03:31 Gazanylmadyk şöhrat | |
GAZANYLMADYK ŞÖHRAT
Edebi tankyt
1987-nji ýylda “Magaryf” neşirýatynda K.Taňrygulyýewiň “Saýlanan eserleri” türkmen dilinde neşir edildi. Kitabyň möçberi uly, ol 500 sahypadan geçýär. Her bir ýazyjynyň “Saýlanan eserleri” onuň onlarça kitabyndan alnan iň gowy eserlerinden ybarat bolýar. Diýmek, Kaýum Taňrygulyýewiň “Saýlanan eserleri” hem onuň naýbaşy eserleri bolmaly. Emma geň waka ýüze çykdy. Ýaş edebiýatçy Ýоwşаn Аnnаgurbаnоw ýazyjynyň “Saýlanan eserleri” hakda gazaply tankydy makala ýazdy. (“Edebiýat we sungat” gazeti, 30.09.1988). Makalanyň gysga mazmuny: “Saýlanan eserlere” alnan eserleriň aglabasy harsallygyň nusgasy, öwünjeňlik awtory kiçeldýär. Emma Ý.Аnnаgurbаnоwdan ozal K.Taňrygulyýewi kämil ýazyjy hasaplap, ýurduň uly edebiýatçylarynyň ençemesi çykyş etdi. K.Taňrygulyýewiň eserleri onlarça dillere terjime edildi. K.Taňrygulyýewe TSSR-ň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy we “TSSR-iň halk ýazyjysy” diýen at berildi. K.Taňrygulyýew Andersen adyndaky hormatly halkara diplomyna mynasyp boldy. Bu hadysalar K.Taňrygulyýewiň ussat ýazyjy hökmünde ykrar edilmegi dälmi? Iki tarapyň pikiri hem dogry. Rus dilinde K.Taňrygulyýew kämillige ýeten ýazyjy. Emma türkmen dilinde K.Taňrygulyýew nalajedeýin-gözgyny ýazyjy. Ýaş edebiýatçy Ý.Аnnаgurbаnоw Anderseniň “Korolyň täze eşigi” diýen ertekisindäki “Korol welin ýalaňaç!” diýip, hiç kimiň aýdyp bilmedik sözüni aýdan dogruçyl oglana meňzeýär. K.Taňrygulyýewiň eserleri türkmen dilinde intellektuallykdan mahrum, sýužet liniýasy başly-barat. Ýazyjynyň ündeýän ideýalary köp ýerde jemgyýetimiziň ruhuna çapraz gelýär. Eserleriň hemmesinde diýen ýaly edebi diliň normasy gödek bozulýar. Gepiň külesi, türkmen dilinde K.Taňrygulyýewiň eserleri zaýa bolan etden emelsiz aşpeziň bişiren naharyna meňzeýär. Emma rus dilinde K.Taňrygulyýewiň “Çagalaryň göwünlerine tarap barýan owadan we manyly ýoda bolmak bilen ýaş okyjynyň aňyna täsir edýär”. (Mustaý Kerim) Rus terjimeçileri K.Taňrygulyýewiň eserleriniň ugursyz türkmen wariantyndan rus dilinde ugurly eser döretdiler. Afera ýüz uran awtor rusça neşir edilen kitaplaryny doganlyk halklaryň dillerine terjime etdirip ugrady. Nygtap aýdýarys: türkmen dilinde doly bahaly ýazyjy K.Taňrygulyýew ýok. Munuň şeýledigini ýazyjymyzyň islendik uly eserini analiz edip bilip bolýar. Ine, biziň elimizde K.Taňrygulyýewiň “Altyn okara” powesti. Her bir eser jemgyýetçilik guramasynyň geçirýän maslahaty ýaly bir zat. Maslahatyň gün tertibi bolýar, ýagny, belli bir (ýa birnäçe) meselä seredilýär. Eserde her haýsy-da bolsa esasy bir äheň – mesele bolýar. “Altyn okara” powestinde beýan edilýän zat ýazyjynyň öz çagalyk döwri bolmaly. Powest rus ýazyjysy Wladislaw Bahrewskiniň K.Taňrygulyýewe ýazan haty bilen başlanýar. Ýazyjy öz hatynda çagalyk ýyllary hakynda eser ýazmaga biziň ýazyjymyza maslahat berýär. Ikinji ýazyjy Ýakow Akim hem K.Taňrygulyýewe: “Ýazmagy ýüregiňe düwdüňmi, säginme-de başla. Çagalygyň özüňden uzaklaşdygyça gyzykly detallaryň azaldygy biläý” (“Saýlanan eserler”, 8 sah.) diýýär. K.Taňrygulyýewiň çagalygy uruş ýyllaryna gabat gelýär, ýazyjy 1930-njy ýylda dünýä inipdir. Okyjy edermenlikden doly çagalyga garaşmaga hakly, erkekler urşa gitdi, uruş ýyllarynda tyldaky işi aýallar hem çagalar etdi. Gynansak-da, powestde edermençilikden doly çagalyk ýok. Geljekki ýazyjynyň uruşdan öň (on ýaşy dolýança) msl bakandygyny we oýun bilen meşgul bolandygyny powesti okap bilýäris. K.Taňrygulyýew, elbetde, mekdepde okandyr, onuň ilkinji okan kitaplary hem söýgüli mugallymlary bolandyr. Gynansak-da, bu zatlar hakda ýörite çagalar üçin ýazylan awtobiografik powestde bir agyz söz ýok. Ýazyjy öz powestinde uruş başlan güni öü dostuna “Biziň gyzyl esgerlerimiz orden alarlar” diýip, sowukganlylyk bilen aýdýar. Şondan soňra ol dört ýyla çeken gazaply uruş, uruşdan soňky ýyllaryň wakalary, okuwy hakda öz powestinde dil ýaranok, gürrüňi 1950-nji ýylyň tomsundan başlaýar. Ýazyjy özüniň on ýyllyk ömri hakda çagalar üçin ýazan awtobiografik powestinde gürrüň berenok. Powestde awtoryň meşhur ýazyjylar we sungat işgärleri bilen eden söhbetleri we dünýä ýurtlaryna eden syýahatlary hakda welin sahypa kän. Şeýlelikde, öz çagalygy hakda gürrüň bermäge söz berip, sözünde tapylmady, çagalygyna derek öz ýazyjylyk şöhraty we beýleki ýazyjylar, sungat işgärleri, alymlar hakda gürrüň berdi. Bu zatlar hakda hem gürrüň berip bolar, ýöne beýdiljek bolsa, powestiň başynda uruş ýyllarynyň çagalygy hakda gürrüň bererin diýip, okyja söz bermeli däl. Powestiň üç sahypa “Sözbaşysynda” üç adam: meşhur gruzin kompozitory Otar Taktakişwili, Sowet Soýuzynyň uly hudožnikleriniň biri türkmen Yzzat Gylyjow we awtoryň özi Moskwanyň “Rossiýa” myhmanhanasynda gürrüň edip otyrlar. Olar tehniki progres, žiwopis we gaýry zatlar babatda mesawy gürrüň edýärler. Kompozitor: “Radio... ýeriň daşyna sekuntda sekiz gezek aýlanýar” diýýär (Intellektual akylly O.Taktakişwiliniň beýle diýmegi mümkin däl, biziň ýazyjymyz kompozitoryň sözüni bulaşdyryp gürrüň berýändir. Radio – abzal, radio- ýörite stansiýalar arkaly sesleri elektrimagnit tolkunynyň kömegi bilen uzaga ibermek ýa kabul etmek usuly. Ýeriň daşyna radionyň üsti bilen iberilýän ses aýlanýar, bu zatlary Otar Wasilýewiç hem bilýändir). Furgona bäşinji tigriň zerur däldigi ýaly, myhmanhananyň kaşaň otaglarynyň birinde edilýän mesawy söhbet poweste zerur däl. Bu epizod awtora özüni mahabatlandyrmak üçin gerek. Ol ýaşajyk okyjylara özüniň Sowet Soýuzynyň ençeme meşhur adamlary bilen oturyp söhbet edýändigini aýtmak isläpdir, azajyk öwnüpdir. Akylly we tejribeli terjimeçi Wladislaw Bahrewskiý “Sözbaşynyň” ýekeje sözüni-de rus diline terjime etmändir. Powestiň türkmençesinde geljekki ýazyjynyň kakasy geň gylykly adam. Ogly onuň ýanyna gelip, özüni ullakan bir oglanyň urandygyny aýdyp aglaýar (25 sah.). Ata dymýar, arkaýyn çaý içip otyr. Terjimeçi atany akylly-başly adam edip görkezýär. Powestiň rusça wariantynda ol ogluna özünden uly çagalar bilen erjeşmezligi maslahat berýär. (Молодо-зелено. М., 1986, 131 sah.). Ýazyjy kitabynyň 33-nji sahypasynda öz ýoldaşy Ýazly bilen suwly ýapdan bökerin diýip, jedel edýär, ol, eger böküp bilmese, guş suratly çakgysyny Ýazla bermeli, böküp bilse-de, Ýazlyň kompasy onuňky bolmaly. Geljekki ýazyjy, ýapdan böküp bilmän, suwa gaçýar we çakgysyny elden giderýär. Powestiň “Şähere gitdim” diýen babyny ýazanda, ýazyjy bu epizody unudýar. Ol şeýle diýýär: “Guş suratly çakgymyň jübimi deşip ýolda gaçyp galany welin, keýpimi gaçyrman durmady” (38 sah.). Terjimeçi çakgyly gürrüňi powestden bütinleý aýrypdyr. Awtor diňe çakgynyň taryhyny däl, eýsem öz ýoldaşlarynyň taryhyny hem zol bulaşdyrýar. Powestiň “Magtymgulynyň mekanynda” diýen babynda Musaly (ýazyjynyň studentlik ýyllaryndaky dosty) Garrygala raýonynyň Gerkez obasyndan. Ol şu ýerde doglupdyr. Garrygala Türkmenistanyň günbatar çetinde. Musaly şol ýerden Aşgabada okuwa barypdyr. Ýokarda agzalýan bapda şeýle. Emma başda 67-nji sahypada geljekki ýazyjy K.Taňrygulyýew, Abdy, Pirlek we Musaly bir otla münüp, Aşgabat şäherinden bir oba ugraýarlar. Diýmek, olaryň dördüsem bir obadan (Gyzylaýakdan). Gyzylaýak Türkmenistanyň gündogar çetinde. Terjimeçi ýazyjynyň ýalňyşyny düzedipdir, ýoldaşlaryndan aýryp, onuň (geljekki ýazyjynyň) bir özüni otla mündürýär. “В тот же день, когда я нашел свое имя в списках принятых в университет поехал домой в аул” (154 sah.). Ýazyjy Türkmenistan hakynda powestini ýazyp otyrka, birden Krym ýa Gyrgyzystan, ýa haýsydyr bir Aziýa, Afrika ýurdy hakda gürrüň edip ugraýar. Mysal üçin, ol 40-njy sahypada hudožnik Yzzat Gylyjowyň eserleri babatda gürrüň berýärkä, Kryma özüniň “Bakjasaraý şäherine tarap” barşyny beýan edýär, şeýtmek bilen awtor özüniň jahankeşdeligini aýtmakçy bolup, az-kem öwünmek isläpdir. Terjimeçi powestden Krym epizodyny aýrypdyr. Ýazyjy gündogar aýallaryny (ylaýta-da türkmen aýallaryny) beýleki aýallara görä, has “ýumşak garaýyşly, mähirli, owadan, dana, buýsançly” (41-nji sah.) edip görkezýär. Bu häsiýetler “gündogar aýal-gyzlaryna mahsusmyş”. Biderek söz. Bu zeýilli aýallar demirgazyk, günbatar, günorta ülkelerinde hem bar. Öz aýal-gyzlaryň bilen öwünmeklik, beýleki halklaryň aýal-gyzlaryna göwniýetmezçilik etmek nadanlyk bolýar. Bu häsiýetden türkmen şowinizminiň ysy gelýär. Terjimeçi ýazyjymyzyň şowinistik ideýaly setirlerini rus diline geçirmändir. Munuň üçin biz ondan minnetdar. Magtymgulynyň dünýä edebiýatynyň möçberinde tutýan ornuna powestde berilýän baha nädogry. Ýazyjynyň pikirçe, Magtymgulynyň derejesindäki adam “Ýeriň ýüzünde” (diýmek, planetada) bolmandyr we ýok. Dünýäde iki zat bar: bir-ä Gün, beýlekisi hem XVIII asyr türkmen şahyry Magtymguly. Ine, sitata: “Günem dünýäde ýeke-täk şamçyrag. Magtymgulam dünýäde ýeke-täk adam. Dogry, ýeriň ýüzünde akyldar az däl, ýöne Magtymgulynyň ýeke özi. ...Şonuň üçin Gün bilen ikisiniň biri-birine ýylgyryşyp gözleşendigem hak” (114 sah.). Görşüňiz ýaly, şu ýerde hem ýazyjynyň öowinistik pikirleri üýze çykýar. Magtymguly uly şahyr, beýik şahsyýet, ýöne dünýäde beýik şahsyýetleriň müňlerçesi bar ahyry. Beýiklerden başga 500 çemesi genial şahsyýet hem bar. Dünýäde diňe Gün bilen Magtymguly bar diýip kitapda ýazylmagy akyla syganok. “Много было поэтов у моего народа… но Махтумкули один” diýipdir. Dünýä halklarynyň öňünde özümizi masgara etmedigi üçin biz rus terjimeçisinden minnetdar bolmalydyrys. Powestiň türkmençe wariantynda rus alymy Zaletaýew açgöz hem ogry adam edilip görkezilýär. Ol Magtymgulynyň “ýasan şaý-sepinden çolpymyza ilen zat bolmazmyka?” diýýär. Ýazyjynyň jogaby: - Wah, näsini aýdýaňyz, Wladimir Sergeýewiç! Olar ýaly oljanyň üstünden barlaýsa, Türkmenistanly ýazyjy üçinem kem däl-le”. (96-njy sah.) Olja duşmany ýeňip, ondan alynýan zat, talanyp alynýan zat. “Türkmenistanly ýazyjy” (K.Taňrygulyýew) rus alymyny Garrygala talaňçylyga alyp barýar. Terjimeçi “şaý-sepi” Magtymgulynyň golýazmasyna öwürýär. “Olja” sözüni zyňyp, tapylaýmagy mümkin golýazmasynyň ähli ütrkmen üçin mukaddes relikwiýa boljakdygyny biziň ýazyjymyzyň dilinden aýdýar. Ýazyjy Zaletaýew hakda “Orta Aziýanyň guraklygyny ýeňmek, Sibiriň derýalaryny bäri akdyrmak barada işleýän alymlaryň biri” diýip ýazýar (104 sah.), emma Sibiriň derýalaryny Orta Aziýa akdyrmak babatdaky işler ýatyryldy, doňduryldy. Ýazyjy bu ýagdaýdan bihabar borly. Terjimeçi ýazyja ýne kömege gelýär: “Он занимается проблемой засушливости среднеазиатских земел” diýip ýazýar. Powestiň türkmençesinde gür bagly ýerde ýeke mazaryň sudurynyň bardygy aýdylýar. Şol mazar Magtymgulynyňkydyr öýdülýär. Emma Magtymgulynyň mazary hem, onuň kakasynyň mazary hem Eýranda. Eýran türkmenleri Magtymgulynyň mazarynyň üstünde ýadygärlik galdyrypdyrlar. Terjimeçi ýazyjynyň gödek ýalňyşyny düzedýär, ol bagda mazaryň däl, mazarystanyň sudury bar, mazarystan ähtimal, Magtymgulynyň ýaşan obasynyňkydyr diýip ýazýar. Yslam dini boýunça, aýal erkegiň hususy emlägi, guly. K.Taňrygulyýewiň “Altyn okara” powestinde bu ideýa üsti ýaramaz örtülen görnüşde körpe okyjylara hödürlenýär. Aýalyň erkek kişiniň guludygy hakdaky ideýa ýazyjynyň kakasynyň obrazynyň üsti bilen ündelýär. Ýaşuly – sygyr çopany. Ýazyjy şeýle diýýär: “Mallaryň öňi howla girip başlanda, ...kakam gygyrýar: - Ejesi, çaýyň gaýnaýarmy? - Wiý, çaý lakyrdap durandyr, häzirjek demläýin. Hakykatda welin, ejem entek tüňçäni oda oturdanam däldir” (145 sah.). Ýazyjy kakasynyň obrazynyň ştrihlerini barha aýdyňlaşdyrýar: “Kämahal aňyrdan kakam sygyrlary sürüp gelende, küýzede suwuň ýok wagtam bolýar. Ejem şonda-da aljyramaz. “Wah, ol (tüňçe) lakyrdap dur” diýer-de, ýaba suwa ylgar”. Ýazyjynyň sözüne görä, onuň çopan kakasy entek tüňçäniň goýulmandygyny-da aňýar, ýöne ol şu hili hereket etmek bilen özüniň ýadawlygyny aýyrýarmyş (145 sah.). emma bu hereket erkegiň aýala edýän sütemi ahyry. Awtor şu ýerde kakasynyň hereketini ýazgarmaly, aýal-erkegiň deň hukuklydygyny, biri beýlekisiniň guly bolmaly däldigini öz powestinde ýazmaly. Awtor öz kakasynyň hereketine guwanýar, ony nusga hökmünde ýaş çatynjalara gürrüň berýär (146 sah.). Emma ýazyjy “Aýalyň islegi – Taňrynyň islegi” diýen aforizmi goldamalydyr. Terjimeçi gojanyň aýalyna edýän sütem edýän epizodyny kitapdan aýrypdyr. Powestde Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar we urşuň özi nädogry, käte karikatura görnüşinde görkezilýär. Musaly frontdan gelip, wokzaldan kolhoz başlygyna telefon edýär, ýagdaýyny aýdýar. Ine, başlygyň jogaby: “Ugruny tap-da gaýt... gaty gygyrak bolma. Uruşda aýagyňy aldyrmak gahrymançylyk däl” (72 sah.). musaly wokzala ýük getiren araba münüp obasyna ugraýar. Ýolda arabanyň oky döwülýär, gar ýagýar. Wagt bolsa gije. Arabakeş we frontçy çaly ýygyp ot ýakyp, daňy atyrýarlar. “...Kemerimi daňyp, simjagaz bilenem oky araba çatyp, zordan oba ýetdik” (75 sah.). Gije hem kemeri we simjagazy ulanyp, arabany ýöredip bolardy. Şeýdilse, ömusaluyküzler hem üşemezdi, arabakeş hem arabadan düşüp ýöräp, ýylnyp bilerdi. Powestiň türkmençe warinatyny okap, iki ýolagçynyň näme üçin gijäniň içinde iki minutda arabanyň remontyny gutaryp, ýola ugramadygynyň sebäbini bilip bilemzok. Diňe eseriň rusça wariantyndan soragymyza jogap tapýarys. Ýolagçylar gije ýitiren ýollaryny gündiz gözläp tapypdyrlar. Musaly öýlerine barýar. Öýlerindäki ýagdaý: “Öýde ýekeje gysymam un, galla ýok. Enem her gün garrylar hem çagalar bilen gök (ysmanak) ýygmaga gidýän ekeni. Şony gaýnadybam, kolhozyň berýän bir okara bulamagyna garyp mydar edýän ekenler” (75 sah.). Bu hekaýa hakykata laýyk gelenok: hiç bir kolhoz hiç bir kolhozça bulamak paýlamady. Gyşyň ortasynda (günde gar syrap durka) Türkmenistanda gök (ysmanak) ýygylmaýar. Gök (ysmanak) ýaz çykanda gögerýär. Terjimeçi eseriň bulamakly we gökli ýerini rus diline geçirmändir, ýazyjymyzyň ýalňyşyny ýene düzedipdir. Hekaýanyň hakykata gabat gelmeýän ýene bir ýeri – harby komissarlygyň ur ýyllaryndaky roluny awtoryň peseldýänligi. Uruş ýyllarynda frontdan gelýän her bir adamyň öz öýüne sag-aman barmagynyň aladasyny raýon harby komissariatynyň edýänligini ýazyjy unudypdyr. Kolhoz başlygynyň ýeke aýakly frontça “Sag-aman geldiňmi?” diýmän: “Uruşda aýagyňy aldyrmak gahrymançylyk däl” diýmegi akyla syganok, hakykata bap gelenok. Frontçy Musaly biziň uruşda üstün çykyşymyzyň sebäbini dogry düşündirenok. Ol “Şeýle bir raketa ýaraglary ýüze çykdy. Olaryň öňünde nemes faşistleri durup bilmän, ökje götermeli boldular” (76 sah.) diýýär. Başga bir frontçy daşlarynyň gabalyp, ýesir düşüşlerini gürrüň berýär. Nemesler 50-40 adamy bir-biriniň yzyndan durzup, olaryň hemmesini ýeke okda öldürmekçi bolýarlar, iň öňde duranyň maňlaýyndan ok urulýar. 40-50 adamyň maňlaýyny deşen ýeke ok diňe bir adama – ýazyjynyň dosty Bazara kär edenok, çünki onuň boýy kelte ekeni. Ok Bazaryň depesine gyltyzrak degip, şuwlap gidýär (149 sah.). Ýokardaky samahyllamany W.Bahrewskiý rus diline terjime etmändir. Berekella! “Oba oglanlary” diýen bap ýazyjynyň öz dogduk obasyna barşy hakda. Hekaýat awgust aýynda bolup geçýär. Ýazyjy önüp-ösen öýüne gelen badyna oba adamlarynyň bir topary onuň ýanyna toplanýar. “Ýaşy elliden mazaly geçen” Bazar ýazyjynyň ýanyna tasn edip gelýär. Bazar şeýle diýýär: “Kaýum... men seni kanala alyp gitmekçi, daşarda “Žiguli” dur. Ýanyňdakylaryň sygany münsün” (150 sah.) Oba adamlarynyň dördüsi ýazyjyny kanalyň boýuna äkidýär. Bäş adam kanalda katerli gezelenç edýär, balyk tutýar, iýýär, içýär. Ýazyjy özüniň obada nähili hormatlanýandygyny okyja aýtmak (öwünmek) niýeti bilen ýokardaky epizody ýazypdyr. Emma epizod mugallymyň çagalara kommunistik terbiýe bermekdäki tagallasyna zyýan ýetirýär. Birinjiden, obanyň dört adamy kolhoz ýolbaşçylaryndan birugsat jemgyýetçilik işini goýbolsun etdi-de, uzynly gün keýp çekdi. Progul üçin dört adama çäre görülmedi. Ikinjiden, awgust aýynda hususy bähbidi üçin balyk tutmaga respublikamyzyň çäginde hiç kime rugsat berilmeýär. Üçünjiden, Awçylar-Balykçylar soýuzynyň çleni bolmadyk adama balyk tutmak ýyl boýy gadagan. Dördünjiden, döwlet katerinde gezelenç etmek kanuny bozmaklyk bolýar. Jemgyýetçilik teribiniň depgilenişi hakda depgilenişi hakda 10 sahypada gürrüň berilýär, guwanç bilen gürrüň berilýär. Terjimeçi bu bapdaky wakalary üýtgedipdir. Elli ýaşly Bazaryň tansy, brakonýerçilik, katerli gezelenç eserde ýok. Powestiň rusça warinatynda bäş şepe agşam öýde çaý başynda mesawy gürrüň edýär. Ýazyjy nirede bolsa-da, kim bilen otursa-da, okyja gezip ýören ýeri ýa ýanynda oturan adamlary hakda aýtman, özüniň haçandyr bir wagt sataşan şöhratly adamlary ýa gören meşhur şäherleri hakda ýazyp ugraýar. Bu ýagdaý powestiň köp baplarynda bar. Ine, powestiň “Dostlarym” diýen baby. Ýazyjy we onuň iki dosty awtomobilli ýarym günläp ýol ýöräp, bir kolhozyň mal örüsine barýarlar, çaý içip, çörek iýýärler. Çölüň gudraty, onuň geçmişi, şu güni we gaýry zatlary hakda ýazyjy çagalara gürrüň berip başlar diýip tama edýärsiň. Beýle bolanok, ol öz içki monologyny ýazyp ugraýar, tankytçylardan zeýrenýär. “...Oňatja goşgy döredenimi okyjylarymdan başga bilýän aza meňzeýär” (170 sah.) diýip, uly ilden nägiledigini, emma özüniň welin dünýä möçberinde tanalýan adamlar bilen tirkeşýändigini ýazýar: “1967-nji ýylda Moskwada S.Mihalkow, A.Barto, L.Kassil, M.Mireker, meşhur italýan ýazyjysy Žanni Rodari dagy bilen 3 müň çaganyň öňünde çykyş etmek paýynyň özüme-de düşenine gaty begenýän” (171 sah.). Gije, çopan we çoluk, myhmanlar oduň başynda. Ýazyjy çopanyň we çolugyň durmuşyndan ind-ä gürrüň berer diýip tama edýärsiň. Beýle bolanok. Ol ýene içki monologyny ýazýar. Sergeý Alekseýewiç Baruzdin bilen çärýek asyr dowam edip gelýän dostluk gatnaşyklary, 40 ýurduň ýazyjylarynyň öňünde S.Baruzdiniň özüni mahabatlandyryşyny kagyz ýüzüne geçirýär. Çopan we çoluk, myhmanlar nahar iýýärler. Ýazyjy hem nahar iýýär, şonuň bilen birlikde ol içini gepledýär. Ine, onuň içki monologlarynyň biri: “Şri Lankanyň paýtagty Kolombada märeke öňünde çykyş edip, çagalar üçin ýazan goşgularymyň birki sanysyny okap berdim. Duşuşyk gutaran dessine ýanyma belli ýazyjy hem terjimeçi Siril S.Pýeranyň gelip: “Siziň şygyrlaryňyz gülküli ekeni. Mümkin bolsa, maňa kitabyňyzy iberseňiz, terjime ederdim” diýipdi. Dostoýewskiniň, Şolohowyň, Aýtmatowyň meşhur eserlerini singal diline terjime eden lanki ýazyjysynyň teklibi meniň üçin ullakan sylag dälmi näme?” (172 sah.). Ýokardaky jümleleriň gizlin manysy: menem Dostoýewskiniň, Şolohowyň we Aýtmatowyň derejesindäki ýazyjy! Ýokardaky patarrakylar çagalara gerekmi? 200 kilometr ýol geçip, çopan goşuna gelen ýazyjy çagalara çöl we maldarlar hakda gürrüň berse gowy bolardy. Käte gyzykly filme tomaşa etmäge kinoteatryň zalyna üýşen çagalara film görkezilmän, gyzyksyz leksiýa okap berýärler. Powestiň “Dostlarym” diýen baby şo zeýilli leksiýa çalym edýär. Bap türkmen dilinde 9 sahypa, terjimeçi ony gysgaldyp, bir sahypa getiripdir, dogrusy, baby täzeden ýasapdyr. Powestde ýazyjylaryň hem kitaplaryň atlary zol bulaşdyrylýar. Bir gowy ýeri, terjimeçi W.Bahrewskiý bu bulaşyklygy güýjüniň ýetdigiçe düzedipdir. K.Taňrygulyýew “Dagystanyň halk ýazyjysy Abu-Baka bilen çagalaryň öňünde çykyş etdik” (98 sah.) diýip ýazýar. Terjimeçi dagystanly ýazyjynyň adyny “Abu-Bakar” diýip dogry düzedýär. K.Taňrygulyýew “Perowskaýanyň “Утята и зверята” kitaby” (87 sah.) diýip ýazýar, terjimeçi ony “Ребята и зверята” diýip dogry düzedýär. Powestiň awtobiografik eserdigini, onuň adynyň “Altyn okaradygyny”, ýagny, (ýazyjynyň öz obasynyň adydygyny) ýadymyzdan çykarmalyň. Diýmek, powestde ýazyjynyň özi, Altyn okara obasynyň adamlary we hiç bolmanda ýazyjynyň obadan çykyp gidenden soňra iş salyşan adamlary hakda gürrüň edilmeli. Powestiň ikinji bölümi 17 sahypadan ybarat. Bölümiň 10 sahypasyndan gowragy hudožnik Yzzat Gylyjowyň biografiýasyndan we çeken suratlaryna düşündirişden ybarat. K.Taňrygulyýewi hudožnik bilen näme birleşdirýärkä? Ýazyjymyz suratçy däl. Y.Gylyjow Altyn okara obasyndan-da däl. Bölümiň alty sahypadan gowragy B.Kerbabaýew hakda. Özüniň hem Ýazyjylar soýuzynyň çleni bolany üçin K.Taňrygulyýew ýazyjy hakda awtobiogarfik eserinde ýazmaga moral taýdan hukukly, emma epizody okap, biz ýazyjynyň B.Kerbabaýewden näme sapak alandygyny bilip bilemzok. B.Kerbabaýew bir makalasynda “ýadawsyz işleýän ýaş ýazyjylaryň arasynda” iň yzda K.Taňrygulyýewiň adyny tutupdyr (53 sah.). epizod esasan ýaşuly ýazyjy hakdaky anekdotlardan ybarat. 17 sahypany okap, biz Y.Gylyjowyň we B.Kerbabaýewiň ussatlyklarynyň nämeden ybaratdygyny bilip bilemzok. Bilýän zadymyz olaryň solgun biogarfiýasy. Bu bir. Ikinjiden hem Y.Gylyjowyň we B.Kerbabaýewiň biogarfiýalary K.Taňrygulyýewiň çagalygy hem onuň obasy bilen organiki baglanyşmaýar. Terjimeçi ýazyjynyň ýalňyşyny düzetmäge synanyşýar. Birinjiden W.Bahrewskiý 17 sahypany gysgaldyp, 8 sahypa getiripdir, ikinjiden, ol powestiň çagalyk hem aýry-aýry şahslar hakdaky hekaýalardan ybaratdygyny aýdypdyr. Ýazyjy 1950-nji ýylyň tomsunda parkyň restoranynda bäş adam bolup nahar iýişlerini ýazýar: “herimize iki kotlet buýurdyk. Hiç kime ýetirmän, Pirlek hasaplaşdy. Juma bolsa derrew hasaplap, ýetmiş sekiz köpügi Pirlege tarap uzatdy” (61 sah.). Emma 1950-nji ýylda 78 köpüge bir stakan çaý hem berenokdylar. Häzirki döwrüň 10 köpügi ol döwürde bir manatdy. Ýazyjynyň bu ýalňyşyny terjimeçi düzedipdir. Ol köpükleriň sanyny aýtman, şeýle diýýär: “Джума подсчитал свой расход и протянул Пирлеку деньги” (“Молодо-зелено”, 151 sah.). Terjimeçi, her sahypada, her jümlede edişi ýaly, powestde ýok zatlary bu ýerde hem oňa goşýar. Awtoryň “herimize iki kotlet buýurdyk” diýen sözlemini W.Bahrewskiý “Заказали две порции котлет и по бутылке пива” diýip, terjime edýär. Powestde beýan edilýän döwürde Aşgabatda piwo iň ýörgünli içgidi. Paýtagtyň parkyndaky restorana birinji sapar gelýän ýetginjekleriň hem adama bir çüýşe piwo içmezlikleri mümkin däl. K.Taňrygulyýew Myraly (Nowaýy) hakda şeýle diýýär: “Myraly hanyň-soltanyň gowy görýän adamydygyna garamazdan, halkyň mert dosty hökmünde ähli şorta sözlerde görkezilýär. Halk Myraly ýaly söýgüli gahrymanyň üsti bilen, özüne adalatly hökümdar goýmagy küýsäpdir” (132 sah.). Powestiň türkmen wariantynda Myraly hakda ýokardakydan başga zat ýok. Terjimeçi K.Taňrygulyýewiň ýokarda sitirlenen sözlemlerini rusça terjime edýär. Soňra powestde Myraly hakda tutuş hekaýa ýerleşdirýär. Hekaýanyň sýužeti: patyşanyň emeldarlary Myralyny çöldäki guýa oklaýarlar. Patyşa bu hekaýatdan bihabar. Ol çöle şikara gidýär. Ol ýerde aýdym aýdýar. Patyşanyň aýdymyny çopan ýat bekleýär. Çopan ol aýdymy çölde aýdýar. Guýudaky Myraly patyşanyň aýdymyna jogap edip üç bent aýdym düzýär. Gepiň külesi, Myralynyň aýdymy patyşanyň gulagyna ýetýär. Ol şahyry guýudan çykarýar. Görşüňiz ýaly, terjimeçi Myralynyň tutuş obrazyny janlandyrmak üçin poweste tutuş hekaýa girizýär. Powestiň rusça wariantynda türkmen akademigi B.garryýew hakda gürrüň berilýär. Halk aýdymlarynyň, läleleriň, hüwdüleriň, monjugatdylaryň, agy aýdymlarynyň we gaýrylaryň nämeligi barada gürrüň berilýär. Powestiň türkmençe wariantynda bu zatlaryň hiç biri ýok, powestde asyl “B.Garryýew” diýen söz ýok. Terjimeçi eseri hakyky eser etmek üçin K.Taňrygulyýewe derek her sahypada original pikir we obraz tapmaly bolupdyr. Biziň bu sözümizi rusça wariantdaky “matallar, sanawaçlar we ýaňyltmaçlar” diýen bap has aýdyň subut edýär. Bapda matallaryň, sanawaçlaryň we gaýrylaryň ähmiýeti hakda gürrüň edilýär. W.P.Anikiniň “D.N.Sadownik we onuň matallar ýygyndysy” diýen makalasyndan ugur alyp, türkmen matallaryna ekskursiýa edilýär. Bu bap hem “Altyn okaranyň” türkmençesinde ýok, bu baby hem terjimeçi ýazypdyr. Başga bir kitapda ýazypdyr we şol kitapdan göçüripdir. Gürrüň K.Taňrygulyýewiň ady bilen 1972-nji ýylda Moskwanyň “Детская литература” diýen neşirýatynda çapdan çykan “Türkmenistanyň çagalar edebiýaty” (“Детская литература Tуркмении”) diýen kitap hakda barýar. Kitapdan diňe “Matallar, sanawaçlar we ýaňyltmaçlar” diýen bap däl, eýsem “Ertekiler”, “Ýumor” diýen baplar (jemi 8 sahypa) göçürlipdir. Powestiň türkmençe wariantyna bolsa ýokarda agzalan kitapdan diňe “Ýumor” baby terjime edilip girizilipdir. Biz ýokarda agzalan üç baby W.Bahrewskiniň ýazanlygyny aýtdyk. Bu hakykatdan-da şeýle. 1972-nji ýylda rusça neşir edilen “Детская литература Tуркмении” diýen kitabyň originalynda (1971-nji ýylda Aşgabatda “türkmen çagalar edebiýaty ösüş ýolunda” diýen at bilen çap edilen kitapda) agzalýan üç babyň biri hem ýok. (Bu kitap babatda yzda gürrüň ederis). Ine, bir üýtgeşik fakt: bäşinji bölüm “Meniň anketam” diýen bap bilen başlanýar. Anketa ýazyjynyň 1967-nji ýylda Kommunistik partiýanyň çlenligine alynmagy bilen tamamlanýar. Powestiň türkmençesinde şeýle, emma onuň rusça wariantynda K.Taňrygulyýewiň rusça neşir edilen kitaplary we türkmen diline terjime eden kitaplary hakda jikme-jik gürrüň berilýär. Hatda ýazyjynyň bitiren hyzmatlary barada hem terjimeçi oňa derek aýdyň, şireli dide, obrazly sözler bilen ýazmaly bolýar. Okyjynyň “Ýazyjynyň özi, belki, powestini täzeden işländir, soňra terjimeçä berendir” diýmegi mümkin. Beýle bolsa, ýazyjy öz eseriniň täzeden işlenen, “düzedilen” wariantyny türkmen dilinde hem çap etdirmeli ekeni. Gürrüňi edilýän powest 1977-nji ýylda rus dilinde çap edilipdir. Şondan bäri ýazyjy “Altyn okarany” türkmen dilinde 3 gezek neşir etdirdi, bir sözüni üýtgetmän neşir etdirdi. Biz powestiň türkmençesi bilen rusçasyny “Altyn okaranyň” 1987-nji ýyldaky neşirleri bilen deňeşdirip gördük. “Näme üçin K.Taňrygulyýew terjimeçi W.Bahrewskiniň “Altyn okara” girizen düzedişlerini alanok?..” diýen sorag okyjyda ýüze çykar. Dörejek soraga öňünden jogap berýäris: birinjiden, powestiň türkmen wariantyny rus (ýagny, kämil) wariantyna dogrulamak üçin ony rusçasyndan doly terjime etmekden başga çäre ýok (muňa bolsa ukyp gerek we zähmet çekmek gerek). Ikinjiden W.bahrewskiý powesti örän gysgaldypdyr, 167 sahypadan 80 sahypa döredipdir. K.Taňrygulyýew W.Bahrewskiniň warinatyny türkmençä terjime edip, ony neşir etdiren bolsa, onda powestiň türkmen dilindäki her neşiri üçin onuň alýan puly 50 prosentden gowrak kemelerdi. W.Bahrewskiý “Altyn okarany” tasa getirmek üçin kän güýç sarp edipdir, dogrusy, ony täzeden ýazypdyr, emma başda arhitekturanyň kanuny boýunça salynmadyk jaýy soňra düzetmegiň kyn bolşy ýaly, öz ene dilinde düzüwli ýazylmadyk eseri doly bahaly eser etmek hem terjimeçä kyn bolupdyr. Taňrygulyýewiň goýberen ýalňyşlarynyň ençemesini W.Bahrewskiý gaýtalapdyr. Mysallara geçýäris. XVIII asyr türkmen şahyry Magtymgulynyň haçan dünýä inip, haçan aradan çykanyny çen bilen bilýäris. Okan ýerini, doganlarynyň we söýen gyzynyň adyny, kakasynyň şahyr Döwletmämmet Azady bolandygyny onuň ýazan goşgulary boýunça anyklaýarys. Goşgularynda aýtmagyna görä, şahyryň okan ýeri Hywa (Şirgazy medresesi). Şahyryň biografiýasynyň galan detallary rowaýat, rowaýat dokument däl. Biziň gözümiziň öňünde uly ýazyjymyz B.Kerbabaýew hakda, gör, näçe rowaýat döretdiler. W.Wysoskiý şeýle diýdi: “Я знаю, что про меня ходит много всяких слухов, что мне приписывают песен, к которым я не имею никакого отношения” (В.Выцоский, “Стихи, проза”, Ашхабад, 1988, 11 sah.). Magtymgulynyň Hindistanda bolup gelenligi çynmydyr? Magtymgulynyň özüniň, şahyr ýegeni Zeliliniň, döwürdeş şahyrlarynyň döredijiliginden bu hakda ýekeje söz hem tapamyzok. Hiç hili dokument ýok. Magtymguly goşgularynyň birinde “Hindistanda hyýalym” diýýär. Ine, şu setire hem ýapyşýarlar, pikiri Hindistanda bolan bolsa, ol ýerik hökman gidendir diýip tassyk edýärler. “Altyn okara” powestiniň türkmençe hem rusça wariantlarynda Magtymgulynyň Gerkez obasyndaky muzeýinde ýylan suratly çäýnegiň bardygy, ony şahyryň Hindistandan getirendigi aýdylýar. Muzeýdäki ýylan suratly çäýnek sada adamlary aldamak üçin çykarylan hokga... Magtymguly Hindistana giden bolsa-da, onuň ol ýerden çäýnek getirmegi mümkin däl, çünki ol döwürde Hindistanda hem, Türkmenistanda hem çaýyň we çäýnegiň nämeligini bilmändirler. Magtymguly 1783-nji ýylda dünýäden ötüpdir diýip çak edilýär. We okuw kitaplarynda şeýle diýip ýazylýar. Çaýyň birinji nahaly bolsa Gruziýada 1833-nji we Hindistanda 1834-nji ýylda synag üçin ekilipdir. (“Новая время” žurnaly, 1983, 30). Powestde ýazyjynyň kakasy Taňryguly aganyň aýal-gyzlara garaýşynyň biziň döwrümiziň kada-kanunyna ters gelýändigini we onuň bu meýillerini aňladýan ştrihleri W.Bahrewskiniň rus diline terjime etmändigini aýdypdyk, gynansak-da, gojanyň dindarlygy mahabatlandyrylýan bir epizody rus okyjylaryna hödürläpdir. Gurhan musulmanlara doňuz etini iýmegi gadagan edýär. Ýazyjynyň aýtmagyna görä, onuň kakasy ýabany doňzy atyp öldürýär, emma doňza elini degrenok, hatda öli doňzy satan alan adamyň beren puluny-da haram hasaplap, ony ellänok, maşgala çlenlerine-de düwünçekde ýatan ol puly elledenok. Salgytçy öýüne gelende, goja ondan gerek pulyny düwünçekden almagy haýyş edýär (rusça wariantynda 137 sah., türkmençe wariantynda 35 sah.). Emma Gurhanda satylan doňuzyň puluny ellemek ýa ellemezlik hakda görkezme ýok. Goja özüni barypýatan dindar görkezmek niýeti bilen satylan doňzuň puluna elini degirenok we oňa maşgala çlenlerine-de el urduranok. Erbet ýeri, türkmençe wariantynda-da, rsuça wariantynda-da takwa Taňryguly aganyň doňza bolan garaýşy, doňuz etini iýmeýän adamlaryň özlerini başga adamlardan artykmaç hasaplaýyşlary ýazgarylmaýar. Şeýtmek bilen ýazyjy assyrynlyk bilen yslam dinine hyzmat edýär, şonuň bilen birlikde azyk programmasyny çözmäge (doňuzdarçylygy ösdürmäge) hem päsgel berýär. Kakasy hakdaky ýatlamalar ýazyjynyň özi üçin, elbetde, gymmatly zat, ýöne körpe okyjy barypýatan dindar Taňryguly agadan näme öwrenip biler? Jemgyýetçilik işinde ömür işledilmedik, öz hususy sygyrlaryny hem goňşy-golamyň gara malyny bakyp ýören, Awçylar soýuzynyň çleni däl halyna ömür boýy sülgün awlap maşgalasyny et bilen üpjün eden, aýalyny kemsidýän, doňza bolan garaýşy bilen yslam dinini inçeden ündeýän adam kitapda wasp edilmelimidir? Ýazyjy öz dünýä inen obasyny çakdanaşa öwýär, güpleýär. Obasy hakdaky haakykaty okyjydan gizleýär. Gyzylaýak (ýazyjynyň öz aýdyşy boýunça Altyn okara) obasy “göz asmanyň astynda ýerleşýän obalaryň iň gowusy, iň owadany” (10 sah.). hakykatda welin Gyzylaýak obasy tokaýdan (jeňňelden) mahrum, ýüz ýaşly agaçlary çapylyp oda ýakylan, ýekeje köçesi asfaltlanan, ilaty şäherlere Aşgabat töweregindäki obalara göçýän horaşaja oba. Gzylaýak obasynyň topragy Türkmenistanyň beýleki obalarynyň topragy ýaly, mineral dökün (nitrat) we pestisid bilen zäherlenen (SSSR-de mineral döküni we pestisidi iň köp ulanýan respublika - Türkmenistan). Gyzylaýak obasyndaky adamlar Türkmenistanyň başga ýerlerindäki adamlar ýaly dünýäde diňe 64-65 ýyl ýaşaýarlar. Oba-şäherlerimiziň “iň gowy, iň owadan” däldikleri sebäpli Sowet Soýuzynda iň gysga ömürli halk biz. Emma her çulugyň öz batgalygyny öwýändigini, her çaganyň öz ejesini iň gowy eje hasaplaýandygyny bilýänligimiz üçin ýazyjynyň öz obasyny “iň gowy, iň owadan” hasaplamagyna, belki, garşy bolmaly däldiiris. Emma ýazyjynyň öz derýasy – Amyderýa hakda aýdan sözlerini welin gulagyňyň deňinden geçirmek mümkin däl. Ýazyjy “Derýalar arasynda iň süýji suwly - Amyderýa” diýýär, suwundan “ýekeje owurt içip göräýseňiz, agzyňyzydan Amyderýanyň suwunyň tagamynyň hiç haçan gitmejekdigine kepil bolýan” diýýär. Hakykatda dünýäde suwy örän hapa iki derýa bar bolsa, onuň biri Amyderýadyr. Derýa daglaryň başyndan gaýdýar, örän okgunly akýandygy üçin oňa araplar Jeýhun-guduz diýipdirler. Derýa iki kenaryny günde ýykýar-da, suwuna toýun garýar, birnäçe sagatlap bedrede durulýança, Amyderýanyň suwuny içenoklar. Häzir Amyderýanyň suwuna Özbegistanyň 72, Täjigistanyň 31 we Türkmenistanyň 2 zeýkeşi öz suwlaryny guýýarlar. Nitratlar we pestisidler garyşan zeýkeş suwlary baglaryň guramagyna, ilatyň kesellemegine sebäp bolýar. (“Туркменская искра” gazeti, 06.09.1988 ý.). Amyderýanyň boýundaky kiçeňräk obalary artezian suwlary bilen üpjün etmek we käbir ilatly punktlar üçin derýanyň şor hem ajy suwuny süýjeltmek (oprisnitel gurmak) göz öňünde tutulýar. (“Правда” gazeti, 12.09.1988ý.). W.Bahrewskiý türkmen ýazyjysy K.Taňrygulyýewiň Amyderýany planetanyň iň süýji suwly derýasy hasaplamagy bilen ylalaşypdyr. Originaly ýazylyşy ýaly hem terjime edipdir. Bu makala Kaýum Taňrygulyýew diýen ussat ýazyjynyň türkmen dilinde ýokdugyny, ony rus terjimeçileriniň rus okyjylary üçin döredendiklerini, soňra hem ýazyjynyň rusça neşir edilen öz eserlerini, Sowet Soýuzynyň beýleki halklarynyň dillerine terjime etdirip, şöhrat we pul gazanýandygyny aýtmak üçin ýazyldy. “Altyn okara” powestiniň terjimesini analiz etmek bilen aldawyň üstüni açandyrys öýdýäris. Diňe “Altyn okara” “döredijilikli” terjime edilendir diýip pikir etmäň. Ýazyjynyň ähli eseri şu hili terjime edilýär. Beterinden-beteri bar. K.Taňrygulyýewiň 1970-nji ýylda Aşgabatda neşir edilen “Keşt edeliň ülkämize” atly kitaby şol ýylda Moskwada “Дутар поэт о счастье” diýen at bilen W.Bahrewskiniň “terjime etmeginde” çap edildi. K.Taňrygulyýewe bu kitap üçin Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky döwlet baýragy berildi. Kitabyň rusça we türkmençe wariantlaryny deňeşdirip ugraýarys we entek çeper edebiýatyň taryhynda görülmedik wakanyň üstünden barýarys: kitabyň rusça wariantyny titul listinde “türkmençeden terjime eden W.Bahrewskiý” diýlip ýazylandygyna garamazdan, terjime atlandyrmak mümkin däl. Kitaby W.Bahrewskiniň özi ýazypdyr. “Keşt edeliň bu jahana” diýen kitap ýazyjynyň “Awtordan” diýen sözbaşysy bilen başlanýar. Sözbaşyda berilýän maglumatlar: Pöwrize we Garrygala tutuş Kawkazdan kem däl. Orta Aziýanyň iň uly derýasy Amyderýa biziňki, gülaby we waharman ýaly süýji gawun planetada ýok, türkmen atlary ýaly ýaş ýüwrük at planetada ýok, respublikamyzda magdanlaryň hemme görnüşi bar. Emma beýle däl, Amyderýa diňe Türkmenistanyň derýasy däl, gülaby we waharman ýaly süýji gawunlar başga ülkelerde hem bar, arap atlary hem biziň atlarymyzdan kem däl, respublikamyzda magdanlaryň köp görnüşi ýok. Terjimeçi ýazyjynyň çakdanaşa güpleýändigini bilen borly, ol sözbaşyny terjime etmändir. “Terjimeçiden” diýen at bilen bütinleý başga sözbaşy ýazaýypdyr. K.Taňrygulyýewiň kitabynda sözbaşydan soňra “Juwan şäher Aşgabat” diýen bap bar. Awtor bu bapda statistik maglumatlary ýerleşdiripdir, ýazyjy Aşgabatda nähili zawod-fabrigiň bardygy, haýsy artistleriň, ýazyjylaryň we gaýrylaryň ýaşaýandyklary we gaýry zatlar hakda habar berýär. On bir sahypadan ybarat bu sprawkanyň çepe edebiýat däldigini W.Bahrewskiç duýupdyr we onuň ýekeje sözlemini-de alman, Türkmenistan hakynda on sany hekaýa ýazypdyr. Birinji hekaýa “Kärizler”. Ikinji hekaýa “Toý”. Toýda ýazyjy (K.Taňrygulyýew) Göroglynyň aýdymlaryny diňleýär hem atasynyň aýdyp beren taryhy hekaýalaryny ýadyna salýar. Galtaman Dykma serdaryň, akylly Güljemal hanyň, XVI asyryň gahrymany Aba serdaryň obrazlary döreýär. K.taňrygulyýewiň wariantynda ýokarda agzalan taryhy şahslaryň hatda atlary-da ýok. W.Bahrewskiý milli göreşi we oýunlary ussatlyk bilen suratlandyrýar. “Türkmenistan” we “Meniň Aşgabadym” diýen hekaýalarda K.Taňrygulyýewiň käbir maglumatlary peýdalanylýar. (Soňky hekaýada B.Kerbabaýew, Yzzat Gylyjow babatda W.Bahrewskiniň ýazan ştrihlerini K.Taňrygulyýew “Altyn okara” powestini ýazanda ulandy. Bu negatiw hakda soň gürrüň ederis). K.Taňrygulyýewiň wariantynda Pöwrize we Günbatar Türkmenistan hakda 3-4 bap bar. Bu baplarda berilýän maglumatlaryň ençemesi ýa nädogry, ýa ähmiýetsiz. Mysal üçin ýazyjy Pöwrizäniň deňiz derejesinden 600-650 metr ýokarda ýerleşen diýip ýazýar, hakykatda welin Pöwrize deňiz derejesinden 800 metr belent. “Nusaý şäheriniň binýady 2300 ýyl mundan ozal tutulypdyr” diýip, ýazyjy çürt-kesik aýdýar. Emma Uly Sowet Ensiklopediýasynda aýdylmagyna görä, ilkinji jemgyýetiň dörän döwründe Nusaýyň düýbi tutulypdyr. Bu bolsa taryhdan öňki döwür bolýar. Ýazyjyny Wanowskiniň we Çüliniň sowhozlary “Babarabyň... gyşa durýan” almasyny ekýärler diýip ýazýar. Hakykatda welin almanyň “babarap” sorty maý aýynda bişýär, gyşa çenli duranok. Ýokarda agzalan sowhozlar ýazyjynyň öz kitabyny ýazan döwründe almanyň “semirenko”, “roz-marin” we “altyn grin” sortlaryny ekýärdiler. Biziň ýazyjymyzyň öz kitabynda aýdan käbir pikiri juda sada, nädogry. Mysal üçin, Mysal üçin, “Nebitdag Leningraddan kem däl” (35 sah.). “Balykçynyň nämeligini Pribaltika respublikalarynyň kitaplaryndan okansyňyz, ol size tanyş zat. Kaspi deňzi hem balyklaryň köp tutulýan deňizleriniň biri” (37 sah.). Ýazyjynyň gerkezli partizan Allaýar Gurbanow hakyndaky maglumatlary hakykata çapraz gelýär. K.Taňrygulyýewiň sözüne görä, Allaýar Gurbanow patyşa häkimiýetine galla we et bermänligi üçin tussag edilýär. Allaýar Gurbanowyň öz aýtmagyna görä, ol ak gwardiýaçylara (Aşgabadyň wagtlaýyn hökümetiniň wekillerine) galla we et bermändigi üçin tussag edilipdir. (Ýygyndy “Cоветский Туркменистан”, Aşgabat, 1963 ý, 34 sah.). Kitapda bizi has geň galdyrýan bir maglumat bar: “Magtymguly baryp XVIII asyrda paý-pyýada diýen ýaly bütin türkmen ilini aýlanyp çykypdyr” (31 sah.). Bu informasiýany birinji sapar eşidýäris. Magtymgulynyň Aşgabatda ýa Maryda, Çärjewde ýa Guşguda hatda ulagly bolanlygy hakda hem hiç hili dokument ýok. K.Taňrygulyýew gürrüň berýän informasiýasyny nireden alanlygyny-da aýdanok. W.Bahrewskiý Pöwrize we Günbatar Türkmenistan barada sekiz hekaýa ýazypdyr. Öz hekaýalaryny ýazanda, K.Taňrygulyýewiň maglumatlaryndaky nätakyklyklary düzedipdir, ýazyjymyzyň käbir maglumatyny ulanmandyr. Mysal üçin, ol Pöwrizäniň deňiz derejesinden 800 metr belentlikdedigini anyklapdyr, Nusaýyň düýbüniň haçan tutulandygy, Pöwrize etraplaryndaky sowhozlarda haýsy sort almalaryň bitýändigi, türkmenleriň balykçynyň nämedigini pribaltika ýazyjylarynyň kitaplaryny okap “bilýändigi”, Magtymgulynyň bütin türkmen ilini paý-pyýada aýlanyp çykandygy babatda W.Bahrewskiý öz hekaýalarynda ýazmandyr. Emma bir gynançly zat: Allaýar Gurbanow hakdaky maglumaty W.Bahrewskiý anyklaman, “Gyzylarbat, Sumbar” hekaýasynda ulanypdyr. K.Taňrygulyýew nädogry maglumatlary bilen W.Bahrewskini köp ýerde ýüňsakgal edipdir. Mysal üçin, W.Bahrewskiniň “Ussa hakynda rowaýat” diýen hekaýasynda Köneürgençdäki iň beýik minarany guran ussanyň Hindistandaky Täçmahal atly mawzoleýi hem gurandygy aýdylýar. Eger W.Bahrewskiý K.Taňrygulyýewiň sözüne ynanman, taryhy çeşmelere ýüzlenen bolsa, hekaýada gürrüňi edilýän 60 metrlik Köneürgenç minarasynyň 1011-nji ýylda düýbüniň tutulandygyny, Täçmahaly (Täçmogol – ýagny, “Mogollaryň täji”) bolsa agraly ussa Isanyň ýolbaşçylygynda 1632-1650-nji ýyllarda 20 müň adamyň gurandygyny anyklardy. Görşüňiz ýaly, Täçmahal Köneürgençdäki diňden 6 asyr gowrak soň bina edilýär. Ýene bir mysal. K.Taňrygulyýewiň “Keşt edeliň bu jahana” kitabynyň 71-nji sahypasyna berýän maglumatyna esaslanyp, W.Bahrewskiý şeýle diýýär: “Первым осадил Чарджоу Азис-хан. Вооруженные отряды рабочих выстояли. Азис-хан откатился, но передышка была короткая. На окраины города ворвались нукеры старого правителя Чарджоу”. Ýokardaky sözler patarraky. Birinjiden, Çärjew şäheriniň daşy gabalmady. Aklar Çärjewe ýetip bilmedi, olar Rawnina stansiýasynda togtadyldy. Ikinjiden, graždanlyk urşunda baş komanduýuşiý polkownik Oraz serdardy. Oraz serdaryň ygtyýarynda 5 müň urşujy, onlarça top we pulomýot bardy (Eziz hanyň 100 atlysy we 500 pyýadasy şol 5 müňüň içindedi). Eziz han frontda birnäçe gün bolup, uruşmakdan ýüz öwürdi, bir kowçum atlysy bilen Tejen sebitlerine gaýtdy. Munuň üçin aklar ony atyp öldürdiler (Ş.Täşliýew “Türkmenistanda graždanlyk urşy we iňlis harby interwensiýasy”, 205 we 240 sah.). Begiň (diýmek Buhara hanlygynyň) nökerleri hiç haçan rewolýusion Çärjewiňüstüne çozmadylar. Biziň ýazyjymyzyň W.Bahrewskini ýüksakgal edýändigi barada ýene bir mysal: K.Taňrygulyýew öz kitabynda Amyderýada agramy 350-400 kilogram çykýan lakgalar bar diýip aýdýar (77 sah.). W.Bahrewskiý bu maglumaty “Jeýhun” hekaýasyny ýazanda peýdalanýar. Uly Sowet Ensiklopediýasynda bolsa hiç bir suwda, hiç bir lakganyň agramynyň 300 kilogramdan geçmeýändigi nygtalypdyr. Makalanyň esasy äheňine dolanyp geleliň. Esasy äheň bolsa K.Taňrygulyýewiň “eserlerini” terjimeçiniň düzedip, olary tasa getirýändigi ýa onuň maglumatlary esasynda täzeden ýazýandygyndan ybarat. W.Bahrewskiniň “Keşt edeliň bu jahana” diýen kitaby terjime etmän, onuň käbir materialyny peýdalanyp, “Dutar bagt hakynda aýdym aýdýar” diýen at bilen täze kitap ýazandygyny subut edýän faktlary ýüze çykarmaklygy dowam etdirýäris. Ine, “Dutar bagt hakynda aýdym aýdýar” diýen kitapdan ýene bir hekaýa. Hekaýanyň ady “Magtymguly”, möçberi bäş sahypa. Hekaýada şahyryň ýaşlygy, bilim alşy, başyndan geçiren külpetleri hakda W.Bahrewskiý çeper edebiýatyň serişdelerini giň ulanyp gürrüň berýär. Emma K.Taňrygulyýewiň kitabynda bolsa Magtymguly hakda 12 setir söz bar. “Keşt edeliň bu jahana” diýen kitapda şu hili sözlem bar. “Bu obadan... Durdy Gylyç, Beki Seýtäkow ýaly ýazyjy-şahyrlar ösüp ýetişdi” (61 sah.). K.Taňrygulyýewiň şu sözünden ugur alyp, W.Bahrewskiý “Durdy Gylyç” diýen hekaýasyny ýazypdyr (76 sah.). Munuň bilen kanagatlanman, Durdy Gylyjyň “Biziň Türkmenistanda” diýen goşgusyny tapyp, ony rus diline terjime edipdir, başga bir hekaýa (“Çölüň baýlygy”) üçin ulanypdyr (75 sah.). “Dutar bagt hakda aýdym aýdýar” diýen kitapda tebigat hakynda 12 sany hekaýa bar: “Bagtly günler”, “Jerenler, “Keýigokara”, “Düýe nämeden gorkýar?”, “Käriz”, “Zemzen”, “Jikjiki”, “Pyşdyl hakda”, “Guşlar, haýwanlar hakda”, “Dermanhana”, “Tomus kim diri galýar”, “Günüň batyşy”. Hekaýalr kiçijik we çeper. Miniatýuralary W.Bahrewskiniň özi ýazypdyr. “Keşt edeliň bu jahana” diýen kitapda bu miniatýuralar üçin hatda çig material hem ýok. Aradan ýyllar geçenden soňra, K.Taňrygulyýew ýokarda agzalan hekaýalary türkmen diline terjime edip, özbaşdak eserler hökmünde “Altyn okara” powestiniň yzyna ýelmedi. (“Magaryf” neşirýaty, 1978). Soňra ol hekaýalar ýazyjymyzyň “Gyzyl gar’ (1985) ýygyndysynda, “Saýlanan eserlerinde” (1987) özbaşdak eserler hökmünde peýda boldy. Ýene bir geň ýagdaý: K.Taňrygulyýew “Keşt edeliň bu jahana” diýen kitabynda Mary oazisi hakda gürrüň berip, ol ýerde Ataköpek Mergen diýen ýumoristiň ýaşaýandygyny bir sözlemde aýdýar. W.Bahrewskiý ýazyjynyň bu sözleminden ugur alyp, Ataköpek Mergeniň bir hekaýasyny rus diline terjime edýär we “Dutar bagt hakynda aýdym aýdýar” kitabynda ýerleşdirýär. Munuň bilen hem kanagatlanman, Kemine, Ependi, Myraly hakdaky hekaýlaryň 7 sanysyny terjime edip, şol kitaba salýar. Emma K.Taňrygulyýewiň kitabynda Keminäniň, Ependiniň we Myralynyň atlary hem ýok. “Dutar bagt hakda aýdym aýdýar” diýen kitabyň originalynyň ýokdugy, onuň terjime däl-de, W.bahrewskiniň döreden eseridigi bilinmän galdy. K.taňrygulyýew bolsa, ýokarda aýdyşymyz ýaly, bu kitapdan 12 sany hekaýany terjime edip, özüniň özbaşdak eserleri hökmünde çap edip ugrady. Ýazyjymyz munuň bilen hem çäklenmedi. “Dutar bagt hakda aýdym aýdýardan” (W.Bahrewskiniň ýazan wariantyndan) ençeme epizody türkmençä terjime edip, 1976-njy ýylda ýazan “Altyn okara” powestine girizdi. (“Saýlanan eserler”, 1987, 27-29 sah.). Hawa, “Dutar bagt hakda aýdym aýdýar” diýen kitapdan B.Kerbabaýew hakdaky oçerk “Altyn okara” powestine girizilipdir. Yzzat Gylyjow hakdaky oçerk hem az-kem üýtgedilip, ýokarda agzalan kitapdan “Altyn okara” powestine geçirilipdir. L.Tolstoý ýa K.Simonow, B.Kerbabaýew ýa K.Gurbannepesow ňzleriniň haýsydyr bir eserinden aýry-aýry baplary alyp, başga eserlerine girizmediler. Bu zeýilli zat hiç bir edebiýatçynyň eden işi däl, diňe K.taňrygulyýew neşirýatyň gözüne çöp atyp, edebi kanuny bozup bildi. Şeýlelikde, içinden 15 çemesi hekaýany alyp, özbaşdak eser hökmünde çap etmek we B.kerbabaýew hem Y.Gylyjow hakdaky hekaýalary başga kitapda ulanmak bilen, K.Taňrygulyýew “Dutar bagt hakda aýdym aýdýar” diýen kitaby ýok etdi. Emma şu kitap üçin K.Taňrygulyýew, ýokarda aýdyşymyz ýaly, TSSR-iň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyny alypdy. Kitabyň ýok edilmegi bilen W.Bahrewskiý ylalaşmak islemedi. Mysal üçin, ol 1975-nji ýylda Moskwanyň “Молодая гвардия” neşirýatynda K.Taňrygulyýewiň “Iki derek” ady bilen neşir edilen ýygyndysynda 22 sany hekaýany “Dutar bagt hakda aýdym aýdýar” atly kitapdan bölek’ diýen ýaly at bilen ýerleşdirdi. Emma W.Bahrewskiý soňuna çenli prinsipial adam bolup bilmedi. 1984-nji ýylda “Детская литература” neşirýatynda K.Taňrygulyýewiň “Dört uýa” atly ýygyndysy neşir edildi, oňa 22 hekaýanyň 8 sanysy özbaşdak hekaýalar hökmünde girizildi. W.Bahrewskiý söz ussady. Agaç ussasynyň her bir tagtadan ýa pürsden gapy, stol, stul, gap, hatda şekil ýasaýşy ýaly, rus ýazyjysy W.Bahrewskiý hem her bir edebi materialdan islän kitabyny ýasap bilýär. 1971-nji ýylda Aşgabatda K.Taňrygulyýewiň “Türkmen çagalar edebiýaty ösüş ýolunda” atly monografiýasy türkmen dilinde çap edildi. Monografiýany türkmen studentleri hem türkmen edebiýatynyň mugallymlary üçin niýetlenendigi kitabyň başynda aýdylypdyr. Kitap çagalar edebiýaty hakda Kommunistik partiýanyň çykaran kararlaryny, “Правда” gazetiniň hem beýleki gazet-žurnallaryň çagalar edebiýaty hakda ýazan makalalaryny hem türkmen ýazyjylarynyň çagalar üçin ýazan eserlerini registirleýär. Käbir eserleriň mazmuny gürrüň berilýär. Monografiýany okap çykan adamyň akylyna akyl goşuljak däl. 1972-nji ýylda bu kitap W.Bahrewskiniň “terjime etmeginde” Moskwanyň “Детская литература” neşirýatynda “Туркмения” diýen at bilen çap edildi. “Terjime” sözüni goşa dyrnak içinde ýazýarys, çünki W.Bahrewskiý monografiýanyň ýekeje sözlemini-de terjime etmändir, tutuş kitaby onuň özi ýazypdyr, kitabyň iň soňky sahypasynda hem kiçijik harplar bilen “oçerkler” diýlipdir (monografiýa oçerklere öwrülipdir). Kitabyň 8 sahypasy, soňra ýokarda aýdyşymyz ýaly, K.Taňrygulyýewiň “Altyn okara” powestine girizilipdir. Kitabyň rusça wariantynda şowly baplar bilen ýalňyş pikirler we nätakyklyklar bar. Mysal üçin, kitapda B.Kerbabaýewiň “Japbaklar” powesti barada düýpli kemçilikler bar diýilýär. G.Gurbansähedowyň powest baradaky tankydy makalasyna salgylanylýar. Ol makala 1952-nji ýylda “Sowet Türkmenistany” gazetiniň 16-njy apreldäki sanynda çap edilipdir. Emma makalany ýazandan soňra G.Gurbansähedow B.Kerbabaýewiň eserleriniň VI tomlugyny redaktirledi, “Japbaklar” IV toma girizildi. Diýmek, B.Kerbabaýew “düýpli kemçilikleri” düzedipdir we G.Gurbansähedow hem powesti IV toma alypdyr. Faktlary bulaşdyrmak bilen K.Taňrygulyýew hem W.Bahrewskiý türkmen sowet edebiýatynyň iň gowy eserleriniň biri – altyn fondy “Japbaklara” çirk getirmekçi bolupdyrlar. Biziň ýazyjymyz W.Bahrewskiniň öňünde bergili bolup galanok. K.Taňrygulyýew onuň redaktirleýän žurnaly “Körpä” redkollegiýa çleni edilip tassyklanmagyny gazandy. Žurnal çap edilip başlany bäri çykan 70 nomeriň 30 sanysynda W.Bahrewskiniň öz eseri ýa terjime eden eseri ýerleşdirilipdir. K.Taňrygulyýew başda şahyr hökmünde çykyş etdi we häzir hem öz goşgularyny türkmen, rus we beýleki doganlyk halklaryň dillerinde wagtal-wagtal çap etdirýär. Şahyrymyzyň goşgularyny rus diline Ýakow Akim terjime edýär. Türkmen dilinde goşga meňzemeýän ol goşgular ajaýyp şahyr Ý.Akimiň terjimesinde öwşün atýarlar, rus dilinden başga dillere terjime edilýärler. Şahyrymyzyň örän köp harsal goşgularyň awtorydygy, goşgularyň diliniň wejeradygy barada N.Baýramow “Sowet edebiýaty” žurnalynda (1988, №9) çap edilen göwrümli makalasynda dogry aýtdy. W.Bahrewskiý we Ý.Akim rus okyjysy üçin az-kem ýumorist, az-kem parasatly ýazyjy K.Taňrygulyýewi döretdiler. Emma türkmen okyjysy üçin K.Taňrygulyýew kagyzdan ýasalan gül ýaly bir zat. Bu hakda “Edebiýat we sungat” gazetinde dil we edebiýat mugallymlary A.Ataýew we Ç.Saryýew göni aýtdylar. K.Taňrygulyýewiň rus diline “terjime” edilmedik, ýöne “Saýlanan eserlerine” giren hekaýalary bar. Şol hekaýalarda ýazyjymyzyň pikirleniş ukyby, hudožniklik garaýşy has aýdyň görünýär. Käbir hekaýa uly adamyň däl-de, çagalar bagyndaky körpeleriň aýdýan sözüne meňzeýär. Ine, mysallar. “Ylham çeşmesi” atly hekaýadan sitata: “...Goňşularymyzyň bir ýaşulysy bizi synlapdyr. Ol biziň alty adamdan ybarat hojalygymyza dir dynç alyş güni günortanlar howlynyň derwezesinden jyklamak bilen baha beripdir. Biziň ählimiziň bir saçagyň başynda üýşüp, nahar iýip oturanymyzy görüp: “Bular agzybir maşgala ekeni” diýip, goňşulara pikirini mälim edipdir. Şondan soň biziň bilen dumly-duşdan gatnaşyk açyp ugradylar” (“Saýlanan eserler”, 477 sah.). Bir saçagyň başynda nahar iýmeýän maşgala barmyka? “Üçden soň puç” atly hekaýada şeýle diýilýär: “Häzir dünýäde üç sany uly han bar: desterhan, daýhan, reýhan” (“Saýlanan eserler”, 506 sah.) Ýazyjy “Han” sözüni söýlüp aýdylýan manysynda ulanýar. Bu sözlemiň interpretasiýasy şeýle: üsti iýmitli saçak bolsun, saçakda daýhanyň nygmaty bolsun, hem bagyň güli (reýhan) bolsun. Işçi han däl. Işçini hem daýhany ruhy iýmit bilen üpjün edýän adamlar, elektronika, kibernetika bilen iş salyşýanlar hem han däl. Bägül, çigildem güli, pion han däl, diňe reýhan – han. Awtor belki, yzy “han” bilen gutarýandygy üçin üç sözi dünýäniň hany atlandyrýandyr? Beýle bolsa dünýädäki hanlar üçden köp bolmaly. Ine, olaryň käbiri: jahan, suhan (söz), dahan (agyz), imtihan (synag), porhan, Gurhan, pynhan, talhan. Hekaýany ýene okaýarys: “Üç sany zat... depelenmeli däl: nan (duz), wyždan, söýgi” (506 sah.). Depelenmesiz zat diňe üçmüdir? Watan, ata-ene, kommunistik prinsipler, doganlyk, başgalaryň ýurdy, medeni miras, garry öý, adalat, mazar we gaýrylar depelenmesiz zatlar dälmi? Hekaýany ýene okaýarys: “...iň ähmiýetli, iň gerekli üç sany söz bar, galanlary şol sözlere kömekçi: saglyk, adamçylyk, parahatçylyk”. Ýazyjynyň “iň gerekli üç söz” diýmegi, elbetde, “iň gerekli üç zat” diýdigi bolýar. Iň gerekli zat saglyk, adamçylyk, parahatçylykmydyr? Watan, halk (il-gün), sosializm, bilim, nesil we gaýrylar iň gerekli zatlardan dälmidir? Ýazyjynyň “Çäç we täç” hekaýasynda şeýle diýilýär: “Harmanyň başy çäçli, ýene-de nämäniň başy çäçli bolsa, şonuňam sarpasy belent” (“Saýlanan eserler”, 504 sah.). Bu sözlem ýazyjynyň “çäç” sözüniň manysyna düşünmeýändigini görkezýär. Çäç – döwlüp harmandan alnan bugdaýyň üýşmegi. Agzalan hekaýadan ýene okaýarys: “Horazyň başy täçli, öküziň başy şahly-täçli, ýene kimiň, nämäniň başy täçli bolsa, şonuňam ahyr kellesi alynýar”. Horazyň kekejiniň, öküziň şahynyň täç atlandyrylmagy bilen biz ylalaşýarys. Kellesi täçli patyşalaryň başynyň alnyşy ýaly, horazyň hem öküziň başynyň alnyşy hamala dogry ekeni, ýöne “ýene kimiň, nämäniň başy täçli bolsa, şonuňam başynyň alynýanlygy” bilen ylalaşmaýarys. G.Gurbansähedow Aşgabatdaky Lenin bagyny “Baglaryň täji” atlandyrdy, Gyzyl Ploşad Moskwanyň täji. Sergeý Mihalkow ya Sergeý Baruzdin neşir etdirýän kitaplarynyň yzynda özleri hakda edebiýatçylaryň aýdan sözlerinden sitata ýerleşdirseler, olaryň nähili oňaýsyz ýagdaýa düşjekdiklerini göz öňüne getiriň. Biziň ildeşimiz welin üç kitabyň yzynda özi hakda aýdylan öwgüli sözleri – N.Tihonowyň, Sergeý Mihalkowyň, S,baruzdiniň, Mustaý Kerimiň, Y.Gylyjowyň, A.Aleksiniň, P.Şermuhammedowyň. Ö.Abdyllaýewiň, Jambyn Daşdonguň we S.Myradowyň birçak aýdan sözlerini “Sözsoňy” diýen at bilen kitaplarynyň soňunda ýerleşdirdi. Ol beýtmek bilen: “Görüň, men nähili şöhratly ýazyjy!” diýýär. Edebi tankyda haýbat atýar. Aslyýetinde ýokarda ady agzalan tanymal adamlaryň K.Taňrygulyýew hakda şeýle mahabatly sözleri nirede we haçan aýdandyklary bize belli däl. Şu öwgüli sözleri awtor öz sözüniň soňy hökmünde kitaba girizmän, olary kitaba neşirýat ýerleşdiren bolsa (“neşirýatdan” diýip sözbaşy goýan bolsa), onda ol (K.Taňrygulyýew) gülkünç ýagdaýa-da düşmezdi. K.Taňrygulyýewiň 1987-nji ýylda neşir edilen “Saýlanan eserlerine” ýazylan sözbaşyda onuň kitaplarynyň sany ýüzden gowrak we umumy tiražy hem 30 milliona golaý diýilýär, emma hut 1987-nji ýylda ýazyjymyzyň Moskwada “Ýaş gögele” (“Молодо-зелено”) diýen at bilen neşir edilen ýygyndynyň sözbaşysynda ýazylmagyna görä, onuň kitaplarynyň sany 50-den gowrak hem umumy tiražy 6 milliona golaý diýilýär. 50 bilen 100-iň, 6 bilen 30-yň tapawudy welin uly. Yazyjy rus okyjylaryny aldaýarmy ýa türkmen okyjylaryny? Şu makalada K.Taňrygulyýewiň öz terjimeçilerine diňe fakt-material berip, ençeme kitap ýazdyrandygy we rus dilinde olary neşir etdirendigi, soňra ol kitaplary başga dillere terjime etdirip, şöhrat gazanandygy we gazanç edendigi subut edildi diýip, aldawçylyk paş edildi diýip hasap edýäris. Ýazyjynyň türkmen dilinde neşir edilen eserleriniň halsy gowşak, harsaldyklary hem aýdyldy we subut edildi, harsallygyň üsti açyldy diýip hasap edýäris. Okyjyda şu hili kanuny sorag dörär: näme üçin aldawçylyk şu wagta çenli paş edilmedi, näme üçin harsallygyň öňi şu wagta çenli alynmady? Munuň ýekeje sebäbi bar: K.Taňrygulyýew onlarça ýyllap respublikanyň öňki ýolbaşçylarynyň (ylaýta-da ideologiýa işine jogaokär uly ýolbaşçylaryň) türkmen edebiýatyny okamaýandyklaryndan, umuman edebiýata çuňňu düşünmeýändiklerinden peýdalandy. Ol rus we beýleki dillerde çap edilen eserlerini ýolbaşçylaryň stollarynyň üstüne dökdi, özüni Soýuz möçberinde uly ýazyjy hökmünde görkezip bildi. Respublikanyň ýolbaşçylary “uly” ýazyjyny tankytdan goradylar. Mysal üçin, mundan birnäçe ýyl ozal “Edebiýat we sungat” gazetinde bir topar ýazyjynyň eserlerindäki nogsanlary dilçi N.Nartyýew tankytlady. Makalada berk tankyt edilenleriň biri K.Taňrygulyýewdi. Aradan birnäçe gün geçdi we TKP Merkezi Komitetiniň organy “Sowet Türkmenistany” gazetinde N.Nartyýew ýazgaryldy. Ýokardan hemaýat berilmese, K.Taňrygulyýewiň orta gürpden-de aşak eserlerini respublikanyň içinde bökdençsiz, gaýta-gaýta neşir etdirmegi asla mümkin däldi. Ol şol bir eserini sanlyja ýylyň içinde 4-5-6 gezek neşir etdirdi. Ine, mysallar: Ýazyjymyzyň “Ýartygulagyň täze syýahatlary” diýen powesti 1976-njy ýylda (“Goşa derek” atly ýygyndynyň içinde), 1980-nji ýylda (“Ýartygulagyň, Şyrdagyň, Pilmahmydyň syýahatlary” atly ýygyndynyň içinde), 1984-nji ýylda (“garaköwli batyr...” atly ýygyndynyň içinde) we 1987-nji ýylda (“Saýlanan eserlerde”) çap edildi. Powest 11 ýylda 4 gezek çap edildi. K.Taňrygulyýewiň “Goşa derek”, “Altyn okara” we başga birnäçe eseri hem soňky 10-12 ýylyň içinde 3-4 gezek çap edildi. Bir gyzykly mysal: ýazyjynyň Moskwada 1987-nji ýylda “Ýaş gögele” (“Молодо-зелено”) atly poeziýa we proza ýygyndysy 1988-nji ýylda üsti ýetirilip, Aşgabatda (“Magaryf” neşirýatynda, rusça) neşir edilýär. Emma Neşirýat, poligrafiýa we kitap söwdasy baradaky komitetiň görkezmesine görä, her bir kitap diňe neşir edilenine üç ýyl geçenden soňra, täzeden neşir edilmelidir. K.Taňrygulyýewiň poeziýa eserleri türkmen dilinde örän köp sapar neşir edildi. Şu ýerde bir zady ýatladalyň: türkmen sowet edebiýatynyň naýbaşy eserleri “Aýgytly ädim”, “Söýgi”, “Taýmaz baba”, “Ykbal” we gaýrylar 30-40 ýylyň içinde iki gezekden artyk neşir edilmediler. Belli ýazyjy Gylyç Kulyýwiň eserleri türkmen dilinde diňe bir gezek çap boldy. Durgunly ýyllarynda bitirmedik hyzmatlary üçin hak alan we şöhrat gazanan adamlar ýüze çykaryldy we çykarylýar. Bu zeýilli adamlar ryswa edilýär. K.Taňrygulyýew aldawçylyk (ýagny, rus terjimeçileriniň) üsti bilen hak alan we şöhrat gazanan, emma aslynda örän ukypsyz adamlaryň biri. Üýtgedip gurmagyň ruhy korrupsiýanyň, proteksionizmiň, aldawçylygyň we gaýry negatiw hadysalaryň soňuna çykmagy talap edýär. Türkmen sowet edebiýatynda üýtgedip gurmak işi K.Taňrygulyýewden başlanmalydyr. Üýtedip gurmagyň ruhy K.Taňrygulyýewe “TSSR-iň halk ýazyjysy” we “Magtymguly adyndaky TSSR-iň döwlet baýragynyň laureaty” diýen atlary götermäge hukuk berenok. Ol bu atlardan mahrum edilmelidir. Daňatar BERDIÝEW, Hojageldi NURMYRADOW, Allaberdi HAÝYDOW, Gurban ÇÖLIÝEW, Hemra ŞIROW. 12.X.89 ý. | |
|
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 16 | ||||||||||||||||
| ||||||||||||||||