23:12 Erkek kişiler / hekaýa | |
ERKEK KIŞILER
Hekaýalar
Tam doly adam. Ortada boşan çanaklar, boşan, boşamadyk çäýnekler. – Ýigitler, sizem bilseňiz bilýänsiňiz – diýip, Kertik aga eliniň ýagyny sakgalyna çalyp, şelaýyn ýylgyrdy. – Öň günde nahar-şor bişirmäge gurby çatmaýan adam hem toý edende bütin obany çagyrardy. Goňşy obalardanam adamlar gelerdi. Göreş tutduryp, bagşy aýtdyrardy. Indi bolsa, gol doly mally, aňyrsy ýigrimi-otuz müň manat pully adamam öňküleriňki ýaly eçilip toý etjek bolanok. Bir tama sygar ýaly, özi bilen alakaly adamlary çagyryp, öňlerinden geçäýýär. Men-ä göni aýtjak, ýigitler: indi toýlarymyzam çüpräpdir, adamlarymyzam. – Nätdiňiz-aý muny? – diýip, oturanlaryň biri Kertik aga närazy seretdi: – Sebäbi näme? – diýip, Ýolbars Kertik agany sözde tutjak bolýan ýaly, gözlerini güldürdi. Kertik aga jogap bermäge howlukmady. Öňki biri-biri bilen gürleşip oturan adamlaryň del söz eşidäýjek ýaly bolup özüne seredýändiklerini görüp, biraz arkan gaýyşdy: – Sebäbimi? Sebäbi belli onuň – öňküler ýaly erkek ýok. – Oh-o! – «Oholap» oturma, Ýolbars jan. Men hak gürrüň aýdýan. Erkekler erkeklik hökmürowanlygyny aýallaryna berdiler. Aýallaram hiç wagt ile zat bermegi halanoklar. Asyrlarboýy öýüne myhman çagyryp meslik edýän diňe erkek kişilerdir. Aýal hiç wagt beýdýän däldir. Aýal tapanjasyny duluna geçirjek, maşgalasyna siňdirjek. Uly toýlaryň bolmaýanlygynyň sebäbem öýlerde aýallardan rugsatsyz çöpüň gozgalmaýanlygynda. – Kertik aga, näme: «Aýalyň aýdanyna gulak asmaly däl» diýjek bolýaňyzmy? Siz bir zada dogry düşüniň. Biz erkekler aýallarymyzy diňlemeli. Olar: «Artykmaç çykdajy çykaryp, birgiden zaýaçylyk etmek nämä gerek?» diýýärler. «Adamlary iýdirip, içirip hoş edip bilmersiň» diýýärler. Dogry şu! – Aýalynyň sözünden sitata getiriberseler janym ýanýar. Ýolbars, goýsana aýalyň gürrüňini! Aýal diýeniň «otur» diýen ýeriňde oturar, «tur» diýeniňde turar – diýip, Hemra ardyndy. – Senem bilmän ýören adamymyz däl-laý! Nätjek uly gepläp? Soň yzynda durmak kyn düşer. Hemra gyzdy: – Bir zat diýsem, yzynda duraryn! – Könäniň adamlary, dogrudanam, zor eken-aý, walla. Olar aýallaryny ýatan çöpçe-de görmändirler. Ah-ow, özem olar bir aýal alany bilenem oňman, on ikisini dagy alypdyrlar. Bä-ä! Aýallarynyň biriniňem «jyňk» edip sesi çykmandyr. – Mäti taksiçi hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady. – Aý: «Öňki zamanyň aýallary ýer ýaly ýuwaş bolandyrlar» diý. Ýogsam olar ärleriniň enterpelegini aýdardy. Könäň erkekleriniň duluna şu zamanyň aýallarynyň birki sanysyny geçirseň-ä: «Hüw-w!» diýip gaçyp giderler. Hälem bizi mert görmeli, çydap ýörüs. – Kertik aganyň gürrüňini nirä getirip sokduňyz? – diýip, aýalyň gürrüňiniň edilmegine, näme üçindir, kes-kelläm garşy Hemra gapdalyndaky uklap ýatan üç-dört ýaşlyja oglunyň kellesini sypady. – Kertik aganyň aýdýany dogry. Astanam oňarmady. Dört gyzdan soň ogly boldy. Uly toý edäýse boljak. Ýok, magazinden bäş kile et alyp, bizi çagyrýar. – Astan jan, eşider bolsaň: «Doýranyň sakgalyna» diýilýäni şu. Naharyňdan gärk-gäbe bolup, diýýän sözüni eşit onuň?! – Ýolbars oturanlara ýüzlendi: – Astanda günä ýok. Hemme kişi toýy şeýle edýär. Uly toýlar modadan galdy. Astanam: «Ilden çykmaýyn» diýendir. Ýogsam onuň kem zady ýok. Şo gadymy döwürlerdäki ýaly, ýedi gije-gündiz toý etmäge-de Astanyň zady ýetjek. Astan aýaly bilen maslahatlaşandyr. «Üýşmeleňjik» edäýeli diýşendirler. Ýogsam çagasy bolanda adamlar indi üýşmeleňem edip duranoklar. – «Aýaly bilen maslahatlaşandyr» diýip aldyň ýatdyň-aý! Näme, roddoma gidip maslahat laşyp gaýdandyr öýdýäňmi? Heý, hemme zadam aýalyňdan sorap durmak bolarmy? – Näme bolman? Sorandyr. Oňarypdyr! Eýsem senden sorasynmy? – Öňki zamandaky ýaly: «Kakasy, siz näme etseňiz, men şoňa razy» diýip oturan ýuwaş aýal ýok. Indi: «Kakasy, meniň aýdanymy etmeli bolarsyňyz» diýýärler. Ertirden agşama çenli etmeli işleriň, kim bilen nähili gürleşmelidigini, kime näme aýtmalydygyňy kitapdan okan ýaly öwredip otyrlar. Öň-ä aýallar ärlerine akyl öwredip bilmändirler. Ärleri henek atsa-da, «ýyrş-ýyrş» edip begenipdirler. Ärlerine ýaranjak bolup, sütünleri süýnýänçä ylgapdyrlar... – Hemme zat özüňe bagly, Mäti. Aýaly başdan berk tutmaly! Özüňe judabir öwrenişdirmeli däl. Bir zat sorasa, eşitmedikden bolmaly. Özem ony dilinden däl-de, aýagyndan ýadatmaly. «Ony getir, muny getir» diýip işledibermeli. Aýallar diňe jany gynansa iňirdeýän däldirler. Şuny bilip goý. Şonuň üçin aýalyňa nebsiň agyrmasyn, işlet! – Adam hemişe özüniň oňarmaýan zadyny maslahat berer eken. Hemra, senem arzuw edýän zatlaryňy aýdýaň. Aýalyň ýanynda, agzyň nasly ýaly, sesiň çykanok. Nirä gitseň, çagaň ýanyňda. Ine, ony oturyşlyga-da alyp gaýdypsyň. – Ýüregiň daşdan bolmasa, dözer ýaly däl-how, Ýolbars! Öýe wagtynda barmasam: «Kaka!» diýip şo aglap durandyr. Hiç diňenogam. Öýe baryp, gujagyma alýan welin, çagajyk hezil edäýýär. Bir ýere gitjegem bolsam, synymdan asylyp dur . Dözer ýaly däl. – Bu zamanyň çagalary kakaçyl bolupdyr. Näme üçindigini bilýäňizmi? Aýallar çagalaryna gulak asanoklar, mähir siňdirenoklar. Çaga-da kim ýüzüne gülüp baksa, şonuňky. Aýal çagasyna dözümlije daraýar welin, soň çagajygyň gaçgyny ejesi. Ýene urlaryn öýdüp, kakasynyň synyndan goýberenok. Erkekleriň bolsa ýüregi ýuka. Çagalaryň budundan burup: «Ejeň ýanyna git» diýip bilenok. – Dogry aýdýaňyz, Kertik aga. Hemra-da şu aýdýanyňyza janlyja mysal. – Ýolbars – diýip, Hemra aljyraňňy gürledi. – Gör, çagajygym arkaýyn uklap ýatyr. Öýde welin, men bolmasam, uklamaz. – Bu ýerde ýat adam ýok, aýalyňdan gorkýandygyňy boýnuňa alaýsana. – Men gorkak, senem batyrmy? Adyň «Ýolbars» boldugy batyr boldugyň däl. – Köne döwürde başgaça eken – Mäti taksiçi ýuwdundy. – Atam pahyr bir gezek eneme: «Hany demiň çykmasyn!» diýenmiş. Enem pahyr ýöne titräp durmuşyn. Häzir bolsa, gödegrägem bolsa aýdaýyn, aýallar ärlerini it hökmünde peýdalanýarlar. Aýal çagasyna azgyrylsa, erkek hiç zadyň anygyna ýetmän, aýalyndanam bäş beter azgyrylyp, çagasyny düýt-müýt edäýjek bolup durandyr. Aýallar käte: «Kakaňa urduraryn!» diýip, çagasyny gorkuzýarlar. Bu «Ite ýardyraryn!» diýen ýaly bir zat... – Aý, ýigitler, näme diýseňizem, bir zad-a anyk bilýän: köne döwrüň basan ýerinden ot çykarýan erkekler-ä ýok. Belki, başga obalarda bardyr? Ýöne men-ä soňky döwürde öz obamyzda «Men!» diýen erkege gabat gelmedim. – Sizem bir sözi aýdyp goýberýärsiňiz, Kertik aga – diýip, Hemra öýkeli gürledi. – Biz-ä özümizi erkek hasaplap ýörüs. – Men erkek diýip jynsymyzy, al asmanda gezip ýören göwnümizi göz öňünde tutamok. Erkek kişä mahsus gylyk-häsiýetlerimiz hakda aýdýaryn. Öň deňňene ederdik erkek kişiler bolup. Indi ol-da galdy. Ýarygije üýşüp, öýe barardyk-da, aýalymyza sala salman mal soýardyk. Soň aýalymyzy turzup, kellebaşaýak artdyrardyk. Daň atmanka-da kellebaşaýak iýerdik. Biz, ine, şeýleräk erkek kişilerdik. Häzir haýsy biriňiz meniň, meniň deňi-duşlarymyň oňaran zadyny oňarjak? Haýsyňyz aýalyňyza pyçak getirdip, sen-men ýok malyňyzy soýup biljek? Haýsyňyz aýalyňyza kellebaşaýak artdyryp biljek? – Etse-hä bolardy... – diýip, oturanlaryň biri hüňürdedi. – Kim aýtdy? – diýip, Kertik aga oturanlaryň ýüzüne çiňerilip çykdy. – Men-ä aýdamok – diýip, Ýolbars agyr bir jenaýatyň üstünde tutuljak bolýan ýaly aljyrady. – Dogrudanam, kim aýtdy? – diýip, Astan Hemra müňkürlik bilen seretdi. – Maňa-ha seredibem oturma. Aýdan bolsam, yzynda mertlerçe durarynam. Aýalyndan gorkup ýören adam däl men! Aýal aýaldyr-da. Näme buýursaň, eder ýörer-dä! – Hany, haýsyňyz köne döwrüň erkegine meňzäp biljek? – diýip, Kertik aga hyjuwlandy. – Agylyňyzdan bir maly mäledip çykaryp soýuň. Aýalyňyza kellebaşaýak artdyryň. – Kertik aga, siziň şu oýnuňyz galjak däl-ow. Iki adamyň başy birikse, derrew jedele başlaýarsyňyz – diýip, Astan oturlyşygyň bozulmagyndan howatyrlanyp, Kertik aga närazylygyny bildirdi. Ýöne bu mahal Kertik aga durarly däldi. – Men erbet zat aýdamok ahyryn, Astan?! Injigiňize kakyp görüň diýýän. – Aýalyňa hormat goýmaly-how. Uklap ýatan adama ýylanam degmändir! – diýip, Ýolbars ýöwselledi. – Bä-ä, geçen zamanyň adamlary zor eken-aý. Aýallar äriniň ýanynda gürlemäge-de gorkupdyrlar. Erkegem öýünde han ýaly bolup oturypdyr. Öňüne çaý-naharyny getirip beripdirler. Onuň ýanynda siňegem uçmandyr. Eý, şeýdip ýaşasadyň! – diýip, Mäti taksiçi ýuwdundy. – Ata-eneler ogullarynyň bolanyna begenişip, olara ýagşy niýet bilen «Ýolbars», «Arslan», «Şir», «Batyr» diýen ýaly haýbatly atlary goýýarlar. Ýöne «Ýolbars» diýip at goýlanyň towşança-da ýok – diýip, Hemra ajy ýylgyrdy. – Meniň teklibime döwtalap tapylmady-la? – Döwtalap bolar ýaly teklip däl-laý ol. – Hä? – Birgiden zaýaçylyk, horluk. Ertire çykalyň. Geregiňiz, iýjegiňiz mal bolsun! – Ýolbars jan, gündiz ony kim oňarmaz?! Gep ony gije, ukynyň süýji wagty etmekde. – Onda bu teklibiňizi Hemra aýdyň. Ýaňydan bäri: «Aýalymdan gorkamok!» diýip otyr. Subut etsin gorkmaýandygyny! – Erbet gylygyň bar-aý seniň, Ýolbars. Derrew ýoldaşyňdan asylyşýaň. Men saňa näme ýamanlyk etdim? – Köp gürrüň gerek däl, Hemra. Oňarjakmy ýa ýok? Sen bize şony aýt. – Aýalymyň ýarawlygy ýok, Kertik aga. – Aýalyň ýaňyragam gezip ýördi. – Halys bellediň-aý meni, Ýolbars. Men, näme, saňa: «Aýalym ýorgan-düşekli ýatyr» diýdimmi? Gezip ýör... – Onda aýalyňa kellebaşaýak artdyr-da – diýip, Ýolbars gözüni güldürdi. – Taýýarlatdyrardym, ýöne men ony islämok. Indi saňa düşnüklimi? – Gorkýan diý-de gutar. Aýalyň seni gysymynda saklaýar. Myhmançylykda otyrkaň aýalyň näçe gezek yzyňdan gelip, öňüne düşürip äkitdi? Näme diýip käýänini aýdaýynmy? – Adamlar! – diýip, Hemra oturanlara ýüzlendi. – Şuňa ümsüm otur diýseňizläň. – Arada okadym: dünýäde aýallar erkeklerden on ýyl köp ýaşaýan eken. Okap, keýpim gaçdy. Bizem Kertik aganyň döwürdeşleri bolaýmaly ekenik. Şonda bizem gorkmazdyk. Meniň-ä Kertik aga gözüm gidýär. – Mäti jan, biziň döwrümizde ýigitleriň basan ýerinden ot-ýalyn çykardy. Häzirki ýigitlerimiz ýörände çygşyldam çykanok. Ogurlyga gelýän ýaly, ýaltak-ýultak edip, gözleri töwereginde. Gatyrak asgyrsaňam gorkup, ýazzyny berjekler. – Gaty beýle däl-le, Kertik aga. Sizem bizi çöpe çykaraýdyňyz. – Aýalyňyzdan soraşman mal soýup, soňundan kellebaşaýak artdyrsaňyz, men sizi hiç ýere-de çykarmaýyn. Şol soýan malyňyzy hem ertir iki edip bereýin. Ýa häzir meniň öýümden bir tokly alyp seniňkä baraly. Ynha, saňa är gepi. Şuny oňarsaň, soň gaýdyp galan ömrüme: «Erkek kişi galmandyr» diýip hiç ýerde gürrüň etmäýin. – Siziň malyňyzy öýe eltip soýmak gelşiksiz. Özümde-de ýok. – O nähili ýok? Ýedi sany semiz toklyň bar. – Ýolbars, sen otursana. – Wah, men oturjak-la, ýöne ýalan sözleseň, saklanyp bilemok. – Onda sen Ýolbars adyňy ödäý. – Meniň aýalym beýle meslik edilmegini halamaýar. Ol: «Tygşytlyja, tertiplije ýaşamaly» diýýär. Dogry şu. – Başga näme diýýär? – Kertik aga, adamlar-a agyr ýagdaýda goýduňyz – diýip, Mäti taksiçi oýkanjyrady. – Mäti jan, geň-taň görýän däldirin. Men bu soragy düýnem oturlyşykda aýdyp gördüm. Hiç kimiň injigi götermedi. Aýdýan-a: «Obamyzda erkek ýok» diýip. – Ras biz oňarmaýan bolsak, özüňiz oňaraýyň – diýip, Hemra öýkeli hüňürdedi. – Men indi garradym, ýigitler. Siz ýaly otuz-kyrk ýaşymda däl. Aýalyma erk jylawymy berenimi gizläp oturmaýyn. Bu – garrylygyň nyşany. Gelnejeňiziň kellebaşaýak artmaga gurbunyň çatmazlygy mümkin, ýöne şonda-da, siz ýaly: «Ýörüň öýe!» diýmäge ýaýdanyp durmam-a bolmaz meniň. – Bize kellebaşaýak gerek däl. Bagyr-öýken daglap iýsek – bolany. – Onuň işi aňsat-la. – Aňsat bolsa, ýörüň! – Ýörüň! Hemra Kertik aganyň «Aý, ýigitler, şony menem başarjak däl!» diýerine garaşypdy. Gojanyň garaçynydygyny bilip, howsala düşdi: – Siz gidiberiň... – Kertik aga, siziň çynyňyz-aý. Häzir baryp mal soýsak, ertir adamlar biz hakda näme gürrüň ederler? – diýip, Ýolbars geňirgendi. – Inim, adam mydama surata düşjek ýaly bolup ýörmän, käte-käte bütin dünýäni unudyp şatlanmalydyr. «Il näme diýer?» diýip, galypda ýaşamagam adamy ýadadýar ahyryn. – Onyňyz dogry welin, men-ä ýarygije baryp, ýanýoldaşyňa azar berilmegini goldamok. Adamkärçilik däl bu. Aýal uzynly gün işläp ýadaýar, ol dynç almaly. Aýjan gelnejemiň-ä ýarawlygam ýok – diýip, Ýolbars oturanlara göz aýlady. – Gelnejä azar bermeris. Ýörün, ýigitler! Mürähede garaşyp duran ýaly, oturanlar derrew turdular. – Könäniň adamlary zor-aý – diýip, Mäti taksiçi Kertik agadan gözüni aýyrman ýylgyrjaklap barýardy. – Aý, adamlar, men-ä gidip biljek däl – diýip, Hemra ökje ogurlady. – Aýalyndan gorkup galýandyr diýib-ä pikir etmäň. Ýanymda çagam bar. Eltip ýatyrmasam boljak däl. Ýogsam giderdimem. Kertik aganyň mal soýşuny görerdimem. Astan, senem gitjekmi? – Heý, mugt elpe-şelpelikdenem galmak bolarmy?! – Özüň bil. Men-ä galdym, sag boluň. Hemra bilen hoşlaşan bolmady. Hemmeleriň aňy Kertik agalarynyň agylyna, soýuljak tokla gidipdi. Kertik aga agylyň işigini açdy-da: – Ýigitler, halanyňyzy tutuň! – diýdi. – Men-ä goşuljak däl. – Ýolbars yza çekildi. – Kertik aga, aýalyňyza sala salyň. Ýogsam, gelşiksiz bolar. Aýal gije-gündiz hojalyk diýip ylgap ýör. Biz – erkeklerem hojalyga keseki ýaly adam. Şonuň üçinem, näme etjek bolsaň, aýalyň bilen maslahatlaşmaly. Aýalyň ärine ýamanlygy ýok. Aýalym: «Erkekleriň gödekligi haçan galarka?» diýýär... – Gorkmaň, gorkmaň, arkaýyn soýuberiň, ýanymyzda Kertik aga bar – diýip Mäti taksiçi dillendi. – Dogry. Gelnejem käýese, Kertik aga käýär. Bize näme? Hany, toklularyň haýsam bolsa birini soýalyň – diýip, Astan öňe çykdy. – Haýsysyny soýmaly bolsa, Kertik aga, görkeziň. Gelnejemiziň öňünde özüňiz durarsyňyz. – Gelnejeň bilen bir adam men, Astan jan. Ikimiziň aýry pikirimiz ýok. Sen, çekinme-de, toklylardan halanyňy tut. Astan agyla girdi. Saýlajagam bolup durman eline ilen toklylaryň birini tutdy-da, işige tarap süýräp ugrady: – Aýagyny güýler ýaly ýüp getiriň. – Bu dara-direlikde ýüpem tapdyrmaz – diýip, Kertik aga alakjady. Hiç zat tapmady. – Jan inim, soýjagyň çynyň bolsa, oňa ýüp nämä gerek? – E-äý, soýmasaňyzlaň – Ýolbarsyň keýpi uçdy. – Häzir hemmämiz gelnejemizden kowulýas. – Me, pyçak. – Men mal soýup göremok, Kertik aga. – Damagyny çal, galan zady özüm oňararyn – diýip, Mäti taksiçi galpyldady. – Tut onda aýagyny. Tokly mäläp, gaçjak bolup dyzady. Gapy açyldy. – Kim bar-uw daşarda? – diýip, Aýjan eje daşary çykdy. Kimdir biri tapyrdap ökje göterdi. Çaga agysy eşidildi. – Kim-aý ol gaçan? – Kimdir öýdýäňiz?! Hemra! Biziň yzymyzdan galmajagyny bilýän onuň. Gelnejemiň sesini eşidibem göterdi ökjäni – diýip, Ýolbars howsalaly gürledi. – Kim bar agylyň ýanynda? – Keýwany, özli-özümiz. – Wiý, sizmi? Ýarygije näme edip ýörsüňiz? Näme boldy? Wiý, asyl, siz ýeke dälmi? Ýolbars, Astan... Nä dursuňyz, içeri giriň ahyryn! – Içerem gireris, keýwany. – Näme iş edýärsiňiz? – Ýigitler: «Bagyr-öýken iýäýsek!» diýdiler. – Gelneje, men-ä beýtmäliň diýdim. Maňa gulak asmadylar. Kertik aga siziň bilen maslahatlaşypdymy? – diýip, Ýolbars sakawlady. – Hä-ä, indi düşnükli. Ony ýigitler diýen däldir, ony siz diýensiňiz. Bilýän, bulary siz dürtgüläp goýan dälsiňiz. Astanyň toýuny bozansyňyz. – Keýwany, ýigitleriň ýanynda masgara etme meni. Bular ertir näme diýerler? «Kertik aga aýalyndan gorkýar ekeni» diýerler. – O nämäniň «gorkmasy?» Hökman biri-biriňden gorkup ýaşamalymy? Sizde aň galmandyr, kakasy. Gel, siz-ä akyly çaşan garry diýeli. Astan dagynyňky näme? Astan, utanaňokmy, goýber maly. – Men-ä gaýtdym, adamlar. Şeýtmäliňem diýdim. – Ýolbars jogaba-da garaşman zut gitdi. – Siz, näme, Kertik agaňyzy tanaňzokmy? Mahal-mahal üýtgäýmesi bar munuň. – Keýwany, zat diýmesene. – Gaty diýerin. Besdir indi! Bütin ömrüme şatyňyza çydap geldim. Indi çydap biljek däl. Goýuň meni günüme. Akyly çaşan meniň sözüme güp ynanypdyr, ine-de bolup durşy. – Aýjan eje, haýsy sözüňize? – diýip, Mäti taksiçi gyzyklandy. Onuň soragy jogapsyz galdy. – Goýberiň maly! Goýberiň! – Indi giç, gelneje. – Onuň nämesi giç? – Giç-dä... – Eýýäm damagyny çalaýdyňyzmy? Wiý, petigara. Görüň bularyň edip ýören işini! Kakasy, maňa azar bermäň. Öňki Aýjan däl men. Ertir ardaýyn, häzir ardyp biljek däl. – Gelneje, bize kellebaşaýak gerek däl. Bize bagyr-öýken daglap iýsek – bolany. Onam özümiz taýýarlarys. Siz arkaýyn ýatyberiň. Kowmasaňyz, käýemeseňiz bolany – diýip, Astan ýylgyrjaklady. – Men size näme käýäýin? Erkek kişilersiňiz-dä. Sizde gödekligem bolar, mesligem. Şonyňyz bolmasa, size «erkek kişi» diýiljekmi?! – Bä-ä! – diýip, Mäti taksiçi bir Kertik aga, birem Aýjan ejä seretdi. Aýjan eje: «Ýatjak» diýip gitse-de gitdi welin, ýatyp bilmedi: gazanyň aşagyna ot saldy. Giç gelen myhmanlara täzeje etden buglama bişirip berdi. Mäti taksiçi Kertik aganyň ýüzüne seredip, zol-zol ýuwdundy. Şolbir sözüni gaýtalady: – Kertik aga, siz zor-aý! Iki garry jahan ýagtylyberende ýorgana girdi. Kertik aganyň gözüne uky gelmedi. Ol ýokary seredip ýatyrdy. – Uklaň ahyryn, kakasy. Kertik aga garysyna galdy: – Keýwany, sen: «Indi toýlaram çüpredi, adamlarymyzam» diýýärdiň. «Bu zamanda, öňküler ýaly, basan ýerinden ot-ýalyn çykaryp ýören erkek ýol. Bary aýalguly. Aýalyndan maslahat, rugsat soraman çöp galdyrmaga-da, ulurak asgyrmaga-da gorkýarlar» diýýärdiň. Sen ýalňyşypsyň, obamyzda bir erkek bar ekeni. – Kimkä ol erkek? – diýip, Aýjan eje ýylgyrdy. – Ol erkek, biler bolsaň, seniň ýassykdaşyň. Men şol! – Size döneýin, kakasy. Mal soýanyňyzy görüp, şo gelin ýyllarym ýadyma düşdi. Yzyňyza dostlaryňyzy düşürip gelerdiňiz-de, mal soýardyňyz. Kellebaşaýak artmaly bolardym. Ynanyň, kakasy, ýene şol ýyllary küýsedim. Biraz iňirdänim üçin aýyplaşmaweriň... Kertik aga ýylgyrjaklap ýatyrdy. 1987 ý. Osman ÖDÄÝEW. | |
|
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |