04:16 Bahar ýaşlygym / sonetler çemeni | |
BAHAR ÝAŞLYGYM
Poemalar
Söýgüli şahyrym Sergeý Ýesenine bagyşlaýaryn. 1. Ajaýyp ýaşlygym - güler ýüz bahar, Yhlas edip, ýaşyl pyntyk ýarypdyr. Ho-ol uzakda aýdym aýdýan şat bahar, Günlerimi süýji bala garypdyr. Owadan asmana ýüpek bulutlar, Näzik ýele pasyrdaýar, galgaýar. Jeýhun tolkunlary kimin bolupdyr, Joşan baglar giñ jahana sygmaýar. Men özümden gidipdirin şu mahal, Ýüregim sogrulyp, gözden ýitipdir. Dünýä mähir bolup çaýylan bahar, Gyzgyn gursagymy ýaryp çykypdyr. Ak ýüregim töwerege çaýyp nur, Mähriban topragym bolup galyp dur. 2. Mähriban topragym bolup galyp dur, Gara gözlerimiñ ýagty nurlary. Kalbymy sil deýin joşgun alypdyr, Üzülere gelýär ýürek tarlary. Bulutlae deý serhoş bolup geçýän men, Gül beden bir gyzyñ çekýärin näzin. Çaga ýaly ylgap alyslara çen, Depämde asmany göterip ýörün. Ýyldyzly gök kimin gülli ýaýlada, Lowurdaýan elwan çemen baglaýan. Baglaryñ saglygna göterip bada, Şatlanýaryn hem bagrymy daglaýan... Sada göwne telwas berdi şat bahar, Güllere düşünen mährimi tapar. 3. Güllere düşünen mährimi tapar, Baglar kimin bagtly boldum dünýäde. Näzik aýdym ýaly göwnaçyk säher, Ene gözleri deý ajaýyp, sada. Ak ýüregim arzuwlara dolupdyr, Wysal bormuş säherdäki arzuwlar. Ýyldyzlara meñzäp göge galypdyr, Aslynda sazlardan ýasalan guwlar. Öwşün atyp duran ýaşyl baglaryñ, Monjugy üzülip, seçilip durlar. Şemala çekdirip güller näzlerin, Bir täsin seslenip açylyp durlar. Elwan säher maña nurun çoýup dur, Göwün guşum gökde ganat ýaýyp dur. 5. Göwün guşum gökde ganat ýaýyp dur, Özümi unudyp sährada gezýän. Meni bir gyz çyn ýürekden söýüpdir, Onuñ gülküsinden aýdymlar düzýän. Bu täsin asmany bulutlar örtüp, Däli-porhan bolup çabgalar guýýar. Baharyñ gözleri barha nurlanyp, Meni yhlas bilen aglanlar söýýär. Gülleriñ suwuny ýüzüme sepip, Ondan-oña ylgap, sygamok dünýä. Ýüregim möwç urýar, yhlasym artyp, Ol ýitmejek bolup, jahana siñýär. Öçjek bolýar ýüregimde gyzyl ot, Hergiz näme etjegimi bilemok. 5. Hergiz näme etjegimi bilemok, Alyslara siñip gidesim gelýär. Ýüregum ýerine gelip bilenok, Mähriban topragy guçasym gelýär. Söwer gyzyñ nazaryna döz gelmän, Üzümiñ suwy deý - näziñde akdym. Pynhan syrlarymy hiç aýdyp bilmän, Gülli meýdanlara içimi dökdüm. Tez taýçanak ýaly serimden geçdim, Lowlaýan ýaýlalae yzymda galýar. Şeýdip, meniñ yhlas eden joşgunym, Göwün berem mahmal ýazynda galýar. Güwwüldeýän gaýly gök deñiz kimin, Gyzgyn ýüregime syganok söýgim. 6. Gyzgyn ýüregime syganok söýgim, Öwrülip gitsedim ýanar otlara. Meniñ ozal-ahyr müdimi gaýgym, Mährim siñsin durmuşdaky zatlara. Derdime dowa ýok bagrym daglaýan, Şatlygymdan ýaña dumanlapdyr ser. Topragy gujaklap, zaryn aglaýann Gözýaşlarym bägül bolup gögerer. Bagtly bolar ýörän alys ýollarym, Bagtly bolar gören ýaşyl ýazlarym. Bagtly bolar ýaşan agyr illerim, Bagrky bolar söýen sada gyzlarym. Ah, ýüregim hiç köşeşip bilenok, Maña bu günlerden gitmek bolanok. 7. Maña bu günlerden gitmek bolanok, Bulduraýan ter sähere aşyk men. Baharyñ mährinden hergiz doýamok, Süýji bala meñzeş düýşmi, ýaşlyk sen! Gökde älemgoşar gözlerin süzýär, Güneşiñ nurundan göterip bada. Ykbalymda täsin uly bagt bar, Ýaşlyk ýalt bagt görmedim dünýäde. Ýöne ýüregimde bir hakykat bar, Tykla asyrlaryñ yşgyna düşdüm. Ýollarym asmana şo-ol galyp barýar, Gülüp bakyp duran ýaşlykdan geçdim. Geljegim şeýle bir kalbyma ýakyn Maña bu günlerde ýaşap ýörmek kyn. 8. Maña bu günlerde ýaşap ýörmek kyn, Atlaz meýdanlarda çekýärin azar. Göwünlere päklik bermeklik üçin, Söýüp, porhan bolup gelermiş ýazlar. Gara gözlerimde agaryp ýitýär, Süýnüp ýatan ýodalaryñ dowamy. Bu sähranyñ tämiz güllerin açýar, Ak gazlaryñ gök öwüsýän owazy. Agarýan ýollardan gitsem atylyp, Göwnüm islän menziline ýetsedi! Ýaşlygym - bir täsin müdimi şatlyk, Ýaşlygym - elýetmez ýagty gussadyr. Ýaşyl ýodalardan ylgap barýaryn, Ýaşlygymy ýüregimden söýýärin. 9. Ýaşlygymy ýüregimden söýýärin, Al-ýaşyl mahmal deý ýollara siñip. Harasat jahana çekdirip zaryn, Ýene serhoş çabga güwläp dur - ýanyp. Men takat tapmaýan çagajyk ýaly, Çabgalara hezil edip ezilýän. Bu günlerim göwher monjuk mysaly, Mährem gyzyñ ak boýnuna düzülýär. Tez bedewler deýin sähra ýelleri, Iki ýana dyñzap, şuwlap urunýar. Joşgunym dolduryp ajap gollary, Perwaz urup, bu dünýäme sygmaýar. Porhan şatlygymyñ ýok çaky-çeni, Ýüreginden söýýär ýaşlygym meni. 10. Ýüreginden söýýär ýaşlygym meni, Asyl durky bilen sojaplar aglap. Gazlar ýazy alyp gelýär ekeni, Ýüpek ganatynyñ astynda gizläp. Ine, juwan ýazlar arzuwa meñzäp, Göwnüne gelipdir näzik baglaryñ. Yhlas bilen sada ýüregim dyñzap, Päklige döz gelmän aglan çaglarym. Ýazlarda şeýle bir ýagty gussa bar, Şonuñ ýaly bolmak meniñ arzuwym. Baglara oñatlyk, müdimilik ýar, Şoña ümzügipdir tolgunan göwün, Päk bahar ah urup, çekip ýör zary, Jahana siñdirip göwnünde baryn. 11. Jahana siñdirip göwnünde baryn, Ter güller gün ýaly nuruny dökýär. Şapak dogup gelýär gaýany ýaryp, Utanjañlyk bilen topragy öpýär. Gör, örän kän zatlar berilen dünýä, Bagt eken säher öwsen ýellerem. Gözüme şeýle bir eziz görünýär, Oglanlykda oýnan-ösen ýerlerim. Gaýlaryñ turuşy kalbyma ýakyn, Eziz maña yhlasym deý bu baglar. Sowulanda ýaşyl ýagyşlar ýagyp, Aýdym aýdyp, dynman aglarmyş ýazlar. Başyna täç edýär päk bahar meni, Ýaşlygym müdimi galýar ekeni. 12. Ýaşlygym müdimi galýar ekeni, Bahar bolup, gaýtalanyp dünýäde. Bu erkin ýelleriñ mylaýym heñi, Gyz gülküsi deýin näzik hem sada. Bir salymlyk ýagyp geçen çabga deý, Şeýle bir tiz geçýär gowy günlerim. Söýgüdenem ýüz öwürip bormy, heý, Geçmiş bilen hiç hoşlaşyp bilmerin. Gün nurunyñ ýere siñişi ýaly, Bu alys ýollara siñip giderin. Kem-kem artar ýüregimiñ azary, Oýnan ýerlerime ýene gelerin. Köp bolary üçin meniñ hoş günüm, Dünýäme nuruny döksün ýaşlygym. 13. Dünýäme nuruny döksün ýaşlygym, Soñra agyr gussa batmazym ýaly. Mydama ýaşaryn bolup ýaş göwün, Ädimlerim bolar geljege sary. Häzir ýaşlygymyñ geçýänin duýup, Alys durkum bilen gama batýaryn. Ýaşaýan durnagöz ýagyşa uýup, Topragyñ ýüzüne aglap bakýaryn. Ykbalymda bir oñatlyk bar eken, Mydam şu günlerde ýaşaryn öýdýän. Ýürek munda çyn mähire zar eken, Ýalñyz çagym aglap aýdymlar aýdýan. Ýaşlygym jahana berýär päkligin, Ine, müdimlik, bagtym, şatlygym. 14. Ine, müdimlik, bagtym, şatlygym, Yhlasyny goýup geçerler dañlar. Tolgunan ýüregim bir bagtly günüm, Garaşýan dünýämiñ gelýänin añar. Ýaşlyk menden özelenip aslyşar, Örtenip, tisginip, didesin ýaşlap. Alyslary juda göresim geler, Hem gidip bilmerin ýaşlygy taşlap. Gollaryny bulap ugradar ýanyp, Asyl, buýsanç bolup galar durşuna. Şonda, sada gözlerime ýaş gelip, Ulalyplar düşünerin durmuşa. Maña baky aglap, delmuryp bakar, Ajaýyp ýaşlygym güler ýüz bahar. Magistral Ajaýyp ýaşlygym güler ýüz bahar, Mähriban topragym bolup galypdyr. Güllere düşünen mährimi tapar, Göwün guşum gökde ganat ýaýyp dur. Hergiz näme etjegimi bilemok, Gyzgyn ýüregime syganok söýgim. Maña bu günlerden gitmek bolanok, Maña bu günlerde ýaşap ýörmek kyn. Ýaşlygymy ýüregimden söýýärin, Ýüreginden söýýär ýaşlygym meni. Jahana siñdirip göwnünde baryn, Ýaşlygym müdimi galýar ekeni. Dünýäme nuruny döksün ýaşlygym, Ine, müdimilik, bagtym, şatlygym. Eziz YKBAL. | |
|
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |