21:13 «Elip» harpy | |
«ELIF» HARPY
Goşgular
Eý, jemalyň mutlagy enwer hurşydy Huda, Pertüw nury jemalyň maşrygy şemsi Huda. Mähir roýuň mahjebiniň pertüw nurun görüp, Derdim boldy ruz-u şep fallady haýyr hafza. Şahy melek li m’a Alla mäzher nury ala, Patyşa Ijep-u Betha Muhammet Mustapa. Beýle ýazmyş waspyn lowha galam ruzy ezel, Ahmet morsal Habyby Hak Muhammet Mustapa. Halgaty eflägi zatyň yllaty gaýadyr, Seniň üçin hulk boldy yns-u jyns erz-u sema. Rahmatan lil-alemsiň hem şepygyl müznübin, Kyl şepagat Wesime mejreme ruzy jeza. * * * Eýleme bir dem Huda jananymy menden jyda, Bir nepes ýa Rebbi etme janymy tenden jyda. Dady Hakga aýak basdym ki bu panydan geçip, Yşga ýar edip, meni kyl akyl röwşenden jyda. Dembe-dem ruhsaryň, eýlär arzuw murg köňül, Bilbili şuryda , ýa bolsunmy gülşenden jyda. Nary hijranyň ile bolmuşdyr syna pür tap ah, Ataşy suzan bolarmy ki hiç gülhandan jyda. Zülpi Mansurweşe bardar-u sergezdany edip, Akybet kyldyň Wesimi belki jan ile tenden jyda. * * * Nur ruhuňdan almasa ger sefwat-u zyýa, Kandan bolardy aýnasy mähriň an jela. Kandan görer çeşmi remed dide älemi, Ger häk paýyň bolmasa eý, şohy totyýa. Ýekta o dürri bähri geranmaýa zat sen, Nagt dökün kim bolaly saňa kem baha. Ol haty dil syýah, o zülpi musalsalyň, Uşşagy zara boldy bela üste bela. Bolmasa bary ol ýedi beýzaýa roýmal , Ýa paý posy ýokmy ola rugsat-u ryza. Desti keşa-keş gam ile boldy, eý, Wesim, Daman-u habyp sabyr dil mübtela gaba . * * * Nedir o sagty simin, ki ol ýedi beýza, Nedir o paýy latyf ol tenasep agza. Nedir ol lagl gähreber, o dür kibi güftar, Nedir o şiwe reftar, o kamaty bala. Nedir o käkil pür çin, o äbruýy pürkin, Nedir o gerdeni simin, ol semen sima. Nedir o çeşmi owsunsaz , o gamza gamaz , O ruýy mugjuza pürdaz, o husn hoşruba . Nedir o arzy gülgün, o hat pitne nemun, Nedir o jilweýi möwzun , o jünbüş zyba. Nedir o tarz nezaket aýa melek hyslat , Nedir Wesim bu nehut, bu näz-u istigna. * * * Her nigähim didede şemşirdir sensiz maňa, Her seri müjgänlerim bir tirdir sensiz maňa. Geler haksyz seýir gülzar behişt etsemde ah, Hep güli surisi kefi şirdir sensiz maňa. Sahny älem teňi terdir gerdi çeşmi murdan, Çarh ise bir halkaýy zehgirdir sensiz maňa, Mah Kenganyda bolsa, pişi çeşmimde ýene, Nagşy diwar-u but tesewwirdir sensiz maňa. Men Wesim keşti gülşen tabagmy dilgir eder , Möwji gül bir ataşyn zynjyrdyr sensiz maňa. * * * Gülşen älemi şaha zyndan bolar sensiz maňa, Gülleri hep ataşy suzan bolar sensiz maňa. Sakyýy hijran elinden dembe-dem noş etdi kim, Sagyry sahba degildir , gan bolar sensiz maňa, Haýraty didaryň ile, eý, peri aýna kimin, Halky älem serbe-ser haýran bolar sensiz maňa. Hasrat lagly lebiň ile ajaýyp gözýaşyma, Ebri baran didesi girýan bolar sensiz maňa. Sähw ile bolsam nigäh endaz roýy Ýusuba, Hak budur bir suraty bijan bolar sensiz maňa, Bi tomaşaýy jemaly enweriň bu älemiň, Gülbuny gülzary ataşdan bolar sensiz maňa. Iştiýagy serwi balaň ile manendi Wesim , Juýy eşkim Gulzumy joşan bolar sensiz maňa. * * * Şah-a, jemalyňy görmek nesip bolarmy maňa, Ajap wysalyňa ermek garyp bolarmy maňa. Elimde sagyry giti foruz imişdir sensiz, Ki, bu bezimgähde hiç aýş-y tip bolarmy maňa. Aýyrdy zulum ile bidady çarh ol mahymy, Ýene tejelliýi roýy habyp bolarmy maňa. Şärigi roýet didary ki bolar azymatda , Ýanymda saýa kibi bir rakyp bolarmy maňa. O hal-u hat dil Hyzyr-u Mesihi seýit eýlär , Wesim, onuň kibi damy ferip bolarmy maňa. * * * Pikir wysalyň maýabagyş jawedandyr maňa, Lebleriň aby haýýaty zindeganydyr maňa. Lälezary dilde bu dagy söwdaýy ki gamyň, Eý, ruhy gülbergy ter döwlet nyşanydyr maňa. Çeşmi mesiň äleme ser pitne we aşup ise, Jünbüşi gamzaň gazaýy nägehanydyr maňa. Merdi meýdan muhabbeti, aşygy azadaýam , Käri terk jany ile ser raýyňa naýdyr maňa. Bidamak etdiň Wesim-ä waspy jennetle meni, Şindi jennet bar ise, ýaryň mekanydyr maňa. * * * Sähraýy melamatda gezip däli-diwana, Mejnuny peläketzadaýem , eý, saçy Leýla. Gülkeşti behişt eýlär isem, mähir ruhuňsyz, Eý, şoh görünmez ki gözüme zerreçe asla . Dagy elem läleýi ruhuň mejmeri dilde, Ýakdy ki sönimez ýene bir ataşy söwda. Ol çeşmi syýah, ol näge, ol gamzaýy tatar , Melek dile saldy gözlem şureşi wiýgama . Rehim etmez o gül, haly dilzaryňa çün kim, Bihuda ne bu nalyşyň, eý, bilbili şeýda. Bu şowk ile ger aýd-u wysalyňda tebibem, Gurbanyň bolsa ne ola biçäre Wesim-ä. * * * Sahy köýüň şaha manendi jennetdir maňa, Häki paýyň kimiýaýy täç döwletdir maňa. Hanjar gamzaň ile dilde zahmy hunym ki bar, Bir güli pürhun , gülzary letafatdyr maňa. Neýlem magşarda aby köwseri saky heniz, Neşah jamy lebiň bir özge halatdyr maňa. Dideden rizan bolan şowk lebiň ile hun dil, Her biri bir göwher bigadyr, gymmatdyr maňa. Surtan agýara eýlär, eý, Wesim, ol mahy wepa, Leýk, hep jebr-u jepasy lutf şepagatdyr maňa. * * * Bolup eks lebi lagly ile huny dil şerap asa , Akar juýy sereşk ol serwi hoşreftara ab asa. Muammeýi hatyň halynda ejizdir hemme älem, Tätäbbede beli tefsiri ruhsaryň kitap asa. Meni ýakdy, kül etdi ataşy pür suzy hijranyň, Ne ola saht jiger bolsa pyragyňla kebap asa. Derunymdyr meniň ki ol asmany şuglaýy zar yşk, Ki, ah, ataşynam atylar her şebi şehap asa. Görüp aşhebi sewar bolma , hatap mutlak naryny, Ýüzümi perş rahy janana etdim apytap asa. O degil-u akdy hunap elem aýny jigerden kim, Tähi galdy Wesim-ä, çeşmeýi çeşmim habap asa. * * * Ruhlaryň apytapdyr göýä, Lagly nabyň şerapdyr göýä. Gamzaň ki rugsat dile zary, Patyşahym sowapdyr göýä. Hal-u hatyňla sahpa roýuň, Bir muhaşşa kitapdyr göýä. Hijr yşkyňda aşna bolaly, Iki çeşmim habapdyr göýä. Ne kylsyn saňa nigäh Wesim, Şermisary nikapdyr göýä. ___________________________ Paşşa — Osmanly soltanlaryň Müsür mülkündäki wezirleri (dikmeleri) şeýle atlandyrylýar. Sylahdar — ýarag saklaýjy. Arbagyn baglamak — derwüşleriň kyrk günläp hüjreden çykman, Gurhan we dini kitaplary okap ybadat etmekleri. Bu sözler Muhammet pygamberiň şahsyýetine degişlidir. Bu ýerde Ahmet Wesim Ybrahym paşşanyň waspy hakyndaky gazalyndan söz açýar. Bu ýerde Ahmet Wesim düzen diwanynyň özüniň mertebesini belende göterjekdiginden söz açýar. Mutlagy enwer hurşyt – ýeke-täk nurly güneş. Pertüw nury jemal – şan-şöhratly ýagty nur. Maşrygy şems – gündogaryň güni. Mähri roýuň mahjebiniň pertüw – mähirli ýüz keşpli, ak maňlaýly. Li m’a Alla – Alla meniň bilen. Mäzher – bir zada meňzemeklik. Lowha – ýüzi ýazgyly tagta. Ruzy ezel – iň gadymy döwür. Ahmet morsal habyby hak – hakyň dosty Muhammet pygamber. Halgat eflägi zat – pelegiň ýaradan şahsyýeti. Yllaty gaýa – şu wagta çenli delil boldy. Erz-u sema – asman-u zemin. Rahmatan lil-alemin – älemler üçin rehmet. Şepygyl müznübin – günäkärleriň etmişini bagyşladýän. Mejreme – günäli. Murg köňül — köňül guşy. Şuryda — tolgunýan, gaharlanýan. Nary hijran – aýralyk ody. Tap — karar, takat. Ataşy suzan — ýandyryjy ot. Gülhan — othana, ot ýakylýan ýer. Mansurweş — ýeňiji kimin. Bardar — agyr ýük göteriji. Akybet — iň soňunda, ahyrsoňy. Sefwat-u zyýa — ýagty, röwşen sapalyk. Jela – ýalpyldy, şöhle. Remed dide — sowuklan göz. Häk paý — aýak tozy. Ýekta o dürri bähri — ýeke-täk deňziň düri. Geranmaýa zat sen — gymmatbahaly ynsansyň. Musalsal — baglaýjy zynjyr. Uşşagy zara — betbagt aşyk bolan. Roýmal — ýaglyk. Keşa-keş — çeke-çeke. Daman-u habyp — gadyr bilýän ýakyn dost. Mübtela — bela uçran ýürek. Gaba — uzyn geýim. Sagt — bagt, täleý; ýagşylyk. Simin — kümüş ýaly. Latyp — 1) mylaýym, ýumşak; 2) gözel, ýakymly, näzik. Tenasep — degişlilik, dahyllylyk, mahsuslyk. Gähreber — ýantar (hünji). Güftar — söz, gürrüň. Şiwe reftar — näzik gylyk-häsiýet. Kamaty bala — uzyn boýly, syratly. Käkil pür çin — buýra-buýra käkilli, saçly. Çeşmi owsunsaz — jadyly gözli. Gamza gamaz — näzli bakyşly. Ruýy mugjuza — ajaýyp ýüzli. Husny hoşru — görmegeý keşpli. Jilweýi möwzun — şöhle saçýan gelşikli. Jünbüş zyba — owadan hereketli. Tarzy nezaket — edep-tertipli. Melek hyslat — perişde gylykly. Näz-u istigna — biparh näz. Her nigäh — her bakyş. Şemşir — gylyç. Müjgän — kirpik. Hep gül surisi — ähli gyzyl güller. Kef — aýa. Sahny älem — älem boşlugy. Halkaýy zehgir – kirişli halka. But tesewwir — owadan suratlandyrma. Dilgir etmek — gamgyn etmek. Sagyry sahba degil — käsädäki şerap däldir. Haýrat didar — ýagşy görnüş. Serbe-ser — boýdan-başyna. Ebir — ýagmyr. Baran — bulut. Didesi girýan — gözi ýaşly. Sähw — ýalňyşlyk, elden gidirme. Iştiýagy serwi bala — uzyn katdy-kamaty bilen meýil dörediji. Manendi Wesim — Wesim kimin. Juýy eşk – gözýaş arygy. Şah-a — Eý, şa! Wysalyňa ermek — duşuşyga gelmek. Garyp bolarmy — ýat bolarmy. Giti foruz — parlak, şöhleli, ýaldyrawuk. Aýşy tip – aýşy-eşret, keýp. Bidady çarh — adalatsyz pelek. Tejelliýi roýy habyp — gözel ýüzli söýgüli. Roýet didar — didaryňa bakmak. Azymat — ýola düşemde. Rakyp — ýat, keseki. Hal-u hat — gara meňli. Seýit eýlär — awçy eder. Damy ferip — pirim duzagy, hile duzagy. Jawedan — baky, ömürlik. Zindegany — ýaşaýyş; dirilik; durmuş. Ruhy gülbergy ter — ýüzi ter gül ýapragy. Çeşmi mes — keýpli göz. Pitne we aşup — gowga we topalaň. Jünbüşi gamza — näzli bakyş. Gazaýy nägehan — duýdansyz waka. Azada — azat, erkin, boş. Naý — gargy; gamyş; tüýdük. Bidamak etmek — tukat etmek. Sähraýy melamat — teýene, gyjalat sährasy. Peläketzada — betbagt, garamaňlaý. Gülkeşti behişt — behişde gezelenç etmek. Zerre — tike, azajyk. Asla — hiç wagt, hiç haçan. Dagy elem — gaýgy-gama ýanan. Mejmer — içi otly maňňal; ojak. Gamzaýy tatar — tatar bakyşly. Şureş wiýgama — birahatlyk. Bihuda — peýdasyz, biderek. Sahy köý — sahylyk. Şaha manent — şa kimin. Häki paý — aýak tozy. Kimiýaýy täç — gymmatdaşly täç. Zahmy hun — ganly ýara. Güli pürhun — gan ýaly gyp-gyzyl gül. Gülzary letafat — mylaýym çemenzarlyk. Dideden rizan — gözden akan. Surtan – daşky gürnüş. Lutf şepagat — mähribanlyk bilen şepagat etmek. Asa — kimin, ýaly. Hoşreftar — gowy gylykly, oňat häsiýetli. Muamme — tapmaça. Tätäbbe — barlag, derňew. Tefsir — beýan ediş, düşündiriş. Suz — ýanma, ýanyş. Saht — berk, mäkäm, pugta, gaty. Derunym meniň — meniň ruhy dünýäm. Şehap — ot, ýalyn. Aşhebi sewar bolmak — çal ata atlanmak. Hatap — odun. Mutlak — hemme, çäksiz. Ýüzüm perş rahy janana — ýaryň ýolunda ýüzüm düşek. Tähi galmak — ýalňyz galmak. Çeşmeýi çeşmim habap — çeşmäniň gözbaşynyň köpürjikläp galmagy. Lagly nap — tämiz gyrmyzy dodaklar. Sowap — bir zat mynasybetli berilýän sowgat. Muhaşşa — kitabyň gyrasyna edilýän bellik. Çeşmi habap — gözdäki buldurap duran gözýaşlar. Nikap — utanyp ýüzüne perde tutan. | |
|
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Ogluma pent / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Üçlemeler / Goşgular - 14.07.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Durdy han / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Moda hakda modasyz goşgy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |