17:20 Erkin Wahydow | |
ERKIN WAHYDOW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Erkin Wahydow (28-nji dekabr 1936 – 30-njy maý 2016) — meşhur özbek şahyry, dramaturgy we terjimeçisi. Wahydow 1983-nji ýylda Hamza adyndaky Özbegistan SSR Döwlet baýragy bilen sylaglanan. 1987-nji ýylda Özbegistan halk şahyry adyny alan. 1999-njy ýylda bolsa ýokary derejedäki Özbegistan Gahrymany adyna mynasyp bolan. Wahydowuň şygyrlary özbek halky tarapynda gowy garşylandy we goşgulary metbugatda yzygyderli çap edildi. Onuň birnäçe şygyrlary aýdyma hem öwrüldi. Şahyryň 2020-ýylyň oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybeti bilen Wahydowuň „Ynsan“ kasydasy esasynda ýazylan „Human“ (Ynsan) aýdymy arap, iňlis, italýan, gazak, rus, täjik, türk we özbek dillerinde dünýäniň meşhur aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirildi. Erkin Wahydowiç Wahydow 1936-njy ýylyň 28-nji dekabrynda Fergana oblastynyň Altyaryk raýonunda dogulan. Onuň mugallym bolup işlän kakasy Wahydow dokuz ýaşynda wagty uruşda aradan çykýar. 1945-nji ýylda ol ejesi Roziýahan Wahydowa bilen Daşkende göçüp gelen. Soňra ejesi hem köp wagt geçmän aradan çykýar. Wahydow 1960-njy ýyldan 1963-nji ýyla çenli „Ýaş gwardiýa“ žurnalynyň redaktory bolup işledi. 1975–1982-nji ýyllarda žurnalyň baş redaktory bolup işledi. 1963–1970-nji ýyllarda Gafur Gulam adyndaky Edebiýat we sungat neşirýatynyň baş redaktory, 1985–1987-nji ýyllarda bolsa direktory bolup işledi. 1982–1985- nji ýyllarda ,,Ýaşlyk“ žurnalynyň baş redaktory wezipesinde işledi. Özbegistan garaşsyzlygyny gazanandan soň Özbegistan Ýokary Mejlisi Halkara işler we parlamentara gatnaşyklar guramasy başlygy (1995–2005) hem-de Ýokary Mejlis Senatynyň Ylym-bilim, tälim, medeniýet we sport meseleleri toparynyň başlygy (2005–2009) wezipelerinde işlän. Wahydow okuwçylyk ýyllaryndan goşgy ýazyp başlapdyr. Ilkinji goşgusy 14 ýaşynda „Muştum“ žurnalynda çap edilen. Şahyryň ilkinji goşgular toplumy „Säher demi“ kitaby 1961-nji ýylda çykaryldy. 1987-nji ýylda „Şahyrdyr, şugry şuur“ atly eseri çap edildi. Wahydow dramaturg hökmünde üç sany sahna eseri hem ýazdy. Bular „Altyn diwar“, „Istanbul heläkçiligi“ hem-de „Ikinji tumar“ pýesalarydyr. „Altyn diwar“ komediýasy Päkistanyň Lahor şäheri teatrynda sahnalaşdyrylypdyr. Şahyr 2016-njy ýylyň 30-njy maýynda 79 ýaşynda aradan çykdy. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||