimler gatnaşýar? Olarda näme hakda gürrüň edilýär? Siz Jüneýit han bilen duşuşanyňyzda näme hakda gürleşdiňiz? 1938-nji ýylyň oktýabr aýynda öz jaýyňyzyň gurluşygy tamamlanmagy bilen bagly beren sadaka kimler gatnaşdy?.
Eger-de üns berip okasaňyz, Hajy işany sülçiniň sorag etmäge çagyran wagty adam üçin zerur bolan ukynyň iň süýji wagty dälmi? Elbetde, ukynyň arasynda, ýaşy bir çene baran adamyň ýadaw halda berlen soraglara položitel jogap bermäge mejbur bolandygy ähtimal.
Hajy işanyň ogly Matgapur magsym 1941-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda sülçüniň soraglaryna arakesmesiz ýedi sagatlap jogap bermeli bolupdyr. Şu iş derňelen wagty Hajy işan 85 gezek sorag edilipdir. Şonuň 26-sy gije geçirilipdir.
Molla Babajan Bekjanow 31 gezek sorag edilipdir. Inoýat magsym Abelezowyň sorag edilmegi 1940-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda sagat 15-de başlanyp, ertesi 5-de hem kesilipdir.
«Yslam dini» diýen guramanyň ýolbaşçylarynyň biri diýlip günä ýüklenen molla Sadulla Orazmetow 43 gezek sorag edilipdir. Ol 1940-njy ýylyň 4-nji dekabrynda sorag edilmäge çagyrylýar. Sorag sagat 9-da başlanyp, şol gün arakesme bilen sagat 19-a çenli dowam edýär. 5-nji dekabr güni 10-dan 19-a çenli, ertesi hem şeýle dowam edýär. 11-nji dekabrda bolsa 10-da başlanyp, 12-nji dekabr güni sagat 1-den 40 minut geçende gutarypdyr. 1941-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Aşgabadyň türmesinde Sadulla Orazmetowy sagat 1-de sorag etmäge başlaýarlar. Ol sagat 3-den 16 minut geçende bes edilýär.
Sülçiler öz ygtyýaryndaky tussaglaryň ýagdaýyna üns bermändirler diýse boljak. Olaryň saglyk ýagdaýyny, ýaşyny hasaba almandyrlar. Mysal üçin, tussag edilen Inoýat Magsym Daşhowuz türmesinde oturan wagty sorag edilipdir. Inoýat, magsym çydap bilmän, sorag wagty oturgyçdan ýykylypdyr. Oňa kömek bermeklige derek bu ýere çagyrylan wraç Inoýat Magsyma jögülik edýärsiň diýipdir.
Soňra sud. 17-nji işe Türkmenistan Ýokary sudunyň sud kollegiýasynda seredilýär. Sud mejlisine şaýatlaryň hemmesi çagyrylmandyr. Olar 36 adam ekeni. Işden eli boşamaýar, gelmäge wagt az, serişde köp gerek diýen bahana bilen olar gelmändirler. Bary-ýogy Baýdullaýew, Boýçyýew, Taganow, Baýramow we Hywalyýew diýen şaýatlar sudda görkezme beripdirler. Olar hem sud edilýän ruhanylaryň jemgyýetçilik zähmetine gatnaşmandyklaryny, emma olaryň döwlete garşy iş alyp barmandyklaryny aýdypdyrlar. Sudýanyň elinde «Yslam dini» diýlen guramanyň bolandygy we onuň agzalan çlenleriniň döwlete garşy iş alyp barandygyny tassyklaýanmaddy subutnamalar bolmandyr.
Ine TSSR Ýokary sudunyň sud kollegiýasynyň Aşgabatdaky mejlisinde bu iş 1941-nji ýylyň maý aýynyň 4-inden 16-syna çenli seredilýär.
Sud mejlisinde Rejep sopy Seýdalyýewden beýlekileri öz günälerini boýun alypdyrlar. Özlerine ýeňillik edilmegini sorapdyrlar. Molla Pirmet Öwezmetow bolsa soňkysözünde «Men sopy, molla. Indi garradym. 74 ýaşymda. Maňa ýeňillik etmegiňizi soraýaryn» diýipdir. Emma sud molla Pirmet Öwezmetowy, Ussa Haýyt Waisowy, molla Halila Sadykowy on ýyl azatlykdan kesmek, jezasyny çekip gelenden soň bäş ýyl saýlaw hukugyndan kesmek, emlägini konfisklemek barada höküm çykarýar.
Hajy işan Abdyrahman Babanyýazow başlyklaýyn galan 12 adam atuwa höküm edilýär.
TSSR Ýokary sudunyň prezidiumy 1941-nji ýylyň 6-njy iýunynda Hajy işan Abdyrahman Babanyýazowy, Ýusup işan Mätjanowy, molla Sadula Orazmetowy, molla Ysmaýyl Kurambaýewi, Mätgapur magsym Abdyrahymowy atuwa höküm etmek baradaky öňki hökümi güýjünde galdyrýar. Höküm şol ýylyň 7-nji iýulynda ýerine ýetirilýär. Sud jogapkärçiligine çekilenbeýleki ruhanylara on ýyl berip, olar GULAG-yň lagerlerine ugradylypdyr, Şolardan molla Babajan Bekjanowdan başgasy lagerdäki agyr işlere çydap bilmän ýogalypdyrlar. Molla Babajan obasyna gaýdyp gelip, 1975-nji ýylda aradan çykypdyr. Obadaşlarynyň aýtmaklaryna görä, ol başyndan geçiren agyr ýagdaý barada kelam agyz söz aýtmandyr.
Respubdikamyzyň Ýokary sudunyň prezidiumy 1990-njy ýylyň 31-nji awgustynda «Yslam dini» diýen guramanyň «aktiw çlenleri» hökmünde Hajy işan Abdyrahman Babanyýazow–jemi 15 adam hakynda TSSR Ýokary sudunyň prezidiumynyň 1941-nji ýylyň 16-njy maýyndaky hökümini ýatyrdy we şol iş boýunça günälenen ruhanylary aklady.
...Il arasyndaky rowaýata görä Hajy işan we onuň bilen höküm edilenler hökümi ýerine ýetirmäge gelenlere ýüzlenip, «bize, soňky namazymyzy okamaga rugsat ediň!» diýip haýyş bilen ýüzlenipdirler. Olaryň haýyşy kanagatdandyrylypdyr. Işan dagylar namazyny okapdyrlar, soňra ýerlerinden turup «oglanlar, biz taýýar, şeýle ölüm her kime miýesser edýän däldir» diýipdir. Soldatlar ýaraglaryny çenäp ugranda hem işan imanyny öwürmäge başlapdyr...
Soñy.
Orunbasar ALYMANOW.
Taryhy makalalar