21:03 «Ze» harpy | |
«ZE» HARPY
Goşgular
Sap meşrepi aşygyz bir ýara düşdi köňlümiz, Şebnem asa bir ýüzi gülzara düşdi köňlümiz. Şoh şiringär-u şäher aşyp-u ýary nuktedan, Gadr aşyk pähim eder dildara düşdi köňlümiz. Ruz-u şebdir ýüze-ýu, nury edemde mahymyz, Zerreweş bir mähri pür enwere düşdi köňlümiz. Käkili hamdy rahmanda şanagäri etmäge, Gaýrat ile çäk bolup, set para düşdi köňlümiz. Ataşy yşk-u muhabbetle semenderweş Wesim, Bu ajap perwana ýüz kim nara düşdi köňlümiz. * * * Bagy dilimde dag nahanym em islemez, Zahmy aşna derdiň bolan, melhem islemez. Ýat ruh-u lebiň ile bolan mes bezmi yşk, Aýnaýy Sekender-u jamy Jem islemez. Şaha gedaý köýüň ile yhtylat eden, Hüýran ile behiştde aýş-u dem islemez. Bir tir gamza seýdine besdir dahy dile, Gaýt kement käkili, ham ender ham islemez. Bir halat muhabbetiň aýr gördi kim meni, Biçäre dil wysalyň islär, hem islemez. Besdir sereşk çeşmter, eý, ebri feýzbagyş , Gülzar husny gunçalary şebnem islemez. Tenhaneşin genj gam bolsa ne ola Wesim, Hylwat-güzin derd-u elem mährem islemez. * * * Ne giriftary hat-u hal, ne ebruiz biz, Nazary aýnaýy dilbere mähriwiz biz. Kim bakar şindi gül-u sünbülne gülzaryň, Buýy hah ruh-u dilbesteýi gisuýiz biz. Roýymal etmäge ol serw sähi balaýa , Ki wady yşkda göýä, bir akar juýiz biz. Hamaly kuh gamyz mäjez yşk eşte budyr, Muýy mähnet ile gerçe ki bir muýiz biz. Desti çowgan kaza ile fezaýy gamda, Ýagny galtida bolan biser pa guýiz biz. Kyblagäh bolaly ruhsara nury didar, Şowk ile sežde bir arhamy ebruýiz biz. Dert jangähe dowa islemez bolsa Mesih, Hamdylla ki mustagny , belki daruýiz biz. Hak budur istemez melhemi bähbit Wesim, Zahmy har elemi gamzaýy jaduýyz biz. * * * Gözler gamaşar, arzy janana bakylmaz, Nury gül hurşydy darahşana bakylmaz. Göýä, gähi heman bargy tygy kazadyr, Pür şäşe ol hanjary burrana bakylmaz. Rüstem bile bir hemlesine tap getirmez, Ol apaty jan gamza fettana bakylmaz. Nagt dil-u jany ne ola sarp etsem şoha, Kim rah muhabbetde dil-u jana bakylmaz. Esbabp tagallugk ki dile, jan ile serdir, Anlarda pida kim serw samana bakylmaz. Bir wejh ile ýok taby nigäh bende Wesim, Gözler gamaşar arzy janana bakylmaz. * * * Roýuň kibi gül jenneti aglada bolunmaz, Laglyň kibi mul Köwser-u sähbada bolunmaz. Sen hatmy näz ile ki Süleýman zaman sen, Bu hasan ile an Ýusup zybada bolunmaz. Hemçihre ne wejh ile bolar roýuňa, eý mah, Bu reňk-u fet belki güli ragnada bolunmaz. Katdyň kibi bir şiwesi çoh nahal serferaz, Ar-arda degil kamaty tubada bolunmaz. Rehim eýle Wesime medet, eý, şah jahanym, Kim an jelini bende bu dünýäde bolunmaz. * * * Bilbili kuds aşýa näzi keşti gülşen bilmeziz, Aşygy perwana tebgiz harpy şiwen bilmeziz. Murgy ataşy nalaýy hijran-u kaknus gamz , Şahsar şugladan gaýryýy neşimen bilmeziz. Mutlagy nury kerimiz manygy syry kelim, Güftüguý Tury Sina nahaly iman bilmeziz. Hysrowy genjine aşygyz şahy diwany nazm, Döwleti Afrasyýab-u , mülki Bähmen bilmeziz. Reşte müžgäni bile gaýty tagallukdyr Wesim, Biz Mesihi ähli tejridiz ki suzan bilmeziz. * * * Ruhsaryňa nazzara kylan bir güle bakmaz, Güftaryňa guşawer bolan bilbile bakmaz. Aşuftaýy zynjyrsyzdyr ki zülpiň bolan kes, Gülzary jahan içre dahy sünbüle bakmaz. Manendi hezar aglarym gam ile sezadyr, Ol gunça lebim roýuma bir gezekle bakmaz. Sahyp nazaran piş-u pesende mutahaýýyr , Ol näzi bir efraşteýi sag-u sola bakmaz. Aşyk ile hemra bolamaz ol ki Wesim-ä, Şa rahy muhabbetde rapyg-u ýola bakmaz. * * * O mähriň ruz-u şep husny edasy artar, egsilmez, Bedr boldugyça mah elbet zyýasy artar, egsilmez. Nije lebi teşneýe sehbaýy laglyň olmam saky, Diliň aby bakyýa iştihasy artar, egsilmez. Ne ola şowk lebiňle dideden eşkim rowan bolsa, Bu çeşmesary yşkyň majarasy artar, egsilmez. Kokulsyn ol haty bähjet fezaýy bagy ruhsaryň, Bahar bolsa çemenzaryň sapasy artar, egsilmez. Metagy wysalyň boldum ýene jandan hyrydary, O Ýusup talgatyň zira bahasy artar, egsilmez. Ne ola bisýar ise köýüňde perýat jepakeşan, Bu gülzar içre bilbiller nowasy artar, egsilmez. Sägin, buýy wepa bolmaz Wesime läle ruhlarda, Boty nowresleriň jebr-u jepasy artar, egsilmez. * * * Muhyt eşkim ýanynda ju däl, bir katra ab bolmaz, Kabap now sepehr ol bähre nisbet bir hubap bolmaz. Bu gün bir şasuwary towsen gerduna gul boldum, Helal şep ki ziri-paýyna zerrin rekap bolmaz. Şumar eýlär mata jilweýi bazar näzi ile, Meniň nagty nyýazym, jöwher janym hasap bolmaz. Haty ser sebizden gelmez nakys roýy janana, Beli, bihaşýe tefsiri aýaty kitap bolmaz. Nämä baksa nemaýandyr tejelli jemaly dost, Nägäh arşy saýa çeşmi yrfana hyjap bolmaz. Nije teşbih bolar ol mah ruhsara güli hurşyt, Wesime çeşmeýi hurşytda bu ab-u tap bolmaz. * * * Rendi yşkyz şerapdyr bakalyz, Käseýi aptabydyr bakalyz. Ser bamähriz sadapweş, emma kim, Lagl-u düri hoşapdyr bakalyz. Harmany ne sipähre ataşzen, Şuglaýy barg-u tapdyr bakalyz. Janda saht, jigerde ataş hijri, Dag bir dili kebapdyr bakalyz. Zahmy şemşir jebri dilber ile, Güli pür ab-u tapdyr bakalyz. Waspy hal-u hat ruhyla Wesim, Hame bir kef kitapdyr bakalyz. * * * Mütrep demidir naýla edip zemzemi perdaz , Kyl mejlisi uşşaga nowa naý ile seragaz . Magnaýy makamat ki heririýi beýan et, Tä Zöhre ola çarhy berin üzre serendaz. Kyl sagyry guşi meýi bireňk ile lebriz, Eýle demidir rentleri ki mesi serendaz. Mes eýle meýi käseýi tanbur ile jany, Žängi elemi hatyra ur, ki sykyl perdaz. Dur eýle Yrag-u Ajam-y rahy Hyjazy, Çyksyn seri öwji pelege nagmaýy şähnaz. Siýlaby gam-u barky elemdir bu bezmde, Saky meýi gülreňki ile şuglaýy owaz. Baly meý ruha naýy gülgüne ile tä kim, Murgy dil ede älemi balaýa ki perwaz. Bar neşahmy nalaýy naýy nagmaýy tenbur, Ýok lezzeti ýar bolmajak hemdem-u demsaz . Çowgan seri zülpine ýaryň seri köýi et, Meýdany muhabbetde bolup, aşygy serbaz . Kebeşi ser jan-u dili janana pida kyl, Ol aýd-u wysalynda Wesim aşygy serbaz. * * * Agladym haly dilzarymy janana biraz, Paýyna düşdim edip gerýe messana biraz. Çeşmi hunriziň ile älemi gyrdyň kapyr, Ne ajap gamzalaň gelmeýär imana biraz. Sahypaýy roýuma hunapla ýazdym nama, Arz-hal eýledim esrarym o soltana biraz. Bezmi gamda bizi öldürdi humary hijran, Saky döwr edewer sagyry rindana biraz. Juýybar galamym wady nazmym içre Wesim, Ne ola tagn eýlärse bähr birazgäne biraz. * * * Rasty geldim ser köýünde o janana biraz, Arzy hajat nyýaz etdim o soltana biraz. Synamy dilsin aman, gamzaňy gönder gelsin, Tiri müjgän guty gonsun hedep jana biraz. Deşti näz içre bu wahşat nije bir aşykdan, Gitme, eý, ahu nigäh ber-u beýewana biraz. Kapyry zülpi ýesir etdi gamy uşşagy, Gelmedi gözler ol apatyň imana biraz. Bizge perwanaýy şemgy ruh hubanäzi gül, Ýanalym, ýakylalym şemg şebistana biraz. Luluýy nazmterim geliň gähreberim ile, Ne ola tagn eýlärse bähr birazgäne biraz. Rehm ede şaýat o şah dide girýana Wesim, Juýyweş sür ýüzüň ol serw huramana biraz. * * * Mysal asýa dur eýle boldy hyrs ile hemkär, Ser bimagyz dulab-u nazar bitapdyr sensiz. Fetada boldy girdap gama keşti dil şindi, Sereşki çeşmter bir Gulzumy hunapdyr sensiz. Dilim derýaýy gamdyr sahelim çün möwç tupan, Wujudym zowragydyr , halka girdapdyr sensiz. Jyda boldum fususa kyblagäh ebruandan, Maňa tygy pena hutguşa mährapdyr sensiz. Wesim häkisary asa fezaýy bikararyda, Gubary jisimzarym burda silapdyr sensiz. * * * Jismimiz nury tejellile tur eýlemişiz, Dide jan-u dili mutlagy nur eýlemişiz. Azmy ahyreti esbaby sapar bir düşez, Rahgüzeri pol dünýäýi ubur eýlemişiz. Nazarymyz köýüňle kyblaýy roýuňdyr hep, Ne aram pikir, ne endişe hüýr eýlemişiz. Älemi yşga nazar biz o Süleýmanlaryz, Zagfla ile jismimizi, gerçe ki mur eýlemişiz. Pikri zülpüňle, hyýaly ser köýüňle bu dem, Saýaýy sünbül jennetde huzur eýlemişiz. Waýe yşky gelip bizden alar älem kuddus, Dili söwdazadaýy maýa şor eýlemişiz. Gülde bu neşeýi ýüz, emma dil reňki mulda, Zahyt rentle bahem beýle zuhur eýlemişiz. Salyň yşga Wesim-ä, çü hurtyýy rahzendir, Bu harabatda biz terki şöwri eýlemişiz. ______________________________ Sekender — Isgender adynyň gysgaldylan görnüşi. Jem — Jemşit. Gaýt kement — zynjyrlanyp daňylan. Ham ender ham – buýra-buýra bolan saç. Feýzbagyş — nep getiriji. Hylwat-güzin — ýekeligi saýlap alan. Mährem — ýakyn dost. Serwi sähi bala — gelşikli, uzyn boýly. Mäjez — güýçden gaçyrma. Eşte — ynha. Galtida — aýlanmak. Mustagny — gurply, barly, baý. Daru — derman. Bähbit — gowulanma, oňatlaşma. Pür şäşe — ýiti ýalpyldaýan. Burrana — ýiti, kesgir. Gamzaýy fettan — jadylaýjy, ýesir ediji garaýyş. Tagalluk — degişli bolmak. Wejh — ýüz; daşky görnüş. Agla — iň beýik. Mul — şerap. Sähba — şerap. Aşýa — höwürtge. Şiwe — owadan, başyňy aýlaýan söz. Gamz — näz-kereşmeli garaýyş. Neşimen — ýaşalýan jaý, öý. Afrasyýap — rowaýatlara görä, gadymy Turanyň türki halklaryna degişli bolan iň beýik hökümdar¬larynyň biri. Bähmen — eýranyň gadymy dessanlarynda Keýan patyşalaryndan bolan Isfendiýaryň ogly. Tejrit — beýgeltme, ýokary galdyrma. Güftaryňa guşawer bolan — sözleriňe gulak salan. Manendi hezar — bilbil kimin. Mutahaýýyr — haýran galma, geň galma. Efraşten — belende götermek, ýokary galdyrmak. Rahy muhabbetde rapyga bakmaz — yşk ýolunda ýoldaşa bakmaz. Bedr — dolan aý. Iştiha — işdä. Majara — ýagdaý, habar. Kokulmak — daş-töwerege hoş ys ýaýramak. Meta — zat, haryt. Talgat — gözellik, owadanlyk. Boty nowres — aşyk bolan ýetginjek. Muhyt eşkim — gözýaşymyň ýanynda. Ju — ýap, aryk. Nisbet — degişlilik; degişli. Hubap — köpürjik. Şasuwary towsen gerdun — takdyryň kesir çapyksuwary. Helal şep — aýdyň gije. Ziri-paýyna zerrin rekap — aýak astyna altyndan edilen üzeňňi. Mata şumar eýlemek — harydy sanamak. Nakys — nogsanly, kemçilikli, aýyply. Bihaşýe tefsiri — kitabyň gyrasyz, düşündirişsiz. Nemaýan — äşgär. Tejelli — gözellik we ajaýyplyk bilen görünme. Hyjap — perde. Nije teşbih bolar — nädip deňäp bolar. Rendi yşk — hilegär, aldawçy yşk. Hame bir kef — gara reňkli galam. Mütrep — sazanda; aýdymçy. Zemzemi perdaz — zemzem suwuny joşdurýan. Seragaz — başlangyç. Heriri — ýüpekden edilen. Çarhy berin — arş. Žängi — ýagyş damjasy. Dur eýle — daş eýle, daş et. Hyjaz — häzirki wagtda Saud Arabystanyň territoriýasyna girýän hem-de Mekge, Medine we ýene birnäçe ýerleri öz içine alýan etrap. Ol Arabystan ýarymadasynyň günbatar bölegini eýeläp, Gyzyl deňziň kenarynda ýerleşýär. Şähnaz — Eýranyň nusgawy sazlarynyň owazynyň ady. Siýlaby gam-u barky elemdir — gaýgydan gözüm ýaşly, gamdan ýyldyrym ýaly ýanýan. Hemdem-u demsaz — ýoldaş, arkadaş. Serbaz — esger. Esrar — syr, gizlin gürrüň. Tagn eýlemek — teýene etmek. Hedep — 1) nyşan; 2) maksat, myrat. Wagşat — wagşy jandar. Ber — ýer. Gährebe — 1) ýantar (hünji); 2) sary. Serw huraman — gözel ýörişli söýgüli. Hyrs — aýy. Dulap — kynçylykly ýagdaý. Feta — edermen, batyr; jomart. Gulzum — 1) asly grek sözi bolup, Gyzyl deňze aýdylýar. 2) Kaspi deňziniň gadymy atlarynyň biri. Sahel — kenar. Zowrak — gaýyk, naw. Fusus — gynanç bildirýän ümlük, ah, wah. Burda — Muhammet pygamberiň dony. Rahgüzeri pol dünýäýi ubur eýlemek — ötegçi dünýäniň köprüsinden geçmek. Zagf — güýçsüzlik. Dili söwdazada — göwnüçökgin, ýüregi gaýgyly. Mul — şerap. Zahyt — galandar, sopy, namazhon. Zuhur — döremek, ýüze çykmak. Çü hurty rahzen — akylyň galtamany ýaly. Harabat — meýhana. Terki şöwr — akyl, paýhasy terk edýän. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |