14:13 Her telpekli kişä diýmäñler erkek | |
HER TELPEKLI KIŞÄ DIÝMÄÑLER ERKEK
Goşgular
Beýle telpek bolýar az-az adamda, Samyr derisinden geýipsiñ telpek. Ýöne sen, gardaşym, sakla ýadyñda: Her telpekli kişä diýlenok erkek. Erkekler bolýarlar orden-medally, Order, medalsyz hem bolýandyr erkek. Ýöne erkek bolmalydyr mejally, Mejaldan başga-da akyl-añ gerek. Bir gün awtobusda dik durdy kempir, Sen bolsa otyrdyñ ýaýrap, baýar dek. Erkek däldir (özüñ edip gör pikir) Garrylara hormat goýmaýan erkek. Köçede goh etdi bir gün bir pýan, Ile "doñuz" diýdi hem diýdi "köpek", Sen ol gohly ýerden çekildiñ bir ýan, Çem gelen biweçden gorkarmy erkek?! Özüñden ejize bermeseñ ýardam, Ýüz görse, erbede diýmese erbet, Onda erkek däldir telpekli adam. Mydam erkek bolup ýaşasyn erkek. Ömür boýy gördüñ il-günden haýyr, Emma senden haýyr gören ýok entek. Sen bir üsti ajy çaýyrly baýyr. Entek saña hiç kim diýenok erkek. Gyşyna otyrsyñ peje ýaplanyp. Kölegä gaçýarsyñ, öwüsse epgek. Polat ýaly otda-suwda taplanyp, Adamyñ balasy bolýandyr erkek. Allaberdi HAÝYDOW. "Tokmak" žurnaly, 1991. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |