DÜKANLAR
Sagyña bakýañ - dükan,
soluña bakýañ - dükan,
köçeleñ gyrasy - dükan,
daglaryñ degresi - dükan.
Baý, dükan kän,
haryt kän...
Leýmun-almalarmy - eliñi uzat,
Narynjy,
turunjy mähnet kersenler.
Mesenesi çyrpynyp dur utýanyñ,
Utulýanlar täleýinden görsünler.
Ynha, depe zerli-zersiz matalar,
Nyrh üýtgeýär gyşyñ howasy ýaly.
..."Pänç owgani,
pänç owgani!"
Gygyrýar -
Bir ýetginjek, gözi açlykdan doly.
Boýnuna orapdyr bir köne şaly,
Ellerini görüp, kesewdir öýtdüm.
Şonda käte gaty doýýanmyz bildim,
Şonda öz doklugma utandym gitdim.
Dünýe gardy,
ýedi ýoluñ üstünde,
Äýnek satýar,
kükürt satýar - däneläp.
Käbil bazarynda gyzyl selleli -
Jalaý köçä sygman gelýär däliräp.
Ol tesbi sanaýar.
Dähedem-dessem -
Ýöreýär,
gör, nämä gedem ýylgyrýar.
...Guş ýaly galpyldap kiçijik jerçi,
"Gulakjynñy sataý!" diýip ýalbarýar.
Onuñ baş arzuwy ýeke gulakjyn,
Ýaman borly gara başyñ gowgasy.
A dükanda jöwher çaýýar gözlere
Bir üýtgeşik gaşly ýüzük söwdasy.
Dükanlar...
Terezä münüpdir bar zat
Beýik jeñe girýär çyn,
hile,
ýalan.
Men bu ile jübim pully gelmedim,
Geldim gowy türkmen ýüregi bilen.
Ýat illeriñ ykbalyna goşulyp,
Diñe Uly Haýryñ tarypynda men.
Kükürt satyp, çörek gazanýan oglan -
Ber eliñi, seniñ tarapyñda men!
Baýram JÜTDIÝEW.
Goşgular