11:51 Edep-ekrama ýugrulan yrymlar | |
EDEP-EKRAMA ÝUGRULAN YRYMLAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
■ Türkmençilikde başam barmak bilen süýem barmakdan özge barmaklaryň arasy (syňragyñ) bilen zat almak we bermek gowy görülmeýär. ■ Gijäniň ýaryndan soň myhmançylyga gitmek gelşiksiz gylykdyr. ■ Özgäniň üstüne gerinmek, köpçülikde gägirmek, pallamak biedeplikdir. ■ Işikde oturanyň otyrýerinden ýara çykarmyş. ■ Howluda gumry höwürtgelese, ol maşgala agzibirlik getirermiş. ■ Ýaşulularyň sözüni kesmek, olara pent bermek kelpeňlikdir. ■ Türkmençilikde sygyr ekiz gölelese, dowar üçem ýa-da dördem guzlasa, ýaş malyň biri bakylyp sadaka edilýär. ■ It aýa bakyp uwlasa “Apat öz başyňa” diýip, ony daşlamaly. ■ Agşamara gygyrýan horazdan, horaz bolup gygyran mäkiýandan dynan ýagşy. ■ Aý ýatyk dogsa “ Bendäm dik”, dik dogsa “Bendäm ýatyk” diýip alnyňa sylynýar. ■ Guşlar bagda üýşüp nagma kaksalar, ertesi gün açyk howa garaşybermeli. ■ Öýe guş girse, yrsgal-döwlet getirermiş. ■ Türkmençilikde hammamda we hajathanada hal-ahwal soralmaýar. ■ Pata ýerinde merhumyň diňe gowy tarapyny aýtmak gerek. ■ Göç edýän guşlardan arzuwyňy iberseň tiz kabul bolýarmyş. ■ Ilkinji gezek ulaga münen, aýlyk hakyny alan adam süýjülik paýlasa onuň tutan işi rowaç bolarmyş. ■ Düýe ýüňünden düşek däl-de, guşak edinmeli ■ Ýaşulularyň ýanynda az gürläp, olaryň sargyt-nesihatlaryny köpräk diňlemeli. ■ Ogly atasyna, gyzy ejesine akyl berse aýyp zat hasaplanýar. ■ Gaýynlarynyň isleg-sargytlaryny diňlese, ol geliniň edep-terbiýelidiginiň nyşanydyr. ■ Öý haýwanlaryny ýerliksiz ýençmek uly günädir. ■ Jany sag adam nesýe-nowganyň hasabyna ýaşasa aýyp närse hasaplanýar. ■ Erbet düýş görülse-de ony gowulyga ýormaly. ■ Türkmençilkde atasyna bakyp ogluna, enesine garap gyzyna baha berilýär. ■ Zeýrenjeňlik ynsanyň ömrüni kertýän häsiýetdir. ■ Türkmençilikde toý-ýas bilen baglanyşykly meseleler ýaşululara geňeşilip çözülýär. ■ Gök bagy çapmak, owlak-guzyny, jüýjäni öldürmek iň agyr günäleriň biridir. ■ Köwüşi bitaý ýa-da agdaryp goýmak halanmaýar. ■ Ýas ýerine ýaş çagaly we ikigat aýallara barmak dürs hasaplanmaýar. ■ Balykçynyň toruna azatmahy düşse ony ýedä bölüp paýlamaly. Bolmasa ol maşgala betbagtlyk getirýärmiş. ■ Ýoluňy gara pişik kesende däl-de, gara pikirli adam kesende gorkmaly. Toplan: Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |