16:23 Möjekleriñ ýalagyna düşen Liwiýa: Hudaýlaryñ öji | |
MÖJEKLERIÑ ÝALAGYNA DÜŞEN LIWIÝA: HUDAÝLARYÑ ÖJI
Taryhy makalalar
Onuñ dramatiki soñy bir mahallar elleşip gujaklaşan, dostum diýip çadyrynda myhman alan döwlet ýolbaşçylarynyñ, premýer-ministrleriniñ, prezidentleriniñ gönüden-göni görkezmesi bilen geldi. Günbatarlylaryñ "haçly ýörişiniñ" başlamagyna sanlyja günler galypdy. Kaddafi musulman dogany we NATO-nyñ agzasy Türkiýe haraý gözläp, 2011-nji ýylyñ 8-nji martynda Türkiýäniñ "TRT Türk" döwlet teleýaýlymyna beren interwýusynda şeýle diýipdi: "Hemmämiz osmanly, biziñ taryhymyz bir". Ykbalyñ oýnuna seretseñizläñ: Kaddafi özüni osmanlylardan hasaplap magtanjak bolýar, onuñ tepbedini okajak bolup ylganlaryñ arasynda Türkiýäniñ "täze osmanlylary-da" öz ýerini aldy. Şondan dört aý ön hut Kaddafiniñ elinden "adam hukuklary boýunça baýrak" alan Türkiýäniñ premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan "doganlyk" musulman ýurduñ üstüne bomba ýagdyrjak NATO-nyñ istrebitellerine rugsat bermekden gypynç etmedi. Bulam az bolýan ýaly Liwiýanyñ garşysyna gurnalan ekspansiýa Türkiýe 1 suwasty gämiden, 4 söweşjeñ gämiden, 1 kömekçi gämiden ybarat kuwwatly deñiz güýçleri bilen, alty sany "F-16" söweşjeñ uçary bilen şärikdeş boldy. Şeýle-de, 2011-nji ýylyñ iýunynda ABŞ-dyr Türkiýe liwiýaly gozgalañçylara pul kömegini edendiklerini, Fransiýa bolsa ýarag kömegini edendigini mälim etdiler. Liwiýa indi agyr ýaralydy, möjekleriñ ýalagyna düşmegiñ öñisyrasynda durdy. Ýagdaý şeýle bolansoñ, başga-da işdäsi açylýanlar orta çykyp ugrady. Kanada, Katar, Belgiýa, Norwegiýa, Gollandiýa, Daniýa çaltlyk bilen Liwiýa goşun salmagyñ tarapdary bolup çykyş etdiler. Rejep Taýýip Erdogan bilen Muammar Kaddafiniñ duşuşygy (23.11.2009). • Uruş çarhynyñ dişleriniñ arasynda 2011-nji ýylyñ 19-njy marty, "Ýeliseý" köşgi, Pariž. Ýer togalagynyñ "hudaýlary" eýýäm permanyny çykarypdy. Sarkozi, ABŞ-nyñ prezidenti Obama, Angliýanyñ premýer-ministri Kameron ÝB-niñ we NATO-nyñ ygtyýarlylary bilen birlikde harby strategiýany ara alyp maslahatlaşmak üçin üýşýär. Nähili geñem bolsa, olaryñ arasynda şondan bir ýyl öñ Kaddafiniñ başlyklyk eden Arap bileleşiginiñ başlygy bilen Iordaniýa, Katar, Yrak, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly musulman ýurtlaryñ wekilleri-de bardy. Ýygnanşyk öýleden soñ gutarýar, ilkinji fransuz hüjüm edijilikli uçuşlary Grinwiç sagadyna görä 16:45-de bolup geçýär. Çozuşa 20 fransuz reaktiw samolýoty gatnaşýar. Gysga wagtyñ dowamynda amerikan we iñlis raketalary-da herekete geçýär. Ýedi aý dowam eden häzirki döwrüñ "haçly ýörişinde" diñe fransuz uçarlary 5 müñ 600 hüjüm edijilikli uçuş gurnaýar. Nämüçindir, Fransiýa beýlekilerden ozmak üçin gaty gyssanmaç hereket edýär. Iñ beteri-de, Sarkozi gyssanýar. Munda Tripoliniñ üstüne birinji bombanyñ düşmeginden iki gün öñ Kaddafiniñ we onuñ ogly Seýfulyslam Kaddafiniñ Sarkoziniñ saýlaw kampaniýalaryny özleriniñ maliýeleşdirendikleri baradaky beýanatlary rol oýnadymy, belli däl. Belli dälem bolsa, urşuñ we ýok etme gyssanmaçlygynyñ goh-galmagalynyñ arasynda bu täsin beýanat ýitip gidýär. Muña garamazdan prezident Sarkozi hakda oña edilen pul kömekleri, derñew edaralarynyñ işgärlerine berilen paralar we gizlin söwdalaşyklar boýunça orta seçilen çekişmeler dumly-duşa ýaýraýar. Bu çekişmeleriñ soñ-soñlar ýüze çykjak anyk delilleri-de bolýar: Kaddafiniñ iñ ýakynyndakylaryñ beren beýanatlary, çykany we öñki Müsür-Liwiýa gatnaşyklary boýunça koordinatory Ahmet Kaddaf ed-Demiñ 2018-nji ýylyñ martynda teleýaýlymlaryñ birine beren görkezmeleri, 2006-njy ýylyñ soñlarybda Liwiýadan Sarkozä 5 million ýewro getirendigini aýdan işewür Ziad Takieddiniñ beýanatlary, 2012-nji ýylda şübheli ýagdaýda ölen Liwiýanyñ öñki Nebit ministri Şükrü Ganimiñ ýanyndan çykan we Sarkozä bir sumka doly pul getirilendigi hakdaky bellikler, Sarkoziniñ hasabyna geçirilen umumy jemi 50 million ýewro barabar pullar, gizlin derñew işleri, Sarkoziniñ tussag astyna alynmagy, şaýatlaryñ şübheli ölümleri, sülçilerden birine telefon arkaly edilendigi ýüze çykan para teklipleri... Gürrüñsiz, bularyñ hemmesi gelejegiñ jedelli temalary. Ýogsam bolmasa, indiden soñ suw señrikden agypdy, Liwiýanyñ mawy asmany dünýäniñ iñ ösen, iñ medeni, iñ zamanabap ýurtlarynyñ söweşjeñ uçarlary tarapyndan bireýýäm basylyp alynypdy! Liwiýa indi uruş çarhynyñ dişleriniñ arasynda üwelmäge başlanypdy... • Köne we täze dünýäniñ ýyrtyjylary Muammar Kaddafi. Dünýäniñ ketdelerine ýumruk salgap bilýän "däli", çölüñ horaşaja bedewi çadyrynda doglup, ýurdunyñ ykbalyny kolonizatorlaryñ elinden alan adam! Düýnüñ ezilen halklarynyñ arkadagy saýylýan gahryman dem salymda külli Günbataryñ azyndan özleri ýaly "zamanabap" ýaraglaryñ we mediýa serişdeleriniñ hüjümi astynda şu günüñ "eli ganly diktatoryna" öwrülipdi... Onuñ dramatiki soñy bir mahallar elleşip gujaklaşan, dostum diýip çadyrynda myhman alan döwlet ýolbaşçylarynyñ, premýer-ministrleriniñ, prezidentleriniñ gönüden-göni görkezmesi bilen geldi. 2011-nji ýylyñ 19-njy martynda ilki siwilizlenen Fransiýanyñ uruş maşynlary, soñra NATO herekete geçýär: Napoliden, Izmirden, Injirlikden, Dižondan, Agraturdan, ýene aýry-aýry 27 ýerden söweşjeñ uçarlar asmana galýar. Şondan soñky gün-aýlarda Demirgazyk Afrikanyñ başyna musallat bolup inen uruş çarhy durman aýlanýar we Liwiýanyñ çäklerine gurnalan hüjüm edijilikli uçuşlaryñ sany 26 müñe ýetýär. Onlarça ýyllap okkupasiýa astyndaky palestin topraklary hakdaky BMG-nyñ kararlaryny bir köpükçe-de görmeýän Ysraýyl üçin sesini çykarmaýan Fransiýanyñ "medeniýetlileri" beren beýanatlarynda BMG-nyñ kada-kanunlaryna eýerýänçä Liwiýa garşy gönükdirilen operasiýanyñ gutramajakdygyny aýdýar. Liwiýa urşy bes etmäge razydygyny aýdanam bolsa, mundan soñ üýtgejek zat ýokdy. Howada täze dünýäniñ, ýerde bolsa köne dünýäniñ ýyrtyjylary bardy. Hüjümler ýedi aýlap dowam edýär. Üznüksiz ýagýan ölüm we gan ýagşynyñ astynda Kaddafi Sirtdäki jihatçy sürilere linç etdirilýär... Kolonial taryhyñ galphorluk, gözboýagçylyk, hyýanat garylan täsin oýnunyñ ahyrynda "hudaýlar" öjüni alyp dyndy. Öñki kolonizatorlar näme-de bolsa, az-uçuk ynsaplydylar. Olar Omar Muhtara öldüren şäherleri Sulukda jaýlamak üçin bir mazar ýeri eçilipdiler. XXI asyryñ şu günki kolonizatorlary barada aýdanda bolsa... Olar has zannyýamandylar! Ony Liwiýanyñ uç-gyraksyz çöllerinde näbelli bir ýer duwladylar. Şeýdip, häzirki dünýäniñ kolonizatorlary Sirtdäki garyp bedewi çadyrda doglup, imperialistik dünýä bilen süsüşen dälibaş adamdan halas bolupn Italiýanyñ paýtagty Rimde - Kaddafynyñ döşünde täzeden direlen Omar Muhtary ikinji gezek öldürdiler. Indi olaryñ hilegärliklerine, mekirliklerine, şarlatanlyklaryna garşy çykyp biljek güýç galmandy! Ýakyn Gündogaryñ, Afrikanyñ, Egeýiñ, Ortaýer deñziniñ içinde gark bolan gan we ölüm deñzindäki Liwiýa doýmaz-dolmaz açgözlükleri bilen gelen möjekleriñ ýalagyna ýene bir gezek düşüpdi. YŞYD-niñ Liwiýadaky pokazowkasy Ýusuf NAZYM. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |