EJEKEJANYÑ KEÝIJEKLERI
Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym-gadym zamanlarda Hazar deňziniň kenaryndaky Owaz diýen obada är-aýal bagtyýarlykda ýaşaýar eken. Maşgalabaşy mawy deňizde balyk, guş awlapdyr. Balykçynyň aýaly bolsa haly-palas dokap, ýüň saýyp keçe basypdyr. Garaz, bu agzybir maşgalanyň gün-güzeranlary oňuşmazça däl eken. Olaryň ýeke dikrary Ejekejan diýen gyzy bolup, ol maşgalanyň guwanjy eken.
Ýöne balykça we onuň aýalyna uzak wagtlap bagtyýarlykda eşretli döwran sürmek miýesser etmändir. Günleriň birinde balykçynyň aýaly agyr derde uçrap aradan çykypdyr. Bu waka balykçy we onuň gyzy üçin agyr urgy bolupdyr. Balykçy hemişe aýalynyň zaryny çekýän eken. Ýöne Ejekejan ony ähli gaýgy-gamdan halas edýär eken. Günleriň birinde balykçy öýlenmeli diýen karara gelipdir. Şeýle etse gün-güzerany düzeler, Ejekejan hem ýetimligiň zaryny çekmez diýip düşünipdir.
Ol goňşy obadaky bir aýal bilen goşuny birikdiripdir. Ýöne ol aýal öýe gelen ilkinji gününden başlap özüniň erbet häsiýeti bilen tanalyp başlapdyr. Ýetim gyzjagaza agyr ýumuşlary buýrup, kä halatlarda bolsa ony ýençmekden hem gaýtmandyr.
Görgüli gyzjagaz öweý enesiniň jebir-sütemine kaýyl bolup ol barada hiç kime arz etmändir. Gaýtam, öweý ejesiniň göwnünden turjak bolup has yhlas bilen zähmet çekipdir. Ýöne öweý ejesiniň ýüregi daşdan gaty, buzdan sowuk bolany üçin görgüli gyzjagaza berýän jebir-jepasyndan lezzet alýar eken. Özüne tabşyrylýan ýumuşlar agdyk bolanlygy zerarly Ejekejan deň-duşlary bilen oýun oýnamaga hem wagt tapmandyr. Ol käte mawy deňziň kenaryna gidip balyjaklary çörek owuntuklary bilen hezzetlär eken. Şeýdip özüniň gam-gussasyny ýeňleder eken. Ejekejanyň düşen ýagdaýyna goňşularynyň nebsi agyrar eken. Ýöne olar görgüli gyzjagazyň öweý ejesinden gaty gorkýandyklary üçin oňa hiç hilli hemaýat edip bilmändirler. Bu wakadan Ejekejanyň kakasynyň habary bolsa-da, biçäre öweý aýalynyň goh-galmagalyndan gorkup bilmezlige salar eken.
Günleriň birinde Ejekejanyň öweý ejesi ondan dynmagy mäkäm ýüregine düwüpdir. Ol ärinden ýetim gyzdan dynmagy, onuň üçin Ejekejanyň boýnundan agyr daş asyp deňziň çuň ýerine oklap gelmegi tabşyrypdyr.
“Deňize syýahat etmäge alyp gitjek” diýen bahana bilen balykçy gyzjagazy gaýyga mündürende Ejekejanyň begenjiniň çägi bolmandyr. Ol kakasyna minnetdarlyk sözlerini aýdypdyr.
Ejekejanyň mähir-muhabbetli sözleri balykçyny matlabyndan ýüz döndermäge mejbur edipdir. Ol her niçik kyn bolsa-da wakany birjikde gizlemän gyzyna gürrüň beripdir. “Indi näme etmeli” diýip, Ejekejanyň pikirini sorapdyr.
Balykçy gyzjagazy adalaryň birinde düşüripdir. Soň bolsa hemişe gelip durmagy Ejekejana wada berip, kenara dolanypdyr.
Gyzjagazyň kakasy beren wadasyna wepaly bolup deňize awa çykanda hemişe gyzyna azyk-owkat, geýim-gejim getirip berýär eken.
Bir gezek bolsa Ejekejanyň kakasy oňa keýik owlajyklaryny getirip beripdir. Ejekejan muňa diýseň hoşal bolupdyr. Şeýlelik bilen ondan bäri birnäçe ýyl geçipdir. Keýikler köpelip başlanda Ejekejan kämillik ýaşyna ýeten gyz eken. Ejekejanyň öýe gidesi, joralary bilen tikin tikip pynhan gürrüň edesi geler eken. Ýöne öweý ejesinden howatyr edýänligi üçin bu pikirinden hemişe ýüz döndermäge mejbur bolupdyr.
Günleriň birinde deňizde tolkunlar güýçlenip goma öwrülipdir. Şonda mawy deňiziň giňişliklerinde syýahat edip ýören gämileriň biri şu adanyň kenarynda labyr taşlamaga mejbur bolupdyr. Haşaňlanan bu gämi Hazar deňziniň içindäki adalaryň biriniň hökümdarynyň oglynyňky eken. Şazada adada gezelenç edip ýörkä keýikleriň arasyndaky görmegeý gyzy görüp oňa aşyk bolupdyr. Soň bolsa Ejekejan bilen tanyşyp onuň kysmaty bilen gyzyklanypdyr. Şazada ýigit Ejekejanyň düşen halyna ýürekden gynanyp onuň bilen durmuş gurmak meýli barasynda aýdypdyr. Şeýlelik bilen Ejekejan şazadanyň ýurduna gidipdir. Tizara bolsa ýaşlaryň toýlary uludan tutulypdyr.
Bu wakadan hat-da Ejekejanyň kakasynyň hem habary bolmandyr. Ol birnäçe gezek ada gelip Ejekejany tapmany gidipdir. Şonda ol : “Megerem olüp-ýitip giden bolsa gerek” diýip, gaty gynanypdyr.
Ýyllar bolsa kerwen gurap geçipdir. Täze maşgalada birnäçe perzent dünýä inipdir. Günleriň birinde Ejekejan şazadadan dogduk kenaryna baryp görmegi niýet edinýändigini aýdypdyr. Şonda şazada gämä zerur bolan azyk-owkatlary we serenjamlary ýükläp niredesiň Ejekejanyň obasy diýip ýola düşüpdir. Kenarda olary mähelle mähirli garşylapdyr. Olaryň arasynda Ejekejanyň kakasyda, öweý ejeside bar eken. Olar Ejekejany gören dessine tanapdyrlar. Şonda Ejekejanyň kakasynyň gözlerinde ajy gözýaşlar görünipdir. Öweý ejesiniň bolsa gorkusyndan ýaňa tasdan ýüregi ýarylan eken. Ol Ejekejanyň aýagyna ýykylyp, toba gelendigini aýdyp, ondan günäsini ötmegi haýyş edipdir.
Ejekejan bagt tapan obasyna gaýtmazyndan öňürti kakasyna täze gämi we jaý edinmek üçin harajatlyk serişde beripdir. Bagtyýar maşgala bu obada biraz dynç alansoňlar yzyna dolanypdyrlar.
Ertekiler