09:25 Göreş / sonetler çemeni | |
GÖREŞ
Poemalar
1. Ýyldyzyñ kalbynda ýanýar gyzyl ot, Ýüregmize çoýup ýyly mährini. Ynsan ogly mundan gidip bilenok, Siñdirmekçi aýa-ýyla mährini. Gussa batyp, ülpüldemän şemala, Güller ýatyr sowuk daşy gujaklap, Ene Ýer eñreýär bu ýowuz hala, Gözler gözýaşyny bilenok saklap. Diller dymýar, şol sözläp dur göwünler, Kalbymy gaplapdyr dymyşlyk-seza. Köñüllerde dogýar şol gara günler Bu örän bagtlylyk hem agyr jeza. Şol baky alawda jemlenen ýaly, Geçen-geljek nesilleriñ ykbaly. 2. Geçen-geljek nesilleriñ ykbaly, Lowlap dur, ýagtyldyp gözel geljegi. Watan mähri siñen olañ ykrary, Aýan ýene bagrymyzy diljegi. Kareliýa jeññelinde gezdim men, Söweş edýän esgerlere duş geldim. Olar ýanýan güller bolup gögeren, Yranyp baş atdy, salamyn aldym. Ýaşyl meýdanlarda çekdim azary, Bu topragyñ aýagyna ýykylyp. Örboýuna galyp bakylyk ýaly, Aýdymyny aýdýar Şaly Kekilow. Töweregi duman, elde awtomat... Ol ýyllar müdimi serden gidenok. 3. Ol ýyllar müdimi serden gidenok, Gursagmyz gujaklap galypdyr baky. Gerçeklere bolan mähir ýitenok, Meñzimize siñen ýüregmizdäki. Ýigrimi ikinji iýun, kyrk birinji ýyl, Iñrik çöken ýaly garaldy asman. Gyzgyn gan damarym - ähli ulus-il, Gelejege bakdy geçmişe bakman, Dagdan şaglap inen däli sil deýin, Ýürege ýañ saldy täsin bir mukam. Şol mukamy hemdem edip ýolboýun, Esgerler gidip dur hol öñe bakan. Erkinlige sary gidýärin häli, Dünýäden umydyñ gitmeýşi ýaly. 4. Dünýäden umydyñ gitmeýşi ýaly, Ýürekleriñ sesi bardyr gursakda. Göreşýäs, syrylar asmanyñ şaly, Asman kimin yhlas bolan pursatda. Öñe gidip barýan, bary ýadymda, Oba, wokzal, hemem nem basan gözler. Meniñ söweş edýän bu meýdanymda, Ruhuma ruh goşýar şol solgun ýüzler. Ädimlermiz döwrüñ heñin çalyp dur, Ajaýyp mukama gaplanan serler. Ýatlamalar ýaly yzda galyp dur, Ýüregmiziñ ganyn siñdiren ýerler. Ähli hesretlere ýürekler çydap, Wepa täç deý beýik bolupdy juda. 5. Wepa täç deý beýik bolupdy juda, Müdimi besläpdik ýüreklermizde. Bu dünýä durşuna şatlyk hem pida, Şatlygy göterdik göreçlermizde. Günler dynman kürekläpdi ömrümiz, Günleri ugratdyk elwan şapakly. Yhlasly garaşdyk nurly güne biz, Ol dogmaga diñe biz üçin hakly. Ol sarsmaz galamyz - Watanmyz erkin, Ýürekler bu sözden baky güýç aldy. Çünki sap wyždanyñ öñünde her kim, Açyk dañdan ýaly saplanyp galdy. Munda müdimilik nur saçyp her ýan, Ynamym bir-bire belentdi örän. 6. Ynamym bir-bire belentdi örän, Joşup örboýuna galan serlerde, Yhlasyñ derdinden göwünler eräp, Galdy ýyly mährim siñen ýerlerde. Seretmedim özgelere dikanlap, Gözlerimi ýaşlap gujakladym men. Ejizlik esgere müdimilik ýat, Ýöne bu gursagym doly şatlykdan. Aslynda şatlykdyr ynsanyñ özi, Muny bu ýollarda duýýarsyñ ertir, Şu günki ýitiren dostlarym azmy... Gyzgyn güllelerde ömürler ýatyr... Biz çekenem bolsak umman deý pida, Beýik ruhdan hiç wagt düşmändik jyda. 7. Beýik ruhdan hiç wagt düşmändik jyda, Dostar üçin dünýämize gül ekdik. Diñe özümizden gözledik pena, Özümizen ýolumyzy ýagty etdik. Söýdük şol günleri durkumyz bilen Alnymyz açylar, duman syrylyp. Ýyllar diñe biziñ üçin dogulan, Öñünde dyz epdik, ýüzlere sylyp. Ýürekde göterdik ene Watany, Damarda ganymyz batly ýöredi. Barýan gijämiziñ alynky dañy, Ertämiziñ bagtt bolup döredi. Göreş gerdenlerde belentdi örän, Ol ýyllar daglaryñ gerşinde dörän. 8. Ol ýyllar daglaryñ gerşinde dörän, Ýerdäki ýazlaryñ döreýşi ýaly. Meýdanlaryñ üstün ak garlar bürän, Barýan ýeñşiñ al şapagyna sary. Señ öñe gitmegiñ şeýle bir kyndyr, Gazaply söweşler misli bir gaýa, Hany, nirede ol Aleksandr, Hany, nirede ol mähriban Zoýa?! "Men alysa garap asyldym dardan, Ýürekden geçirdi faşist "ştigin". Şeýdip, aýra düşüp Watan, dost-ýardan, Men ölüp, Watany gorap ýatyryn". Esgerleri guçýan bolsa-da düzler, Ölüm diýen zady görmändi gözler. 9. Ölüm diýen zady görmändi gözler, Gursagmyz gussadan dolanam bolsa. Mydama göwnaçyk bolarmyş ýazlar, Gyşdan garalyklar galanam bolsa, Men öñe barýaryn gözlerim yzda, Söwer gyz seredýär gözlerin ýaşlap. Men öñe barýaryn gözlerim öñde, Dogar ýeñşiñ al şapagy lowurdap. Sary ýaýdan sypan peýkam mysaly, Görüp men alnynda ýaryñ jemalyn. Faşistiñ şol gara gursagna sary, Uçup barýan gülle bolmaga taýyn. Dünýäniñ saglygna göterdim bada, Geljegmiz aýdyñ hemem ol sada. 10. Geljegmiz aýdyñ hemem ol sada, Front. Asman ýaly agarýan ýollar. Men başgalar üçin baky dünýäde, Başgalaram meniñ üçin ýaşaýar. Şonuñ üçin ýagtyldyp dur giñ jahan, Şonuñ üçin aýlanyp dur bu zemin. Biz mundan gitmeris, bolarys hökman, Tylla meýdanlaryñ duruşy kimin. Atymyzy alyslara çapýarys, Düşüp tämizligiñ täsin yşgyna. Mähir bolup teşneleri ýakýarys, Şeýdibem, öwrülýäs döwrüñ keşbine Şöhlesini saçýar gözýaşly gözler, Säher ýaly söýgä düşüpdi ýüzler. 11. Säher ýaly söýgä düşüpdi ýüzler, Akar suw mysaly bagtlydyk örän. Arşa göterilen bürgüt deý sözler, Faşist gursagynda ok bolup dörän. Ýeñiş güni gujak kimin gerildim, Ene ýere siñdim kümüş gözlerden. Meýdanlarda bugdaý bolup oruldym, Ýañlandym men Jeýhun ýaly sazlarda. Özüniñ gussaly aýdymyn soñlan, Göreçdäki ýodalardan ýöredim, Meniñ asyl durkum keşbinde jemlän, Gyz ýüzüne ogryn-ogryn garadym. Şol ýyllary söýüp düşüpdim oda, Bizi ýeñjek güýç ýok eken dünýäde. 12. Bizi ýeñjek güýç ýok eken dünýäde, Söýgini hiç wagt ýeñip bolmaýar. Sile böwet bolan säwlikden käte, Adam birden belentlige galmaýar. Gije diýmän, gündiz diýmän hars urup, Gözlemäliñ hazynany-altyny. Yhlasly goralyñ il-ulus bolup, Nesilleriñ şatlygyny-bagtyny. Jahanda şer işler juda kän häli, Olar ýüregimde baş bolup dömýär. Göwünlere getireliñ ak ýazy, Aý-günüñ dogjagy aýdyñ görünýär. Şatlykda bolary üçin Ýerimiz, Göreşeliñ, dik tutup biz serimiz. 13. Göreşeliñ, dik tutup biz serimiz, Başy belent ala daglara meñzäp. Ene ýere siñsin gyzgyn derimiz, Damarda ganymyz goý, ursun dyñzap. Tomus ýaly mähir bilen guçaýyn, Bu baky asmany asyl topragy. Gyzgyn ýüregimi orta goýaýyn, Bolaýyn baglaryñ tylla ýapragy. Men bahar açylan bägül mysaly, Ýagaýyn gyşlarda ýyly gar bolup. Gözlerim elýetmez alyslañ zary, Hem galaýyn bakylyga ýar bolup. Gezeliñ elmydam saçyp derimiz, Manyly bolar deý ömürlerimiz. 14. Manyly bolar deý ömürlerimiz, Göreşipdik, göreşmeli biz häli. Goý, rahat aýlansyn Ene ýerimiz, Synmaz ganat baglap laçyn mysaly. Meñ ýüregim şeýle zady küýseýär: Bu dünýäniñ ähli gaýgy-gamyny Diñe bir özümde saklasam diýýär, Düşürmezlik üçin özgä demini. Yhlas bagtly edýär eken ykbaly - Kalbymdaky pyntyk ýaran arzuwlar. Wah, niçikkä özgeleriñ ahwaly, Gör, bu sowal ýitse neneñ gowy bor?! Şol sowaldan sowlup geçip bolanok - Ýyldyzyñ kalbynda ýanýar gyzyl ot. Magistral Ýyldyzyñ kalbynda ýanýar gyzyl ot, Geçen-geljek nesilleriñ ykbaly. Ol ýyllar müdimi serden gidenok, Dünýäden umydyñ gitmeýşi ýaly. Ynamam bir-bire belentdi örän. Wepa täç deý belent bolupdy juda. Bagtdan hiç wagtda düşmändik jyda, Ol ýyllar daglaryñ gerşinde dörän. Ölüm diýen zady görmändi gözler, Geljegimiz aýdyñ hemem ol sada. Säher ýaly söýgä düşüpdi ýüzler, Bizi ýeñjek güýç ýok eken dünýäde. Göreşeliñ dik tutup biz serimiz, Manyky bolar deý ömürlerimiz. Eziz YKBAL. | |
|
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |