21:33 Ebu Salahyñ sapany | |
EBU SALAHYÑ SAPANY
Publisistika
Ebu Salahyñ sapany... Bu zalym, bu şeýtany, bu gözüne gan öýen dünýä garşy durup bilermikä? Onuñ ady Fadi Ebu Salah. Oña 2018-nji ýylda düşürilen bir suratda gözüm ilipdi. 29 ýaşly, maşgalaly, dört çagaly. 2008-nji ýylda Gazada ölüm sepelän ysraýyl istrebitelleri aýaklaryndan jyda düşüripdir. Iki aýagy bolmasa-da, iki eli bar. Eli bolmanda näme, göwresinden uly ýüregi bar! Bir gysym bolup galan ýerini gurşap alan tikenekli simleriñ arasynda. Elinde-de kemany! Ýarpy bolup galan göwresi zulumyñ we ýigrenjiñ asyryndan pürkülip çykan mysaly. Tümlügiñ, şumlugyñ, batgalygyñ hudaýlaryna ýumruk salgaýan gozgalañçy heýkeli ýatladýan ýaly dim-dik dur. Ýeke urguda şarlatanlygyñ nikabyny sypyryp, ýalanyñ sowudyny kül-uşak edäýjek ýaly dur. Eli sapanly Ebu Salahyñ suraty... "Reuters Ajans" habarlar gullugynyñ korrespondenti Ybraýym Ebu Mustapanyñ fotoapparatyndan bir ahy-nala bolup adamzadyñ gözüniñ öñüne gaýyp düşüpdir... * * * Fadi Ebu Salah. Basybalyjylaryñ penjesinde, ýanyp gara-ört bolan topraklarda dünýä inipdir. Asuda asmanyñ astynda, "ýurdum, watanym" diýip bilmejek topraklarynda... Ady bar, özi möjekleriñ ýalagyna düşüp tike-tike edilen Palestinada... Ot astynda gowrulan teni, elmydama ýarag sesine oýanyp, elmyma däri ysyny alýan demi... On ýyl bäri aýagy ýok! On ýyl bäri ýöremekden galan, on ýyl bäri basybalyjy dünýä garşy goranyşda! Garşysynda agyr ýaraglar bilen ýaraglanan ysraýyl goşunynyñ esgerleri. Diñe Ysraýyl däl, häzirkizaman dünýäsiniñ ähli warwarlygynyñ garşysynda. Ol ýöne bir fotosurat däl. Ol - ahy-nala! Ýerleri basybalyjylaryñ elinde, öýi-öwzary harap bolan dünýä mazlumlarynyñ ahy-nalasy. Ýer ýüzüniñ jümle lagnatylarynyñ, ähli ýeke-ýalñyzlarynyñ, saýrylaryñ we gyrakladylanlaryñ ahy-nalasy. * * * Ebu Salah. Edil ýurduny edişleri ýaly, onuñam ýarpy galan göwresini tabyda saldylar. Ýok ýurdunyñ baýdagyna çoladylar. Azatlyga teşne topragynda Gazanyñ ot-ýalynly goýnuna ýerlediler. Ol häzir ýaşanok! Ol indi ikiýüzliligiñ, gözboýagçylygyñ, hyýanatyñ, aksiýa kagyzlarynyñ we söwda syrlarynyñ hapalanan dünýäsinde däl. 2008-jnj ýylda aýaklaryny alan Gazadaky ot 2018-ji ýylda ýarpy galan işini soñlandyrdy. 2018-nji ýylda ysraýylly mergeniñ nilinden çykan oklar onuñ janyny aldy. Ebu Salah wepat boldy. Yzynda dört çagasy galdy. Olar hudaýlaryñ döreden bu dowzahynda nähili ýaşarlar, nähili dem alarlar, belli däl... Ýa nijemeleri ýaly olaryñam bedeni oda düşüp ýanaýarmyka? Ýa bolmasa gaýgy-hasratyñ we zorluk-zulumyñ olara miras galdyran bedibagt topraklarynda her biri aýry ot bolup ýanarmy, belli däl. * * * 2023-nji ýylyñ 16-njy oktýabry. Aradan bäş ýyla golaý wagt geçipdir. Fadi Ebu Salah… Çalaran gözleri bilen Gazadan dünýä seredýär. Bu düzgün-nyzamyñ haçan gurlandygyny bilenok. Bu zalymlygyñ haýsy hudaýyñ eseridigine-de düşünenok. Bedeni eden-etdiligiñ we ýangynyñ ýakyp-ýandyryp taşlan topraklarynda bir ýaý mysaly gahar-gazap bilen gerilipdir. Ýene bir gezek tikenekli simleriñ añyrsyna düşüpdir, ýene bir gezek zor bilen sesi sem edilipdir, ýene bir gezek otly halkanyñ ortasynda jowranýar! Ýene zalym, ýene ryýagär, ýene ikiýüzli dünýä tarap kemanyny çeneýär. Ýer ýüzüne agressiýany, duşmançylygy, zalymlygy rowa gören "hudaýlara" ýumrugyny düwýär. Garşysynda medeniýetliseýän jümle warwarlar, ýarag öndüriji kompaniýalar, emeli añ, hendek we fosfor bombalary, uçarmanly we uçarmansyz uçarlar, uçar gämileri, raketalar… Garşysynda dünýäniñ iñ uly habarlar agentlikleri, banklar, döwletara gizlin ylalaşyklar, koalisiýa güýçleri, häzirkizaman dünýäsiniñ ähli zalymlary... Ebu Salah elinde sapany bilen ýeke-ýalñyz! Ebu Salahyñ sapany hemme ýerde bar. Her daşyñ aşagynda, her agajyñ kölegesinde, her diwaryñ añyrsynda, her tüpeñ niliniñ ujunda... Oña tarap gönügen her tygyñ ýalpyldysynda - Aziýada, Afrikada, Amerikada, Ýakyn Gündogarda we ýer ýüzüniñ hemme künjünde - elmydama ýok saýylan, elmydama urlup-ýenjilip gelen, elmydama ýekirilip gelinen hemme adamyñ elinde. Garşydaşyna garşy durup bilermikä? Zor bilen sem edilen, duýgulary ogurlanan, arzuw-hyýallary elinden alynan adamzada garşy ýañlanan batly ses bolup bilermikä? Porsusy janyñy alyp gelýän dünýä batgalygyndan gutulmak üçin bir ýol tapyp bilermikä? Ebu Salahyñ sapany... Bu zalym, bu şeýtany, bu gözüne gan öýen dünýä garşy durup bilermikä? Ýusuf NAZYM. "T24" internet gazeti, 17.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |