11:12 Karl Marks | |
KARL MARKS
Goşgular
Deñiz ýaly giñdir Garagum çöli, Bu giñ çölüñ oba, şäherlerinde. Karl Marks, saña gabat gelýärin, Baky watan tutduñ meniñ ýerimde. Karl Marks, ynsan adyny dakýar Köçe hem kolhozda her bir diýarda. Mähriban keşbiñi - suratyñy hem Guwanç bilen asyp goýýar diwarda. Köne palto geýip sowuk jaýlarda Ýazdyñ pikiriñi kagyz ýüzüne. Bir müñ däl, ýüz müñ däl, milliard adam Uýdy seniñ parasatly sözüñe. Ýyly geýinmegi üçin hemmeleñ, Ýaşamagy üçin ýyly öýlerde Karl Marks, özüñ mätäçlik çekdiñ, Şu zat seni ägirt eden, beýgelden. Ýyllaryñ yzyndan ýyllar geçip dur, Sen bolsa beýgelip barýarsyñ barha. Ýene beýgelersiñ, eý, beýik adam, Ene ýerimizde ýaşaýyş barka! Gurban ÇÖLIÝEW. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |