05:22 Esgeriñ ölümi | |
ESGERIÑ ÖLÜMI
Goşgular
Tamara Perhatowa bagyşlaýaryn. Gapyñyzdan bardym çemen göterip, Anýa, "Enem ýok" diýip, aglap goýberdiñ. "Ýalan", GYGYRDYM MEN, ÖZÜM ÝITIRIP, Hem agyr ýitginiñ keşbini gördüm, Anýa, "Enem ýok" diýip, aglap goýberdiñ. Maña giñ jahanda orun ýok ýaly, Gussa ýüregimi paralap barýar. Eziz keşbiñ göz öñümde dur häli Hemme göreçlemde geçen uruş bar, Gussa ýüregimi paralap barýar. Näme gördüñ bu ýalançy dünýäde, Diñe ýagşylygñy nogul deý seçdiñ. Ömüriñ durnagöz çagba deý sada, Bir salymda güwläp geçdiñ-de gitdiñ Sen uly Russiýa juda meñzeşdiñ. Seniñ bilen hoşlaşybam bilmedim, Ýatyr ýüregimde bir uly arman. Mazaryñy gujaklap bir agladym, Ajy gözýaşlarmy seçeläp her ýan Bolsa, señ ýeriñe bolardym gurban. ■ PYNHAN AGY HAKDA ÝATLAMA Kolhozçylar pagta ýygyp ýördüler Menem öz ejeme kömekleşýärdim. Şonda ol aýalyñ gözýaşyn gizläp, Ýuwaşja hiñlenip, aglanyn gördüm. "Ýeke çykan çynaryñ, Goýy saýasy bormy?! Ýardan ýanan ýüregiñ, Däri-dowasy bormy?!" Muny eşitmediler menden özgesi, Sebäbi, her kimiñ ýetikdi işi. Çaga ýüregime ak gussa dolup, Görýän ýaly boldum erbet bir düýşi. Meñ kiçijik ýumruklarym düwüldi, Bar zada taýyndym şol agy üçin. Gara gözlerime gyzgyn ýaş geldi Oýandy şol enä mukaddes söýgim. Onuñ ýary uruşdan gaýdyp gelmedi, Yzynda galypdy ýekeje çaga. Şonuñ üçin kolhoz işi üçin ol, Razydy özüni oda urmaga. Kimler oñ üstüne sawçy iberdi, Kimler bolsa onuñ ýolun baglady. Sawçylary kowup, yzyndan bolsa, Ýaryny ýat edil, ogryn aglady. ...Ol garrady, agtyklary ulaldy, Şonda-da gatnap ýör kolhoz işine. Ýöne şol gezekki aýdan aýdymy, Gussam bolup girýär meniñ düýşüme. Eziz YKBAL. | |
|
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Musanyň kelamy / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Jadyly duýgy / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Ah, köňül, kemçilikden ýat boldy-la sapalar... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Zehi zatyň nahany, ol nahandan masewa peýda... / Goşgular - 19.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||