10:38 Emine Yşynsunyñ "Ak topraklar" romanynyñ gysga mazmuny | |
EMINE YŞYNSUNYÑ "AK TOPRAKLAR" ROMANYNYÑ GYSGA MAZMUNY
Romanlar
• Eseriñ temasy Beýik Seljukly imperiýasynyñ gurulyşyndan Malazgirt söweşine çenli aralykda bolan söweşlerden we wakalardan söz açýar. • Romanyñ mazmuny Türkmen begi Baýyndyr beg Seljukly döwletiniñ hökümdary Alp Arslana tabynlygyny bildirýär. Ol Seljukly döwletiniñ uçbegi bolup gulluk edýär. Dowamly ýagdaýda Wizantiýanyñ içlerine ýörişler (akynlar) gurnaýar. Ilkibaşda Baýyndyr begiñ bäş çagasy baram bolsa, ýörişleriñ dowamynda olaryñ dördüsi wepat bolýar. Soñabaka Baýyndyr beg Wizantiýanyñ çäklerinde jansyzlyk işini ýola goýýar. Edil şol wagt Seljukly döwleti-de Anadolyda we Eýranyñ çäklerinde uly üstünlikleri gazanýar. Wizantiýa türkmenleriñ öñüni kesmek üçin uruş taýýarlyklaryna başlaýar. Iki tarapam çyny bilen urşa taýýarlanýar. Baýyndyr beg bolsa Roman Diogeniñ iñ ynamdar serkerdeleriniñ hataryna girmegi başarýar. Wizantiýa goşuny Konstantinopoldan (Stambuldan) ýola düşýär. Olar ýolugra öñlerinden çykan türkmen obalaryny ýakyp-ýykýarlar. 24-nji awgustda goşun Malazgirte barýar. Seljukly döwletiniñ goşunam Malazgirte gelip ýetýär. Çaknyşyga bir gün galanda Baýyndyr beg wizantiýa goşunyndan gizlinlik bilen gaçyp Alp Arslanyñ goşunyna goşulýar. Ol seljukly goşunyna wizantiýalylar barada gymmatly maglumatlary berýär. Alp Arslan goşunyny urşa girizýär. Baýyndyr begiñ eden ummasyz kömekleri netijesinde wizantiýalylar derbi-dagyn edilýär. • Romanyñ gozgaýan ideýasy Gazanylan ýeñişleriñ netijeli we hemişelik bolup galmagy döwleti döreden sistemanyñ göwnejaý işläp durmagyna baglydyr. • Eserdäki wakalar we gahrymanlar barada Baýyndyr beg - döwrüniñ güýçli şahsyýeti, dana we başarnyky serkerde. Ýagmyr - Baýyndyr begiñ ogly. Olam kakasy ýaly garadangaýtmaz biri. Erdem beg - Baýyndyr beg Wizantiýada jansyzlyk edip ýörkä Ýagmyra we onuñ ejesine hossarlyk eden adam. • Eser hakyndaky şahsy pikirler Roman çeper ýazylan we akgynly okalýar. Geçmişde ýaşap geçen ata-babalarymyzyñ durmuşy, dilleri, urp-adatlary babatda gymmatly maglumatlary berýändigi üçin şu günüñ türkmen okyjylaryna peýdaly eser hasaplap bolar. • Ýazyjy hakynda gysga maglumat 1938-nji ýylyñ 17-nji maýynda Karsda dünýä inen türkiýeli belli ýazyjy Emine Yşynsu türk ýazyjysy Halide Nusret Zorlutunanyñ gyzydyr. Ol Ankara kolležini okap gutarandan soñ, Dil we taryh, geografiýa fakultetiniñ pelsepe bölüminde okap ýörkä, okuwyny taşlap ýazyjylyga başlapdyr. Ýakynda 2021-nji ýylyñ 5-nji maýynda aradan çykan ýazyjynyñ käbir beýleki eserleri: "Sanjy" ("Sancı"), "Janbaz" ("Canbaz"), "Atly garynja" ("Atlı karınca"), "Azap topraklary" ("Azap Toprakları"), "Kiçi dünýä" ("Küçük Dünya"), "Güller ulalýar" ("Çiçekler Büyür"), "Tutsak" ("Bendi"), "Kap dagynyñ ardynda", "Alp Arslan", "Hajy Baýram", "Hajy Bekdaş weli" we başgalar... • Romanyñ çap bolan neşirýaty "Ötüken" (Stambul), 1990. Täze neşiri "Bilge Kültür Sanat". | |
|
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Duman daganda: Zäher gahardan ýasalýar - 01.06.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -19: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -7: romanyň dowamy - 02.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -33: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -5: romanyñ dowamy - 14.09.2024 |
√ Duman daganda: Nur gözellikde, gözellik köňülde - 14.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |