12:02 Düýş / poema | |
DÜÝŞ
Poemalar
Garagum ýaşyl öwsüp, Jeýhun dolup akanda. Öýümi ýasa öwrüp, Ýatyrmyşym kepende. Ho-ol añyrda bir goja, Tabydymy ýasaýar, Goñşularymyz üýşüpdir, Uzakdanam gelen bar. Mal soýup, ojak gazyp, Ot ýakdylar, elbetde. Çyn dost gözün süpürip, Gussa çekýär bir çetde. Ýolbaşçysumaklary, Begendirdi bu ahwal. Aýdym aýdyp, tans edip, Keýp etdiler, çeniñ däl. Diýdiler: "Ah, çyn bolsun, Ýazyp kyn etdi haly, Ýöne göwnüme ýene, Gaýdyp geläýjek ýaly". Goñşy aýal gelnime, Gepleýär geñ ýylgyryp: "Ahyr içim sowandyr, Seni şu gün dul görüp..." Bir göwnaçyk hamsygdy: - Ol ajaýyp şahyrdy. - Dogry - dillendi biri - Munda nämeler gördi?! Begendi ýazyp-bozýan: - Bolsa çykmadyk zady. Öz adymdan çykardyp, Alaýyn güýçli zady. Goşuldy ýene biri: Sada, eli açykdy. Kyn günümde goldady, Ýazlar kimin alçakdy. Bagşy ony goldady: "Gyzyl ýaly ýigitdi. Goşgulary tüýs aýdym, Arman, örän ir gitdi!". - Ýok, gygyrdy satyjy - Tüýs haramzadady. Gorkma, ýazmaryn - diýip, Ah, gör näçe aldady. - Tüýs mekirdi -arlady, Peýdakeş gyjap dişin. - Yrsarap, barlan bolup, Ah, köp görüpdi işim. Gürledi bir kärdeşim, Dörjäp ojagyñ odun: - Wezipesin alaryn, Gazanan hemme adyn! Bergili çapak çaldy: - Dyndym agyr bergiden, Algyly için tutdy: - Zyýan çekdim birgiden. Danasumak "dür saçdy", - Nä gerek ýazyp-bozmak, Duşmanyñy köpeldip, Hemem ýigrenji bolmak! Ýürek durup öläýdi, Ýogsa hiç ýok gümany. Awy berip ýa ýoklap, Öldürjekdiler ony. Ýa boýnuna zat ýükläp, Basdyrjakdylar türmä. Ýaşap ýörse, ol hökman, Düşýärdi garma-gürmä. Akmak köp akyl satdy: - Goşgudan bormy pişe. Baş agyrdyp ýörenden, Girmeli pully işe! Bir gyz saçlaryn ýaýyp, Ah çekdi zaryn aglap: - Didaryna zat etdi, Pelek bagtyny baglap! Jak-jaklap güldi biri: - Ine, söýmeseñ meni. Çyn söýgä parh goýmasañ, Görseñ, nädýär ekeni! Birisi "baha berdi": - Bolup ýörşi birgeñsi. Köpi hasap edenok, Tumşugy dik, gedemsi! Tüýs janykdy arakhor: - Ah, arman içenokdy: Aýalbazam ýylgyrdy: - Zenanda gözi ýokdy. Gybatkeşem öwündi: - Syrlaryn ile ýaýdym. Etmedigim etdirdim, Diýmedigini diýdim! Anonimçi, arzaçy, Üýşüp zeýrenişdiler: - Her näçe köp ýazsagam, Bolmady, tutmady ýer! Parahor güpläp çişdi: - Pul bersemem, almady. Bozuk gyz gaşyn çytdy: - Çagyrsamam, gelmedi! Ýaranjañ pyşyrdady: - Beýtjegin bilen bolsam, Yzyna düşüp ýörmän, Wah, özüm bolup galsam! Diýdi enem biçäre: - Duşmanlarmyz gülmezmi?! Jan oglum, señ ýeriñe, Wah, men gitsem bolmazmy?! ...Hopugyp oýanamda, Dañ atyp gelýän eken. Bolan zatlañ düýşdügne Begendim ýüregimden. Zynjyrynda üýrüp dur Goñşymyñ ala iti. Tañrym, bu mojuk düýşüm Nämäniñ alamaty?!. Eziz YKBAL. | |
|
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |