17:28 Edebi akymlar, žanrlar, stiller: awangardizm / ikinji bölüm | |
DÖREDIJILIGIŇ SYRLY DÜNÝÄSI
Edebiýaty öwreniş
EDEBI AKYMLAR, ŽANRLAR, STILLER: AWANGARDIZM Birinji bölümini okamak üçin şu ýere basyň! II. köp okamaga, köp bilmäge ymtylmalydygyny, edebi senede ikilik etmeli däldigini, özgelerden gyrp-çyrp etmekden daş durup, öz ýoluňy salmaga ymtylmalydygyny, eser ýazylyş kadalaryny gowy öwrenip, birkemsiz berjaý etmelidigini elmydama tekrarlaýarys. Netijede, göräýmäge şu talaplara eýerýän ýazyjy-şahyrlaram döräp barýar. Olaryň ýazýan goşgusynda setirleriň rifma sazlaşygam hat-da başaşa derejede. Haýsydyr bir täze ýylpyldylyedebi öwüşginlerem bar.Ýöne welin,goşgy näme üçindir kalbyňy gozganok. Ondan birhili ýasamalygyň, emeli harytlygyň äheňi duýulýar. Oňa nämedir bir zat ýetenok! Şol zat goşulsa, ol hakyky esere öwrüljegem ýaly. Ine, eseri eser edýän şol wajyp zat nämekä? Belki-de, şahyranalykdyr? Belki-de, duýgy diýilýän, biziň erkimize beýlebir tabyn bolup barmaýan ruhy-ylahy häsiýetli, çylşyrymly hadysadyr. Duýgyny özüňe tabyn edip, eseriňe ornaşdyrmak üçin, belki-de, oňa ýüregiňden birazajyk gyr- kyp goşmagyň gerekdir?! Munuň üçin ýüregiň egbarlap durmaz. Gaýtyp, oňat eser döredeniňe begenmekden ýaňa has kuwwatlanar, nuranalaşar. Garaz, ýazýan eseriňe edebi dünýä getirýän döredijilik perzendiň hökmünde çemeleşmegiň wajypdyr. Senede yhlaslylyk babatdaky delili saz sungatyndan getirsek meniň bir sazsöýer tanşym sazdan sözaçylanda şeýle diýdi:«Humarala» sazyny çalýan sazanda köp.Emma Mylly aganyň «Humaralasyny» bilýänim üçin meniň beýleki «Humaralalary» diňläsim gelenok! Näme üçindir olar gulagyma talhy kakýar. Mylly aganyň sazynda men onuň hut öz sadadan nurana keşbini görýän. Betlagam işlerden daş durjak ellerini görýän, halkyň durmuşyna şatlanyp hem gyýlyp duran päk ýüregini görýän». Belki, ýazyjylyk senedine çemeleşilende hem Mylly aganyň saz senedine çemeleşişi ýaly yhlaslylyk gerekdir! Oňa özümizi dolulygymyza bagyşlagymyz, diňe şonuň pikiri bilen ýaşamagymyz gerekdir! Mahlasy, ýazyjylyga baş goşduňmy, ol seniň ykbalyň bolmalydyr! Nädibem bolsa bize ozaldan gelýän nusgawy edebiýatymyzyň ägirt derejesini saklap başarmak, milli edebiýatymyzyň ýurdumyzyň çäklerinden çykyp, dünýä halklarynyň-da söýüp okajak edebiýatyna öwrülmegini gazanmagymyz gerekdir. Milli edebiýatymyzda edebi akymlaryň, žanrlaryň, stilleriň ýaýbaňlanyş ýagdaýy barada aýtsak, biziň edebiýatymyz, esasan, realizm akymyny özüne ýörelge edinen edebiýatdyr. Realizm akymy durmuşy bolşy-bolşy ýaly suratlandyryp beýan etmegi aňladýan akymdyr. Indi bir asyr töweregi şol bir realizm akymynda döwnelmegi çeper kyssada-da, şygyrda-da, dramaturgiýada-da ozal aýdylanlary gaýtalamak, edebi durgunlyk ýoňuny güýjedýär. Beýle ýagdaýokyjylaryň okamakhöwesini pese gaçyrmagy, çeper edebiýatdan bezikdirmegi-de mümkindir. Şonuň üçin-de ähli edebi akymlarda, edebiýatyň ähli žanrlarynda dürli-dürli stillerde eserleri döretmäge işeňňirlik bilen synanyşmak gerekdir. Çeper eseriň okyja ýetmegine dahylly kişileriň bolsa milli edebiýatymyzyň sagdyn ösmeginiň hatyrasyna ähli akymlarda we žanrlarda ýazylan, şol sanda awangard häsiýetli — täze lybasly edebiýaty çyn ýürekden garşylap, ile ýaýylmagyna goltgy bermekleri möhümdir. Ýogsam, eser döredilýän edebi akymlaryň, žanrlaryň, stilleriň, temalaryň azalmagy — çäklilige düşmegi islendik halkyň milli diliniň janlylyk derejesiniň peselmegine, ulanylýan söz düzüminiň azalmagyna, sözleýşiň guraksylaşmagyna getirip bilýändigini dünýä edebiýatynyň meselelerini içgin öwrenýän bilermenler aýdýarlar. Awangard äheňli eseri edebiýatyň islendik žanrynda hem ýazmak mümkindir. Awangard eser goşguda ýazylanda goşgy düzüliş kadalarynyň täze görnüşleriniň toslanyp tapylýan, şeýtmekbilen şygryň görnüşiniň hem täzeçilligi döretmekde batyrgaý ulanylýan halatlary poeziýada adatyýagdaýdyr. Goşgynyň düzümindäki haýsydyr bir söz bölekleriniň, sözleriň, jümleleriň ýa-da harplaryň başga-başga harplar bilen berilmegi hem awangardžanryň alamatlarydyr.Bu žanrda A.Woznesenskiniň «Arhitek- toniki goşgulary», Giýom Apollineriň,Teýofl Gotýeniň, Erih Ştritmatteriň sözleri ýa-da ululy-kiçili harplary, geometriki şekilleri ulanyp döreden eserleri awangard eserleridir. Awangard eseri şygyrdaky beýany kontrastlaýyn — gapma-garşylyklaýyn bermek, sinonim, omonim, antonim ýaly dil serişdelerini başarnykly ulanmak, pikiri «öwrüp-çöwürmek» arkaly hem döretmek mümkindir. Muňa G.Ezizowyň «Gar» we käbir beýleki goşgularyny, A.Atabaýewiň «Başga tüýsli goşgular» toplumyny mysal getirmek bolar. Awangardizm akymyna laýyk awangard röwüşdäki eserleri çagalar edebiýatynda hem döredip bolýandygyny ýokarda agzapdyk. Beýle eserler körpe okyjylara juda ýaraýar, olaryň bilesigelijiligini artdyrýar, oýlap tapyjylyk, hyýalbentlik ukybyny ösdürýär. Pikirimiziň düşnükli bolmagy üçin çagalara niýetläp «kerkaw» tilsiminde ýazan goşgymyzy mysal getirýäris: IKI... IKI sany «IKIlik» Soňuny etmän pIKIr, IKIlikçiň üstünden Güldüler «kIKIr — kIKIr»: — ArifmetIKI amaly dogry işläp bilmeýän Seniň deý IKI ýeke ýalta baryna şükür!» IKI[b]likçi: — [b]IKI[b]lenç «[b]IKI» almaryn! — diýdi. — Men size indIKIde gülki bolmaryn! — diýdi. (Maýmyna öwrülen oglanjyk, «Magaryf» neşirýaty, 1994 ý.) Awangard tilsimi kyssada proza žanrynyň mümkinçilikleri giňden göz öňünde tutulyp, ahwalyň beýan edilişinde mazmunyň aňrysynda ýatan haýsydyr bir syrlylyklar ulanylyp, jümleler çugdam düzlülip, metaforalar, beýleki edebi serişdeler, dil kadalary başarnykly peýdalanylyp emele gelýär. Pikirimiziň düşnükli bolmagy üçin awangard tilsimde ýazan hekaýalarymyzyň birini mysal getirýäris: OŇATLYGA ELTÝÄN ÝOL Men onuň bilen eýýam gör, näçinji gezek duşuşýardym. Ikiçäklikdäki beýle duşuşyklar, köplenç, garaşylmadyk ýagdaýda bolup geçýärdi. Öňler onuň keşbi göze ýakymlydy. Şonuň üçinem oňa kesesinden guwanardym. Onuň öz nuranalygyny saklamagyna mümkingadar ýardam bererdim. Ol hem maňa hoşamaýlyk ederdi. Islendik halatda ýüz tutsam, başyna baran işimiň bähbitli hem müşgil taraplary babatda saýhally maslahatlar bererdi. Bu arkalaşykly gatnaşyk meniň durmuşda öz ornumy tapmak üçin edýän birgi- den aladalarymyň, arzuw-isleglerimiň amala aşmagyna her näme-de bolsa goltgudy. Elbetde, men oňa ähli babatda geňeşibem duramokdym. Ýa-da bolmasa onuň maňa öwüdini elmydama berjaý etmegi-de hökmanlyk hasaplamokdym. Käbir tutumlarymy ol oňlanokdy. Şonda menden bimakul işim üçin berk hasabat soraýardy.Men: «Nätjek-dä,şeýle ýagdaý boldy» diýip oňýardym. Ol çytylýardy. Meniň etmişime gynanmakdan ýaňa sussupeslige düşýärdi. «Indikide beýtmejek bol!» diýip öwüt berýärdi. «Men seniň oňat adam bolmagyňy isleýärin» diýýärdi. Onuň oňat adam bolmak babatdaky ülňüsi meniň ýadymdady: mertlik, halallyk, söze ygrarlylyk, belent mertebelilik, salyhatlylyk we şuňa meňzeş gowy häsiýetler. Ikimiziň aramyzdaky bu mähirli gatnaşyga begenýärdim. Tanyş-bilişlerim biz babatda gürrüň edenlerinde onuň päkdigini agzaýardylar. Bu maňa hoş ýaraýardy. Şeýdip durmuş dowame dýärdi. Soňabaka ol menden hasabat soramasyny ýygjamlatdy. Muňa meniň özümi salyhatsyz alyp barmagym, bähbit aramagym, aldawçylyga ýüzurmagym, halallykdan daş düşmegim, ýeneki bimakul işler etmegim, häsiýetimde dörän ýakymsyzlyklar sebäp bolýardy. Onuň oňat adam bolmak babatdaky ülňüsi elbetde ýadymdady. Ol ülňüni entek çagalyk ýyllarymdan başlap enem-atam hem gulagyma guýupdy. Şeýle-de bolsa, säwlik goýberýärdim. Şonda ol meni juda utandyrýardy. Adamçylykdan daş düşüp barýandygymy ýatladýardy. Men bolsa özümi aklamaga çalyşýardym. Köplerden gowudygymy, orta gürpden ýokarda durýandygymy tekrarlaýardym. Aňrybaş oňat adam bolmagyň asla mümkin hem däldigi, muňa durmuşdaky nogsanlyklaryň sebäpdigi, töwerege görä bolmalydygy barada käbir kişilerden eşiden pikirimi aýdyp, onuň hasabatyndan gaçybatalga gözleýärdim. Meni goldamagyny isleýärdim. Soňabaka ol hasabat soramasyny azaltdy.Asla seýrek duşuşypbaşladyk. Indionuň keşbi: «Aý, boljagy boldy» diýip, menden göwni geçene meňzeýärdi. Özem gödeňsi- leşip, öňki nuranalygy ýitip ýowuzlyk, ýasamalyk aralaşan, mendäki ýaramaz ýoňlar oňa hem ýokaşan ýalydy. Men onuň tüýsüniň üýtgänine gynanýardym. Ol hakda indi öňki sözleri aýdanok- dylar. «Zaýalanypdyr» diýýärdiler. Bu baha meniň hem abraýymy pese gaçyrýardy. Onuň ozalky derejesini ýitirmegine özümiň günäkärdigimi bilýärdim. Ol meniň durmuşda aýak alşymdan bähre tapýardy. Maňa juda ynanýardy. Özüni elmydama goraryn, aýap saklaryn öýdýärdi. Men bolsa oňa ikilik etdim... Indi onuň öňki şadyýanlygy, durmuşa ynamy ýokdy. Adamlara hem şübheli çemeleşýärdi. Olardan ýagyrniçligiňi tütedýän haýsydyr bir hile — mekirlige,ýamanlyga garaşýardy. Ol käte bir ýadyma düşende, «Men ony ýitiren bolmaýyn» diýip, alada galýardym. Onuň bardygyny, meni terk etmändigini bilip begenýärdim. Soňky döwürde ol köp uklaýardy. Ylla diýersiň, gafat ukusyna uçran ýalydy. Oýananda onuň keşbi nuranalaşyp, birwagtkylary ýaly, örän ykjamlykbilen hasabat soraýardy. Men bolsa günälerimi owunjak ýagşylyklaryma bukup, özümiň oňatlaşyp barýandygyma ony ynandyrmaga çalyşýardym. Ol şonda: «Sen beýdip meni aldap bilmersiň!» diýýärdi. «Gör, ahyr, men sen zerarly görk-görkmekden düşdüm, päkligimi ýitirdim» diýýärdi. Men onuň başky keşbini ýatlaýaryn. Maňa meňzeýärdi. Häzir hem şeýledi. Ýöne meniň görmek islemeýän, halys bedroýlaşan keşbime çalym edýärdi. Men oňa: «Şundan şeýläk diňe oňatlyga ymtylaryn» diýýärin. Ol: «Sözüň sözmi?» diýip soraýar. Men: «Hawa» diýýärin. Ýöne meniň beýdip söz berşim gör, näçinji gezekdi. Eňaşaklygyna düşýän adamyň badyny saklamasynyň kyn bolşy ýaly, meniňem indi aňrysy düzüwli däl, ýöne özüne bijaý imrindirýän bähbitlerden daş durmam, özümi saklamam kyndy. Häsiýetim edim-gylymyma görä pese gaçyp, durmuşyň düýbündäki hapa lüýge bulaşanlaryňka meňzäp barýardy. Birnäçe ýyl mundan ozal, entek özüme oňat adam diýdirýän döwürlerim düýşümde uçardym. Hakyt guş kibi şeýle ýeňillik bilen. Meniň bu uçuşyma ejem-kakam, dostlarym, tanyş-bilişler guwanyşyp serederdi. Indi bolsa meniň düýşlerim yzgytsyzdy. Haýsydyr bir geçmesi kyn batgalykdan nirädir gidip barýardym. Ol batgalyk üst-başymy hapalapdy. Aýagymdaky köwüşlerimi sogrup, alyp galypdy. Juda ýadaw hem lapykeçdim. Batgalygyň süňňüme ornan ýakymsyz ysyna ýüregim bulanýardy, başym aýlanýardy. Şol hiç bir iňlär siňeksiz ýerde ýykylyp, ýitip gitmekden gorkýardym. Özem beýle düýşler dowamlydy, her gije diýen ýaly gaýtalanýardy. Batgalygyň aňrysy-bärsi görünmeýärdi. Käte ejemiňdir kakamyň men zerarly gussa aralaşan ýüzlerini görýärdim. Olar batgalygyň üstüni örten hüýtgara hem hyrsyz bulutlaryň arasyndan ak guwlar kibi parlap çykyp, maňa «Adam boljak bol!» diýip, gygyryşyp gözden ýitýärdiler. Men oýananymsoň düýşümde gören bu ahwalymyň pikirini edip, «Dünýäden öten ejem-kakam pahyryň ruhlary hem men sebäpli birahat bolýar» diýip, gussa batyp oturýardym. Şonda ýüregim atygsap, pähimli geňeşdarym ýadyma düşýärdi. Ony oýarýardym. Gören düýşümi gürrüň berýärdim. Ol: «Ikimiziň düýşlerimiz kybapdaş» diýýär. Men ondan: «Bu müşgil ýagdaýdan çykalga barmy?» diýip soraýaryn. Ol: «Elbetde bar!» diýýär. «Onuň üçin sen maňa hasabat bereniňde, aldawa ýüz ur- majak bol» diýýär. «Men saňa hasabat bermekden gorkýaryn» diýýärin. Ol: «Iň gorkunç hem aýgytly hasabat öňde — dünýäden öteniňde. «Bu nähili adamdy?» diýlip soralanda bolar. Oňa çenli puryja bar, ömrüň dowam edýär. Mundan beýläk diňe oňatlyga ymtyl!» diýýär. Men: «Indi giç dälmi?» diýýärin. Ol «Düzeljek üçin hiç haçan giç däl» diýýär. Şu sözleri aýdanda onuň men zerarly ýitiren keşbine nuranlyk çaýylýardy, gözün- de umyt otjagazlary uçganaklaýardy. «Men seni ýene-de gynanmaly ederin öýdüp gorkýaryn» diýýärin. «Erkiňi tijäp, özüňi ele al, şeýtseň sen meni begendirersiň» diýýär. Ahyrsoňy men onuň öwüdine eýerdim. Ähli yhlasymy jemläp oňatlyga ymtyldym. Beýtmek kyndy. Ýöne ýakymlydy. Ine-de, men düýşümde batgalygyň soňuna çykdym. Surnukmakdan ýaňa aýak üstünde zordan durýardym. Ol ýerde ösüp oturan täsin agajyň aşagynda köneje tanşym garaşyp durdy. Men şeýle bolar öýdýärdim. Ol meniň üstünligime begenýärdi. Onuň hemaýat bermeginde ýöräp başladym. Indi meniň barýan ýolum (wyžda- nymyň aýtmagyna görä) oňatlyga eltýän ýoldy. («Garagum» žurnaly, №7. 2013 ý.) Tebigat beýik dörediji. Ol ähli döredýän zatlaryny erkin görnüşde döredýär. Daglara, baglara, derýalara, çeşme-köllere... seredip görseň, çäkli galyplara — burç- lara, gyradeňliklere salynman, erkin döredilen. Şonuň üçin hem olar göze gelüwli, kalbymyza eziz. Biziň özümiz hem tebigatyň elinden çykan «erkin eserleri». Synlaýşymyza, oýlanyşymyza, edim-gylym, huý-häsiýetimize biri-birimiziňkä meňzemeýän erkinlik, özboluşlylyk berlen. Şygyrda bir setirde soňlanmadyk pikiriň täze setirden baş harp bilen, özem gyradeň başlanmagy çäklilik dälmi eýsem? Gözümizi ýadadanokmy, oýlanyş lellimligine alyp baranokmy? Birsydyrgynlyk kejikdirenokmy? Mahlasy,goşgynyň çäklere salynmadykerkin görnüşihem bar. Dünýä poeziýasynda seýregräjigem bolsa, şeýle goşgular gabat gelýär. Olar täze gözlegler — awangard eserleridir. Erkin goşgularda setirleriňdir sazlaşygyň erkin ýerleşdirilmesinden ötri, dyngy belgileriniň başly-barat goýlan, ýa-da asla dyngy belgisiz görnüşleri-de gabat gelýär. Beýdilmegi okyjynyň şygry öz ahwal ýagdaýyna görä kabul etmegine mümkinçilik berildigidir. Edebiýatyň ösmegi, «sary gaçan eşigini öwürmegi», döwrebap bolmagy, wagt synagyna tap getirmegi üçin täzeçillikler zerur. Asla, durmuşyň bar gyzygy hem biziň öňküden has gowy täzeliklere garaşyp ýaşaýandygymyzda bolsa gerek! Pikirimiziň düşnükli bolmagy üçin erkin goşgy görnüşli ýazan goşgularymyzdan iki sanysyny mysal getirýäris. * * * Men kim? Niçik adam men? Öz-özümi tanamaga boldy çen. Kelle döwýän: «Gowumy, ýa, erbet men? Ajy zähermi, ýa, baldyr - şerbet men?» Synanyşýan açmaklyga özümi, «Özün bilen weli» däl bu men hakda. Sebäbi, özümi bilmeýärin men. Kä diýýän özüme: «Oňat adamsyň!» Käte diýýän: «Oňat bolmaýmasaň sen...» Eýgertjek däl maňa meni açmak, goldaýmasaň, Sen?! («Garagum» žurnaly, №1, 2009 ý.) * * * Durmuş hudaý urmuş häsiýetsiz at. Bir görseň jyrtlaýar bir görseň oňat. Sen bolsa günde üstünde Ýykarmy ýykmazmy nätjegin bilmän käte suwa salyp kä suwa salman wagtyň çarkandakly ýodajygyndan gidip barýansyň. Durmuşyň hudaý urmuşyň ahmal bolsaň ýykjakdygyn gaýgy edip barýansyň. («Garagum» žurnaly, №1, 2009 ý.) Dramaturgiýada awangardizmiň ýaýbaňlanmasy has-da özboluşlydyr. Sebäbi dramaturgiýa žanry çeper döredijiligiň ähli görnüşleriniň mümkinçiliklerini sahnada ulanmaga ukyply žanrdyr. Dramaturgiýa ile ýaýmakçybolýan ahwalyny söz hatda saz ulanmazdan diňe here- ketleriň,tanslaryň üsti bilen hem beýan etmegi başarýan žanrdyr.Muňa mim hereketli, kölegeler,şekiller teatrlarymysaldyr.Şonuň üçin-de «Dramaturgiýa iň bir ýazmasy kyn žanr», «Dramaturgiýa žanrlaryň seresi», «Dramaturgiýa — teatr — bu durmuşyň hut özi» diýlen pikirler bilen ylalaşaýmak galýar. Beýik dramaturg Žan Batist Molýer «Eger-de haýsydyr bir teatr tomaşaçysyz kö- senýän bolsa, onda ol teatrda durmuşa düşünýän kişiler azdyr» diýipdir. Dogrudanam durmuşda hiç haçan hyýalyňa gelmejek täsin ahwallar, şatlykly we gussaly pajygalar näçe diýseň gabat gelýär. Hatda ol ahwallaryň ertekidäki toslama ahwallardan hem täsindigini dünýä meş- hurertekiçiGans Hristian Anderseni «Hiç bir ertekidäkiahwal durmuşda bolup geçýän ahwallarça täsin hem gyzykly däldir» diýip tekrarlapdyr. Dramaturgiýada awangardizm akymyna mahsus äheňe laýyklap ýazan sungat baradaky monologymyzy mysal getirýäris. Monolog dramaturgiýa žanrynyň çeper- çilik serişdeleriniň iň esasylarynyň birisidir. Monolog «Bir aktýoryň teatry» diýlen ulgamda ýerine ýetirmek, ýa-da duşuşyklarda, sungat çärelerinde, toýda-dabaraly oturylyşyklarda ýatdan okap bermäge niýetlenen eserdir. SUNGAT Durmuş — bu teatr: Kimse onda gorkak, kimse batyr, kimse mert, kimse namart, kimse müsgünsokar, ýüzüňe ýylgyryp, ýeňsänden çakar. Durmuş — bu teatr: Kimse puldar, temegini belent tutup gezýändir. Kimse Hatam kimin sahy, mätäç duşsa, baýlygyna dözýändir. Bähbit araýan bar islendik işde, buýrup bilmez nebis diýilýän zada. Abraýyn bar zatdan belent tutýan bar, bar pitiwa etmeýän abraýa-ada. Altyn-kümüş bilen çözüp bolmajak meseläni dili bilen çözýän bar. Kimsäň sözi daşa ýazylan ýaly, kimsäniň sözünde ýok asla ygrar. Durmuş — bu teatr: Biri görkana, birisi dilewar, birisi gödek, birisiniň diline bal çalyngy, birisi söz bilen atýandyr badak şeýlebir büdreder bolmasaň ägä. Ýene biri bardyr kyrk ýaşasa-da, lälik hem ejizdir misli bir çaga. Bardyr weli çykan, hem bardyr gende. Ýetikdir duýgusy öli kişiler, ýetikdir ýüregi ýukalar munda sähel zada ýaş aýlanar gözüne... Şu keşpleň ählisin sahna çykaryp gaýdyp bermelisiň halkyň özüne. Elbetde aňsat däl muny başarmak sahna çäkli onda durmuş nogsany tomaşada aýdýan zadyň bolmaly — bolmaly many: adamlaryň gowy, erbet tarapy, adamzat diýilýän beýik düşünjäň ata-baba öňe süren talaby Patarraky bilen göze çöp atmak ýok, eýgertmez tomaşaçy däl akmak, sungatyňa görä baha bererler: çemeçilmiň, dirikäňem sen ýoksuň, zehinlimiň, öteňsoňam dünýäden ýatlar ýörerler. Eger-de yhlasyň ýürekden bolsa, zehiniň bar bolsa Taňry tarapyn, berjaý edip bilseň tomaşaçylaň juda ynjyk hem aňyrbaş talabyn gül gowşyrlar, dynman çapak çalarlar, şeýdip sungatyňy ederler ykrar. Ýetip bilseň ine şeýle derejä şundan beýik, şundan gözel näme bar?! Biz bu söhbedimizde döredijilik dünýäsinde häli-şindi gabat gelýän awangardizm diýlen düşünje, onuň edebi akym, žanr, stil görnüşinde ýüze çykyşy barada öz eserlerimizden mysallary getirmek bilen gysgaça durup geçdik. Awangardizm — täzeçillik her bir döredijiniň eserini geň-taň etmäge, edebi dünýä täzelik getirmäge, okyjylary begendirmäge mümkinçilik berýän düşünjedir, beýik başarnyk, çeperçilik serişdesidir. SOŇY Hemra ŞIR #"Garagum" žurnalynyň N° 12-2020 sanyndan alyndy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |