01:25 Diñe diktatormy? | |
DIÑE DIKTATORMY?
Taryhy makalalar
Hökmürowanlar teatrlary gadagan edýärdi, binalaryñ gapysyny möhürleýärdi, zallary ýapýardy. "Ýönekeý tennis topuny zyñanyñyzda nähiliräk bökýär? Emma ony aldylar-da ýere urdular welin, potologyñ deñine bökdi". Haldun Taner. Germaniýada jemgyýetiñ bir adama baş egmäge mejbur edilen diktatura ýyllary. Nemes maýadarlar synpy Gitleriñ dünýäni basyp almak üçin öndürýän hapa söweşjeñ maşynynyñ doýmaz-dolmaz işdäsi üçin hars urýardy. Jemgyýetiñ aglabasy ýeke-täk şefe baş egýärdi. Sungat, edebiýat, teatr uly basyş astyndady. • Kabareçi wäşiniñ Gitlere eden oýuny Berlindäki "Şarlottenburg" teatrynyñ tomaşaçylar zalynda boş ýer ýokdy. Gitler özüne goýlan kabinada kreslosyna çümüp spektakla tomaşa edip otyrdy. Onuñ töweregindäki kabinalarda gestapoçy ofiserler durşy bilen göz-gulaga öwrülipdiler. Nemes kabare wäşisi Karl Walentin Gitleriñ oýny tomaşa edip oturanyny bilip durdy. Yzyny teatr işgäri Jansu Fyrynjynyñ galamyndan okalyñ: “Walentin... Nemes kapital gatlagy bilen nasistleriñ arasyndaky pully gatnaşygy inçeden-inçe dyrtmalap geçýär: "- Uly şef gara "Mersedesi" bilen burçdan aýlanýardy". Elbetde, jyzzygyna ot basylan Gitler oýundan soñ gestapoçylara mahsus "mylaýymlyk" bilen Walentine duýduryş berýärdi. Ol Walentini ele salmak üçin ot alyp tutaşýardy. Ertesi agşam Walentin sahna çykdy, Gitleriñ ýeri boş durdy, gestapoçylar hemişeki ýerlerinde otyrdylar. Walentin derleýärdi. Wagty geldi, ýene replika sokdy: "- Uly şef burçdan yzyna öwrüldi... Onuñ awtoulagy gara "Mersedes" däldi!" Nemes faşistleri sungaty, edebiýaty, teatry, satirany ele geçirmek üçin ot alyp tutaşýardylar. Kitaplary şäher ploşadlaryna üýşürip ýakýardylar, sungat işgärlerini tussag edip, konslagerlere ugradýardylar, teatrlary ýapyp gapysyna gulp urýardylar, tussag edilmedik sungat işgärlerini işinden kowup, açlyga sezewar edýärdiler. Olar sungat işgärlerine ele salsalar, sungaty-da ele salýandyrys öýdýärdiler. Edil şol wagtam Walentin kabaresiniñ jemleýji replikalaryny oklaýardy. Sungat adamsy diýeniñ häkimiýetiñ ýanynda durmalydy, häkimiýetiñ propogandasyny etmelidi, uly şefe hormat goýmalydy: "- Haýl!..Haýl!.. Haýl!.." Walentinden muña garaşmadyk märeke şok geçiripdi. Gestapoçylaryñ gözlerinde ýeñiş uçguny syçraýardy. Zalda uly, uzak, buz ýaly sowuk ümsümlik höküm sürýärdi. "- Nämä seredýärsiñiz, adamyñ adyny ýatdan çykarypdyryn..." Tomaşaçylar wakyrda berdi, gestapo gazap bilen dymdy". Jansu Fyrynjy "Bu bir faşizm hekaýasydyr" diýip ýazgysynyñ üstüni ýetirýär... Dogry aýdýar. • Teatr köçede* 1961-nji ýylyñ konstitusiýasynyñ gözlük üçin getiren "erkinlikler" döwri. Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, medeni ugurlarda-da düýpli toparlanmalar we profsoýuzlaşmalar başlapdyr. Türkiýäniñ Opera-balet, teatr işgärler we kömekçi işçiler profsoýuzy (TOTSİS), Türkiýäniñ teatr işçileri profsoýuzy (TİSEN), Türkiýäniñ mugallymlar profsoýuzy (TÖS) we onuñ binýadynda gurlan ilkinji teatral jemgyýet... TÖS teatryndan soñam "Rewolýusiýa üçin hereket" ("Devrim İçin Hareket") teatryny açmaga synanyşylýar. Soñky synanşykçylar Türkiýede öñ edilmedik zady synap görýärler. Zallardan, hususy eýeçilik gatnaşyklaryndan, sap güýmenjä öwrülen oýun düşünjesinden başgaça ýüzüni halka we köçä gönükdiren teatry gurmak pikiri. "Köksüz estetikanyñ" ýerine gan-damaryny halkdan, onuñ zerurlyk duýýan zatlaryndan we problemalaryndan gözbaş alyp baýlaşmagy maksat edinen estetika. Mehmet Ulusoý, Ali ve Yşyl Özgentürk, Sadyk Karamustafa, Dogan Soýumer, Sabahattin Şenýüz, Weli Gürjan, soñra Kuzgun Ajar, Jan Ýüjel, Bige Berker, Nežat Feruz dagy bu asylly başlangyjy alyp göterýärler. Olaryñ arasynda kuzowa ussasy Hüseýinem bar, talyp Ragybam, çyzuwçy Ahmedem... 1968-nji ýyl. Olaryñ ikinji synanyşygy Stambulda gurulmagy meýilleşdirilýän Bosfor köprüsinden söz açýan "Köpri" spektaklydy. Köp wagta çeken taýýarlyk işlerinden soñ ýigrimi adamlyk topar bilen 3-nji noýabr güni Ortaköý raýonynda halaý (türk halk tansy) çekip we dep-deprek çalyp oýun başlanýar. Gaýalar obasyndan Ýakubyñ çagasynyñ Ýewfratyñ köprüsiz suwlarynda nähili jan berendiginiñ hekaýaty bilen açylýan sahna Stambulyñ köprüsi bilen Ýewfratyñ köprüsizligini deñeşdirýär. Beýlerbeýi raýonynda görkezilen ikinji oýunda bolsa artistlerden dördüsi, tomaşaçylardanam ikisi "halky hökümetiñ garşysyna küşgürmekde" we "birugsat çykyş etmekde" aýyplanyp tussag astyna alynýar. Tussag astyna almalar soñky oýunlaryñ dowamynda-da bes edilmändir... • "Magirus" zawodyndaky teatr Şol wagtlar Menderesiñ tikinçisi Yzzatyñ başlyklyk edýän "Magirus" abatlaýyş zawodynda iş taşlaýyşlar bolup geçýär. Täze spektaklyñ repetisiýasy gyssagly geçirilýär, adynam goýýarlar: "Iş taşlaýyş!" ("Grev!"). Işçileriñ halaý çekmäge marka bilen gidip, köp dursa üç minut durýan, tomsuñ jokrama yssysynda, gyşyñ -20° sowugynda işlemäge mejbur edilen zawodynyñ öñünde iş taşlaýyş yglan eden işçileriñ öñünde görkezmegi meýilleşdiripdirler. Mini awtobus bilen zawodyñ öñüne gelinende halaý çekilip dur eken. Deprekler kakylyp, surnaýlar çalynyp topary garşy alýarlar. Awtobusdan düşenlerem halaýyñ bir başyny tutýarlar. Halaý gutaryp, iñ soñky depregem kakylansoñ, oýun başlaýar, oýna tomaşa edip duran ýüzlerçe göz, olaryñ yzynda-da "Magirus" zawodynyñ dyman tüsseçykarlary. Oýny alypbaryjy öñe okdurylyp: "Hemmelere ýalkymly salam!" diýip gygyrýar. Bir agyzdan çykan ýaly edip iş taşlaýan işçilerem "Size-de salam!" diýip gygyrýar. Işçi hekaýatlary, sary sindikat, başlygyñ obrazy, arasynda okalýan Nazym Hikmetiñ "Elleriñiz we ýalan hakda" şygyry, ýetjek derejesine ýeten joşgun... Oýun we oýunçylar şeýle bir real welin... Aýratynam başlygyñ roluny oýnaýan artistiñ ýagdaýy kyn bolýar, ony işçileriñ elinden zordan alýarlar... Özlerini saklap bilmedik işçiler sahna çykýar. Dem salymda sahna ala-güpürdi bolýar, indi işçileriñ barsy oýunça öwrülýär. Göreniñe degýän manzara... platforma iş taşlaýyş yglan eden işçiler bilen dolup-daşýar. "Magirus" iş taşlaýyşy 1968-nji ýylyñ dekabr aýynyñ soñunda işçileriñ ýeñişi bilen gutarýar. "Iş taşlaýyş" spektakly beýleki zawodlaryñam iş taşlaýjylarynyñ öñünde çykyş edip başlapdyr... • "Diñe diktator" Hopada Garadeñiz elmydama gaharjañ, tolkunly bolýar. Käwagt öýkeli, içine ýygrylyp ýatandyr. Käwagtam özüni dürseýär-de, kükräp başlaýar. Artwin Gündogar Garadeñizde daglaryñ gerşinde ýerleşen şäher. Onuñ deñiziñ kenaryndaky etraby Hopada bir gün: Ýagyş dynman çisñeleýärdi. Şol gün Garadeñiziñ gaharyndan nam-nyşan ýokdy, sessiz, içine ýygrylyp ýatyrdy. Köçeler bolsa munuñ doly tersine: hemmeler aýak üstünde, heýjanly, uly güwwüldi. "Emre" toý mekanynyñ öñüne joşgunly jemende üýşüpdir, gapysyna bolsa ullakan gulp urulypdyr! Hopada ýene iki ýerde spektakl oýnalmalydy. Biri Onur Orhanyñ ýazan, Janer Erdemiñ režissýorlyk eden we Baryş Ataýyñ sahnalaşdyran oýny. Ady - "Diñe diktator". Şondan öñ ýurtda 40 müñ adamyñ öñünde oýnalan oýuna okrug gubernatorlygy (kaymakamlyk) tarapyndan ilki rugsat berlipdir, zal taýýarlanyp goýlupdyr, bildirişler berlip, ähli taýýarlyklar görlüpdir, biletler satylyp gutarylypdyr. Emma iñ soñky minutda ýerli häkimiýet oýny gadagan edipdir. Içerik girilmesin diýibem zalyñ gapysyna gulp urulýar. Şobada raýonyñ adminstratiw suduna ýüz tutulýar. Gadagançylygy güýçsüz hasap etme karary çykýar. Habar ýyldyrym çaltlygynda "Metin Lokumjy" meýdanyna ýaýraýar. Zalyñ öñi dem salymda adamdan dolýar. Märekäni şatlyk gurşap alyp, Garadeñiziñ güwwüldisine begenç sykylyklary garyşýar. Her näme-de bolsa oýun oýnalman goýuljak däldi. Emma hiç bir döwlet ygtyýarlysyny görüp, zalyñ möhürini söküp zyñjak işgär tapanokdylar. Çünki oýunyñ ady "Diñe diktatordy". Ertesi gün Barış Ataý, tomaşaçylar köplügi döwlet işgärleriniñ gelip, suduñ kararyny ýerine ýetirmeklerine garaşýarlar. Garaşylşy ýalam bolýar. Döwletiñ ygtyýarlylary köplük bolup: ýerine ýetiriji güýçler, akraplar, gaz maskaly poliseýler, hemmesi birden gelýär! Az bolaýmasyn diýip, töwerekdäki etraplardanam kömekçi güýçler ugradylypdyr. Gelen güýçler "Emre" toý zalynyñ öñüne düzülýärler. Görkezme ýokardan gelipdir. Bu gezek olaryñ elinde häkimligiñ buýrugy bar eken. Häkimlik Adatdan daşary ýagdaýlar hakdaky kanunyñ hudaýbilsin haýsy maddasynyñ haýsydyr bir bendine esaslanyp, Artwiniñ üç raýonynda spektajly gadahan edipdir! Çünki "Diñe diktatordy" oýnuñ ady, hemme zat ol teatry çykyş etdirmezlk üçindi. • Faşizm ruhy keseldir Gitler german kowmunyñ hemme kowumdan ýokardalygyny öñe sürüp, nemes jemgyýetini zyýanly täsirlerden arassalamak üçin ilkibaşda jöhitleri, soñ sosialistleri, kommunistleri, syganlary, käbir slawýan milletine degişlileri gyrmaga başlapdyr. Ruhy taýdan näsaglar, maýyp çagalar, fiziki ýa-da psihiki taýdan şikesli uly ýaşlylaram gurban edilmelileriñ sanawyndady. Köpelmäge goşantlarynyñ ýokdugy üçin gomoseksualistlerem... Ol dünýä derejesinde sebäp bolan heläkçilikleri we kowahada sygyşmaýan jenaýatlary bilen diñe diktatormydy? Gürrüñsiz, ol bir diktatordan has beteridi. Faşizmiñ özi batypýatan ruhy keseldi we Germaniýada ýa-da dünýäniñ haýsydyr bir ýerinde birmeñzeş zatdy. Sungat hemişe faşizme garşy çykýar. Şonuñ üçin bolýan hemme zat sungaty we sungat işgärlerini ele salmak üçin bolýardy. Sungat işgärlerini ele salsalar, sungaty-da ele salýandyrys öýdýärdiler. Ýöne gödek ýalñyşýardylar! Olar bir sungat adamsyny ele salanlarynda, gelip başga bir sungat adamsy baýdagy gapyp alýardy, alybam öñe okdurylýardy. Onuñ söbügine münenlerinde, bu gezek başga bir sungat adamsy çykyp, ýere düşmänkä baýdagy gapyp alýardy. Şeýdibem, sungat öz hemişeki owadan hanasynda dynman akmagyny dowam edýärdi. Hökmürowanlar teatrlary gadagan edýärdi, binalaryñ gapysyny möhürleýärdi, zallary ýapýardy. Emma sungaty ele salyp bolmaýandygyny bilenokdylar. Teatrlar ýok wagty, ýeri gelende spektakllar köçelerde, zawod-fabrikleriñ öñünde, meýdanlarda oýnalýardy. Çünki bu faşizm hekaýasydy we faşizmiñ replikalary hemişe birmeñzeşdi, üýtgemeýärdi. Üýtgeýän zat - diñe onuñ ýüzi we ýurdudy. (*) "Teatr köçede" paragrafym üçin 9/9/2017/ skopžurnal, 11-nji sany / Burak Üzümkesijiden peýdalandym. 14.01.2018 ý. Ýusuf NAZYM. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |