17:00 Kämillik / sonetler çemeni | |
KÄMILLIK
Poemalar
1. Ötüp barýan şemal ýaly bu ömür, Düýnem bahar bardy bu şat toprakda. Ine, indem munda başga bir döwür, Gözýaş deý dökülýär sary ýapraklar. Pasyllar geçip dur yzly-yzyna, Galdyryp tükenmez şatlykdyr-arman, Päli pes ýaşasañ meñzäp zemine, Ruhubelent bolsañ misli gök asman. Bu gün ýokdur düýnki gören ynsanyñ, Gidendir köpleri gama batyryp. Duýmarsyñ salymda million ýaşanyñ, Päk ýaşasañ ýagşy-ýamany görüp. Ynsan gözi bilen etseñ dünýä syn, Durmuş örän uzak ak ýollar kimin. 2. Durmuş örän uzak ak ýollar kimin, Ony halka bagş etseñ durşuna. Güwläp gitseñ misli dagdan inen sil, Geljege itergi bolsañ durmuşa. Azaşyp düşenoñ bir agyr güne, Kalbyny ýyladyp, lowlaplar ýansañ. Galamyñy nemläp gyzgyn ganyña, Gijelerne ýatman goşgular ýazsañ. Seretseñ durmuşa döküpler deri, Ah, örän kän eken goýberen hatam. Serden zyñyp taşlap şowsuzlyklary, Öñe ynam bilen basdym men gadam. Bütun durkuñ bilen ýigren, söý, söýül, Bol miweli baga meñzeýär köñül. 3. Bol miweli baga meñzeýär köñül, Bar ýeri tutupdyr altyn ümsümlik. Ruhum juda belent, ädimim ýeñil, Yzym ýagty, öñüm birgiden tümlük. Men diýip gapymdan gelen adama, Gaýgyrmadym elden gelen kömegim. Başarsañ, sen hergiz adam aldama, Ony özüñ saýyp, dolsun damagyñ. Anyk eşidýärin gursaklardaky, Ýuwaşja hiñlenýän gürsüldi sesin. Söýgi deý özümi duýýaryn baky, Şygyrdan goýýaryn müdimi nesil. Güýzde meni gussa batyrmaklyk kyn, Bu dünýä şeýle bir ýürege ýakyn. 4. Bu dünýä şeýle bir ýürege ýakyn, Munda barlygyña begenýäñ juda. Maña aladasyz ýaşamaklyk kyn, Wagty ýitirmäge bilmerin çydap. Iñ gymmatly zatdyr wagt diýlen zat, Bir ýitirseñ, yza dolanmaz gaýdyp. Soñ göwnüñi aldap bolarsyñ sen şat, Boş geçen günleriñ dolanar öýdüp. Geçeni geçdi bil, alaç ýok oña, Ýöne geljegiñe edingin sapak. Ýogsa, munda duşýan güzapdan ýaña, Has kyndyr öz ýalñyz ýoluñy tapmak. Sataşyp ýörsemem müñ dürli derde, Aýdym aýdyp, tans etdim men toýlarda. 5. Aýdym aýdyp, tans etdim men toýlarda, Munda il-gün bilen adamsynyñ adamsyñ senem. Şoñ bilen ýagyp dur ýagyşdyr gar-da, Şoñ üçin dogup dur Aý bilen Günem. Mahal-mahal baryp gonamçylykda, Aramyzdan gidenleri ýatlaýan. Hiç mahal olary baky unudyp, Kalbyñdan çykaryp bolanok bir ýan. Hany, niredesiñ Sary klasdaş, Hany, nirede sen Rozyýew Artyk. Ah, indi olara gidýän ýollar daş, Barha gidip barýar ýitgilem artyp. Ýyllaryñ mañlaýna basdyryp gasyn, Ýaslarda agladym çykarman sesim. 6. Ýaslarda agladym çykarman sesim, Menem uly iliñ biri ahyryn! Agyr aýralyga bagrym dagladym, Özgeler bilmezler çeken ahymy. Bu dünýä şeýle bir gyzykly, täsin, Ýaşadygyñ saýyn ýaşasyñ gelýär. Bir ýerde aglaşyp tutsalar ýasy, Bir ýerde jägildäp ynsan dogulýar. Birisi nalaýar ogul-gyzyndan, Ýene-de birisi şolara mätäç. Birisi durmuşy ýigrenýär çyndan, Ýene biri edýär ony başa täç. Ýolumy ýitirmän tupan-gaýlarda, Ilim üçin gezdim agyr oýlarda. 7. Ilim üçin gezdim agyr oýlarda, Çagalykdan "Akyllyja" diýdiler. Käteler öwdüler goýman hiç ýerde, Käte bolsa tankyt edip döwdüler. Kyn günümde undup, taşlap gitdiler, Syrymy ynanyp ýören dostlarym. Şonda maña hossar bolup çykdylar, Asla tanamadyk, bilmediklerim. Durmuşyñ awuly şarpygyn datdym, Paşmady arzyly ilkinji söýgim. Men mydam ruhupes durmuşa ýatdym, Şükür ömür uzak, jahan bolsa giñ. Söýdüm hem ýigrendim, güldüm, agladym, Ine, meniñ başdan geçen çaglarym. 8. Ine, meniñ başdan geçen çaglarym, Ýaşap ýörün ýagşy umytda bolup. Şagalañy köşeşipdir baglaryñ, Ter güller düşüp dur saralyp-solup. Il beýikdir, derrew kimdigiñ tanar, Kyn günüñde gelip, gapyñdan ätlär. Şatlykly günüñde goşulyp saña, Ýamanyñy undup, ýagşyny ýatlar. Ýaşlygymdan şygyr bilen baş goşup, Beýik şahyr bolmaklygy isledim. Däli Jeýhun kimin lummurdap, joşup, Pyragyñ päkligin serde besledim. Görmedim jahanda şeýle bir kyn zat, Misli il derdine ýaraýan ussat. 9. Misli il derdine ýaraýan ussat, Şybyrdap ýagyp dur tylla ýagyşlar. Guşlaram niredir bir ýerde uklap, Zemine çekilýär täsin nagyşlar. Halkyñ hakyn iýip, gözi ýer görmän, Gaýşaryp ýöreniñ tumşugna kakdym. Ahwalyn soradym dostlaryñ, özgäñ, Kömege mätäje çyn hossar çykdym. Gyzykmadym ada, şöhrada, pula, Zähmet çekdim mañlaýymdan döküp der. Näçe hyzmat etseñ bu agyr ile, Ony nesilleriñ gaýtaryp berer. Her gün million gezek garrap, ýaş bolup, Adamlara edip ýörseñ ýagşylyk. 10. Adamlara edip ýörseñ ýagşylyk, Ýaşap ýörenimi bilerler onsoñ. Duşmanyñ öñünde gaty daş bolup, Bürgüt bolup, daglañ başyna gonsam. Ýazmagyn añyrda zehin ýatmasa, Şygyr mukaddesdir, harlamak bolmaz. Çyn şahyrdyr halky ony ýatlasa, Hakyky şahyrlar hiç haçan ölmez. Ykbal synap görer doñup hem eräp, Dürli ýollaryndan elter-de seni. Ýaşamak - geljege ynamly garap, Kalbyñ dörüp ýatlap ýörmek geçeni. Döş gerip döz geldim sowukdyr yssa, Ýaşaýyş duş etdi mylaýym gussa. 11. Ýaşaýyş duş etdi mylaýym gussa, Göreşip ýör mydam haýyr bilen şer. Göwnümi göterýär birdenkä çökse, Öwsüp, öwsüp ýadap saralýan ýeller. Pikir edip görseñ, ak sähra çykyp, Barlygyñ ýagşydyr ýagty jahanda. Geçmişi könelen jaý kimin ýykyp, Geljegi döredip, döwrüñi añsañ. Ýagtylykda, gözedürtmez tümde-de, Gün-günden özümden edýän berk talap. Ynsana meñzemän ýaşamak munda, Özüñi hem özgeleri tanamak. Müdimi ýok bolsun bir-bire ýatlyk, Şonda bolar durmuş elýetmez şatlyk. 12. Şonda bolar durmuş elýetmez şatlyk, Ol kalbyñda barha öz ornun tapar. Honha, gökde alys menziller aşyp, Aglap uçup barýar, ap-ak durnalar. Maýsalardan öwrenýän tiz ösmäni, Ýellerden öwrenýän men öwüsmäni. Çabgadan öwrenýän şaglap ýagmany, Beýij bolmaklygy görüp asmany. Ak sähradan öwrenýän giñ bolmagy, Wagtdan öwrenýän has gyssanmagy. Jeýhundan öwrenýän joşup galmagy, Gyzyl otdan öwrenýärin ýanmagy. Söýgi üçin gül deý ýolunsam, solsam, Ýaşasam, ýaşasam, halk üçin ölsem. 13. Ýaşasam, ýaşasam, halk üçin ölsem, Ata Watan üçin dökülsin al gan. Mañlaý derim bilen bol hasyl alsam, Bir gün meýdanlarda atyp men harman. Gyşyny sowukda üşäp ötürip, Bägül bolup açylsalar ýazymda, Soñky günüm başujumda oturyp, Sojap, sojap aglasalar ýasymda. Gelen gitdi şoh meýlisler dargady, Her kim ýatlanylýar edenne görä. Geçmişe seretdim örän garrydy, Geljege seretdim juwandy örän. Baky aýdym bolup giñ dünýä dolsam, Adamzadyñ ak kalbynda gömülsem. 14. Adamzadyñ ak kalbynda gömülsem, Toprakdaky tohum kimin boluplar. Indi howa sowap başlapdyr kem-kem, Görünip başlapdyr gökde bulutlar. Isle, munda bolsun señ agyr derdiñ, Isle, munda bolup gez sen juda şoh. Barybir, ahyry bir gün gidersiñ, Mundan asyl gitmeýän hiç adam ýok. Ah, ölmek ýakanok hiç eger, eger, Ýaşap ýörseñ kyn durmuşa ýaraşyp, Meñ mazarym boljak bir bölejik ýer, Ýatandyr ol ölerime garaşyp. Wyždanym gyssaýar: "Geljege ýüwür, Ömri Watan üçin päklige ýugur!" Magistral Ötüp barýan şemal ýaly bu ömür, Durmuş örän uzak ak ýollar kimin. Bol miweli baga meñzeýär köñül, Bu dünýä şeýle bir ýürege ýakyn. Aýdym aýdyp, tans etdim men toýlarda, Ýaslarda agladym çykarman sesim. Gezdim ilim üçin agyr oýlarda, Ine, meniñ başdan geçen çaglarym. Misli il derdine ýaraýan ussat, Adamlara edip ýörseñ ýagşylyk. Ýaşaýyş duş etdi mylaýym gussa, Şonda bolar durmuş elýetmez şatlyk. Ýaşasam, ýaşasam, halk üçin ölsem, Adamzadyñ ak kalbynda gömülsem. Eziz YKBAL. | |
|
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |