08:46 Taryha ýara salan ýalanlar: Selanikden azana | |
TARYHA ÝARA SALAN ÝALANLAR: SELANIKDEN AZANA
Taryhy makalalar
Yzagalak jemgyýetde ýalan-ýaşryga ynanmak nähili añsat bolsa, hakykaty kabul etmegem şolar ýaly kyn bolýar Ýalan-ýaşryk toslamalar bilen gününi dolaýan jemgyýetler wagtyñ geçmegi bilen şeýle bir duýgusyzlaşýar welin, diñe uly tragediýa bolanda özüni dürsäp bilýär. 1955-nji ýylyñ 6-njy sentýabry. Türkiýäniñ radioýaýlymlary Selanikdäki Atatürküñ öýüniñ bombalalandygyny habar berýär. Ortaça tiražy 20-30 müñ ekzemplýarly "Ekspres" gazeti öýleden soñ iki sanyny birden çykaryp, habary birinji sahypasyndan berýär. Dem salymda nireden gelendigi iñkise goýýan köpçülik "Istiklal" prospektini doldurýar. Çykyşlar çaltlyk bilen musulman däl ilata garşy hüjümlere öwrülýär. Öýler we iş ýerleri ýakylmaga, weýran edilmäge, talanmaga başlanýar. Wakalar gysga wagtyñ içinde şäheriñ aýry-aýry 15 raýonyna ýaýraýar. Netijede iki günläp dowam eden hüjümlerde resmi görkezijilere görä 5.300, resmi däl görkezijilere görä bolsa 7.000-e golaý bina haraplanypdyr ýa-da otlanypdyr. 16 rum raýaty ölüpdir. 73 buthana, 8 aýazma (святой источник), 2 manastyr, 1 hawra ýakylypdyr. 50-200 aralykda aýal-gyz zorlanypdyr. Wakalaryñ yzyndan müñlerçe rum Türkiýäni terk edipdir... Soñ-soñlar hüjüme gatnaşanlaryñ hemmesiniñ bir ölçegdäki taýaklary ulanandygy, ep-esli böleginiñem goñşy etraplardan gelendigi (getirilendigi) bilinýäe. Bularyñ käbirleri "Haýdarpaşa" duralgasynda ýanlary talan zatlary bilen bile ele salynýar. "Ekspres" gazetiniñ şol günki sany şol ýyllaryñ kagyz yetmezçiligine garamazdan 300 müñ ekzemplýarda çap edilipdir. Selanikdäki Atatürküñ öýüni bombalanyñam Milli Howpsuzlyk gullugynyñ işgäri Oktaý Engindigi belli bolýar. Engin gaýybana sud edilse-de, Gresiýa berilmändir. Soñky ýyllarda Içeri işler müdirliginde başga iş berilen Engine durmuşyñ başga sylag-serpaýlary-da nesip edipdir: ilki Çankaýanyñ kaýmakamy, yzyndan Newşehiriñ meri bolup işläpdir... Wakalar bolanda Ýörite harby edaranyñ başlygy bolup işlän Sabri Ýirmibeşogly Milli Howsuzlyk geñeşiniñ sekretary bolansoñ gazetleriñ birine beren interwýusynda "6-7-nji sentýabr wakalarynyñ Ýörite harby edaranyñ amala aşyran ajaýyp operasiýasy bolandygyny" aýdýar… • Maraşda "Uly metjidiñ" ýakylmagy 1978-nji ýylyñ 3-nji sentýabry. Kiçijik topar şäheriñ esasy prospektleriniñ birinde elleri şygarly öñe gidip barýarlar. "Kommunistler we gyzylbaşlar musulmanlary öldürýär, hiç kim ýokmy, Allasyny söýen gelsin!" diýip gygyryşýarlar. Elbetde, Siwasda musulman kän we olar diniñ elden gitmegine ýol berjek adamlar däl! Köpçüligiñ sany artýar, alawylaryñ ýaşaýan massiwlerine tarap gaýdylýar. Netijede dört günläp dowam eden hüjümlerde 9 adam ölýär, 100-e golaý adam ýaralanýar, 1000-den gowrak jaý, öý we iş ýerleri harap edilýär. Aslynda hakykat düýbünden başga hilidi. Wakalar alawylaryñ köp ýaşaýan "Aly baba" raýonynda bir çaganyñ eden dawasyndan başlaýar. Nasionalist (ülküji) topar tarapyndan iki aýal öldürilýär, ertesi gün metjitlerde okalan baýram namazyndan soñ "Ganymyz aksa-da ýeñiş yslamyñkydyr" şygary bilen başlan hüjümler bilen wakalar çygyrdan çykýar... Ýene 1978-nji ýyl, Kahramanmaraş. Şäherde yzly-yzyna partlamalar bolup geçýär. Içeri işler edaralarynyñ ýolbaşçylary beren beýanatlarynda nasionalist bandalaryñ prowokasiýa maksatly öz oturýan ýerlerine bomba zyñandyklaryny, şeýdip durka-da käbirleriniñ ele salynandygyny aýdypdyr. 19-njy dekabrda nasionalistleriñ giden "Çiçek" kinozalynda bir çeper film gidip durka bomba ýarylýar, ýaralananlar bolýar. Partlamadan soñ nasionalist toparlar döwlete degişli käbir binalara çozýarlar. Wakalar gidip durka ilki iki çepçi ýaş ýigit, yzyndanam iki nasionalist ölýär. Çepçileriñ guran jynaza ýörişiniñ öñüni kesen sagçy toparlar "Kommunistleriñ jynazasy okalmaýar, "Uly metjidi" ýakjak bolýarlar, alawylara ölüm, dinimiz elden gidýär" diýen ýaly şygarlar bilen şäherdäki dartgynlylyk, gapma-garşykyk ýetjek derejesine ýetýär. Netijede şäher sowetiniñ we metjitleriñ kolonkasyndan gygyrylan duýduryşlar, ýygnanyşan märekeler, yglan edilen köçä çykma gadagançylygy, gadagançylyga garamazdan sagçylaryñ küşgürmegi bilen birnäçe massiwe edilen hüjümler: 111-150 aralykdaky adam pidalary, ýüzlerçe ýaraly, zorlanan aýal-gyzlar, rehimsizlik bilen õldürilen alawy garrylary, çagalary, ýakylan öýler, harap edilen iş ýerleri... Gandöküşlikden soñ Maraşdan göçüp giden alawy hojalyklary, we 14 etrapda yglan edilen adatdan daşary ýagdaý... Hakykatlaryñ kes-kelläm orta çykjak bolma ýaly kejir gylygy bolýar. Maraşda-da şeýle bolýar. Hüjüme uçran alawylar bulen çepçilere degişli jaýlar has öñräkden belgilenip çykylan eken. Wakalaryñ başlan birinji gününde harby bölümleriñ "alawylar garnizona çozdy" habary bilen şäher merkezinden çekilendigi ýüze çykýar. Şeýle-de, goşun serkerdesiniñ wakalar bolup durka Içeri işler ministriniñ dartgynlylygy basyp ýatyrmaga gatnaşmak talabyndan ýüz öwrendigi bilinýår. Beren düşündirişinde ýoldaşlary bilen bile "Çiçek" kinozalyna bombany özleriniñ zyñandygyny boýun alan MHP-li Ökkeş Kenger (Şendiller) gandöküşligiñ birinji belgili aýyplanýany bolup sud edilýär. Türkiýe köplenç diýen ýaly gülkünç henekler bilen doly ýurt. Durmuş soñ-soñlar Ökkeş Kengeri bu gezek Şendiller familiýasy bilen 19-njy hökümetiñ Kahramanmaraş boýunça halk deputatlygy bilen sylaglandyrmakdan gaýra durmandyr. Aradan biraw wagt geçýär... Şuña meñzeş wakalar 1980-nji ýylyñ iýul aýynda Çorumda hem bolup geçýär. Şäherde kommunistleriñ "Alaaddin" metjidine bomba goýandyklary barada myş-myşlar ýaýraýar. Edil şonuñ ýaly myş-myş TRT döwlet teleýaýlymynyñ habarlar gepleşiginde gaýtalanansoñ wakalar çalt gerimini giñeldipdir. Munuñ netijesi 57 öli, 200-den gowrak öli, 300-e golaý öýüñ we iş ýerleriniñ bibat edilmegi bilen soñlanypdyr. "12-nji sentýabr" döwlet agdarlyşygynyñ soñky kerpiji-de şeýdip goýlupdyr. • "Azanyñ sesini basmak isleýän zyndyklar" 1993-nji ýylyñ 2-nji iýuly, Siwas. Pir Soltan Abdalyñ hormatyna geçirilýän medeni çäreleriñ çäginde intelligensiýanyñ birnäçe wekili we sungat işgäri häkimiñ ýörite çakylygy bilen şähere gelýär. Birnäçesi "Madimak" otelinde düşleýär. Salman Rüşdiniñ "Şeýtan aýatlary" kitabyny türk diline terjime eden Eziz Nesine we onuñ ýanyndakylara hüjüm ediljekdigi barada gep-gybatlar ýaýraýar. Näbelli adamlar tarapyndan öýlere we medeni çärelere ýakyn ýerlerde paýlanan broşýuralarda "...Gurhana aç-açan dil ýetirilýär we möminleriñ mertebesine, nebsine hüjüm edilýär" diýilýär. Şol gün käbir gazetlerem birinji sahypasyndan şuña meñzeş habarlary berýär. "Jan" medeni çärelerine gatnaşýanlaryñ çykyşlary üçin depregiñ ýany bilen çagyryş egmekleri, şol wagtam jumga namazy üçin bir wagtda üýşen jemagat tarapyndan "Azanyñ sesini basmak isleýän zyndyklar" diýip protest bildirilýär. Netijede arasynda žurnalistleriñ, ýazyjy-şahyrlaryñ, sungat işgärleriniñ we bagşy-sazandasynyñ bolan köpüsi alawy 33 raýat ýakylyp öldürilýär. Waka dünýä taryhyna bir günüñ içinde bolup gecen iñ uly intelligent gyrgynçylygy bolup girýär. Şol wagt premýer-ministriñ wezipesinde Erdal Inönü otyrdy. Döwletiñ dürli gulluklarynyñ kömekçi güýç "ynha gitdi, ynha gidip barýar" diýip Inönini, Inöniniñem oteldäkileri güýmändigi belli bolýar. Geçirilen derñew işinde "Madimak" oteline gelen harbularyñ hüjüm ediji tolar bilen görüşenden soñ garnizonlaryna dolanandygy, döwletiñem iki ädim beýlede ýanan adamlara tomaşa edip oturandygy ýüze çykýar. • Kabataşda türbanly zenana linç, metjitde içilen piwo 2013-nji ýylyñ 7-nji iýuny. "Örän ýakyn tanşymyñ gelnini ýerlerde süýrediler". Şol döwrüñ premýer-ministri R.Taýýip Erdoganyñ AKP-niñ topar ýygnagynda aýdan sözi bu... 1-nji iýunda "Gezi" protestleri dowam edip durka käbir mediýa organlarynda demonstratlaryñ Kabataşda türbanly (ýapynjaly) aýaly we onuñ çagasyny ýenjendikleri barada habar çykýar. Waka gorkunçdanam erbet. Şol wagtyñ AKP-li etrap sowetiniñ başlygynyñ gelni bolan aýal Beşiktaşda garaşyp dyrka bir topar üsti ýalañaç demonstratyñ hüjümine sezewar bolupdyr. Aýal erbet ýenjilýär, çaganyñ kolýaskasy agdarylýar! Üsti ýalañaç, elleri gön ellikli 70-100 aralykdaky demonstrat aýalyñ üstüne buşuganmyş! Habar depe saçyñy düýrükdirjek derejede gorkunç. Ýene bir gezek döwlet apparatynda iñ ýokardan muña arka durulýar. Metjitde içgi içilmeginiñ hem-de aýal bilen çagajygyñ ýenjilendiginiñ wideoýazgylarynyñ ellerindedigi, tiz wagtdan köpçüligiñ dykgatyna ýetiriljekdigi aýdylýar. Elif Çakyr, Ismet Berkan, Balçiçek Ilter, Abdylkadyr Selwi, Sewilaý Ýükselir, Nihal Bengisu Karaja, Nagehan Alçy meşhur žurnalistler kassetany hut özleriniñ görendiklerini, wideoýazgyny görüp ýaka tutandyklaryny aýdýarlar... Şondan öñem başga bir habar ýurdy ýeterlik lerzana salypdy. 2013-nji ýylyñ 3-nji ýanwarynda "Anadolu" we "Cihan" habarlar gulluklarynyñ "Metjitde içgi içdiler" habary "Gezi parky" demonstratlarynyñ wideoýazgylary bilen birlikde berlipdi, premýer-miinistr we häkimiýet agzalary bu toslama hor bolup arka durupdylar. Her iki wakanyñ netijesimi? Elbetde, wakalar "Gezi" parkyndaky parahatçylykly çykyşlara zyýan ýetirdi. Emma halkyñ özüni sowukganly alyp barşy, hernäme-de bolsa, wakanyñ başga ýoýulmalar bilen ters ugurlara iterilmegine päsgel berdi. Has soñra näme bolandyr öýdýärsiñiz? HakylT ýene bir gezek gapgarylan garañky dälizinden çykyp gelýär. Ýalanlar nägadar mekirlik bilen örtülen, hakykatlaram şogadar başyñy aýlaýjy we açyk sözlüdir. Wakadan soñ hepdeler, aýlar, ýyllar geçýär, ne subutnama görkezilýär, ne-de kasseta köpçüligiñ dykgatyna ýetirilýär. Kassetany gördüm diýen, jebir çekendigi öñe sürülen aýaldan interwýu alan žurnalistler utançdan ýaña gara-ört bolan ýüzleri bilen ýekän-ýekän sözüni üýtgedip başlaýar: "Men metjitde içgi içilendigini görmedim" diýen "Bezmi-Alem Walide Soltan" metjidiniñ ymamynyñ paýyna bolsa metjitden metjide kowulmak düşdi... • Azana gygyrylanda sykylak atan aýallar 2019-njy ýylyñ 8-nji marty. Stambul, Beýogly. Bütin dünýäde her ýyl, ýurdumyzda bolsa 2003-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Feministleriñ gijeki ýörişi üçin aýallar "Istiklal" prospektine üýşýär. Şol gün Halkara aýal-gyzlar güni. Ilkinji gezek şäher häkimligi "Istiklal" prospektinde ýörişiñ geçirilmegine rugsat bermändir. Polisiýa prospekte birikýän ýollaryñ öñüni baglamak üçin hemişeki ýerine goşmaça bu gezek Beýoglunda täze gurulýan metjidiñ öñünde-de barrikada gurýar. Akym-akym bolup gelýän zenan köpçüligi barrikadany aşyp bilmeýär: şygarlar, sykylyklar, jürlewükler bilen jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek üçin goýlan patrullara protest bildirilýär... Yzyndan tegelek iki gün geçýär. 10-njy mart güni teleýaýlymlarda iñ belent kürsülerden ses eşdilýär: "Azany-Muhammedä terbiýesizlik etdiler!" Muny aýdanam AKP-niñ başlygy we ýurduñ prezidenti R.Taýýip Erdogandyr. Ertssi gün gazetleriñ köpüsi muny birinji sahypasyndan berýär. Birmeñzeş aýyplama dürli ministrler, AKP-niñ metbugat wekilleri we MHP-niñ başlygy Döwlet Bahçeli tarapyndanam dürli görnüşlerde gygyrylýar. Az wagtyñ içinde sosial mediýanyñ üstünden MHP-li Ülkü (nasionalistik) merkezlerine degişli toparlar tarapyndan "azana ýetirilen eller gurasyn" diýen ýaly "Taksim" meýdanynda çagyryşlar edilýär. Çagyryş agşamara maksadyna ýetýär. Sakally-sarmykly, sarykly-selleli, donly adamlardan düzülen bir topar adam "Istiklal" prospektinde kafe-barlaryñ we içgili garbanyşhanalaryñ ýerleşen "Mis" köçesine tarap gaýdýar. Hasratlar bilen doly taryhdan gopup gelen, ürküziji zamanlaryñ gorkunç ýatlamalaryny ýatladyp duran şygarlary-da manydar ýañlanýar: “Allahu ekber… Ýa Alla, Bismilla, Allahu ekber… Ganymyz aksa-da ýeñiş yslamyñ… Ýeke-täk ýol şahadat!.. Elleri türk baýdakly, tekbir getirip ýöreýän gaharly märekäniñ özüni alyp barşy çakdanaşa agressiw, gygyryşýan şygarlary meçew beriji, sözleri haýbat atyjydy. Belli bir wagta çenli ýöränlerinden soñ hatarlaryny güreldip bilmedik prowokatorlar Tarlabaşy töwereklerinde patrullaryñ gelmegi bilen pytraýar... Hakykat bolsa bu gezegem gün deýin älem ýüzüne ýalbyrap çykmak üçin haýdaýardy. Ýoýulan wideoýazgyny ulanan tarapgöý žurnalist ötünç sorap, birinji gündäki beleñleriniñ täsiri bilen meçew beriji habarlary taýýarlan käbir žurnalistlerem gaýtmyşym edýär. Feministleriñ gijeki ýörişine gatnaşan aýal-gyzlar barada aýdanda bolsa, wakany ybrat beriji geñ galyjylyk bilen garşylaýarlar. Polisiýanyñ iki barrikadasynyñ (germawynyñ) arasynda gysylyp galan, plastiki oklaryñ, göz ýaşardyjy gazlaryñ, galkanlaryñ we tokly rezin dürreleriñ urgusynyñ arasynda patrullary sykylyklar, şygarlar, ahy-nalalar bilen protest eden naçarlaryñ azan okalanyndan habarlary-da ýok eken. [b]• Yzda galanlar[/] Yzagalak jemgyýetde ýalan-ýaşryga ynanmak nähili añsat bolsa, hakykaty kabul etmegem şolar ýaly kyn bolýar. 8-nji martda we şondan soñ ýalan bilen hakykat ýene bir gezek ýüzbe-ýüz bolup, ýene bir gezek garpyşypdyr. Hernä nesibeli ekenik, bu gezek hakykat jemgyýetçilik sowukganlylygy bilen birlikde ýeñiş sazyny çaldy. Yzda bolsa kä prezidentiñ, kä AKP-li etrap başlygynyñ, käte-de AKP-li şäher sowet başlyklygyna kandidatyñ gowur döredip biljek ybratlyk sözleri galdy: "Azanyz-Muhammedä terbiýesizlik etdiler, ...bularyñ ýeke-täk ýaranlygy azandyr baýdak duşmançylygy, ...olary ökjämiziñ astyna salyp depgiläris!" "Millet" ýaranlygyny goldaýanlaryñ bu köçelerde, raýonlarda gezmäge ýagdaýlary bolmaz!" "Millete küpür geplediler, enelerini dula bakdyrys!" Ýusuf NAZYM. 15.03.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |