09:46 Garasuwuñ boýunda / hekaýa | |
GARASUWUÑ BOÝUNDA
Hekaýalar
Ol gün howa örän dury boldy. Şeýle howada Nusaýyñ keşbini holsta geçirmekligi arzuw edip ýören höwesjeñ hudožnik iş esbaplaryny alyp, ýola şaýlandy. Gadymy Nusaýdan diñe iki zat galypdyr. Olaryñ biri täze Nusaý, beýlekisi köne Nusaý. Tahyr köne Nusaýa - belent gala pyýada ýöräp bardy. Ol galanyñ içinde ýarym sagatlap aýlandy, soñra Nusaýyñ fonunda tebigaty şekillendirmek üçin amatly ýer gözläp, günorta - dagyñ etegine ýöneldi. Garasuw çeşmesi şaglap akýardy. Onuñ surat çekmek üçin saýlap alan ýerinden Nusaý galasy eliñ aýasynda ýaly bolup görünýärdi. Tahyr gözýetimi tebigy reñkinde görmek niýeti bilen äýnegini aýryp, tuduñ şahasyndan asdy-da, daşyñ üstünde oturdy. Äýnegiñ şöhlesi onuñ gözüne düşdi. Ýiti şöhle hudožnigiñ gözüni gamaşdyrdy. Ol şöhläniñ ugrundan sowuldy. Tahyryñ galanyñ fonunda gyrymsy tut agaçlarynyñ hem böwürslenligiñ, miweli bagyñ hem traktorly meýdanyñ, göni awtomobil ýolunyñ, gupba ýaly jaýlaryñ hem dumana çalym edýän çölüñ suratynu polotno geçiresi geldi. Şeýdip oýa batyp oturansoñ, ol ajygyp ugrandygyny duýdy. Ol bir döwüm çöregini peýnir bilen iýmek hem çaý içmek pikiri bilen oturan ýerinden galdy. Birdenem ol öñündäki äpet ýylany görüp, tisginip, yza çekildi. Şonda Tahyryñ ýeñse tarapyndanam ýylanyñ haşşyldysy eşidildi. Hudožnik haýsy tarapa ýöneljegini bilmän ýaýdanyp durşuna ýokarsyndaky tuda garanjaklady. Onuñ şahasynda üç sany gara ýylan çolaşyp ýatyrdy. Ol ýylanlara azar bermejek bolup, aşak eglip, tuduñ şahasyndan äýnegini, goşhaltasyny alyp, tekiz hem açyk meýdana baryp ynjaldy. Tahyr özüni gorkuzan ýylanlaryñ garagaýçaklardygyny, olara siñe syn edip bildi. Garagaýçak - zähersiz ýylan, ol salkyn suwly ýerde ýaşaýar. Hudožnigiñ kölegesinde oturan tudunyñ düýbünden ýap akyp ýatyrdy, töwerek salkyndy. Tahyr ýaltalyk bilen tutdan düşüp barýan ýylanlara nazaryny dikdi. Ol beýleki agaçlara-da göz gezdirdi. Olaryñ şahasynda ýekeje-de ýylan ýokdy. Garagaýçaklaryñ ala-böle aşagy adamly tuduñ üstünde ýygnanmagynyñ sebäbini anyklajak bolup, Tahyr oýa çümenini duýman galdy. Ýylanlar tutdan düşdüler-de, çöp-çalamlaryñ arasyna siñip, sumat boldular. Tahyr eýmenç garagaýçaklaryñ mesgenini terk edip, sesýetim ýerdäki gara daga gadam urdy. Ol kiçi gaýa ýetip, yzyna öwrüldi-de, Nusaý galasyna seretdi. Gala oña öñküsinden-de ajaýyp bolup göründi. Onuñ daşyndaky tutlar, böwürslenler, erikli meýdanlar tutuş gök hala meñzese, galanyñ özi agymtyl göle (halynyñ ortasyndaky ýalñyz göle) çalym edýärdi. Bu görnüşi polotno geçirmek üçin häzirki duran ýerinden amatly ýer bolmajagyny añşyran höwesjeñ hudožnik egninden goşhaltasyny aýryp, Günden goranmak üçin dakynýan ýalpyldawuk äýneginem ýylçyr daşyñ üstünde goýdy. Tahyr işdämenlik bilen çörek hem peýnir iýip, çaý içdi. Ol şundan soñ surat depderini üsti stol ýaly endigan daşyñ üstünde goýup, kiçeñräk daşlardanam oturgyç edindi. Tahyr çekjek suratlady hakynda oýlanyp, birnäçe sagat gymyldaman oturdy. Ol gurşan aýaklaryny ýazmak üçin ýerinden galdy. Şol pursatam eýmebç haşşyldy ony tisgindirdi. Ol haşşyldynyñ gelen tarapyna öwrüldi. Tahyryñ gözi özüne haýbat atýan kepjebaşa düşdi. Ýylan kellesini garyş ýarym ýerden göteripdir. Özünde topulmaga taýyn ýylandan howy basylan hudožnik götinjekläp, ondan daşlaşdy. Kepjebaş daşyñ aşagyna sümüldi. Emma Tahyryñ ýiti gözi ýene-de iki sany kepjebaşyñ haşşyldaman, özüne seredýändigini gördi. Ýylanlar haşşyldamasalar-da, ýerden kellelerini göteripdirler. Hudožnik derrew goşhaltasyny hem äýnegini daşyñ üstünden aldy-da, gelen ýoly bilen Bagyr obasyndaky awtobus duralgasyna tarap zut gitdi. Yrymçyl Tahyr bu ahwalaty nämä ýorjagyny bilmedi. Şonuñ üçinem ol başyndan geçirenlerini dosty, gazetde edebi işgär bolup işleýän Garyba gürrüñ berdi. Dogrusy, Garyp özüniñ oglanlykda bile önüp-ösen obadaşynyñ şu häsiýetini halamady. - Negözel suratlar çekýäñ. Şonda-da keramata gulak gabardýañ - diýip, Garyp özüne iñirdände Tahyr oña: - Men señ ýaly institut gutaramak, haw, bary-ýogy sekiz klas bilimim bar - diýipdi. Ynha, indem ýylanly waka ýüze çykdy. Tahyr muny keramat diýip düşündirýärdi. Garyp höwesjeñ hudožnigiñ uly ussat hem dünýä ylmy materialistik garaýyşly adam bolup ýetişmegini isleýänligi üçin oña: - Ýylanlaryñ daşyña üýşen ýerini maña görkez - diýdi. Ýekşenbe güni iki dost kinooperatory hem ýanlaryna alyp, Nusaý galasynyñ günortasynda goş basdy. Kino düşürişlige umumy ýolbaşçylygy öz üstüne alan Garyp Tahyry köwekli tuduñ aşagynda oturtdy. Ol kinooperatora: - Nusaýyñ ýylanlarynda bilesigelijilik häsiýetiniñ ösendigini ilkinji ýüze çykaran şu ýigit. Kinosýužetde muny birinji planda görkez - diýdi. Soñra olar ýene bir köwekli tut tapdylar. Onuñ aşagynda žurnalistiñ özi oturdy. Kinooperator suwly çeşmeden uzakda daragt ösmedik takyr ýerde Günüñ aşagynda oturyp, duýduryşa garaşmalydy. Kimiñ daşyna ýylan üýşse, ol ýuwaşja sygyrmalydy. Kinooperator sygyran adamynyñ ýanyna daraklygyna basyp barmaly hem ony surata düşürmelidi. Kinooperatoryñ Günden goranýan uly saýawany bardy. Tahyr welin äýnegini nirede goýanyny bilmän, şäherden äýneksiz gaýdypdy. Hudožnigiñ iñ gowy görýän zady äýnegidi. Äýnek onuñ goragçysy. Tahyr tuduñ aşagynda häli-şindi äýnegini ýadyna düşürip, keýpsiz otyrdy hem tuduñ ýa kölegedäki sowuk daşlaryñ üstünde garagaýçak görjek bolup, käte daş-töweregine göz aýlaýardy. Günortana çenli saýawanyñ aşagynda, gaty ýerde oturan kinooperator: - Bessir, oýun gutardy, men gidýän - diýip gygyrdy. Onuñ sesi kinosýužetde şöhratlanmak umydyndan el çekmedik iki dostuñ ikisini-de tisgindirdi. Kinooperator gepini gögertdi. Onuñ yzy bilen gitmek üçin Garyp hem aýak üstüne galdy. Entegem özüni üç adamdan ybarat toparyñ ýolbaşysy hasaplaýan Garyp: - Tahyr, gideli - diýdi. - Galanyñ suratyny çekmäge başladym-da, siz gidiberiñ. - Garbak-gurbak etmeli hem biziñ oýun etmeýändigimizi operatora düşündirmeli. - Özüñ düşündiräýsene... Meni şu wagt gozgama... Olar gidip, esli wagt geçensoñ, hudožnigiñ ýanyna şu töwereklerde goýun bakyp ýören çopan geldi. Ol: - Ýagşy ýigit, düýn şu taýda köw-söw edýädim welin, bir zat galdyran-a dälsiñ? - diýip, taýagyna söýendi. - Näçe sermensemem, öýden äýnegimi-hä tapyp bilmedim, gardaş! Şony ýitiren bolaýmasam... Çopan jübüsinden öwşün atyp, gözüñi gamaşdyryp barýan äýnegi çykaryp, Tahyra uzatdy. Hudožnik äýnegini garbap aldy-da, üç gezek "sag boluñ" diýdi. Ol äýnegini dakynyp, dünýä bakdy. Derrewem aýryp, giden wagty ýadyndan çykarmazlyk üçin ony tuduñ şahasyndan - gözüne görnüp duran ýerden asdy-da, surat çekmek bilen meşgul boldy. Gün batyp barýarka ol Nusaý galasynyñ deñunden ýoda bilen ýöräp gelýän iki adamyny gördi. Höwesjeñ hudožnik olaryñ ir ertir bilen şu ýere gelen adamlardygyny tanady. Ol: "Operator bilen ýaraşypdyr-ow" diýip, içini gepledip, öz işi bilen gümra boluberdi. Garyp tuduñ aşagynda oturan Tahyryñ ýanyna ýigrimi-ýigrimi bäş ädim galanda gykylyklap başlady. - Muny görsene! Surat diýip, büý-ä, aç-suwsuzam heläk boljak? Arkaýyn ýöräp gelýän Garyp birdenkä sakga durdy. Ol barmagyny höwesjeñ hudožnige uzatdy. Tahyryñ bir metr gapdalynda süýnüp ýatan ýylany kinooperator-da gördi. Kinooperator kamerasyny egninden alyp, işe taýyn edýänçä, Tahyryñ bir metr gapdalynda ýatan ýylan daşyñ aşagyna sümüldi. Hudožnigiñ goşhaltasynyñ üstünde düýrlenip ýatan ýylanam, ýabyñ gapdalynda daşyñ üstündäki ýylan hem böwürslenlikde gizlendiler. - Indi ynandyñmy meniñ ýalançy däldigime? - diýip, Garyp elini kinooperatoryñ egnine goýdy. Kinooperator Garybyñ soragyna jogap bermän köwekli tuduñ daş-töwereginde ýene garagaýçak bolaýmasyn diýen umyt bilen ser salmagyny dowam etdi. Žurnalist kinooperatora: - Tahyryñ özüni görmänkäk onuñ äýneginiñ şöhlesi tas gözümizi iýipdi - diýdi. - Hawa, hawa! Äýnegini tapypdyr öýdýän. - Äýnek öwşün atdy, munuñ äýneginiñ şöhlesi ýyldyzyñ nury ýaly ak. Sen bir zatlar añjak bolýañmy? - diýip, Garyp kinooperatora ýüzlendi. - Ýylanlarda hem hut beýleki jandarlarda bolşy ýaly, bilesigelijilik häsiýeti güýçli. Şonuñ üçinem, olar tuduñ üstünde öwşün atýan zadyñ nämedigiji anyklajak bolup, allowaradan süýrenişip gelýärler. Gijesine oduñ şöhlesine gelişleri ýaly, gündizine äýnegiñ şöhlesine gelýärler. - Dogry - diýip, kinooperator böwürslenlikden gözüni aýyrman, žurnalistiñ sözüni tassyklady. Garyp Tahyra ýüzlenip, ýuwaşjadan: - Gördüñmi, dost, indi keramatyñ nämedigini? Hany, äýnegiñi bäri al? - diýdi. Hudožnik äýnegini Garyba uzatdy. - Me. Garyp Tahyryñ hem kinooperatoryñ bir ýerde gizlenmeklerini we sygyran wagty gelmeklerini haýyş etdi. Ol: - Tehnikañy taýyn edip gel, meni garagaýçaklaryñ arasynda surata düşür - diýip, kinooperatora ýüzlendi. Garyp köwekli tuduñ ýanynda ýeke galdy. Ol basym ýylanlaryñ öz daşyna üýşjekdiklerine birjik-de şübhelenmän, akar suwuñ şildirdisini diñläp, ýarym sagat çemesi oturdy. Bir sagat geçensoñ, ol töweregine batyrgaýrak göz aýlady. Şonda onuñ nazary özüne seredip, biri-biriniñ golaýjygynda ýatan iki sany garagaýçaga düşdi. Allaberdi HAÝYDOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1981 ý. | |
|
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |