19:19 Tarakanlary öldüriñ! | |
TARAKANLARY ÖLDÜRIÑ!
Publisistika
Uruş garyplaryñ watansöýüjilik duýgusyna, baýlaryñ işdäsine ýel berýär 1994-nji ýylyñ iýun aýynyñ günleri. Afrikanyñ iñ garyp ýurdy Ruandanyñ döwlet radiosyndan şeýle diýip gygyrylyardy: "Tarakanlary öldüriñ, gören ýeriñizde öldüriñ!" Köçeler "inýenzi! inýenzi!" nagralary bilen orlaşýan paltaly, pyçakly, taýaklary adamlar bilen doludy. "Inýenzi" - ýursuñ ilatynyñ 90%-ni düzdän hutularyñ azlykdaky tutsilere aýdýan we "tarakan" manysyny berýän sözdi. Hemme zat 5-nji aprelde ýene şol radiodan: berlen: "Ertir bir zat bolup geçer we hemme zat üýtgär. Garaşyñ" bildirişi bilen başlapdy. Belgiýalylaryñ meçew bermegi bilen kanunylaşdyrylan jynsparazlyk has uzyn boýly, açyk tenli, jüýkburun raýatlary tutsi, kelte boýly, goýy gara tenli, paşşy burunly raýatlary-da hutu milleti diýip kesgitledi. Şeýlelikde, genoside barýan ýolda her ruandalynyñ şahsyýetnamasyba hutu, tutsi ýa-da twa bellikleri edildi. Häzirem taryhda seýrek görlüp-eşdilen gyrgynçlyk dowam edýär. • Dostoýewskiniñ ýurdy Gogolyñ ýurduny basyp alanda Daş-töweregi ýangynlar bilen gurşalan geografiki giñişlikde ýaşaýarys. Günortamyzdaky uruşlaryñ, bosgunlaryñ, basyp alyşlyklaryñ yzasy dowam edip durka, bir gün irden oýandyk welin, Dostoýewskiniñ ýurdy Gogolyñ ýurduna çozan eken. Dostoýewskiý birmahallar "Biziñ hemmämiz Gogolyñ paltosyndan çykdyk" diýipdi. Basybalyjy döwletiñ sebäp bolan ýykgynçylygy, harap bolan ýurt, duw-dagyn bolan maşgalalar. Çar ýanda kösenç-horluklar bilen, ajy gözýaşlar bilen, ölümler bilen sowrulýan ykballaryñ kyssasy... Şdtle zatlar bolup geçip durka, başga bir habar ýurdy basyp alynan döwletiñ resmi ygtyýarlysynyñ agzyndan habar beriş serişdeleriniñ diline düşýär: "Ruslar tarakandyrlar, ele salynan ýerinde öldürilerler". Mujy aýdanam ukrainaly lukman Gennadiý Druzenko. Ol ruslaryñ adam däldigini, ähli ýaralylaryñ biçilmegi üçin berk tabşyryklary berendigini, olaryñ öldüriljekdigini aýdýar... • "Siwilizlenen" dünýäniñ masgaraçylygy: Ruanda gyrgynçylygy Hutu hökümeti gandöküşlikden öñ "tarakan" arassalamaga taýýarlyk görmek üçin Hytaýdan ýüz müñlerçe aýpalta satyn alypdyr. Ruhlary jynsparazlyj bilen zäherlenen hutulara aýpaltalar, aýpaltalaryñ ýetmedik ýagdaýynda bolsa ýiti uçly çişler berlipdir, ýakynda başlahak "mör-möjek" (inýenzi) awynda bulary ulanmak maslahat berlipdir. Nemes faşistleriniñ Ikinji jahan urşunda eden jöhit genosidijden soñ taryha ikinji uly genosid bolup geçen Ruandadaky etniki pürreleýiş akla-huşa sygmajak derejelerde dowam edýär. Hutu militaristleri eline ilen zady bilen: palta, pyçak, hanjar, aýpalta, gyrkylyk, daş, taýak bilen tutsileri öldürýärler. Puly bar tutsiler gynalman ölmek üçin ok puluny berýärler. Puly ýoklaram jebir çekip ölýärler. Öldürmekden ýadan hutular tutsileriñ gaçmagynyñ öñüni almak üçin el-aýaklarynyñ bogunlaryny kesýär, biraz dem-dynçlaryny alandan soñam ýene gyrgynçylyklaryna dowam edýärler. Radiolardan tutsileri öldürmäge çagyrylýar, "kim öldürmese, özi öldürer" bildirişleri berilýär, şonuñ üçinem buthanalarda ruhanylar, hassahanalarda lukmanlar ellerindäki tutsileri jellatlaryna berýärler. Çar ýanda jeset gaýnarar. Birinji iki aýyñ dowamynda ölenleriñ sany 600 müñe ýetipdir. Günbatarly siwilizasiýalaryñ birmahallar ýülügine çenli soran Ruandasy wagşyýanalygyñ girdabynda öz ugruna goýberilýär. ABŞ-nyñ basyşy bilen BMG-nyñ esgerlerini ýurtdan çykarmagy ganhorlaryñ hasam erkin hereket etmeklerine sebäp bolupdyr. Genosidiñ öñüni almak üçin goñşy ýurtlarda migrant bolup ýaşaýan tutsileriñ jemlenişen Ruanda Watansöýüjiler bileleşiginiñ (RWB) aýaga galmagy bilen hutu hüjümleriniñ arasy kesilýär. Emma Fransiýanyñ duýdansyz gelen karary bilen hutu hökümetine ýarag bermegi, yzybdanam ýurduñ bäşden birini basyp alyp döretjek Turkuaz oblastynda hutulara arka durmagy genosidiñ ikinji tolkunynyñ başlamagyna şert döredipdir. Bulam ýene 200 müñ tutsiniñ ölmegine getiripdir. Şeýlelik bilen bary-ýogy ýüz günüñ dowamynda 800 müñe golaý tutsi bilen garawsyz galdyrylan tutsileri öldürmekden ýüz öwren düşünjeli hutu öldürilipdir, soñ-soñlar berilen beýanatlarda bu sanyñ bir milliondan geçendigi bilinýär. • Uruşyñ wagşyýanalygynda örñän erbetlik Ýaraly ruslary tarakanlara meñzeden ukrainaly Druzenko soñra ötünç soranam bolsa, onuñ başky aýdan sözleri Ukraina döwletiniñ resmi organlaryna aralaşan faşistik pikiri paş etmäge ýeterlik bolupdy. Munuñ şeýledigine Lýowda, Dnepropetrowskda we başga şäherleriñ köçelerinde agaçlara ýa-da sütünlere dañlup goýlan adamlaryñ suratlaty güwä geçýärdi. Bilden aşagy ýalañaçlanyp sütünlere dañlyp goýlan we yenjilýän, gamçylanýan, gynalýan adamlar: aýal-gyzlar, ýaşlar, ýetginjekler... Arasynda kakasy bilen bile sütüniñ hersi bir tarapyna dañlan çaga hem bar. Kimsi rumyn bolandygy üçin, kimsi eline ýarag alandygy üçin, kimsi talañçylyga goşulandygy üçin... Häzirkizaman Ýewropasynyñ orra-ortasynda, uruşyñ wagşyýanalygynda erbetlik pajarlaýar. Taşlanan köçeleriñ gyrasynda, ot-ýalnyñ we ok-däriniñ burugsaýan ysynyñ arasynda dowam gynamalar dowam edýär. Emma abstrakt däl, konkret ýagdaýda, açyk hakyky görnüşinde: azyndan basybalyjynyñ turzan uruşynyñ õzi ýaly aýylganç we depe saçyñy düýrükdiriji. • Tarakandan enaýy görülmeýän adamlar... Ýakynda wideogörnüşlerini, suratlaryny gördüm. Yslamçy tarykat agzalarynyñ Adanada guramak islän protest demonstrasiýasyna polisiýa hüjüm edipdi. Sosial mediýada birgiden wideogörnüş ýaýrapdy. Perýat-pygan ahy-nalalar, rezin we tokly dürreler bilen saýgylanýan, ýerde süýrenýän janhowluna saga-sola gaçýan aýal-gyzlar, süñkleri döwülýänçä urulýan, sögülip, ganyñy doñduryp taşlaýan rehim-şepagatsyzlyk bilen tarakandan enaýy görülmedik adamlar... Niräñe seretseñ, polisiýanyñ jemgyýetçlik howpsuzlygy gullugynyñ işgärleri: elindäki dürreleei, ýigrenç bilen garaýan öçli ýüzleri, nemrutdan beter gahar-gazaplary - agzy paýyş sözli, hamana söz bilen beýan edip bolmajak öç bilen dolup-daşýarlar. Kimsi göz ýaşardyjy gaz pürkýär, kimsi dürresini salgaýar, kimsi ýumruklaýar, urýar. Hamana bir jana däl-de, hamana bir adama däl-de, hamana bir mör-möjege, tarakana ýigrenç bilen göz ýaşardyjy gaz pürkýär, zäherleýär, ýere ýykylany ýerinden galdyryp ýumrugyny inderýär, ýykylsa ýene galdyryp, ýene urýar... Häzirkizaman döwletleriñ jemgyýetçilik tolgunşyklaryny basyp ýatyrmak üçin himiki gaz ulanýandyklary täzelik däl. Wýetnamda amerikan goşuny tarapyndan içinde wýetkongly partizanlar gizlenýär diýip tokaýlaryñ üstünden ýaprak düşüriji gaz eñterilipdi. Nemes faşistleri-de ariýes milletinden bolmadyklary konslagerlerdäki gaz peçlerine dykyp, mör-möjekleri gyrýan ýaly gyrypdylar... Halapçada Saddam Hüseýin režiminiñ amala aşyran we 4.500-e ýakyn kürtüñ ölmegine getiren Halapça gandöküşligi... 1936-njy ýylda Dersimde kürtleriñ gizlenen gowaklaryna himiki gaz sepilmegi arkaly syçanlar deýin zäherlenip öldürilmekleri... Ahyrynda-da hasam döwrebaplaşan XXI asyrds her ýurtda diýen ýaly hak-hukugyny talap edýän, nägileligini bildirýän, deñligiñ we adalatyñ bolmagyny isleýän köpçüligi dagatmakda ulanylýan gaz ballonçikleri we görnüşleri... • Kafkanyñ tarakany Frans Kafkanyñ "Öwrülme" ("Превращение") hekaýasynyñ baş gahrymany Gregor Zamza atly işgär. Zamza irden turanda özüni tarakana öwrülen ýagdaýda görýär. Onuñ tarakana öwrülen ýagdaýy bilen öñki ýaşaýşyna dowam etme synanşygy ilki başlygy tarapyndan oñlanmaýar, işinden kowulýar. Işsiz galansoñ gözden düşýär, maşgalasy-da ondan daşlaşyp başlaýar, halanylmaýan mör-möjek hasaplanylýar, otagyndan çykyp bilmez ýaly ýagdaýa düşýär. Başdan geçiren horluklaryna çydap bilmedik Zamza otagynda ölüp galýar, onuñ ölüsini öýüñ hyzmatkäri sübse bilen süpürip, daşaryk zyñýar. Gözüñi gamaşdyryjy üýtgeşmeleriñ bolup geçen XXI asyrynda ýurduñ adam başyna düşýän girdejisiniñ iñ soñunda ýer alan saýrylar şäher-gurluşyk maksatnamasynyñ çäginde ýaşaýan ýerlerinden jyda düşürilip, öýleri ýykylyp şäheriñ daşyna zyñlan garyplar, topragyndan sogrulyp uly şäherleriñ eteklerine taşlanan biçäreler - agajy, dag-deresi, mal-garasy üçin kepjelere we suw pürkýän gurallara döş gerip çykan daýhanlar... Ahyrynda-da bu biderek, adalatsyz, zalym dünýä nägilelik bildirendigi üçin tarakanlar deýin mynjyradylmak, zyýanly mör-möjekler, çybyn-çirkeýler deýin ýok edilmek islenen ýaşlar, aýal-gyzlar; garrylar... Bularyñ hemmesi aýry-aýry Gregor Zamza. Signal düşnükli. Ýa hak-hukugyñyz bolan täze durmuş üçin üýtgäp-özgerip, üstesine syrylyp-süpürilmäge-de döz gelip bir zatlar etmeli bolarsyñyz, ýa-da elmydama iki epilip duran gul ýaly üýtgemän öñküligiñize galarsyñyz. * * * Karl Marks XIX asyrda döwletiñ bir synpyñ başga bir synpyñ üstündäki guraly bolup hyzmat edýändigini aýdanda, nähili dogry aýdan eken. Döwletiñ taýakdan tapawudy ýok. Kimiñ eline geçse, başga biriniñ kellesine urýar. Ol taýak käte iş taşlaýyş yglan eden işçiniñ depesinde, käte ýerini-ýurduny, dag-deresini, mellegini, zeýtunyny goraýan daýhanyñ ýeñsesinde, kämahalam nägilelik bildiren işgäriñ, ýaşlaryñ, talybyñ ýagyrnysynda döwülýär. Ine, tutuş jemgyýet bolup ajy hakykatlar içre, her gün ýülüklerimize çenli syzyp başdan geçirýänlerimizem şundan ybarat. Biziñ iñ uly arzuwymyz adamlaryñ tarakanlar ýaly mynjyradylmaýan, taýakdyr dürreleriñ, ýaraglaryñ bolmadyk, uruşsyz, dawa-jenjelsiz dünýä. Ýusuf NAZYM. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |