22:16 Kär we pul hakynda hekaýat | |
KÄR WE PUL HAKYNDA HEKAÝAT
Goşgular
Iki dost ýaşapdyr gadym bir zaman, Biri kärli, beýlekiniň puly kän. Pully öwünipdir kakyp döşüne, «Bitirip bilýärin islän işimi». Kärli aýdan: «Söýýärin men kärimi, Kärim bilen görkezerin zorumy». Wagt geçip, sowulyp, gutarypdyr pul, Näderini bilmän, aljyrapdyr ol. Söýgüli kärini ýöreden dosty, Durmuşynda ýokmuş, jinnek deý kösti. Soňra kömek sorap dosty ýüz tutan, «Ýalňyşdym men, munda sen bolduň utan! Menem seniň ýaly edineýin kär, Goý, maňa-da bolsun şowlulyklar ýar!» Tutup isläpdir ol bir käriň başyn, Rysgal gelip, tutan ak bagt guşun. Pul sowular gider, bolar ol geçen, Kär hiç ýitmez, rysgal tapar her haçan. Eziz YKBAL. | |
|
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Eý, aşyklar, eý, aşyklar mezheb-u din yşkdyr maňa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Durdy han / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Seniň yşkyňda eý, nämähriban, bihanyman boldum... / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Tebärek, Alla, eger dilber ise, anjak ola... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Dünýe sen / Goşgular - 27.05.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |