17:27 Edebi akymlar, žanrlar, stiller: awangardizm / birinji bölüm | |
DÖREDIJILIGIŇ SYRLY DÜNÝÄSI
Edebiýaty öwreniş
EDEBI AKYMLAR, ŽANRLAR, STILLER: AWANGARDIZM Meşgullanýan hünäriňi gowy öwrenip meşgullanmak ata-baba ozaldan gelýän oňat edähetdir. Ýazyjylyk senedi hem özboluşly iş — intellektual başarnykdyr. Şonuň üçin-de bu hysyrdyly hünäre baş goşan bolsaň, onda oňa degişli edim-gylymlary, bu senediň syrly taraplaryny, öten halypalaryň tejribelerini, döredijilik dünýäsine mahsus çeperçilik serişdelerini, edebiýat äleminde özüňden ozal bitirilen işleri içgin öwrenmegiň gerekdir. Elbetde, bu erk-yhlaslylygy, irginsizligi, sazandanyň ýa-da suratkeşiň elini kem-kemden düzüp, kämillige ýetişi ýaly azaply hem-de bütin ömrüň dowamynda alnyp barylmaly işdir. «Beýle talaba eýermek hökmanmy? Ýazyjylygy şonsuzam edip bolar!» diýen pikir hem hyýalymyza gelýändir. Göräýmäge ýazyjylyk işi bilen meşgullanmak beýle bir kyn hem däl ýalydyr. «Galamdyr kagyz, beýan etmäge haýsydyr bir pikirjigiň, başdan geçiren ýa-da özüňden toslan ahwalyň bar bolsa, şony düşnükli edip ýazyp bilseň, şol ýeterlikdir» öýdýänsiň. Ýöne bu asla beýle däldir. Ýazyjylyk etmek, ilhalar eserleri döretmek üçin, Taňry tarapyn zehin başarnygy berlen bolsa, onda bu senedi gowy ele almagyň, galam ýöretmek täri bilen bagly ähli mümkinçilikleri yhlasly öwrenmegiň, belki, saňa üstünlik, at-abraý getirer. Döredijilik dünýäsi dürli akymlara, žanrlara, stillere baý. Olar edebi älemdäki işleriň saýhally alnyp barylmagy üçin zerurdyr. Biz bu makalamyzda awangardizm düşünjesi barada söhbet etmegi maksat tutunýarys. Awangard — fransuz sözi bolup, «öňbaşçy topar» diýmegi aňladýar. Bu akym XX asyryň başlarynda, esasan Günbatar ýurtlarda ýüze çykyp, ilki bilen poeziýada we dramaturgiýada ýaýbaňlanyp özbaşdak akym hökmünde ykrar edilip başlanýar. Awangardçylar edebiýatdadyr sungatda ozaldan dowam edip gelýän beýan ediş tärlerinden has başgaça, täze edebi tärleri gözlemegi, ruhy ahwalaty doly şöhlelendirip biljek usullary tapmagy maksat tutunýarlar. Netijede, kyssadyr dramaturgiýada täzeçe beýan ediş tärleri, şygryýetde öň gabat gelmeýän goşgy formalary döreýär, täze tilsimler, «hokgalar» ýüze çykýar. Olar çylşyrymlylygy babatda dürli-dürli bolup, käte forma aşa kowalaşylmagy netijesinde, esere many taýdan telperlik aralaşýar. Bu ýagdaý ozaldan ýörgünli nusgawy kadalarda eser ýazýan ýazyjy-şahyrlaryň arasynda biynjalyklyk döredipdir. Awangardçylyk akymy kyssadyr dramaturgiýa žanrlaryna görä poeziýada has ýiti ýüze çykyp, giňden ýaýbaňlanyp başlapdyr. Hatda poeziýada ep-esli iş bitiren, tejribesi ýetik «läheňler» hem şygyr meýdanynda biten bu geň-taň gülüň görki okyjylaryň gözlerini gapyp, özlerinden sowaşdyrar öýdüp uly basga galypdyrlar. Bu bolsa ýaňy doglan awangard edebiýatyň üstüne barlyşyksyz hüjümleriň döremegine getiripdir. «Köplügiň ruhy bähbidini arap bilmejek, düş- nüksiz edebiýat», «Tokaý otla, at gazana» uran şahyrlaryň «hokgasy» diýlen ýowuz ülňüler ýelmenen awangard edebiýatyň ilkinji ädimleri diýseň kynçylykly bolup- dyr. Ýöne beýik kazy hasaplanýan wagtyň ähli zada öz ýerlikli bahasyny berip, adyl höküm çykaryp barşy awangard edebiýatyň — awangard akymyň ýaşamaga doly hukuklydygyny subut edipdir. Netijede, bu akymda dörän eserleriň aglabasy diýen ýaly, dünýä edebiýatynyň gaznasynda «Adam aňyny oýandyrýan — beýnä agram salyp bilýän, täze gözleglere — umytlara bolan ynamy hamyrmaýa kibi uýadýan» edebiýat hökmünde orun alypdyr. Bu ugruň görnükli şahyrlary Pol Elýuaryň, Giýom Apollineriň, Iogannes Beheriň, Andre Bretonyň, Erih Fridiň, Nazym Hikmediň, Fazyl Daglarjanyň, Gennadiý Aýginiň, Daniil Harmsyň, Korneý Çukowskiniň, Iosif Brodski- niň, Andreý Woznesenskiniň awangard usuldaky synanyşyklary okyjylaryň söýgüli eserlerine öwrüldi. Dramaturgiýada awangard usul Bertold Brehtiň, Gýunter Grassyň, Ežen Loneskonyň, Semýuel Bekketiň, Fernando Arrabeliň, Federiko Garsiýa Lorkanyň, Aleksandr Wwedenskiniň, Wladimir Maýakowskiniň pýessalarynda, belli režissýor Wsewolod Meýerholdyň sahna işlerinde ýiti ýüze çykýar. Şeýlelikde, awangardizm gitdigiçe žanr örüsini giňeldýär. Awangard usulyň kyssa aralaşmagyny «Ýata suwa täze akym gelip goşulan ýaly boldy» diýip,dünýäbelliedebiýatçylar belleýärler. Kyssada daşkygörnüş däl-de, beýan edişiň özboluşlylygyna agram berlip, Frans Kafkanyň, Gabriel Garsia Markesiň, Iştwan Feketaniň, AronTamaşiniň, Kenzeburo Oeniň özboluşly edebi synaglary — täzeçe ýazylan geň-taň eserler dünýä edebiýatynyň görnetin baýlaşmagyna getiripdir. Awangard akym — sadalap aýdylanda, edebiýat meýdanyny aýlaw diýip, göz öňüne getirsek, şol aýlawda ýaryşyň başyny çekip gelýän atbaşçy diýmekdir. Atbaşçy bolmak — bu uly mertebe, uly derejedir. Diýmek, awangard akym belent mertebeli akym bolmak bilen, edebi dünýäde hormata-sarpa mynasyp akymdyr. Awangardizm «modernizm» (fransuz sözi bolup, «döwrebap, aňrybaş täze» diýmegi aňladýar) akymy bilen berk baglanyşyklydyr. Ol häzirki döwürde birnäçe şahalara bölünýär. Olar: ekspressionizm, kubizm, futurizm, dadaizm, sýurrealizm, absurd, paradoks we beýlekilerdir. Bagşy-sazanda bolmagy arzuw edinýän kişiniň bagşyçylyk sungatyndaky ähli ýollary ürç edip öwrenişi, biri-birinden tapawutlandyryp bilşi ýaly, çeper edebiýat bilen iş salyşmagy, aýratyn-da özüni «edebiýata bagyşlamagy» niýet edinýänle- riň bu akymlary örän çuň öwrenmegi, özleşdirmegi zerurdyr. Ýogsam, edebiýat meýdanynda özünden ozal niçik işler edilendiginden, nähili edebi akymlaryň bardygyndan, eser ýazylyş kadalaryndan bihabarlyk bilen galam işledýänleriň köpelmeginiň edebi äleme telperlik getirmegi mümkindir. Edebi akabalary biri-birinden parhlandyryp bilmeýän, «muhammes» näme, «muhannes» näme aňşyrmaýan kişileriň göýdük eserlerinden edebi dünýäni ygtybarly goramak, nusgawy edebiýatyň elýetmez derejelere ýetirilen ülňüleriniň derejesiniň pese gaçyrylmagyna ýol bermezlik edebiýat tankytçylarynyň, edebi dünýädäki işleri içgin öwrenýän edebiýatçy alymlaryň, eseriň ile ýaýylmagyna jogapkär kişileriň mukaddes borjudyr. Ýeri gelende aýtsak, gadymy geçmişde şahyrçylyga baş goşýanlar sowadyny ýagşy çykan, ençeme müň setir goşgyny ýatdan bilýän, birek-birek bilen sorag-jogap «matally» aýdyşyklara tap getirýän, uly halypalaryň patasyny gazanyp bilen kişiler bolupdyr. Bu mysal edebiýata gelýänleriň edebi gapydan tötänlikde giren kişiler bolmaly däldigini, edebiýat köşgüniň «altyn derwezesinde» goragda durýanlaryň, edebi derejäniň sagdynlygyna jogapkär adamlaryň örän eserdeň bolmaklarynyň zerurdygyny görkezýär. Awangardizmiň «uçgunjyklarynyň» bu akyma synanyşyklaryň Gündogar halklarynyň edebiýatlarynda Günbatar edebiýata görä-de has ir dörändigini aýtmagymyz gerek. «Müň bir gije» atlandyrylýan ägirt topluma birleşýän arap ertekilerinde, Hafyzyň, Sadynyň, Nesiminiň, Ferdöwsiniň, Nowaýynyň, Ýunus Emräniň, Garajaoglanyň, Magtymgulynyň, Keminäniň, Mollanepesiň döredijiliklerinde «dünýäniň ylahy gurluşyna akyl ýetirmäge täzeçe synanyşyklar», «zenan gözelliginiň waspyndaky aňrybaş açyk-aýdyňlyk», «edebi bäsleşik häsiýetli sowal-jogaply aýdyşyklar», «Diýdim-Diýdi» görnüşli dramaturgiýa žanryna mahsus söhbetdeşlik tärleriniň şygryýete getirilmegi, adamzat durmuşynda duş gelýän ahwallary giperbolalaşdyrmak (ägirtleşdirmek), allegorik (göçme manyly) öwüşgin çaýyp beýan etmek tilsimlerine batyrgaý ýüzlenilmegi — bu awangardizm akymynyň ülňüleridir. Elbetde, awangardizm akymy halk döredijiliginiň eserleri dessanlarda, ertekidir rowaýatlarda, nakyllarda, matallarda, sanawaçlar, ýaňyltmaçlar kimin ownuk görnüşlerde, «Nar agajy» deýin halky aýdymlarda hem has batyrgaý ýüze çykypdyr. Mysal üçin: Men guşa däne berdim, Guş maňa ganat berdi. Ýa-da: Bal iýip beýhuş boldum, Parlap uçýan guş boldum — ýaly sanawaçda beýan edilýän ahwallar aňrybaş hyýalbentlige beslenilip, awan- gard äheňde döredilipdir. Asla geçmişde Gündogar edebiýatynda gönümel-ýöntem beýan az-azdyr. Nusgawy edebiýatyň ömürliliginiň, asyrlar aşyp biziň günlerimize gelip ýetme- giniň, öz edebi gymmatyny gaçyrmazlygynyň baş syry hem şundadyr — ýöntem habar häsiýetli gönümel beýandan daş durýanlygyndadyr. Islendik pikiriň ozal aýdylmadyk täzeçe röwüşde, akylyňy haýran galdyryjy täsin görnüşde beýan edilmegindedir. Dünýäniň ägirt ýazyjy-şahyrlary, dramaturglary Wilýam Şekspir, Jorj Baýron, Wil- gelm Gauf, Karl Gossi, Aleksandr Puşkin, Mihail Lermontow, Lew Tolstoý Gündogar edebiýatyny giňden öwrenip, ondan awangard häsiýetli batyrgaý gözleglere badalga alypdyrlar. Bu babatda öz ýatlamalarynda, «Gündeliklerinde» ajaýyp Gündogar ede- biýatyna bolan hoşallyklaryny beýan edipdirler. Meşhur nemes ýazyjy Wilgelm Gaufyň aýtmagyna görä, «Tutuş döredijiligi diýen ýaly «Müň bir gije» arap ertekileriniň kalbynda oýaran täsin dünýäsine bagyşlanan ertekilerdir». Ol eserler romantizm akymynda awangardizm häsiýetde ýazylan iň go- wy eserlerdir. Şu ýerde pikirimiziň düşnükli bolmagy üçin, awangardizm akymynyň edebiýatyň ähli beýleki akymlarynda (realizm, romantizm, sentimentalizm we başgalar) ýüze çykyp, ajaýyp eserleriniň döremegine ýardam bermäge ukyply akymdygyny aýtmagymyz gerek. J.Baýronyň, A.Puşkiniň, M.Lermontowyň «Gündogar äheňli» poemalary hem olaryň diňe Gündogar edebiýatyny däl-de, ol halklaryň taryhyny, ýaşaýyş durmuşyny, däp-dessurlaryny içgin öwrenmekleri netijesinde dörän durmuşa täzeçe garaýyşly batyrgaý eserlerdir. Iňlis romantizminiň iň görnükli täzeçili Baýronyň «Korsar» poe- masynda beýan edýän ahwalyna XVI asyryň ortalarynda Hazarýaka türkmenleriň Tahmasp şanyň garşysyna galkynan halkgozgalaňyna ýolbaşçylykeden Aba serdaryň durmuşynda bolup geçen pajygaly ahwaly kem-käs üýtgedip,esasedip alandygy, gah- rymanlarynyň atlarynyň türkmen atlarydygy, türkmene mahsus garadangaýtmazlyk, batyrgaýlykýalyäheňleri eserlerine çaýandygy,onuň biziň halkymyzyň durmuşy bilen içgin gyzyklanandyr, şol döwre çenli terjime edilen rowaýatlary, halky eserleri okap, tanşandyr diýen pikiri hyýalyňa getirýär. Awangardizm akymynyň proza žanrynda döremesi beýleki žanrlara görä biraz haýalrajyk, emma örän özboluşly ýagdaýda ýüze çykypdyr. Awangardizm munuň özi aňrybaş hyýalbentlige, fantastiki göz öňüne getirişlere, logiki we psihologikpikir öwrümleriniň täzeçe tärlerine, jümleleriň stilistik gurluşynyň üýtgedilip berilmegi arkaly ýüze çykarylýan özboluşly söz öwrümleriniň «täsin oýun- laryna» esaslanýan žanrdyr. Şonuň üçin-de edebiýatyň fantastika žanry beýleki žanrlara görä has awangard žanrdyr. Dünýä edebiýatynda adygan belli fantast ýazyjylaryň eserleriniň öz ýazylan döwri üçin beýan edýän ahwaly babatda örän awangard bolandygy mälimdir. Jýul Wern, Gerbert Uels ýaly ýazyjylaryň romandyr powestlerinde ýazan hyýaly ahwallarynyň aglabasy diýen ýaly kem-kemden hakykatdan hem durmuşa ornaşandygyny wagt görkezdi. Reý Bredberiniň, Aýzek Azymowyň eserlerindäki fantastiki durmuşyň hem ýakyn geljekde hakykata öwrülmeginiň mümkindigini täze ylmy açyşlar subut edýär. Edebiýatyň beýleki žanrlarynda bolşy ýaly, fantastika žanry hem öz hüý-häsiýetine, öňe sürýän öwüt-ündewine laýyklykda birnäçe görnüşlere bölünýär. Olaryň iň esasylary: adaty fantastika we ylmy-fantastika ýaly görnüşlerdir. Bu žanrda eser ýazmak üçin ýazyjynyň ähli taraplaýyn sowatly, köpbiler, hyýalbentlik derejesi juda ösen, duýgurlyk, öňdengörüjilik, welilik nazary bar kişi bolmagy möhümdir. Gynansak-da fantastika žanry biziň edebiýatymyzda seýrek ýüzlenilýän žanrdyr. Beki Seýtäkowyň «Çölüň ýüregi» romany, Hudaýberdi Diwangulyýewiň «Dumana dulanan dünýä» powesti, Reýimbaý Sabyrowyň, Ökdem Eminowyň käbir eserleri bolaýmasa, bu žanrda döredilen eserler juda azdyr. Hakykatynda welin, bu žanr eser döredeniňe degýän, okyjylaryň kalbyny heýjana salýan eserleri dünýä berýän ajaýyp žanrdyr. Dünýä edebiýatynda fantastika žanrynda eser döreden ýazyjylaryň iň görnüklileriň biri Aýzek Azymowdyr. Akylyňy haýran galdyrýan eserleri bilen edebi älemi baýlaşdyrmagy başaran bu meşhur ýazyjy babatda biraz giňişleýin durup geçsek, fantastika žanrynda ýazylan eserleri okamagy höwes edýän okyjylar, ýaş galamdaşlar üçin bähbitli bolsa gerek. Belli amerikan ýazyjysy Aýzek Azymow 1920-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Belarus topragynda dünýä inýär. 1917-nji ýylyň rewolýusiýasynyň yz ýanlaryndaky haýhatly döwür zerarly, Aýzek Azymowyň ene-atasy Amerika göçmäge mejbur bolýar. Şeýlelikde, Azýek heniz 3 ýaşyndaka Amerika düşýär. Ol ilki kolleji, soňra Kolumbiýa uniwersitetini tamamlaýar. Bilimi boyunça himik. Himiýa bilimine yhlaslylygy üçin ol, 1979-njy ýyldan bäri Boston uniwersitetiniň biohimiýa kafedrasynyň professory diýen hormatly derejäniň eýesidir. Aýzek Azymow dünýäniň iň atly fantast ýazyjylarynyň biri hasaplanýar. Onuň 1940-njy ýyllaryň başlarynda ýazyp başlan robotlar baradaky hekaýalardyr powestler tapgyry ilki başlarda öte täzeçil-awangard häsiýetli ahwallardan ybaratdygy zerarly oňlanylmadyk eserleri soňlugy bilen ýazyja uly şöhrat getirýär. Adam bilen kämil robotlaryň gatnaşygy, bu iki aradaky pajygaly wakalar Aýzek Azymowyň eserlerini ählumumy okyjylara ýaramly edýär. Aýzek Azymowyň söýgüli temalarynyň ýene-de biri adamyň ýer planetasynyň çäginden çykyp, Gün planetasynyň çägine aralaşmagy, başga dünýälerden ýaşaýşyň gözlenmegidir. Ýazyjynyň bu ugurdan ýazan romanlary fantastika žanrynyň iň gowy nusgalarydyr. Aýzek Azymow milli we halkara baýraklaryň ençemesiniň eýesidir. Ol fantastika žanrynda eser ýazýan ýazyjylara berilýän iň ýokary Amerikan baýraklary bolan «Hýugo» we «Nebýula» baýraklaryna hem mynasyp bolan ýazyjydyr. A.Azymowyň ýazan kitaplarynyň sany 400-den gowrakdyr.Ol bu üstünligiň syryny «diňe özüne pugta erk edip, basa oturyp işläp bilenligi, ýazyjylyk senedini jany-teni bilen söýýänligi, sungatyna hiç haçan ikilik etmeýänligi, kalbyny hem ýüregini tämiz saklaýanlygy» bilen düşündirýär. Aýzek Azymowyň eserleri boýunça Golliwudda we dünýäniň beýleki atly kinoşereketlerinde ýüzlerçe ajaýyp kinolar surata düşürilip, «Война Титанов» (Ägirtleriň urşy), «Звездные войны» (Ýyldyzlaryň uruşlary) ýaly tapgyrlaýyn flmlerde ady belli kinoýyldyzlarynyň ençemesi oýnady. Ol flmler dünýä halklaryna adamkärçiligi, mertligi, ugurtapyjylygy, ruhubelentligi ündeýän höwes bilen tomaşa edilýän, şeýle hem iň bir girdejili flmlerdir. XX asyryň «fenomenleriniň» biri hasaplanýan bu ýazyjynyň eserleri geljekde türk- men diline-de giňden terjime ediler. Bu belli fantast özüne juda imrindirýän, şüwlümli okalýan ýazyjylaryň hilindendir. Onuň döredijiligi görelde almaga mynasyp döredi- jilikdir. Awangardizm baradaky esasy söhbedimize dolansak, onda bu tilsimde ýazylan eser barada gürrüň edilende, ol eser «awangard eser» diýlip atlandyrylyp, bu ýerde awangardizm düşünjesiniň edebižanr häsiýetine eýe bolýandygyny-da aýtmalydyrys. Awangardizm akym, stil ýa-da žanr hökmünde şekillendiriş sungatynda has-da ýiti ýüze çykýar. Muňa Pablo Pikassonyň, Salwador Daliniň, Wasiliý Kandinskiniň, Kazimir Malewiçiň, türkmen suratkeşlerinden Tokar Tugurowyň, Mommak Kulyýewiň, Batyr Bekmyradowyň döredijiliklerini mysal getirmek bolar. Olaryň döreden işleri «surrealizm», «kubizm», «ekspressionizm», «modernizm» ýaly täze ownuk akymlara degişlidigine seretmezden awangardizm atlandyrylýan uly akymyň işleridir. Awangard žanrynda eser ýazmagyň beýleki žanrlarda eser ýazmakdan has kyn- dygyny bu tilsimde edebi gözlegleri eden galam ussatlary, edebiýat älemindäki işleri çuňňur öwrenýän bilermenler aýdýarlar. Asla: «Eser ýazmak üçin edebiýatyň haýsy žanry amatly?» diýlen jedel gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Bu jedele ilkibaşlarda «Kyssa iň azapsyz žanr» diýenler agdyklyk edipdir. Hatda geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda biziň türkmen edebiýatymyzda hem «Kyssa — arabakeşiň işi» diýlen ülňi ýörgünli bolupdyr. Nämemiş, arabakeşiň öz ýolagçysyna ýolboýy gürrüň berýän ahwallary kyssamyşyn! Emma munuň asla beýle däldigini, kyssanyň hem beýleki žanrlara mahsus çylşy- rymlytaraplarynyň bardygyny edebiýaty öwrenijiler tekrarlaýarlar.Meşhur ýazyjylaryň aglabasynyň pikirine görä, bu ýerde jedelleşip oturasy iş hem ýok. Sebäbi, islendik žanrda özüne mahsus oňaýly we oňaýsyz taraplary bar. Aslyýetinde bolsa, bu mesele- de esasy çözgüt ýazyjynyň zehin derejesine, galam işledip biliş ussatlygyna baglydyr. Şeýle-de bolsa «özi üçin haýsydyr bir žanryň amatlydygy» barada görnükli ýazyjylaryň käbirisiniň özýatlamalarynda «boýunalmalary» bu jedeliň dowam edip gelmegi- ne esas döredýär. Netijede eger-de bu pikiriň jany bar bolsa, onda ony içgin öwrenip, ýazyjylyk işi üçin bähbitli haýsydyr bir maslahatlary berip bolardy» diýip, edebiýat bilermenleri, tankytçylar öz makalalarynda belleýärler. Eýsem-de bolsa, adamyň intellektual döredijiliginiň ajaýyp görnüşleriniň biri çeper edebiýatyň žanrlary haýsylar? Olaryň, esasan, üç žanrdan: poeziýadan, prozadan, dramaturgiýadan ybaratdygynykim bilmeýär! Emma bu üçžanryň hersiniň beýan ediş tärlerine, edebi akymlardyr stillere laýyklykda onlarça ownukly-irili görnüşlere hem bölünýändigini, olaryň-da žanr diýlip atlandyrylýandygyny, döredijilik älemine ymykly ornaşyp, eseriň hiline, edebi derejesine, beýan edilýän ahwala äheňleýin öwüşgin çaýmaga görnetin täsir ýetirýändigini welin, bilýänler az bolsa gerek! Ýeri gelende aýtsak,poeziýa, proza,dramaturgiýa olara mahsus käbir žanrlara käte çeper edebiýatyň görnüşleri hem diýilýär. Ýöne welin aglaba ýagdaýda «žanr» diýlen kesgitleme — adalga has ýörgünlidir. Şeýlelikde çeper edebiýat üç sany iri žanra (poeziýa, proza, dramaturgiýa) bölünip, olaryň hem hersinde ownukly-irili žanrlaryň onlarçasy bardyr. Mysal üçin, poeziýa: roman, poema,goşgy,basnýa, aýdym,oda, ballada, erteki,rowa- ýat,rubagy,gazal,sonet,akrostih,pamfet,epigramma,parodiýa,protesk,metagramma... Proza: roman, powest, hekaýa, basnýa, oda, ballada, erteki, rowaýat, monolog, esse, grotesk, pamfet, parodiýa... Dramaturgiýa: drama, tragediýa, komediýa, tragikomediýa, erteki, monolog, pamflet, parodiýa, grotesk... Käbir kiçižanrlaryň irižanrlaryň üçüsine-de mahsuslygy gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän, edebiýaty öwreniş ylmynda ykrar edilen ýagdaýdyr. Esasan nusgawy edebiýata mahsus «epos», «dessan» ýaly käbir žanrlar hem iri žanrlaryň üçüsinde-de duş gelýär. Edebi žanrlaryň arasynda dramaturgiýa has-da özboluşly žanrdyr. Dramaturgiýa žanry sahna eseriniň görnüşine, wakanyň beýan ediliş äheňine laýyklykda «gussa- ly pajyga», «gülküli pajyga», «paradoks» (geň-taň pajyga), saz bezegine laýyklykda «opera», «operetta», «mýuzikl», «sazly erteki»; ahwalyň ýerine ýetiriliş — beýan ediliş ýagdaýyna laýyklykda «balet», «mim» (sessiz), «kölegeler», döredijilik dünýäsindäki akymdyr stillere laýyklykda «grotesk», «abstraksiýa», «modern», «surrealizm» ýaly tärlerde döräp bilýär. Bu görnüşleriň aglabasy «žanrlar» diýlip atlandyrylsa, käbirisi «kadalar», «tilsimler» diýlip hem atlandyrylýar. Mahlasy «žanrlar» syrly hem-de uç-gyraksyz döredijilik dünýäsinde jahana inen çeper-intellektual başarnygyň perzentleriniň zandyny, hüý-häsiýetini, niýetini mälim edýän ülňi-adalgalardyr. Žanrlaryň käte «temalaýyn žanrlar», «stilleýin žanrlar», «çeper akymlaýyn žanrlar» diýlip atlandyrylýan halatlaryduş gelýär. Mysalüçin, taryhytema bagyşlanan romanyň žanry «taryhy roman», söýgi ahwalyna bagyşlanan romanyňky «söýgi romany» ýaly görnüşlerde berilýär. «Poema-pritça» (poema-tymsal), «drama-paradoks» (drama- geň-taň pajyga) ýaly eserleriňki stilleýin, «sentimental goşgy», «realistik hekaýa» ýaly eserleriňki çeper akymlaýyn žanrlardyr. Döredijilik işi bilen meşgullanýan adamyň žanrlar, olaryň eseriň edebi «men»-ini çeperçilik dünýäsine laýyklaşdyrmakdaky ähmiýetini oňat bilmegi gerekdir. Gadymy döwürden bäri dowam edip gelýän žanrlaryň üstüniň ýetirilýän — täze geň-taň žanrlaryň döräp, çeperçilik dünýäsini baýlaşdyrýan halatlary-da adaty ýagdaýdyr. Beýle žanrlar ilki çeperçilik tärleridir, tilsimlerigörnüşinde döräp, eger-de ykrar edilmegini gazanyp bilse, soňlugy bilen žanr diýlip alandyrylýar. Eser ýazmak üçin haýsy žanryň amatlydygy baradaky jedelli gürrüňe dolansak, köpleriň pikiriçe ýazmasy aňsat žanr kyssa žanrydyr. Ýazmasy kyn hasaplanýan žanr bolsa, drama žanrydyr. Bu hakykatdan-da şeýlemikä? Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda milli edebiýatymyzda kyssa žanry babatda «proza — arabakeşiň işi» diýlen gürrüň ýönelige döremedik bolaýmasyn? Göräýmäge kyssa žanrynda eser ýazmaküçin öz başyňdan geçen, kimdir birinden eşiden, aýny bolmasa hyýalyňda toslan ahwalyňy okuwçy döwrüňde düzme ýazyşyň ýaly, ýazyp beýan edip bilseň, ine bolany! Onuň üçin goşgy ýazanyňdaky ýaly çylşy- rymly kadalary berjaý etjek bolup azara galyp ýörmegiň-de geregi ýok! Kyssa ýazmak drama ýazmakdan bolsahas-da aňsat bolup görünýändir.Dramaturgiýa žanrybabatda ozaldan ýörgünli «ýazmasy kyn žanr» diýlen düşünje hem muňa sebäp bolýandyr. Dra- maturgiýada sahna çäkliliginiň ahwal beýanyny isledigiçe ýaýbaňlandyrmaga awtora mümkinçilik bermeýänligi, diýiljek pikiriň, esasan, pýessadaky gahrymanlaryň özara söhbediniň üsti bilen amala aşyrylmalydygy-da kyssa ýazmagyň aňsatdygy baradaky düşünjäniň bähbidinedir. Aslyýetinde welin, kyssa ýazmak hem edebiýatyň beýleki žanrlarynda eser ýazandan aňsat däldir. Gaýtyp, has hysyrdyly, juda köp edebi talaplaryň berjaý edilmeginde, zehin başarnygyň tijelip bitirilýän işdir. Eýsem-de bolsa, kyssanyň edebiýatyň beýleki žanrlarybilen birmeňzeş, şeýle hem onuň hut özüne mahsus özboluşlytaraplary babatda nämeleri aýtmak bolar? Ilki bilen ähli žanrlar üçin umumy talaplar hasaplanýan: edebi akymlara, stillere laýyklygyň anyk saklanmagy, dil akgynlylygy, öwüt-ündewiň ägirtligi — bu talaplar hemme žanrlar üçin-de birmeňzeş talaplardyr. Emma bu talaplaryň her žanrda belli bir özboluşly öwüşgine beslenip, gönüden-göni şol žanryň özüne kybaplaşýandygyny-da aýtmalydyrys. Kyssanyň gurluşy babatda söz açanymyza görä, bu žanr barada edebi seljerme ýazmagyň örän kyndygyny, goşgudyr dramaturgiýadaky ýaly edebi talaplaryň berjaý edilişini mesaňa anyklamagyň aňsat däldigini, kyssanyň bir bitewilik häsiýetiniň bu meseläni çylşyrymlaşdyrýandygyny ýatlatmagymyz gerek. Şonuň üçin-de kyssa eser- leri barada ýazylan edebi seljermeleriň aglabasy, eseriň mazmunyny gürrüň berýän, ýa-da gahrymanlaryň hüý-häsiýetlerini, tebigy gözellikleri teswirleýän meňzetmeleri mysal getirmek bilen çäklenýän ýöntem görnüşlidir. Olary ýazyjy ýa-da edebi dünýä üçin doly bähbitli seljermeler hasaplap bolmaz. Kyssa eseri barada çuňňur edebi seljerme ýazmak üçin, onuň baş tema, kömekçi temalar, olar arkalybeýan edilýän ahwalyň kem-kemden ägirtlenişderejesi, gahrymanlaryň keşpleriniň özboluşly öwüşginlere beslenmegini üpjün edýän metaforalaryň, gahrymanlaryň sözleýşindäki parhly taraplaryň, edim-gylymlarynyň, içki dünýäsinde bolup geçýän ruhyahwalatlaryň, ýaşaýyş-durmuşybilen bagly detallaryň hemmesiniň birleşip, bir bitewi eseri emele getirmekdäki üstünlikli we nogsanly taraplary barada jikme-jik durup geçmek, degişli eseri ýazmak bilen ýazyjynyň edebi dünýä getiren täzeligini aýyl-saýyl etmek, onuň galamynyň asgyn we röwüşli taraplaryny kesgitlemek gerekdir. Bulardan başga-da, eseriň edebi akyma we stile laýyklyk derejesi, ýazyjynyň öz stiliniň bardygy ýa-da ýokdugy, bar bolsa, onuň nähili häsiýetlidigi, dil akgynlylygy, ýazylan eser okyjylaryň söýgüli eserine öwrüljek görnüşlimi ýa-da «awtor nusgalygy» diýilýänimrindirmeýän häsiýetlimi,özünden ozalkyýazylanlardan «gyrp-çyrp etmeler» barmy-ýok, eseriň arhitektonikgurluşy bekmi, beýan etme ýöntem ýa bolmasa öte dil bilýänsiräp düşünmesi kyn,şeýle hem geň-taň sözler köp ulanylyp,duzuň ýerine şeker atylyp bişirilen nahar kysmymy... şu ýagdaýlar barada içgin durup geçmek möhümdir. Mahlasy, talabalaýyk ýazylan edebi seljermeler edebiýatyň sagdyn ösüşini üpjün edýän esasy kesgitnamalardyr. Şolaryň ýok ýagdaýynda edebi ulgamdaky işler «suw getirenem bir — küýze döwenem» diýilşi ýaly, bulaşyk häsiýete eýedir. Kyssa eserleri baradaky seljermeler beýleki žanrlaryňka görä-de has möhümdir. Sebäbi goşguda rifma sazlaşygynyň gowşaklylygyndan, bogun ölçeginiň ýerbe-ýer däldiginden, ýene-de käbir talaplaryň çig-çarsy berjaý edilişinden, dramaturgiýada dartgynly wakalar başlanybermeýän guraksy dialogdan we beýleki näsazlyklardan bu žanrlardaky eserleriň derejesiniň pesdigini islendik okyjy kesgitläp bilýär. Kyssa eserleriniň çeperçilik derejesini kesgitlemek welin adaty okyja kyndyr. Şonuň üçin-de, ony okap başlanyndan özüne imrindirmese, «gyzykly däl» diýip, okamasyny bes edäýmesi bardyr. Awangardizm hakdaky söhbedimizi edebi žanrlar, esasan-da kyssa žanrynyň çylşyrymly gurluşyonuň çeperçilik derejesini anyklamagyň aňsat däldigi baradaky gürrüňe sowmagymyz ýönelige däldir. Sebäbi awangardizm «öňdebaryjy— iňtäze» diýlen edebi akymy aňladýan düşünje bolmak bilen çäklenmän žanr hökmünde hem ýüze çykyp, eseriň gurluş özboluşlylygyny-da aňladyp bilýär. Mundan başga-da, awangardizmi özüne stil edinen ýazyjy-şahyrlaryň, dramaturglaryň bardygyny-da ýatlatmagymyz gerek! Diýmek, awangardizm — edebi akym, edebi žanr hem-de edebi stil hökmünde üç röwüşde ýörgünlidir. Edebi akymlaryň, žanrlaryň, stilleriň biri-birinden parhly taraplaryny bilmezden awangard häsiýetli eser döretmek aňsat däldir. Aýratyn-da gadymy döwürlerden bäri, esasan, şol bir galyp bilen oňňut edýän kyssa žanrynda awangard äheňli düýpgöter täzeçe eseri dünýä getirmek beýleki žanrlara görä has kyndyr. Emma ýazyjylyk sungatynyň esasy maksadynyň edebi gözleglerden ybaratdygy, şonsuz edebiýatyň ösmejekdigi, kyssažanrynda hem awangard eserleriň döremegine, bu akymyň barha bekemegine ýardam edýär. Ýazyjylar awangard eser döretmek üçin kyssany öňküsine görä-de, has epikleşdirip (wakalaýynlaşdyryp), ýa-da tersine has lirikleşdirip (poeziýa ýakynlaşdyryp), ýa-da bolmasa bu iki serişdäni garym-gatym (dürüşde) görnüşde ulanyp, dramaturgiýa, publisistika mahsus alamatlary girizip, jümleleriň stilistik gurluşyny üýtgedip, beýan edişiň arasyna esasy ahwala dahyly pes ownuk maglumatlary wagtal-wagtal goşup, awangard häsiýetli eserleri döredip bilipdirler. Munuň üçin edebi senede mahsus serişdeler: çeper meňzetmeler, giperbolalaşdyrma, metamorfoz (geň-taň üýtgeme), allegoriýalaşdyrma, antropomorfki üýtgetmeler, fantastiki äheňler, çeper fentezi täri, ertekileşdirme... mahlasy, döredijilik dünýäsine mahsus ähli mümkinçiliklerden peýdalanylypdyr. Awangardizm — täzeçillik gözleginiň gadymy döwürlerden bäri ýörgünlidigini başda aýdypdyk. Munuň şeýledigini antik döwrüniň ýazyjysy Apuleýiň «Altyn eşek» romany, Fransua Rableniň «Gargantýuanyň we Pantagrýueliň başdan geçirenleri», Daniel Defonyň «Robinzon Kruzo» ýaly eserleri subut edýär. Çagalar edebiýatynda hem awangardizm akymy juda ýörgünlidir. Lýuis Kerrolyň «Alisa täsinlikler ýurdunda», Jeýms Barriniň «Piter Pen», Alan Milniň «Winni Puhuň başdan geçirenleri», Janni Rodariniň «Jelseminonyň jadyly sesi», «Çippolino», Alekseý Tolstoýyň «Buratinonyň başdan geçirenleri», Korneý Çukowskiniň «Lukman Aýbolit», «Ogurlanan Gün», «Tarakanlaryň mesgeni», Eduard Uspenskiniň «Krokodil Gena we onuň dostlary» ýaly onlarça eserler muňa mysaldyr. Awangard häsiýetli gözlegler edebiýatda täze tilsimleriň döremegine hem sebäp bolýar. «Goşgy äheňli kyssa» ýa-da «kyssa äheňli goşgy» gönüden-göni awangardizm akymynyň edebiýata beren täze žanrlarydyr, ýagny, awangard žanrlarydyr. Awangard häsiýetli täzeçe gözlegleri özüne stil edinýän ýazyjy-şahyrlaryň, dramaturglaryň hem bardygyny ýokarda aýdyp geçipdik. Şolardan iň meşhurlarynyň biri belli arap ýazyjysy Jebran Halyl Jebrandyr. Ol eserlerini iňlis dilinde ýazypdyr. Kyssa, şygyrdyr publisistikany gatyşdyryp ulanmak bilen özüne özboluşly awangard beýan stilini edinmegi başarypdyr. Ýazyjynyň eserleri içki duýga juda baý, jümleler örän çugdam. Şonuň üçin-de olary başga dillere terjime etmek kyn. Asla awangard stilde ýazylan eserler terjime edilende, bu stile mahsus özboluşly äheňi, ajaýyp edebi göwherleri ýitirmezlige çalyşmak zerurdyr. Terjime babatda söz açanymyza görä, ýeri gelende aýtsak, rus terjime mekdebi dünýä edebiýatynda iň gowy hasaplanýan terjime mekdepleriniň biridir. Biz aşakda Jebran Halyl Jebranyň awangard tilsime mahsus eserleriniň birini rusça hem-de türkmençe terjimede mysal getirmegi müwessa bildik. Bu mysal ýazyjynyň eseriniň dilden-dile geçende edebi akymyň, stiliň, žanryň, baş öwüt-ündewiň, kalbyňa röwşenlik çaýýan edebi göwherleriň näderejede saklanandygyny degşirip görmäge mümkinçilik berer. ЭЛЕГИЯ О ТРУДЕ Джебран Халил Джебран. Арабский писатель Вам всегда говорили, что работа — проклятие, а физический труд — это несчастье. Это не совсем так. В работе вы ощущаете начало исполнения вашей заветной мечты. Это вдохновляет каждого. И занимаясь делом вы по настоящему влюбляетесь в жизнь. Через труд — мы познаем самые сокровенные секреты жизни. Но есливы, в муках боли, называете рождение—бедствиеми работу способом для поддержание тела, проклятием,написанным на вашем лбу, тогда я скажувам, что только в поте лица вы смоете то, что там начертано. Вам говорили что жизнь — это тьма и в моменты своей усталости повторяли то, что было сказано раньше уставшими людьми. И я говорю, что жизнь — это действительно тьма, пока не проснется стремление. Но любое стремление слепо пока нет труда. И любой труд пуст пока нет любви. И только тогда, когда ты трудишся с любовью, ты соединяешь себя с собой, с другими людьми и с самим богом. А что такое трудится с любовью? Это ткань, ткань из ниток, тянущихся из твоего сердца так, будто твоя возлюбленная собирается носить эту ткань. Это строить дом с любовью так, будто твоя возлюбленная будет жить в этом доме. Это бросать семена с нежностью и собирать урожай с радостью, будто твоя возлюбленная будет кушать эти плоды. Это значит наполнять все вещи, которые ты делаешь, трепетом твоей души. И знать, что все великие ушедшие стоят рядом и смотрят... ZÄHMET HAKDA HIKMETLER Jebran Halyl Jebran. Arap ýazyjysy Size fziki zähmetiň külpetdigini aýdandyrlar. Aslynda weli bu beýle däl. Haçan-da siz zähmet çekýärkäňiz özüňizde arzuw-islegleriň döräp başlandygyny duýup, ondan lezzet alýansyňyz. Şeýlelikde, zähmet bilen meşgullanyp,siz durmuşyýürekden söýüp başlaýarsyňyz. Sebäbi zähmetiň üsti bilen ýaşaýşy söýmek durmuşyň gymmatly syrlaryny bilmekdir. Eger-de betbagtçylyklar, gaýgy-hasratlar maňlaýymyzda ýazylan diýip pikir edýän bolsaňyz, onda siz olardan diňe zähmet çekip, der döküp halas bolup bilersiňiz. Size durmuş zulmat tümlüginden, argynlykdan ybarat diýen bolmaklary-da mümkindir. Hakykatdan-da, sizde maksada okgunlylyk duýgusy kemala gelmänkä durmuş şeýle bolup duýulýar. Zähmetiň ýok ýerinde islendik maksada okgunlylyk öçügsidir. Zähmete söýgi bilen ýapyşmasaň, edilen işde many ýokdur, ol netijesizdir. Zähmete söýgi bilen ýapyşsaň welin, ol seni özüňe, adamlara, Perwerdigäre ýakynlaşdyrýar. Eýsem, zähmeti näderejede söýmeli? Hamala, ýüregiňden alnan täsin sapaklardan dokalan matany seniň islegliň geýjek ýaly derejede. Şeýle-de, ol seniň eý görýän adamyň ýaşajak jaýyny gurmak ýa-da tohumy ýere sepip, ýetişensoň onuň hasylyny, hamala, saňa eziz kişi iýjek ýaly bir zatdyr. Ýürekden edilen işler azabyň öwezini dolup biler. Bilip goý, dünýäden öten beýik mazlumlar biziň ýanymyzda durup, bizi synlap durlar... («Standart, hil we howpsuzlyk» žurnaly, №4. 2014 ý.) Jebran Halylyň äheňinde aýtsak, ýazyjylyk işine halys ýürekden çemeleşmek, oky- jylaryň seniň eseriň çap bolan gazeti ýa-da žurnaly uzak ýyllar aýap saklajak, wagtal-wagtal ol gowy gören eserini ýamaşgandan ýatlap, okap lezzet aljak eserleri ýazmak gerekdir. Beýle eserler edebi harmanyň çäji bolup galýan eserlerdir. Beýlekileri bolsa, wagt şemaly ur-tut tozadyp goýberjek harpyklardyr. Eýsem-de bolsa, edebi jäje goşulyp biljek eseri nädip döretmeli? Bu sowala jogap bermek örän çetin. Elbetde, ilkinji nobatda Taňry tarapyn zehinliligiň zerurdygyny, Dowamy bar >> Dowamyny okamak üçin şu ýere basyň! Hemra ŞIR #"Garagum" žurnalynyň N° 12-2020 sanyndan alyndy | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |