12:55 Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa | |
DURMUŞ DIÝSEŇ AJAÝYP...
Hekaýalar
Maňa Apykaý Olçaýewiç diýýärler. Tarpa-taýyn öldüm ýatyberdim. Aýalyma, çagalaryma ahyrky sözümem aýdyp ýetişmedim. Ölüm-dä bi, gelýän diýip geljekmi?! Henize çenli o dünýäden gaýdyp gelen yok. Yöne geň-taň pursatlaram bolýar-a, ine, men şeýle ahwalyň şaýady boldum. Aradan çykan adam ähli zady görýär, eşidýär hemem oňa düşünýär eken. Ynanmaýan bolsaňyz, birme-bir beyan edeýin welin, özüňiz görüberiň. Aradan çykanymdan soň, birnäçe günläp öýde nämeleriň bolup geçenini ýadyma salyp bilemok. Yadyma düşürip bilen ilkinji zadym, meni gaty gowy edip jaýlamagyň ugruna çykan adamlar. Hiç kim meniň bilen däldi. Amanadymy tabşyranymdan soň, hassahananyň merhumlar saklanýan jaýynda iki gün boldum. Ilki üç adamdyk. Beýlekileriň kimlerdigini görüp bilmedim, mümkinem däldi, sebäbi bu ýerdäkileriň üsti ak örtgi bilen örtülgidi. Meniňem üstümi dessine örtdüler. Ýylynsyn diýip däl-de, hassahananyň düzgüniniň şeýledigi üçin. Bu ýerde ýatanlar käte azalýar, käte täze getirilýänlerem bolýar, ýöne olaram dört-bäşden köp däl. Bu hekimleriň eliniň ýeňilliginden; näsaglar köplenç gowulaşyp gidýän borly. Örtginiň aşagyndan adamyň görmegi mümkin däl. Ýöne şeýdip ýatyşyňa, töwerekdäki hereketden hassahananyň işgärleriniň o ýana göçen birini geýindirýändigine düşünip galýaň. Olar öz işlerine juda ezber. Doňup gatan elleri, aýaklary çekişdirip, köýnekleriň iligini ildirenlerinden soň, galany aňsat diýýärler. Bu işiň bir çüýşe arak bilen onluk pula ýakyn muzdy bar. Bu hem kadaly ýagdaý. Jesedi kim mugtuna geýindirer öýdýäň... Ahyrsoňy maňa-da nobat ýetdi. Saçlaryna çal sepen iki ayal gelip, üstümdäki ak örtügi syryp aýyrdylar. Soňam daşardakylar eşider ýaly edip: «Heniz ýaşam eken-le, neresse, ýaşap ýörmeli eken-dä. Eý, Hudaý, bi görgüli edil janly ýaly...» diýip, ikisi iki ýerden geýindirmäge başladylar (bu gürrüňlerden geýindirme muzduny köpeltjek bolýandyklaryna düşündim). Köýnegimi hem daşky geýimlerimi bolmalysy ýaly geýindirdiler. Yöne içki köýnekçäm bilen tammanymy welin, geýindiren ýaly edip, beýlä taşlap goýberdiler. Dogry hem edýärler. Ony açyp barlap durjak barmy? Ölen adamyň ýöremek aladasy ýog-a, aşak gaçar durar ýaly. Bu nämekä?.. Bolar-bolgusyz gürrüňler meni tabyda salyp, öýe getirip taşlanlaryndan soň başlandy. Suratymy ulaldyp, daşyna-da gara matadan çarçuwa çekdiripdirler. Telewizoryň, ýüz görülýän aýnanyň ýüzüni örtüpdirler. Daşyna gyzyl mata çekilen tabydymyň içinde ýatyrylanymda, agaç şepbiginiň hem tagtanyň ysyndan onuň täzedigini aňdym. Ilki bilen ýakyn hossarlarym - çagalarym, ejem-kakam, dostlarym - töweregimde oturdylar. Soňra aýalym bir çüýşe arak bilen bir bölek et getirip, başujumdaky stolda goýdy. Çilim çekmeýänem bolsam, heniz açylmadyk bir gap ''Belomory'' hem taşlady. Däp şeýle... Çagalarymyň mähriban ejesi sary Horagaýymy (gowy göremson, ayalyma şeý diýip ýüzlenýärdim) birnäçe gün bäri görmändim, Az wagtda garrapdyr. Gözleriniň aşagynda halka, maňlaýynda gasyn peýda bolupdyr, Elleri inçelip, eginleri sallanypdyr, gözleri içine çöküpdir. Ayalym: Pahyr, et agzalsa, bürgüt çagasy ýalydy - diýip, töwerekdäkiler eşider yaly edip, sowuk ses bilen dillendi.Ahyrky gezek bir iyip-içsin-dä. Mähriban ayałym dogry aýtdy, Ýõne dirikäm welin, ondan beýle sözleri eşitmändim. Girip-çykýanyň hetdi-hasaby yok. Garyndaşlarymdan galanlarynyň köpüsi yoldaşlarym, aýalymyň tanyşlary, hatda tanamayanlarym hem bar. Adamlaryň yzy üzülmän gelip dur. Yüzüne ýazgy ýazylan gara gülhalkalardaky desse-desse güller öýi doldurdy. Bularyň bary menin hormatyma, Yagty ýalançyda adam hökmünde boş yaşamandyryn diýip, doňup barýan bolsamam içimden buýsanýaryn. Gelenler aýalyma: «Yzy ýarasyn!» diýýärler. Gadyrdan Horagaý Horlyýewna, ýanýoldaşyňy zyň ölümi zerarly çekýän hasratyňyzy paýlaşýarys, biziň duýgudaşlygymyzy kabul ediň. Bu hem merhuma hormatdan nyşan. Herhal, aýalym bu hormata mynasyp. Ir säher bilen birnäçe hormat-sylagly adam gelip, tabydymyň ýakynynda oturdy. Bu meni gaty begendirdi. Gyşyň gary ýaly sowuk bedenim ýylan ýaly boldy. - Munuň görmegeýleşendigini bir gör aýalymyň ýoldaşlarynyň biri halys ýürekden gürledi. - Edil janly ýaly. Adaty adamlardan üýtgeşik, arassa ýaşan adamdy-da pahyr... diýip, Bu aýaly tanaýardym. Aýalymyň joralarynyň biri, özem zerre ýalyjagam ýalymsaklyk etmesi ýokdur. Näme pikir edýän bolsa, adamyň ýüzüne göni aýdar. Bir gezek adamsy bilen balyk tutmaga gidipdik. Gaýdyşyn öýlerine sowlup geçdim. Bize: «Siz balykçy däl, size doňuz diýerler» diýenini asla ýadymdan çykaramok. Gönümel hem buýtar-suýtarsyz gürleýän aýaldy. Onuň gymmatly sözlerini indiki durmuşymda-da unutmaryn. Wagt giçdi, birdenkä gapy gaty-gaty kakyldy-da, bir serhoşyň içerik girip ýüzin ýykylandygy duýuldy. Ol hem aglaýardy, hem gürleýärdi: Mähriban dostum aradan çykypdyr, men aglaman, kim aglasyn?! Soňra ol adamlaryň arasyndan töweregi ýykyp-ýumrup barýan däli göle ýaly bolup geçip, ýatan otagyma geldi. Oturanlar ony golaýyma goýbermediler. Ol jübüsinden arakly çüýşäni çykaryp: «Onuň satyn alan aragyny hiç haçan ýanymdan aýyrman» diýdi-de, başyna çekdi. «Bäri toý däl, ýas ýeri» diýşip, ol adamyň aragyny jübüsine dykyp ugratdylar. Bir zat ýadyma düşýär. Gelen serhoşyň niýeti gynanç däl, bet pygyl. Yok ýerden peýda bolan bu adam - gaty köne tanşymdy. Işdeşdik. Maňa asla ýüz bermedik adamdy ol... Bu edýän işi hem büs-bütin öç almak üçin. Bir gezek edaramyz çagalar üçin dynç alyş gura- dy. Yaňky gelen yoldaşym: «Çagalary iş güni äkide- liň» diýdi. Men dynç günleri bolanda bolmazmy diýen pikiri öňe sürdüm. Her kim meniň aýdanymy goldady. - Şol günden soň, şu ýoldaşym meni duşman okundy, mydama garşyma gürleýärdi. Men sowuk diýsem, ol gyzgyn, men ak diýsem, ol: «Yok, gara» diýýärdi. Heý, adamam bir beýle gylyksyz bolar oguşýan. Indem gelip, pursatdan peýdalanyp, badasyny somlaýar. ''Yoldaşyna gerek bolsa, etinden kesip bermäge-de taýýardy'' diýen ýaly gepler tapýar ol. Bu göz-görtele çişirmeden başga zat däl. Yöne alajyň näme, şular ýaly ýerde şeýle etmelimiş. Agşamdan daň agarýança mesawy gürrüňler edildi. Köpüsi-de men hakda. Uly işgärem boldum, syýahatçam... Sürüji, fotosuratçy, ezber suratkeş, aýdymçy, - erteki aytmagyň ussady, daýhan, çopan, awçy, ökde - balykçy... Başga näme diýsinler... Käte halys suwuny çykarsalar-da, dünýeden öten adamyň yzyndan şeýle gürrüňleriň edilmegi guwandyrmanam duranok... Sary Horagaýym nädip aglasyn, gözýaşy gurady. Şonda-da men hakda ýere bakyp gürleýär: - Dogrusyny aýtsaň, kakalarynyň hojalyk işine gezek gelende «ä-äsi» ýokdy. Daşarynam süpürer, egin eşigem ýuwar, odun-suwam daşaberer, naharam bişiribererdi. Bir adamda iki el, iki aýakdan başga el-ayak bolýarmy, ol pahyr şonda-da bar zada yetişjek bolardy. Çagalaryň ýyrtygyny ýamardy, ädiklerini özi tikerdi. Mellekde işlän mahaly sesini eşiden dälsiniz. Howlymyz mydama jagyl-jugul, çagamyz köpdür. Güýz golaýlanda öýümizi baýramçylyk howasy gaplardy. Çagalarymyň kakasy öz yetişdiren gök önümlerinden her dürli işdäaçarlar, garbamçalar, duzly, burçly sowuk tagamlar, çorbalar, guraksy naharlar taýýarlardy. Soňam goňşulary, tanyş-bilişlerini, hatda, töwerekden geçip barýan nätanyş adamlaram öýe çagyrardy. «Dadyp görüň, iýiň-içiň, göwün açyp, süýji gürrüňler edip, keypini görüň» diýip, hödür-kerem ederdi. Myhmanlar çüýşeleri bilen gelerdiler. Özem öýde boş däldir. Şeý dibem, «lezzetçi» lakamyny aldy. Men bolsam biderek jere ýüzümi awudyp, gaharlanyp, pahyra azar berer dim, «Arakkeş Apykaýymyň içmek bolsadysy-ha başa bardy» diýip, oňa iñirdesemem, sesini çykarmazdy... Biderek yere azar beripdirin. Ekiniň bereketli hasyly ähli yerde bayram edilip gutlanýar-a. Ah sabantoý.... Ayalymyň demi tutuldy. Ön düşünmändirin... Çagalarymyň ejesi nähili akylly aýal eken. Ömürlik yolda şymyň bu gürrünleri maña gaty täsir etdi, agym tutdy. Şol gün daň agarýança, dostlarym ýanymdan aýryl mady, uzak gijäni çirim etmän gürrüň edip geçirdiler. Diñe men hakynda dal, käte iş-güýç bilen bagly jany yangyn gürrüňlerem etdiler. Bu ýyl ekinler bereketli, ot-çöp bol bolupdy. Ekin-tikini gysga möhletde, zaýaçylyga yol bermän nädip ýygnalar? Halk maly üçin iki ýyla ýeterlik ot taýýarlamak gerek. Bu işler diñe obaly daýhanyň işi däl, bütin halkyň işi, Dilim aýlanýan bolsady, menem gürrüñe goşulardym. Dirikäm, başymdan köp zat geçirdim... Bagtyýarlygy-da gördüm, hasraty-da. Soňky döwürler köp içmek il içinde yoň boldy. Geçen ýyl ýakyn garyndaşlarymyň biriniň ýasyna baranymda yakamy tutdum. Ýatygly hassa heniz ölmänkä, hossarlary içip başlapdyrlar. Aradan çykan mahaly her kim içip-içip boljagy bolupdyr, öýdäkiler öýde, daşardakylar daşarda içişip, ýene bir topary-da mellegiñem daşynda gulkudyşyp otyr. Ýasly öýi serhoşlar eýeläpdir. Aglap ýatany haýsy, arlap ýatany haýsy... Aýak basara ýer ýok. Süýnüp ýatanam bar, düýrülip-büküdip ýatanam. Olar yagyşdan soňky läbik ýaly buýur-bulaşyk bolşup ýatyr... Ýeke özi oturan bir yoldaşymyň sözleri meni has tol gundyrdy. Ony diýen etmeýän dilim bilen size gürrüň berip bilmerin. Şonda yoldaşym oturan yerinden: -Dostumyzyň çagalaryny gözden salmarys-diýdi. Urmasyny goýan ýüregim bu sözleri eşidenimde tasdanam ýerinden gozganypdy. Hatda birnäçe gezek tyrsyldap, soň ýene togtaýdy öýdýän. Adamlaryň gowulary, diýseň ýagşy gylyklylary hem bar ekeni. Dirikäm bilmändirin, muña indi düşünýänligim nähili haýp. Ertir meni soňky jaýyma salynmaly, depin edilme. li gün. Ir säher bilen hysyrdy, başagaýlyk başlandy. Adamlar bir girip, bir çykýarlar. Arasynda köýnegi beýle, ayakgaby eýl diyen hüňürdili seslerem eşidilýär. Ahyry inilerimiň ulularynyň biri gelip, ýeňñesine; «Agamyza arzan köýnek geýdiripsin» diyip käyindi. Bar mesele onda dal ahyry, esasy zat, arassa hem täze bolmagy ýeterlik. Yerimden turup hereket edip bilýän bolanlygymda, ol hepbesiziň dulugyna bir şapbat çalardym. Toya, gezelenje gidemok ahyry men... Gymmatbaha, kaşaň eşik nämä gerekmiş? Dirikäm gowy geýinýärdim. Gelşikli görünmek, kaşaň geýinmek diñe dirilere gerek. Hysyrdy tamamlanandan soň, ýakyn hossarlarym tabydymy öýden çykaryp, ýas ulagyna mündürdiler. Gonamçylyga tarap yola düşdük. Gaty gynanýardym, tasdanam sowuk gözlerimden ýaş syrygypdy. Dirikäm dost-ýarlarymyň beýle köpdügini bilmeýärdim. Tabytdan turup seredip bilmen ahyry! Şonuň üçinem ulagyň yzyna düşüp gelýänleriň beýleki bir ujuny görüp bilmedim. Öýüne gelip-giden, duzuny iýip, suwuny içen, bile işleşip, hal-ahwal soraşan, salam diyip görşen adamlary adamyň dostudyr diyip düşünýärdim. Hazir görýän welin, asla beýle däl eken. Tutuş il-gün dostuň bolup bilýär eken. Halkyňa hakyky hyzmat edip bilseň, hemme kişem seniň dostuña öwrülýän bolmaly. Diri adama dünýe dar ýaly görünýär. Ölen adama welin, dört gadamlyk çukur ýeterlik. Meni ahyrky ýoluma ugratmaga üýşülende, birnäçe yoldaşym söz sözledi. Halkyma beýle köp nepim degmese-de, dostlarym meniň üçin mähirli duygularyny beyan etdiler. «Maşgalasynyň diregidi», «jemagatyň öňbaşçysydy», «hemmeleriň howandarydy», «ýaşlara göreldedi... diýen jakymly sözler aýdyldy. Ahyrsoñy ýakyn hossarlarym meníň bilen soňky ýola hoşlaşyp razylaşmak üçin ýanyma geldiler. Ýarym-ýaş bolşup ýüzümi-gözümi ogşap-öpdüler. Biçäre ejem bilen kakam «Seniň ýeriñe biz ölsek bolmaýarmy» diýip gözyaş etdi. Olaryň ählisinden beter çagalarymyň aglamasyna gaty gynandym. Şu ýaşyma çenli nämeler başymdan geçmedi, peslendimem, pislendimem. Sowukda-da galyp gördüm, açlygam başymdan geçirdim, suwsuzlygam. Emma şunuň ýaly agyr hasraty görmändim. Görgüli çagajyklarymyň gyzgyn gözýaşlary ýüzüme ýagyş damjalary ýaly paýraýardy. «Kaka jan, näme üçin ýatyrsyň, hany. tur!» diýýän çagalarymyň çekýän ajy hasratyndan ýaňa özüme gelip-giden ýaly boldum. Ynsan ogly perzentleriniň ählisini eý görýändir welin, olaryň arasynda birini hasam eziz görýändir. Meniň hem ortanjy oglum şeýledi. Balajygym diñe aglap oňmaýardy, demi tutulyp, bogulýan ýaly bolýardy. Demini haşlap alyp, üstüme eglip, çyn ýürejiginden syzdyryp: «Sen bolmasaň, kim bilen balyk awlaryn, kaka jan?!» diýende, doňup gatan gözlerimden sowuk gözýaşlar akan ýaly boldy. Mähriban aýalymyň ýüzümden - gözümden ogşap öpmedik ýeri galmady, gözyaşlary bilen ýüzümi ýuwýan ýalydy: «Mähriban Apykaýym, balalarymyň kakasy, seniň beýdip gidiberjegiň ýadyma-oýuma düşmese näme? Haýsy bisähet günde beýle bagtygara dogdumkam? Ezizim, men çagalarymyzy taşlap gitmen, olary adam ederin... Kakasy, kakasy! Meni eşidýärmiň? Käte ýersiz ýere saña iñirdärdim. Bagyşla, mähribanym! Men saña çynym bilen gaharlanamokdym. Diñe gowusy bolsun diýip, adyň il içinde hormatlansyn, çagalaryňa görelde bol diýip edýärdim ony. Seniň öňünde, çagalarymyň öňünde utanar ýaly iş etmedim. Eger, eger bilmezlikden göwnüñe degen bolsam, günämi geç», Aýalymyň şeýle gowy garaýyşdaky adamdygyna hiç wagt düşünmändirin. Indi ähli zat ahyrlap, toý tamamlanansoň, iş işden geçensoň, muña göz yetirmegim nähili erbet, nähili gynandyryjy... Çagalarymyň söýgüli ejesine biderek yere «ony getir, muny getir, bu erbet, şu bolmandyr» diýip, näçe ýola azar berdim... Ahli islegimi sary Horagaýym sesini-üýnüni çykarman ýerine ýetirdi. Gaýtargy bermedi, goh etmedi, onuň-munuň ýanynda gürrüňimi edibem ýörmedi. Perzent dogurdy, çagalaryň garnyny dok, egnini bitin etdi. Bularyň daşyndan işleýärdem, işden soň öýe gelip, ähli zada-da yetişerdi. Ah, durmuşyň sapaklaryna iş işden geçensoň düşünen tüntlügim! Ömür diýlen bu gysga yol gaýta- dan geçilmeli bolsady, onda oña bütinleý başgaça serederdim. Yagty dünýede yaşalýandygy üçin adamlaryň «ömri diñe bagtyýarlykda yaşamalydygyny, her bir zady öz wagtynda, öz yerinde berjaý etmelidigini Horagaýyma pyşyrdadym. Aýdanymy eşidip, oña düşünendir-dä, herhal. Indi meni depin etmek pursady geldi. Haý diýmän piller işe giriziler, üstüme toprak sürler. Boljak-goyjak zatlary ýeriň aşagyna girenimden soň nädip eşiderkäm. Saçlary bulam-bujar bolan aýalym gõni ýanyma geldi-de, aglamakdan çişen gözlerini maña dikip: -Agalar, doganlar! - diýip, hyrryldyly sesde gürläp başlanda sesi kesildi (indi näme aýtjakka diyip gy zykłandym). Ol gollaryny ginden açyp, endiräp duran, ýõne aýgytly hem ynandyryjy ses bilen gürledi: - Agalar, doganlar! Men heniz ýaş, gaytadan dur- muş gurup, durmuşymy täzeden başlabam bilerdim. ýõne mähriban ýanýoldaşymyň hemem siziň öňüñizde oña wepaly bolup galjakdygyma, mundan soň başga biri bilen goş birikdirmejegime söz berýän. Yygnanan märekänin üstünden gara kölege geçip giden ýaly boldy. Erkek kişiler ýüzüni başga ýana sowdular. Aýallar aglaşdylar. Hiç kimden utanç duymaýan zenanlyk duýgusy bilen agladylar. Şeýdip galyberdim. Emma ömrümi gaytadan ýaşamak mümkin bolup, aradan çykan özüm däl-de, aýalym bolan bolsa, men şeýle söz berip bilermidim? Gadyrdan erkek kişiler, erkekler, siz şeýle ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolsaňyz näderdiniz? Biz beýle pikir etmezdik. Diñe ayallar şeýle pikir edip bilýärler! Diñe şolar şeýle edip bilýär... Eziz aýalym, sary Horagaýym! Men şu tabytdan hökman turaýmaly, daşyna çykmaly. Mundan artyk ýatyp biljek däl. Ýogsa gaty giç bolar, ýene sähel salymdan ýeriň astyna girmeli bolaryn. Dessine turup: «Beýle diýme, çagalaryň ejesi, sary Horagaýym! Öleniň yzyndan ölünmeýär! Yzda galanam ýaşaýşyny dowam etdirmel-ä. Çülpe çagalary ýetişdirmek seniň bir özüňe kyn düşer. Hökman däl, ejeleri bolup gal-da, göwnünden turan biri gabat gelse, goş birikdir. Yöne hergiz içegene baraýmagyn» diýip aytmagym ge- rek. Göwrämi galdyryp bilmedim. Her näme-de bolsa, ölüm ölümdi, men indi merhumdym. Mundan soň näme boldy diýýäñizmi? Agyr gapagy üstüme goýdular. Bar zat sumat boldy... Altyn Günüm hoş gal, hoşja gal! Takyr-tukuryň arasy bilen eşidilýän çekiç sesleri tabydyň çüýlerini mäkämläp ugrady. Bu sesi öň eşidip görmändim. Şol wagt, hakykatdanam, çydap durup bilmedim. Bar güýjümi jemläp içimden «bi-i-ir, i-ki-i, ü-ü-üç!» diyip sanap, güýjümde barymy etdim-de dikeldim... Gara der bolup, düşegimde dikelip oturanymy gördüm. Ortanjy oglum beýleräkde balyk awlamak üçin menjagazlary taýýarlap otyrdy. Meniň sary Horagaýym şa zenany melike dal, ýöne sereden mahalym onuň gözelligi melikeleriňkidenem zyýat göründi gözüme... Ol biraz juwanlaşanam ýaly. Çagalarymyň ählisini ogşap çykdym, aýalymy öp- düm. Soňam derimi sylyp, özümi dürsedim. Saña nämeler bolýar, kakasy? diýip, sary Horagaýym gyzyklandy. Hiç zat. Şol gün işime-de ir säher bilen ugradym. Gyssanmaç geýnip, daşaryk çykdym-da, durmuşyň, ýaşaýşyň gözelliginden, diri bolmak guwanjyndan bagtyýarlyk duydum. Pikir edip görýän welin, men muny ön hiç haçan duýmandyryn. Dünýä ajaýyp, ynsanlar bagtyýar, ýetginjek oglanlar gahryman, juwan gyzlar gözellikde taýsyz. Durmuş diyseň ajaýyp... Adam nädip bu gözelligi eli bilen bozup bilýärkä? Nädip şeýle ajaýyp durmuşda erbet ýaşap bilýärler?! Kyzyl-Enik KUDAŽY. Terjime eden Meretmämmet HANMÄMMEDOW. | |
|
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |