07:28 Durmuşdan bir parça / hekaýa | |
DURMUŞDAN BIR PARÇA
Hekaýalar
Azady prospektiniň trotuary adamdan doludy. Adam edil elewatordan akýan bugdaý däneleri ýaly akyp durdy. Adam akýan iki trotuaryň arasyndan bolsa dürli reňkli, dürli kysymly, dürli göwrümli awtomobiller, trolleýbuslar akýardy. Bu wagt altyn güýzüň ýene bir güni ahyr bolup barýardy. Ýagyş şeýle bir ownuk ýagýardy welin, onuň damjalaryny ýönekeý göz bilen saýgarybam bolanokdy. Prospektden akyp duran maşynlaryň üsti suw bolup ýalpyldap durdy. Howa garaňkyrap başlady weli köçäniň al-ýaşyl, ak-sary çyralary hem ýandy. Bir çyranyň özi birnäçe çyra bolup köpeldi. Prospektiň üstündäki çyralaryň şöhlesi maşynlaryň ýalpyldawuk ýagyrnysyna düşüp, ýene asmana galýardy. Asmandan aşak inip, aýna ýaly köçä düşüp, hasam öwşün atýardy. Onsoň şol ýagtynyň nireden düşýänini hem bilip bolanokdy. Azady prospektiniň ugrundaky ýaşaýyş jaýyň onunjy gatyndan bir gyz açyk penjireden aşak seredip, bu gözel görnüşi synlaýardy. Diňe bir synlamak hem däl, şol akyp ýatan joşgunly adam derýasynyň içinden birini gözleýärdi. Ol gyz öz ýaşaýan jaýlarynyň düýbünden geçýän trotuara seredip durşuna: «Eje, Gurban gelýär» diýip, begençli gygyrdy-da, haýdap baryp, ejesini gujaklady. Onsoň lifte münüp aşak düşdi. Gurban trotuardan sowlup, belent jaýyň arkasyna öwrülende, ony tyňkyja gyz bagryna basdy. Onsoň ol gyz Gurbanyň elinden tutup, liftiň kabinasyna saldy. Knopkany basdy. Lift ýokaryk süýşüp ugrandan gyz Gurbanyň boýnundan asylyp, iki ýaňagyndan ogşady, saçlaryny sypalady. Lift onunjy etaža baryp duransoňam, ol gyz Gurbanyň gözünden, ýüzünden ogşap esli eglendi. Gyzyň ejesi gelip, liftiň gapysyny açmadyk bolsa, olar entegem eglenjekdiler. – Juwanlar, ýörüň öýe giriň, onsoňam ogşaşmaga wagt taparsyňyz – diýip, gyzyň ejesi olary içerik saldy. Gurbany diwanyň üstüne ýykyp, gyz ony bagryna basdy, ýüzünden-gözünden öpdi. Gyzyň enesi bolsa stoluň üstüni näzi-nygmatdan doldurdy. Eneli-gyzyň bu hyzmaty Gurbanyň çopan göwnüni galkyndyrýardy. Galkynman näme? Düýnki çopan beýle-beýle mähir-hezzeti düýşinde-de görmändi. Nahar edinensoňlar gyzyň enesi: – Maýa, siz öýde boluň, men magazinden ony-muny alyp geleýin – diýip, çykyp gitdi. Enesi gidensoň Maýa içki otaga girip, üstki geýimlerini çykaryp geldi. Boýy bilen görkezip duran aýnaň öňüne baryp, özi öz katdy-kamatyny synlamaga başlady. Ynha, kelte boýly dykyzja gyz; göwüslerem özüne ulyrak gelýän ýaly bolup, has galbaň görünýär, sagrysy esli yza çykyp dur, injikleri çomuç ýaly ýogyn, uzyn boýly bolmasa-da, giň gujakly gyz. Ýeke örülen ýogyn, goňras saçy gümmezekläp duran ýaýraň sagrysynyň üstünden eýläk-beýläk taýyp hallan atýar. Çöwrülübräk duran pökgüje dodaklary birhili görene piçjiň atýan ýaly bolup dur. Gurban ýarym ýalaňaç gyzy esli wagt synlap oturdy. Aýnaň öňünde bir çepine, bir sagyna aýlanyp duran terje gyz Gurbanyň äwmezligine çydap bilmän, baryp onuň boýnundan asylyp, gujagyna doldy. Ýigidiň agzyna bir bulgurjyk konýak şerabyny tutdurdy, stoluň üstünde duran tortdan goşa aşyk ýalysyny agzyna atdy. Yzyndanam Hindi kofesinden owurtlatdy. Konýakdyr kofäniň humary ýetip ugrandan soň, Gurbanyň gözüne gujagynda oturan gyz hasam enaýy göründi. Iň soňky gezek «söýgüniň hatyrasyna» diýip çakyşdyran bulgurlary olaryň ikisinem diwan-krowatyň üstüne gyşartdy. Şol günüň ertesi Gurban bilen Maýanyň durmuş toýuny uly dabara bilen toýladyk... Dostum bolany üçin men Gurbanlara köp barardym. Onuňky ýaly hamrak hem yhlasly gelnimiň bolmagyny arzuw ederdim. Arzuw etmez ýalam däldi. Dostumyň gelni. Maýa Gurban gapydan girenden ýylgyryp garşy alýardy. Köwşüniň bagyny özi çözüp bererdi. Elini-aýagyny ýuwdurardy, onam iý, munam iç diýip, ärine işdäsi bolmasa-da, esli zat iýdirerdi. Irden Gurban işe gaýdanda bolsa, gelni onuň kostýumyny tutup berip geýdirýärdi. Iliklerini ildirip, saçyny darap berýärdi. Köwşüniň bagyny daňyp berýärdi. Öýden çykyp gaýdanda bolsa, esli wagtlap ýylgyryp yzyndan seredip durýardy. Boý-syratyna guwanýardy. Gurbanyň dost-ýarlaryna dagy onuň hezzet edişini diýsene, bar zady stoluň üstündedir. Ýarym gije barsaňam, turup nahar taýýarlar. Gara gadyrdyr. Bir gün gijara Gurban bilen tirkeşip, olara bardym. Çaý-nahardan soň dostumyň gelni maňa: – Eşikleriňiz kirläpdir, siz geýimleriňizi çykaryň-da, biraz wagt Gurbanyň eşiklerini geýip oturyň, men derrew ýuwup-ütükläp bereýin – diýdi. Men ikirjiňledim. Maýa utanmaga ýer goýmady. «Çalşyrynyň, derrew taýýar bolar, siziň ýaly öýlenmedik ýigit üçin utanar ýaly zat ýok, baran ýeriňde ýuwdurybermelidir – diýip, Gurbanyň köneräk eşiklerini öňüme atdy. Nädip guradyp ýetişenini bilemok weli, bir sagada ýeter-etmez wagtda meniň eşiklem taýýar boldy. Şondan soň men eşiklerim kirlän wagty bilmedik bolup Gurbanlara baraýýardym. ...Ýöne weli, ilkinji çagalary bolansoň birhili dostumyň gelniniň ugry bolmady. Soňky günlerde ol birhili Gurbana sowuk-sala garap başlady. Öň işden gelende, güler ýüz bilen garşylap, aýak gabyna çenli özi çykaryp berip, iýjegini agzyna tutup berýän gelin indi Gurban gapydan girende görmeýän ýalydy. Öň bir ýere gitjek bolanda Gurbanyň saçyny darap berip, kostýumynyň iliklerne çenli özi ildirip berýän gelin indi äriniň haçan öýden çykanyny hem duýman galýardy. Indi Maýanyň maňa garaýşam üýtgedi. Ozal baramda nirede oturdyp, nähili hezzet-hormat etjegini bilmän hozanak bolup ýören gelin indi men baramda, göwnüme bolmasa, ýüzüni çytýan ýalydy. Gurbanyň beýleki dost-ýarlary dagam myhmançylyga gelende, Maýanyň ugry bolmazdy. Gelniniň bolşundan göwni suw içmeýän dostum Gurbanyňam soňky wagtlarda gelen-gidene öňküligi ýokdy. Ýüzi salykdy. Öý eýesinden açyk ýüz görmedik dost-ýarlaram, dogan-garyndaşlaram kem-kemden Gurbanlardan çekilişip başladylar. Maýanyň birden beýle bolmagynyň sebäbine düşünjek bolup, köp azara galýardy. Çagasy bolansoň öňki ýaly äriniň daşynda pyrlanyp durmaga eli degýän däldir diýseňem, çaga köplenç, Gurban seredýär ahyry. Bar, işi köp bolsun-da, başga zada eli degmese-de açyk ýüzi bir bolmaly ahyry. Ýok, bu ýerde başga bir zat bolaýmasyn... Maýa çaga dogrulýan öýden gelensoň, bäş-üç gün dynç aldy. Özüni dürsedi. Onsoň oňat ýaşamak barada kellesinde pikir öwürdi. " – Gurban institutda işläp iki ýüz manat aýlyk alýar. Menem trestde hasapçy bolup aýda ýüz manat alýaryn. Ana bolduň üç ýüz manat. Şu girdeji bilen üç adamdan ybarat maşgala arkaýyn gün dolap biljek. Emma şu Gurbanyň lakaşasy näme diýsene, dostum diýdi, obadaşym diýdi, bile okanym, tanşym, garyndaşym diýdi, öý halys depeşek. Her gelene-de nahar gerek. Şu Gurban zerarly bu maşgala halys gedaý galjak. Ol bir ýerik gitse asyl hezil bolaýýar. Bir iki ýüz manat alsa-da alýar weli, munuň gazanany özüne ýetenok. Üstüne geýimlerini ýuwup-ütüklemek hem bir adama iş. Munuň är bolup kömek etdigem däl ahyry. Näme peýdasy bar, gaýtyp zyýany bar – diýip, Maýa diwanyň üstünde çiň arkan düşüp ýatan ýerinden zöwwe galdy. Birinden çekinýän ýaly, töweregine ýaltaklady. Onsoň has çynlakaý görnüşe girip, pikirini dowam etdi. – Ýogsa-da, men şu Gurban bilen aýrylyşaýsam nähili bolarka – diýip, özi-özüne sorag berdi. Mysylap ýatan çagajygyň ýanyna bardy – wiý, bi neresse çagajygam kakasyz galar, aý, galsa – galsynda. Men näme kakaly ulalypdyrynmy? Ejemem men bir ýaşymy doldurmankam kakamdan aýrylypdyr ahyry. Wiý, birden Gurban bilen aýrylyşmagymy çynyrgadaýsam, muňa ejem näme diýerkä? Aý, näme diýse şony diýsin. Özüňem şeýdipsiň, menem senden görelde alýan diýerin. Ýogsa-da eklenç ýagdaýy nähili bolarka? Men ýüz manat aýlyk alýaryn. Aýrylyşamsoň gyzym üçinem elli manady Gurbandan aliment alaryn. Ana boldy ýüz elli manat. Be, büýä azyrak bolýar, kän azam bolup durmaz, ýumruk ýaly gyz bilen maňa bol ýeter. Onsoň ejemiňem segsen manat pensiýasy bar-a. Daşyndan altmyş-ýetmiş manatlyk ýeňil-ýelpaý işem edip biler. Ana onsoň hojalyga aýlyk girdeji ýene üç ýüz manada ýeteňkirlär. Diýmek, Gurbansyzam men oňat ýaşap biljek. Ýöne «Gurbany nädip şu öýden çetleşdirmeli, has dogrusy başyny alyp gitmäge mejbur etmeli. Aýrylyşmak üçin arzany suda goý onuň özi bersin...» Ine, şu pikirler Maýa ynjalyk bermeýärdi. * * * Bir gün men agşamaralar Gurbanlara bardym. Gapyny açdym weli, edil öňümde Gurban omadaklap pol ýuwup ýör ekeni. Içki otagdan roýalyň sesi gelýärdi. Gapynyň agzynda esli durdum. Emma dostum menden habarsyz şo-ol müňedekläp, pol ýuwup ýördi. Ahyry gelenimi bildirmek üçin Gurbanyň arkasyna kakyp goýberdim. Ol zöwwe galyp, meniň bilen salamlaşdy. Gurban ýuwaşja geplese-de, meniň sesim batlyrak çykaýdy öýdýän, içki otagdan çasly ses eşidildi. – Sen ýene haýwanlygyňy edip ýeke täk gyzymyz roýal çalýarka gepleýärsiň, saňa öň näçe gezek aýdyldy. Gurban maňa «Tişe» diýip agzyny tutdy. Onsoň ikimizem lal bolduk. Gurban poluny ýuwup bolansoň, meni roýal çalynýan jaýa eltip, diwanda oturtdy. Bu wagt Gurbanyň kiçijik gyzy roýal çalýardy. Meň bir sagada golaý dymyp oturanymdan soň halys çydamadym-da, gaýtmaga hyýallanyp, ýerimden turdum. Gurban sesini çykarman, meniň egnimden basyp, ýene diwana çökerdi. «Azajyk otur, ýene bäşje minutdan gutarýar, onsoň kofe içeris» diýip, gulagyma çalaja pyşyrdady. Ahyry dostumyň gyzy çalmasyny goýdy. Biz uludan dem alyp, azatlyga çykan ýaly bolduk. Gurban aşhana tarap barýan aýalynyň yzyndan gygyryp, ondan kofe taýýarlamagy haýyş etdi. Emma aýaly hyrra yzyna öwrülip geldi-de, biziň üstümize abanyp durdy. Ellerini bykynyna urup, ärine haýbat atdy: – Sen näme maňa ýumuş buýurýaň, sen buýrar ýaly näme menden köp işleýämiň, gaýtam az işleýänsiň, men her gün sekiz sagat işleýän, emma sen günde alty sagat studentlere sapak berýäň. Gaýtam sen maňa iýmek-içmek taýýarla. Şeý diýende Maýanyň ýogyn burnunyň deşikleri ýel alyp, dodaklary müňk-müňk etdi. Men dartgynly ýagdaýy gowşatmak üçin ýüregimiň tersine gepläp, Maýanyň tarapyny çaldym. – Dogry-da walla, erkek bolup, aýal maşgala ýumuş buýrup durmak uslyp däl ähbetin – diýdim. Onsoň Gurbanyň özi kofe taýýarlap geldi. Edil gapdalymyzda duran owadan serwantdaky rejelenip goýlan çaşkalaryň iki sanysyny alyp kofe guýdy. Şol wagt Maýa aşhanadan oýmuldyklap geldi-de, Gurbanyň üstüne abandy: – Sen haýwan, kuhnýadaky bufetde ulanylýan çaşkalar durka, näme üçin serwantdan täze çaşka alýaň! – diýip, biziň öňümizde duran kofeli çaşkalary alyp gitdi. Soň öwrülip biziň ýanymyza gelmedi. Kofe içişimizem şol boldy. Men çykyp gaýtjak bolamda, dostuma şeý diýdim: – Haý, dostum, indi öz öýüňde çaşka ellemäge-de ygtyýaryň bolmasa...aý, bolýar-da, hoş sag bol. * * * Aýazly gyş gijesidi. Men öýümizde Tolstoýyň «Anna Karenina» romanyny okap otyrkam, gapy kakyldy. Turup gapyny açsam Gurban ekeni. Onuň beýle giç gelmegi meni birneme howsala saldy. Sebäbi gije sagat on iki bolup barýardy. Ol meniň: «Näme, saglykmy özi» diýen soragyma: «Hawa-la, oňatlyk, ýöne hany bärik gel» diýip meni çete çekdi. Gapydan beýleräge çekilsek, garaňkynyň içinde bir silkme telpekli, egni içmekli ýaşuly durdy. Ýaşuly bilen görşüp salamlaşanymdan soň, Gurban pyşyrdap gepledi. – Dost, diýýän-ä, obadan kakam gelipdir weli, şu gün ol sizde bolaýsyn-la?! – Bolýar. Ýöne öýli-işikli bolalyň bäri seň gapyňdan kakaň şu ilkinji gelşi dälmi? – Hawa. – Onda näme muny bize getirdiň, öz oglunyň öýünde ýatsa gowy bolmazmy? – Aý – diýip, Gurban ýuwdundy. – Aýyň bolmaz, sebäbini aýt. – Sebäbimi? Sebäbi Maýa: «Babaýyň eşikleri kirli, üstünden erbet ys gelýär» diýýär, gyzymyzam telpeginden gorkýar. Myhmanhana eltip geläý» – diýdi. Diýenini etmeseňem galmagal turjak. Onsoň myhmanhanalara telefon etdim. Hiç haýsynda ýer ýok ekeni. Ahyry size getirmeli boldy-da. – Ýöne bu zatlary kakama aýtmaweri – diýip, dostum boýnuny burdy. Meniň bolmajym bolup, gaty ses bilen gepledim: – Näme aýtman, gatam aýdaryn – diýip dostumyň kakasyna ýüzlendim – Ýaşuly, seniň erbet ysyň barmyşyn, özüňem kirlimişiň ol agtyjagyňam seň telpegiňden gorkýarmyş, şonuň üçin bularda ýatmak saňa gadaganmyş, ýör, öýe gireli – diýdim. Ýaşuly bir bada yzyma düşübermedi. Oglunyň ýüzüne dykanlap seretdi, demirgyr bolan sakgalyny sypalap güýmendi. Bu wagt Gurbanyň etli-ganly daýaw göwresi kakasynyň öňünde kem-kemden mürşerip barýan ýalydy. Men dostumyň bu bolup durşuna dözmedim. Ony çykgynsyz ýagdaýdan halas etmek üçin ýaşulyň çigninden tutdum. – Ýör ýaşuly, öýe gireli – diýdim. Şonda-da, ýaşuly birbada ýöräbermedi, bir zat diýjek bolýan ýaly ýuwdundy. Emma geplemedi. Agyr hem garyljyk ses bilen «hümm» edip yňryljyrady-da, onsoň yzyma düşüp gaýtdy. Ýaşulyň sakgalynyň saňňyldamasy bize gelip bir hum çäýnegi boşadandan soň kiparlady. * * * Iki aý dagy ara wagt salyp, bir gün dostumyňka bardym. Gurbanyň ýüzi duw ak bolupdyr. – Ýeri-how, syrkawlap ýörmüň, ýüzüňde gan-pet ýok-la? – diýip soradym. – Aý, syrkawlama näme işlesin, aý ýarymdan bäri daşaryk çykman dissertasiýa ýazýan, Maýa gelnejeň şu ýyl gora diýdi. Indi menem özüme agram salyp işleýän, özüme galsa entek howlukjagam däl welin... Şol wagt Maýa haýdap biziň ýanymyza geldi. – Gurban gaty işli, muňa päsgel bermäň – diýdi. Men Maýanyň gaňryşyna gaýtdym: – Dissertasiýany beýdip ýazmaly däl. Howlukman ýazmaly, öz ukybyna görä işlemeli, seň äriň eňkamy gidipdir. Dissertasiýany gutarýança, özem gutarjak munyň – diýdim. Maýanyň ýarasyna duz sepilen ýaly boldy. Ol: – Ah, sen, gelip meniň ärimiň elini işden sowadýaň, biziň öýümize aýda üç ýüz manat girýär, bu dagy bize näme bolýar. Aslynda, iki ýüz manat erkek adama aýlykmydyr? Menem ýüz otuz manat alýan, Gurbanyňkydan sähel az. Ärim menden iki esse dagy köp almaly ahyry –diýdi. – Dissertasiýa gorap alym bolmak hökman däl. Şonsuzam günüňiz erbet däl ahyry. – Sen biziň maşgala işimize burnuňy sokma, tizräk alym bolup gowuja ýaşamaly, ony başarmajak bolsa-da, güm bolup gitsin-de, sallah ýaşasyn. Oňarmajak adama maşgala nämä gerek. Senem indi bize azrak gel. Biz nähili ýaşamalydygyny senden soramzok. Men Maýa näme diýjegimi bilmän, agzyma suw alan ýaly bolup, durdum-durdum-da, sessiz-üýnsüz çykyp gaýtdym. Dostumyň öýünden iň soňky gezek çykyp gaýdanyma bir aý gowrak wagt geçipdi. Bir gün gijara dostum çemedanlyja bize geldi. Men muny geňem görmändim. Sebäbi iru-giç şeýle boljagyny bilýärdim. «Muny oňarypsyň, hiçden giç ýagşy» diýipdirler. Etmelisem şudur» diýip, dostumy güler ýüz bilen garşy aldym. Dostum bizde üç-dört aý ýaşady. Onsoň Tylla atly owadan hem akylly gyza öýlendi. Bir gün men, dostum hem onuň gelni Tylla üçimiz «Mir» kinoteatryna gitdik. Biziň oturan hatarymyzda dostumyň aýaly Maýa-da oturan ekeni. Heniz kino başlanmandy. Zalyň içi ýagtydy. Onuň gözi bizdedi. Maýa Gurbandan gözünem aýryp bilenokdy. Ol Gurbanyň ýüzüniň şeýle mähirlidigini, görmegeýdigini, buýra-buýra bolup duran şar gara saçynyň özüne örän gelişýändigini, syratlydygyny diňe häzir duýýardy. Gurbanyň çep egnine kellesini ýaplap oturan Tyllany özi bilen deňeşdirip görýärdi. Tylla özünden has owadan. Tyllanyň zol-zol Gurbana seredip ýylgyryşyny görüp bolsa: «Maňa göz edip ysgaşan bolýarlar» diýip içini gepledýärdi. Şeýle ýigidiň gadyryny bilmän, özünden daşlaşdyranyna bolsa, häzir näçe diýseň ökünýärdi. Allaberdi DURDYÝEW. | |
|
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |