09:47 It waspy | |
IT WASPY
Goşgular
"It geldi - gut geldi" diýen nakyl bar, "Gut" diýmek bagtdyr, bagt bolarmyş it. Asmanyñ ýüzüne gelende gubar, itine äñeder mal bakýan ýigit. Gijeler diñ salyp ähli çygşylda Ýatandyr, Ýatandyr ysgap şemaly. Möjekler uwlaşyp galar alada, şonda itiñ gözi ýanar şem ýaly. Itiñ gözi gurat dürbüden gurat, malyñ örüsinde bolsa bolsun düýt. Bir kes goýunlara etse hyýanat, It ony başarsa, etjekdir düýt-müýt. Ýal berseler iýer, ýal bermeseler, meýdanda aw edip, özüni eklär. Kämahal adamlar äsgermeseler, it buýsançly oglan ýaly öýkelär. Göýä egni ýyrtyk kurtkaly oglan, it şatlanýar añzak bolanda ahyr. "Itler adamzada hut körpe dogan" - diýipdir geçmişde bir beýik şahyr. Allaberdi HAÝYDOW. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |