22:22 Täleýnama | |
TÄLEÝNAMA
Goşgular
Mañlaýym daş ýarmady, daş ýardy mañlaýymy, Dünýä gelip görgüden gaýry gören zadym ýok! Ýañy tutaşanymda, gaçyrdylar haýymy, Tüsseledim, köredim, alawlaýan odum ýok! Omrulmagym mümkindi, ýöne eglerli däldim, Obalydym, sadadym, ýeser çeññege ildim. Gönümellik bir aýbym, dilimden bela galdym, Söýelgi merdiwanym, direg, goltgy - badym ýok! Käte özüm ýykyldym, kä büdredip ýykdylar, Kä köwşüm süpürdiler, kä depäme çykdylar, Her edip, hesip edip, sürsüne goşjakdylar, Ýöne eýgermediler, ol sürüde adym ýok! Perişde däldirin men, elbetde alýan boýun, Köp utuldym, az utdum, durmuş bu ýowuz oýun, Döwseler-de gögerdim, erjel agaçlar deýin, Göreniñ howun basjak, gabaram, şöhradym ýok! Duşmanlarym öwretdi erjelligi, saklygy, Her hili kynçylykdan baş alyp çykmaklygy, Ýençdikçe - tapladylar - olaryn akmaklygy, Şoñ üçin duşmanlardan nadyl ýerim, dadym ýok! Dostlar selçeñläp barýar, edip otursam pikir, Dost däl eken duz iýşip, her gülen kikir-kikir, Dogandan pes durmajak mertleri gakdy şükür, Dost-ýar bermedi diýip, pelekden perýadym ýok! Mährem aýal duşmasa, durmuş ajy öt eken, Duşsa, derdiñ paýlaşyp, çoýjak mähir-ot eken, Ata bolmak hem añsat, hem juda kyn zat eken, Şükür, ogul-gyzym bar, diýmerin zürýadym ýok! Şygyrýet - kerwensaraý, ýük ýazdyrdym ugruma, Her kitabym perzent deý mäkäm basdym bagryma, Meniñkiden has uzyn ömür bersin şygryma, Adymy ýaşatjak-da, etjek-de şol adym ýok! • KELLE BILEN SÖHBET Çagalyk döwrümde "nämüçinlerden" Urlup dykylan deý doludyñ kelläm. Jahyllyk döwrümde Yşk heserinden Gaýry zadyñ pikrin etmänim bilýän. Gyzlar bir-birinden görmegeýdiler, Şonda seni biraz ýitirdim kelläm. Soñra şol gyzlañ iñ ezizi bilen Seni gözläp tapanymyzy bilýän. Içip-çekip, keýpden çykyp, ýaşlykda Seni kak siwy deý buladym, kelläm. Ýamaşgandan ýene durlamak üçin, Gaty kän azaplar çekenim bilýän. Meniñ kesbim: kelleleriñ ýaryşy, Gör, näçe setiri taslansyn kelläm! Özge kellelerden galmajak bolup, Güwläp, reaktor deý işläniñ bilýän. "Pañkelle", "guşkelle", ýa "goýunkelle" Diýilmekden özüñ sakladyñ, kelläm. Onsoñam hiç haçan hiç kim öñünde Egilmäniñi bilýän! Hemra ŞIROW. | |
|
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.09.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Buýy-zülpüň kibi anbar bar-u misgin olmyýa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Taýlar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Perizat / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Tumar / Goşgular - 24.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |